Habarlar
Bedew batly beýik işler

2022-nji ýylyň bäş aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri 

                                                                       

  •  Milli Geňeşiň Mejlisiniň iki maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 15-si kabul edildi. Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, duşuşyklaryň 14-si, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň 2-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalar bilen duşuşyklaryň 56-syna gatnaşdylar. Şolaryň 39-sy sanly ulgam arkaly geçirildi. Daşary ýurtlara iş saparlarynyň 2-si guraldy. Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we RF-nyň Parlamentara forumy hem-de Zenanlaryň dialogy geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli jemgyýetçilik birleşmeleri hem-de degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmelerini wagyz etmek we tejribe alyşmak maksady bilen, ylmy-amaly maslahat hem-de dürli çäreler geçirildi.  

                                                                       

  •  Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda döredilen iş toparlary sebitleri ösdürmäge, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, notarial we salgyt düzümleriniň işini kämilleşdirmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny seljerýärler hem-de ara alyp maslahatlaşýarlar. Halk Maslahatynyň iki mejlisinde kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan makullanyldy we kabul edildi. Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, halkara maslahatlar, forumlar we sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Halk Maslahatynyň agzalary GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň düzüminde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» atly XIII halkara ykdysady sammitiň mejlisine gatnaşdylar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan işler bilen tanyşdy. Ata Watanymyzyň rowaçlygyna hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen taryhy özgertmeleri giňden wagyz etmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary dürli çärelere yzygiderli gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.  

                                                                       

  •  Bäş aýda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 40,8 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.  

                                                                       

  •  Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 110,6 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnama 127,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 115,8 göterim, polipropilen öndürmek boýunça meýilnama 141,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 107,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnama 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 111,5 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 121,9 göterim ýerine ýetirildi.  

                                                                       

  •  Obasenagat toplumy boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň möçberiniň ösüşi 112,3 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 113,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,3 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,3 göterime barabar boldy. Gök önümleri ösdürip ýetişdirmek boýunça meýilnama 125,3 göterim, miwe we ir-iýmiş önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmek meýilnamasy 104,9 göterim, et önümleri boýunça meýilnama 101,5 göterime, süýt we süýt önümlerini öndürmek baradaky meýilnama 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 183,7 göterim berjaý edildi.  

                                                                       

  •  Ulag we kommunikasiýalar toplumynda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 112,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamak baradaky meýilnama 111,3 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar-maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 115,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 134,1 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 101,8 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 108 göterime deň boldy.  

                                                                       

  •  Geçen bäş aýda önüm öndürmek we gurluşyk-senagat ulgamynda işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 148,8 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda meýilnamany 112,7 göterim berjaý etdi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi önüm öndürmek hem-de işleri amala aşyrmak baradaky meýilnamany 169 göterim ýerine ýetirdi. Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 128,1 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýanyň öndürilişiniň ösüşi 116,8 göterime, onuň eksport edilişiniň ösüşi bolsa 150,3 göterime deň boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 169,7 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar baradaky meýilnama 118,3 göterim berjaý edildi. 

                                                                       

  •  Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar-maý aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 111,3 göterime, önüm öndürilişiniň ösüşi 106,4 göterime deň boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň mukdary, şol sanda nah ýüplüginiň we matalaryň önümçiligi, degişlilikde, 134,1 göterime hem-de 127,8 göterime, tikin we örme önümleriň önümçiligi 115,9 göterime, gön önümleriň önümçiligi 107,3 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümlerini öndürmek baradaky meýilnama 116,1 göterim berjaý edildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 122-si geçirilip, şolarda 14 müň 830 şertnama hasaba alyndy. Ýanwar-maý aýlarynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylan işler boýunça ösüş 104 göterime deň boldy. Sergileriň 8-si we maslahatlaryň 19-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça bäş aýda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 166,5 göterime, senagat önümçiliginiň ösüşi 106,4 göterime ýetdi.  

                                                                       

  •  Medeniýet ulgamynda 2022-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen hem-de milli senenamamyzdaky baýramçylyklar mynasybetli, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, maslahatlar, söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary we sergiler, wagyz-nesihat çäreleri hem-de täze desgalaryň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, türkmen hünärmenleri sanly ulgam arkaly halkara duşuşyklara, okuw maslahatlaryna hem-de halkara sergilerine gatnaşdy. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleri, medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini beýan etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleri netijeli işleri alyp bardylar.  

                                                                       

  •  Ýanwar-maý aýlarynda bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça işler dowam etdi. Ýokary okuw mekdepleriň talyplary, ýurdumyzyň okuwçylary halkara ders we internet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş hem-de bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Onlaýn görnüşde halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar we daşary ýurtlardaky hyzmatdaş ýokary okuw mekdepler bilen okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleriň geçirilmegi utgaşdyryldy, aspirantura hem-de doktorantura kabul edişlikler amala aşyryldy. Diýarymyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine üns berildi, şolarda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi hem-de Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň hem-de Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Türgenlerimiz sport ýaryşlarynyň 12-sine gatnaşdylar hem-de 22 medal – 10 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medal gazandylar. 

                                                                       

  •  Şu döwürde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek maksadynda daşary ýurtlar hem-de halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar babatda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şunda ýokary derejeli saparlar we gepleşikler hem-de iri sebit hem-de ählumumy forumlaryň çäklerindäki duşuşyklar esasy orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz IV Aziýa-Ýuwaş ummany suw Sammitine sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary, RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bolsa iş sapary bilen geldi. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we RF-nyň Parlamentara forumy geçirildi. Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça daşary ýurt wekiliýetleriniň 38-si ýurdumyza geldi. Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 30-sy daşary ýurtlara iberildi. Sanly ulgam arkaly dürli duşuşyklaryň 427-si geçirildi. Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň ençemesi guraldy. Halkara resminamalarynyň 25-sine gol çekildi. Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Döwletimiziň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem yzygiderli çäreler görülýär. Ženewa şäherinde geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan BSG-ä goşulyşýan döwlet derejesine eýe boldy. Türkmenistan BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin hem saýlanyldy.  

                                                                       

  •  Şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezdi. Ýurdumyzyň daşary syýasaty BMG, beýleki halkara guramalary bolan ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA, YHG bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirildi. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi bäş aýda 6,2 göterim boldy. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar ulanylmaga berildi. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl üçin wezipeleriň kesgitlenilendigini belläp, indi olaryň ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Biziň esasy wezipämiz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.  

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan bilelikdäki giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Maslahatlaryň barşynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.  

17.06.2022
Bagta rowan beýik işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alnyp amal edilýän beýik işlere buýsanyp ýaşaýar. 

                                                                   

Halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýip belleýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän buýsandyryjy beýik işler hem bu nurana sözleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek syýasatynyň oňyn netijelere beslenýän döwründe Watanymyzyň ähli künjeklerini gyradeň özgertmek işlerine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen birlikde welaýatlarymyzda hem halkymyzyň bähbidine gönükdirilen ençeme işler üstünlikli amala aşyrylýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak işlerine uly üns berilýär. Muňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň   hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrýan iş saparlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz ýakynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan welaýatyň täze edara ediş merkeziniň işleriniň gidişi bilen tanyşdy. Ählimiziň bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyz halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda amal edilýän netijeli işler bilen ýakyndan yzygiderli gyzyklanýar. 

                                                                   

Golaýda bolsa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde ilatyň, aýratyn hem, çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler bilen gyzyklandy. Mälim bolşy, ýaly ýaş nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň öňündäki örän möhüm we jogapkärçilikli wezipe bolup durýar. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň batly depginler bilen ösýän künjekdigini aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz bu ýere iş saparynyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynyň durmuşa geçirýän işleriniň barşy bilen tanyşdy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, bazarlarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen içgin gyzyklandy hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi. 

                                                                   

Ýurdumyzda şu ýylyň fewral aýynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk hem mynasyp dowam etdirmekde ençeme anyk wezipeler kesgitlenendir. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, şol belent maksatlary, aýdyň wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. 

                                                                   

Goý, ata Watanymyzyň şöhratly geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Nurmämmet ALTYÝEW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

16.06.2022
Gözelligiň nusgasy

Eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýar. Ýurdumyzdaky il-ýurt bähbitli alnyp barylýan ösüş-özgertmeler akylyňy haýran edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, adyl syýasatyny üstünlikli dowam etdirip, ýurdumyzyň mundan bu ýana ösmegi, gözelleşmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy geljek 30 ýylda syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar ýanynda alnyp barylýan gurluşyk, binagärlik işleri, gazanylýan beýik ösüşler maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin döredilýän her bir binalardyr desgalar bolsa asuda ýaşaýşymyzy üpjün etmek bilen çäklenmän, paýtagtymyzyň we onuň daş-töwereginiň gözelligini, ajaýyplygyny üpjün edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda her bir maşgalanyň aýratyn jaýynyň ýa-da öýüniň bolmagyny üpjün etjekdigini aýdyp geçdi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen 30 ýyllyk maksatnamanyň doly derejede durmuşa geçiriljegine halkymyz berk ynanýar. Ata-baba ýoluny dowam etdirip, gurmak we döretmek ýörelgeleri ösdürmek bilen, eziz Diýarymyz, şol sanda, paýtagtymyz Aşgabat gözelligiň nusgasyna öwrülýär. Eýýäm ençeme gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alan ak şäherimiz Aşgabat owadanlykda, arassalykda dünýäni haýrana goýmak bilen, ýaşamak we işlemek üçin iň amatly şäher hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzyň görküne görk goşýan binalaryň sanynyň barha köpelmegi   halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, iş orunlarynyň amatly şertlerini döretmegiň baş şerti bolup durýar. Elbetde, şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykyp, ykdysady hyzmatdaşlygyň barha ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!  

                                                                                                           

Bazargeldi TÖRÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.

16.06.2022
Kuwwatly desga üçin gaz geçiriji

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň gurluşykçylary Üçajy — Zergär aralygynda gaz geçirijini gurmak işlerini üstünlikli tamamladylar. Uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçiriji Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny ýangyç bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzda bu iň iri elektrik stansiýasy geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda işe girizilipdi. Tebigy gazda işleýän häzirkizaman desgasy ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edip, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaklyga hem giň mümkinçilik döredýär.  

                                                                   

Kämil desganyň sazlaşykly we netijeli işlemegini üpjün etmekde täze gaz geçirijiniň ähmiýeti uludyr. Bu möhüm buýurmanyň baş potratçysy wezipesini ýokarda ady agzalan trestiň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirligi ýerine ýetirdi. Müdirligiň ussat binaçylary ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň möhüm desgalaryny gurmak işiniň öň hatarlarynda bolýarlar. Ezber gurluşykçylar TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek işinde hem özleriniň başarnyklaryny görkezýärler. Toplanan baý tejribe, ýokary guramaçylyk täze gaz geçirijini çekmek işini bellenilen möhletinde, ýokary hil derejesinde tamamlamaga hem oňyn şert döretdi. Bu işde Görkimyrat Atamyradow tarapyndan baştutanlyk edilýän gurluşykçylar toparynyň agzalary aýratyn tapawutlandylar. Gurluşyk meýdançasynyň baştutany möhüm işlerde ussa Nurmyrat Aýtmyradowyň, kebşirleýji Merdan Orunowyň, agregatçy Ýoldaş Urkunowyň, slesar gurnaýjy Maksat Kemalowyň, turbanyň daşyny örtüji Altymyrat Ýollyýewiň has tutanýerlilik görkezendiklerini nygtaýar. Ýeri gelende, möhüm taslamany durmuşa geçirmäge «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümindäki gurluşyk guramalarynyň birnäçesiniň kömekçi potratçy hökmünde gatnaşandyklaryny, bu uly üstünlikde olaryň hem uly zähmet paýynyň bardygyny bellemek artykmaçlyk etmez.  

                                                                   

Agzybirlik, başarjaňlyk, maksada okgunlylyk ýaly sypatlary özünde jemleýän gaýratly adamlar döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan möhüm wezipeleri berjaý etmäge ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň gujur-gaýraty bilen ýene bir möhüm iş üstünlikli tamamlandy. Çekilýän yhlasly zähmetiň netijesinde peýda bolan kuwwatly we kämil desgalar uzak ýyllaryň dowamynda diňe bir ata Watanymyzyň däl, eýsem, sebitdäki döwletleriň abadançylygyna, halklaryň eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat eder.  

                                                                                                           

Mämmet GYLYJOW.

16.06.2022
Çyn-Maçynda türkmen gazy alawlaýar

Hawa, indi on üç ýyla golaý wagtdan bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen «mawy ýangyjy» üznüksiz ugradylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde mümkin boldy. «Asyryň gurluşygy» diýen ada eýe bolan ägirt uly desganyň hut Lebap topragyndan — «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkden gözbaş alýandygy bellärliklidir.  

                                                                   

Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek bilen, özüni ynamdar hyzmatdaş hökmünde görkezip gelýär. Geçen ýyllarda alysdaky ýurda baglaşylan şertnama laýyklykda tebigy gazyň uly möçberi akdyryldy. Bu işiň gerimi soňky ýyllarda has-da giňeldilýär. Oňa geçen ýylyň başynda «Malaý» gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi uly itergi berdi. Kämil desganyň kömegi bilen bu kändäki gaz guýularyndan uzynlygy 188 kilometre barabar bolan Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly harytlyk önüm üznüksiz akdyrylýar. Şu ýylyň başyndan bäri bu görkeziji 3,5 milliard kub metrden hem gowrak boldy. Dostana ýurda häzirki döwürde her gije-gündizde «mawy ýangyjyň» 20 million kub metrden gowragy ugradylýar. Munuň özi meýilnamada bellenileninden 5 million kub metrden hem artykdyr. Täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi, guýularyň önüm berijiligini artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ösüşleriň täze belentliklerini ynam bilen eýelemäge giň mümkinçilikleri açýar.  

                                                                   

Türkmeniň «mawy ýangyjy» Çyn-Maçynda alawlap, gülläp ösüşe, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ählumumy parahatçylyga hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan nurana ýoly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan has-da ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi geljegimiziň has-da röwşen boljakdygynyň aýdyň kepilidir.  

                                                                                                           

Baýram MÄMMEDOW.

16.06.2022
Beýik ynamyň güýji

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda hususy telekeçiligiň ösdürilmegi üçin-de uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we durmuşa geçirýän maksatnamalary esasynda hemişe täzelikleriň gözleginde bolýan telekeçi işewürlerimiziň ümzügi ileri. Mes toprakdan hasyl alyp, bazarlarymyzy gök we bakja önümleri bilen doldurýan daýhan birleşiklerine we bu ugurda zähmet çekýän işewürlerimize topragyň hasylyny ýokarlandyrmak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, durmuşa geçiriljek taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen, ýeňillikli karz serişdelerini bermek hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça birnäçe kararlar kabul edildi.  

                                                                   

Dünýäniň çar künjüne «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgy bilen çykýan ýokary hilli önümlerimiz Watanymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Şunda bolsa hususyýetçilerimiziň bitirýän işleri uludyr. Bu gün iň ýokary derejeli tehnikalara we tehnologiýalara ezberlik bilen erk edip, ykdysadyýetiň ösmegine, önümçiligiň artmagyna goşantlaryny goşýan türkmen ýaşlary telekeçilik işiniň uly güýji bolup durýarlar.  

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzyň 31 ýylyň içinde ýeten belent derejesi, milli ykdysadyýetimizde gazanylýan deňsiz-taýsyz ösüş-özgerişler bu gün dünýäni haýran edýär. Ak mermere beslenen beýik binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş maksatly desgalary, aýna ýaly şaýollary, dynç alyş we söwda merkezleri, suw çüwdürimli seýilgähleri, gök zolaklary bilen gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen paýtagt şäherimiz Aşgabat, welaýatlarda dörän täze oba-şäherler, gurlan kaşaň ymaratlar milli Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtydyr. Bu işlerde watansöýüji telekeçilerimiziň mynasyp paýy bar. Hususy kärhanalary, hojalyk jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, telekeçileriň müňlerçesini özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýurdumyzyň dünýä ösüşiniň belentliklerine eýe bolmagyna mynasyp goşandyny goşýar.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda» öňde goýlan möhüm wezipelerini amala aşyrmakda türkmen telekeçileri çuňňur ylmy garaýşyny we joşgunly zähmetini gaýgyrmazlar. Telekeçilik işini ösdürmek, döwletiň we hususy ulgamyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak, haryt dolanyşygyny giňeltmek, hususy işewürlik başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Telekeçilik işiniň halkara ugrunyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ýola goýulmagy türkmen işewürleriniň dünýä tanalmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde iri taslamalary durmuşa geçirýärler.  

                                                                   

Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we telekeçilere goldaw bermek maksady bilen 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek hakynda Karara gol çekmegi önüm öndürijileri joşgunly zähmet çekmäge atardy. Şeýle möçberdäki pul serişdesiniň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine-de gönükdirilendigi guwandyryjy wakadyr. Azyk bolçulygyny döretmekde ýurdumyzyň telekeçileri ägirt uly güýç bolup durýarlar. Bu bolsa olarda Arkadagly Serdarymyzyň we bagtyýar halkymyzyň beýik ynamynyň jemlenendigini aňladýar. Ýurdumyzda ýokary hilli önümleri öndürýän hususy ulgama uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, belent tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!  

                                                                                                           

Durdymyrat ATAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.

10.06.2022
Ykdysadyýetiň bedew batly gadamlary

Türkmenistanyň  Prezidenti
Serdar  Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 — Şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmak döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Bular babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hem aýratyn gürrüň edildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly öňegidişlikler gazanyldy. 

                                                                   

Önümçiligiň geriminiň giňeldilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna, öňden bar bolan senagat desgalarynyň dünýäniň iň ösen tehniki enjamlary bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, täze ugurlary ornaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Ykdysady pudaklaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagyna, üstünlikleriň gazanylmagyna netijeli täsir etdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen kabul edilen, geljek 30 ýyllyk ösüşleri öz içine alýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, bäş aýda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 41,8 göterim artdy. Ýanwar — maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmek, halkara tejribä esaslanyp, býujet-salgyt işini döwrebaplaşdyrmak, býujet, salgyt, bank we pul-karz ulgamlarynyň kadalarynydyr düzgünlerini kämilleşdirmek, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimizi döwrebap ýagdaýa getirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunda sanly ulgamyň işjeňliginiň ähmiýeti örän ýokarydyr. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwletimiziň senagat kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet öňde duran anyk ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet dolandyrylyşynda söwda, maliýe, bank ulgamlaryna ilkinji orun degişli bolmak bilen bir hatarda, olarda ýokary netijeler gazanylýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri hem barha ýokarlanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bellenen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň netijesinde eksport mümkinçiligini ýokarlandyryp, ykdysadyýetimizi bäsdeşlige ukyply derejä ýetirmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Berkarar Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri ata Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň özboluşly türkmen ýoluny hem kemala getirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky işleriň netijeliligine oňaýly täsir edýär, geljegi has uly ugurlary giňeltmek arkaly, senagat pudagynda gazanylan ösüş depginleri barha ýokarlanýar. Dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça uly netijeler gazanylýar. Milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen hususy telekeçilige aýratyn üns berilýär. Hökümetiň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150  million amerikan dollary möçberinde pul serişdelerini bölüp bermek barada hormatly Prezidentimiziň Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyzda ýüzlerçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Şunda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamanyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Şeýlelikde, müňlerçe iş ýerleri döredildi hem-de şol önümçilik desgalarynyň golaýynda durmuş maksatly ençeme binalaryň gurulmagy bu ugurdaky işleriň çalt depginlerde öňe ilerlemegini üpjün etdi. Ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe Türkmenistany kuwwatly döwlete öwürdi, dünýädäki abraý-mertebesini Arşa galdyrdy. 

                                                                   

Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek hem-de türkmen harytlarynyň eksportunyň möçberlerini köpeltmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary häzirki wagtda üstünlikli berjaý edilýär, geljegi has uly ugurlary giňeltmek arkaly, senagat pudagynda gazanylan ösüş depginleri barha ýokarlanýar. Dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça uly netijeler gazanyldy. Munuň özi ýurdumyzda bar bolan tebigy baýlyklarymyzyň çig mal görnüşinde satylman, taýýar önüm, haryt görnüşinde ýerlenýändigini, ylmyň gazanan täze tehniki enjamlaryny we tehnologiýalaryny ulanmak arkaly netijeli önümçilige eýe bolýan milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň pugtalandyrylýandygyny şertlendirýär. 

                                                                   

Garaşsyz Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynda daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine çekmek meselesi hem üstünlikli çözgüde eýe boldy. Maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak babatdaky wezipelerden ugur alnyp, täze döwrebap etrap merkezleri, şäherçeler, geňeşlikler, onda-da ähli şertler döredilen şäherlerimize bäs gelýän tutuş obalar guruldy. Ýurdumyzda ähli şäherleriň we obalaryň binagärlik keşbi, durmuş düzümi düýpgöter özgerip, ösüşleriň täze belentliklerine eýe bolýar. Olarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler we çagalar öýleri, lukmançylyk merkezleri we medeniýet köşkleri, sport toplumlary we şypahanalar, telefon ulgamlary we beýleki durmuş maksatly iri desgalar gurulýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde baş maksada ýetmäge gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädimler ädildi. Bu maksat mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň çuň parasatynyň netijesinde il-ýurt ähmiýetli bu bitirilýän beýik işler ýurdumyzyň ösüşleriniň kuwwatly güýjüniň, halkymyzyň gurmak we döretmek babatdaky belent maksatlarynyň aýdyň dabaralanmagydyr. Hormatly Prezidentimiz bu gün türkmen döwletini bereket çeşmesine, gurmagyň we döretmegiň, bagtyýar durmuşyň berkarar bolýan ýurduna öwürýär. 

                                                                                                           

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.

09.06.2022
Hyz­ma­tyň hi­li — esa­sy şert

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň öňün­de go­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­de Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň «Türk­men­ne­bi­tö­nüm­le­ri» baş mü­dir­li­gi­niň dü­züm­le­rin­de döw­re­bap iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mü­dir­lik bo­ýun­ça ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler­de we­la­ýat­da­ky Ser­dar ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri­niň hem my­na­syp pa­ýy bar.  

                                                                   

Kär­ha­na­da iş ýer­le­ri­niň tä­miz­li­gi­ni we en­jam­la­ryň ka­da­ly iş­le­me­gi­ni yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Kär­ha­na­nyň dü­zü­min­dä­ki ýan­gyç gu­ýu­jy be­ket­ler­de otur­dy­lan til­si­mat­lar­dyr en­jam­la­ryň he­mi­şe saz iş­le­dil­me­gi ýo­la go­ýul­ýar. Sarp edi­ji­le­re ýan­gyç­la­r­dyr çal­gy ýag­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri hö­dür­le­nen­de, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň düz­gün­le­ri sak­la­nyl­ýar. Bu döw­re­bap kär­ha­na hyz­mat ediş çyg­ry ba­bat­da tu­tuş mü­dir­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky ugur­daş dü­züm­le­riň iň iri­le­ri­niň bi­ri­dir. Ser­dar şä­he­rin­dä­ki, şo­nuň ýa­ly-da, Mag­tym­gu­ly, Be­re­ket et­rap­la­ryn­da­ky şah­sy eýe­çi­lik­dä­ki ulag se­riş­de­le­ri­niň sa­ny bu gün on­lar­ça mü­ňe ýet­ýär. Ola­ry ýan­gyç, çal­gy ýag­la­ry­dyr gaý­ry ne­bit önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek hem şu kär­ha­na­nyň be­ket­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň eda­ra-kär­ha­na­la­ryn­da­ky ulag­la­ryň sa­ny has hem köp. Da­şa­ry ýurt­lar­dan bi­ziň ýur­du­my­za, şo­nuň ýa­ly-da goň­şy döw­let­le­re üs­ta­şyr ýük da­şa­ýan ulag­la­ryň sa­ny hem yzy­gi­der­li art­ýar. 

                                                                   

Ser­dar ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­sy bü­tin­leý tä­ze gur­lup, 2014-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da ula­ny­şa tab­şy­ryl­dy. Kär­ha­na­nyň dü­zü­min­dä­ki gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da bök­denç­siz iş­le­dil­ýän be­ket­le­riň 9-syn­da hem komp­ýu­ter ar­ka­ly aw­to­mat­laş­dy­ry­lan usul­da do­lan­dy­ryl­ýan kä­mil da­şa­ry ýurt guý­guç­la­ry otur­dy­lan­dyr. Ola­ryň 4-si bol­sa tä­ze gur­lan be­ket­ler­dir. Kär­ha­na­nyň how­lu­syn­da, ýan­gyç gu­ýu­jy be­ket­ler­de-de has kä­mil, ýan­gy­na gar­şy gö­reş en­jam­la­ry he­mi­şe taý­ýar­lyk ýag­daý­da sak­la­nyl­ýar.  

                                                                   

Bi­ti­ril­ýän her bir işe, il­kin­ji no­bat­da, onuň hi­li bo­ýun­ça ba­ha be­ril­ýär. Şu mö­hüm şert bu ýer­de-de he­mi­şe pug­ta ber­jaý edil­ýär. Müş­de­ri­le­re hö­dür­le­nil­ýän ne­bit önüm­le­ri­niň hi­li pug­ta gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ýar. Ge­lip go­wuş­ýan dür­li ky­sym­ly ben­zin­ler, çal­gy ýag­la­ry, di­zel ýan­gy­jy­dyr gaý­ry ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­nyň bar­lag­ha­na­syn­da ilik-düw­me göz­den ge­çi­ri­lip, ola­ra ýö­ri­te hil pas­por­ty ýa­zy­lan­dan soň, be­ket­le­re ug­ra­dyl­ýar. Bar­lag­ha­na­da otur­dy­lan kä­mil teh­no­lo­gik en­jam­lar önüm­le­riň hi­li­ne he­mi­şe­lik gö­zeg­çi­li­gi ta­la­ba­la­ýyk ama­la aşyr­ma­ga hem-de ýan­gyç sak­la­nyl­ýan göw­rüm­le­ri yg­ty­bar­ly ulan­ma­ga, eko­lo­gik howp­suz­ly­gy pug­ta ber­jaý et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Türk­me­nis­tan­da ula­nyl­ýan çal­gy ýag­la­ry­nyň we beý­le­ki ne­bit önüm­le­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­mek ha­kyn­da» ka­bul edi­len Ka­rar hem bu kär­ha­na­da öz my­na­syp çöz­gü­di­ni tap­ýar. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, ne­bit önüm­le­ri­niň has-da tyg­şyt­ly ula­nyl­ma­gy­ny, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gy we il­deş­le­ri­mi­ziň sag­dyn ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­me­gi göz öňün­de tut­ýar.  

                                                                   

Kär­ha­na­da bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­la­ryň aý­ba-aý ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, gör­nük­li ösüş dep­gin­le­ri­niň ga­za­nyl­ma­gyn­da 1-nji de­re­je­li ope­ra­tor­lar Ars­lan Ýe­gen­dur­dy­ýew, Pa­ra­hat Ar­ba­dow, We­pa Ju­ma­ýew, ha­sap­çy-hü­när­men Gül­nar Ny­ýaz­mäm­me­do­wa, bar­lag la­bo­ran­ty Ogul­baý­ram Ora­zo­wa ýa­ly iş­gär­le­riň my­na­syp go­şant­la­ry bar.  

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da gün­de­lik ýa­şaý­şy­my­zy ulag se­riş­de­le­ri­niň hyz­ma­tyn­dan üz­ňe göz öňü­ne ge­tir­mek ju­da çe­tin­dir. Şu­ňa magat dü­şün­ýän kär­ha­nanyň hü­när­men­le­ri tä­ze üstünliklere ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýar­lar.  

                                                                                                           

Ho­ja­ber­di BAÝ­RA­MOW.

                       

«Türk­me­nis­tan». Su­ra­ta dü­şü­ren And­reý PA­KU­LOW.

09.06.2022
Ýurdumyzyň energetika syýasaty

Giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýar. Ýurdumyzda emele gelen durnukly ykdysady hem-de syýasy ýagdaý, kanuny taýdan kepillikler we döwlet goldawy daşary ýurtly maýadarlary özüne çekýän esasy şertleriň biridir. Ýakyn geljek üçin maýa goýumlaryny höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylanda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyny hem-de senagatlaşdyrmagyň derejesini çaltlandyrmak, tehnologik işleri ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly esas goýujy ýörelgeler öňe sürülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gurlan we gurulmagy meýilleşdirilýän ähli desgalar häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylýar, olary dolandyrmak işlerine sanly ulgam ornaşdyrylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasy bilen alnyp barylýan energetika syýasatynyň-da üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýlelikde, döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde soňky ýyllarda elektroenergetika senagatynyň-da önümçilik kuwwatlyklary has-da ýokarlandy. Bu bolsa diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän mukdaryny artdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz täze ösüşlere barýar. Bu ösüşlere energetika pudagy hem saldamly goşant goşmak bilen birlikde, mähriban Watanymyzy rowaçlykdan-rowaçlyga, üstünlikden-üstünlige alyp barýar.  

                                                                   

Türkmenistan döwletimiz energiýa serişdeleriniň gorlaryna örän baýdyr. Elektrik energiýasy önümçiligi dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp, geljegi uly bu pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi hemişe artdyrylýar. Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty depginli ösüş derejelerini görkezýär hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän elektroenergiýanyň eksportyny artdyrýar.  

                                                                   

Şu ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna baranynda Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birikdirmek arkaly içerki sarp edijileriň energiýa bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.  

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamy emele geler. Bu bolsa içerki sarp edijileriň elektrik energiýasyna bolan ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyny şertlendirer. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň ulanylmaga berilmegi bilen Diýarymyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny abatlamaga we ýurdumyzda bu ugra degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga kömek eder. Hormatly Prezidentimiziň bu pudakda öňde goýan strategik wezipelerini netijeli çözmäge ulgama ornaşdyrylýan täze inžener-tehniki işläp taýýarlamalar, ykdysady taýdan bähbitli, energiýa tygşytlaýjy hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ýardam berýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamany durmuşa geçirmekde elektroenergetika pudagyna möhüm orun berilýär. Eziz Watanymyzyň dürli sebitlerinde gysga döwürde kuwwatly elektrostansiýalaryň hem-de täze elektrik geçirijileriň gurulmagy netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty ýurdumyzda her ýyl ulanmaga tabşyrylýan iri senagat toplumlaryny hem-de köp sanly durmuş desgalaryny elektroenergiýa bilen durnukly üpjün etmek bilen birlikde, ony goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, durmuşa geçirýän döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin! 

                                                                                                           

«Esger».

09.06.2022
Guşçulyk: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 4-nji iýunynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidenti-miz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen möhüm ähmiýetli Karar kabul etdi. Oňa laýyklykda guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda 20 müň gektar meýdana iýmlik mekgejöwen, 2 müň gektara soýa we 40 müň gektara iýmlik bugdaý ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli çäreleri geçirmek kesgitlenildi.

  Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümleri özümizde giňden öndürilip başlandy. Önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek meselesine Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji gününden uly üns berýär.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly düzülen ykdysady syýasatynyň esasynda işjeň durmuşa geçirýän çäreleri öz oňyn netijelerini hem berýär. Şol çäreleriň ählisiniň aýratynlygy önüm öndürijilere döwlet goldawynyň yzygiderli berlip durulmagy bilen baglydyr. Döwletimiz tarapyndan ýüzlerçe millionlap ABŞ-nyň dollarynda pul kömegi we beýleki goldawlar berilýär, önüm öndürijiler salgytlardan boşadylýar. 4-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek kararyna gelendigini aýtdy.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň telekeçileri hem ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň täze, industrial-innowasiýa häsiýetli tapgyry telekeçileriň ýüzlerçesi tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Telekeçileriň innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçiliklerini giňeltmekleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolýan önümleriň bolçulygynyň döremegine getirýär, üstesine, eksport edilýän önümleriň sanawy hem has-da artdy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtga-nyň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen kabul edilen şu Karar hem ykdysadyýetimiziň ösüşine uly täsirini ýetirer. Sebäbi guşçulyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, öňi bilen, ot-iým üpjünçiligine bagly bolup durýar. Guşçulykdaky önüm öndürijilere ot-iým ýetişdirmek üçin ýerleriň bölünip berilmegi pudagy täze ösüşleriň derejesine çykarýar. Häzirki wagtda welaýatymyzda idedilýän guşlaryň sany 138 müň 800-e golaýlaýar. Şolardan şu ýylyň başyndan bäri 71 tonna golaý et, 2 milliard 764 million 300 müň sanydan gowrak ýumurtga öndürildi. Şonça ýumurtganyň 1 milliard 677 sanysy welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň kömekçi hojalyklarynyň guşçulyk toplumlarynda öndürildi. Welaýatymyzda guşçulyk önümlerini öndürmek bilen «Atamyrat-Ali», «Eşret» ýaly daýhan hojalyklary, hususy kärhanalaryň 4-si, telekeçileriň hem onlarçasy meşgullanýar. «Atamyrat-Ali» daýhan hojalygy, esasan, guş etini öndürmäge ýöriteleşdirilendir. «Eşret» daýhan hojalygynda şu ýylyň başyndan bäri öndürilen ýumurtga 877 müň 520-den geçdi. Ýekebara telekeçileriň güýji bilen şu ýylyň başyndan bäri 136 müňden gowrak ýumurtga öndürildi. Jorakuly Hemraýew, Bagtyýar Açylow, Arslan Towçaýew ýaly telekeçiler bu ugurda iş tejribelerini baýlaşdyrýarlar.  

                                                                   

Görnüşi ýaly, telekeçiler welaýatymyzyň ilatynyň guş etine hem-de ýumurtga bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Pudakda önüm öndürijileriň ekerançylyk ýerleri bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy olaryň önüm öndürijiligini ýene-de ýokarlandyrar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary diňe hususy önüm öndürijileriň däl, eýsem, önüm öndürijileriň ählisiniň işe bolan höwesini artdyryp, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. 

                                                                   

Içerki bazarlarda önüm bolçulygyny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge we olaryň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmaga degişli düýpli işleriň ýaýbaňlandyrylmagy il-ýurduň bähbidinedir. Içerki bazardaky bolçulyk ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem berkidýär.   

                                                                                                           

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

                       

ýörite habarçymyz.  Surata düşüren Merdan ORAZOW.

09.06.2022
Hyz­mat­daş­lyk we dost­luk ýol­la­ry

Ýol­lar öý bi­len öýi, halk bi­len hal­ky ýa­kyn­laş­dyr­ýar. Yn­san öm­ri, ne­sil do­wa­ma­ty ýol­lar­da be­re­ket tap­ýar. Ýol, ru­hy nuk­daý­na­zar­dan bol­şy ýa­ly, geog­ra­fik jä­het­den-de dost­luk, pa­ra­hat­çy­lyk, ag­zy­bir­lik ýa­ly dü­şün­je­le­ri özün­de jem­le­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýol dü­şün­je­si has-da gi­ňe­di: bu gün dün­ýä­de söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gyn­da ýol­la­ra, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň örän jaý­dar nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi­dir. Şo­ňa gö­rä-de, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň amat­ly çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Türk­me­nis­ta­nyň ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek ba­bat­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Bu bol­sa bi­ziň ýur­du­my­zyň çä­gin­de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li de­mir, aw­to­mo­bil, de­ňiz we der­ýa, ho­wa ýol­la­ry bo­ýun­ça döw­re­bap üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni hem-de lo­gis­tik mer­kez­le­ri eme­le ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da aw­tou­lag, de­mir ýol we de­ňiz gat­naw­la­ry­ny ulan­mak bi­len, De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta, Gün­ba­tar — Gün­do­gar ugur­la­ry bo­ýun­ça ulag ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň gel­je­gi esas­lan­dy­ry­lyp, Ýu­waş um­ma­nyn­dan Ha­zar we Ga­ra de­ňiz­le­ri­ne çen­li, Ýew­ro­pa yk­ly­my­nyň de­mir­ga­zy­gyn­dan Hin­di um­ma­ny­na çen­li uly gi­ňiş­li­gi bir­leş­di­rip bil­jek ulag halkasy dö­re­dil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň dur­nuk­ly ulag sy­ýa­sa­ty dün­ýä­de uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Hut türk­men döw­le­ti­niň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2014-nji ýyl­da «Dur­nuk­ly ösüş üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek­de ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riniň or­ny», 2015-nji ýyl­da «Dur­nuk­ly kö­pu­gur­ly ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­riniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýyl­da «Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bi­len bag­ly­lyk­da ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek», 2021-nji ýyl­da «Ko­ro­na­wi­rus ke­se­li­niň (COVID-19) pan­de­mi­ýa­sy we on­dan soň­ky dö­wür­de dur­nuk­ly ösüş üçin üz­nük­siz we yg­ty­bar­ly hal­ka­ra ýük da­şa­ma­la­ry üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­lar ka­bul edil­di. Şeý­le-de 2011-nji ýyl­da Öz­be­gis­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran — Oman — Ka­tar ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek ba­ra­da Aş­ga­bat Yla­la­şy­gy­na, 2018-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gru­zi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň hem-de Ow­ga­nys­ta­nyň ara­syn­da hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça bäş­ta­rap­la­ýyn Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. BMG-niň Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty 2016-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di. Bu fo­rum dur­nuk­ly ösü­şiň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de hal­ka­ra ulag ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ryň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­di. 

                                                                   

Ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, bu ba­bat­da se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ýer­lik­li peý­da­lan­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň 2021-nji ýy­lyň 6-njy aw­gus­tyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len üçün­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyn­da, şol ýy­lyň no­ýabr aýyn­da tür­ki dil­li döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Stam­bul sam­mi­tin­de, şeý­le-de no­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len 15-nji sam­mi­tin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan we yla­la­şy­lan esa­sy me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da bol­dy. Bu ýag­daý­lar we ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy, ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ulag ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan hal­ka­ra, şeý­le-de mil­li de­re­je­dä­ki tas­la­ma­la­ryň dün­ýä­niň ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek üçin ne­neň­si der­wa­ýys­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar. 

                                                                   

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­nyň 14-nji ýan­wa­ryn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy» tas­syk­la­ny­lyp, on­da stra­te­gik taý­dan äh­mi­ýet­li çä­re­ler göz öňün­de tu­tuldy. Olar, hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň we hal­ka­ra ulag hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek­den; hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, şol san­da BMG hem-de onuň se­bit­le­ýin ko­mis­si­ýa­la­ry, ýag­ny Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy, Azi­ýa — Ýu­waş um­ma­n se­bi­ti üçin Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ko­mis­si­ýa­sy, şeý­le-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra ulag we lo­gis­tik gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gin­den; Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa — Kaw­kaz — Azi­ýa hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si (TRACEKA) Hö­kü­me­ta­ra ko­mis­si­ýa­sy­na go­şu­lyş­ma­gy bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mek­den, bu ugur bo­ýun­ça üs­ta­şyr ulag ýol­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­den geç­me­gi­ni ga­zan­mak­dan; ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ulag pu­da­gy­ny san­ly ul­ga­ma ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak­dan; ba­dal­ga ber­len iri hal­ka­ra we se­bi­ta­ra tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak we ola­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da iş­le­ri ge­çir­mek­den yba­rat­dyr. 

                                                                   

Hä­zir­ki za­man üs­ta­şyr ulag dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek ýur­du­myz­da ile­ri tu­tul­ýan stra­te­gik we­zi­pe ha­sap­lan­ýar. Türk­me­nis­tan ulag ul­ga­myn­da giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, äh­li ýurt­la­ryň we halk­la­ryň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len çäk­len­me­ýär, bu baş­lan­gyç­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ne­ti­je­li çä­re­le­ri hem gör­ýär. Biz mu­ňa şu ýy­lyň 1 — 4-nji ap­re­lin­de Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ram Nath Ko­win­diň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len türk­men-hin­di gep­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň my­sa­lyn­da hem aý­dyň göz ýe­tir­dik. Iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri hin­di de­ňiz ter­mi­nal­la­ry­na bar­ýan Ýew­ra­zi­ýa ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça yla­laş­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ça­ba­har we Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra deňiz port­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da gö­ni gep­le­şik­le­ri gu­ra­mak, şeý­le hem BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da se­bi­ta­ra ulag gat­naw­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­ny dö­ret­mek ýa­ly baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zy hal­ka­ra ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa dü­zü­mi­ne goş­mak üçin oňyn şert­le­ri üp­jün eder. 

                                                                   

Bil­şi­miz ýa­ly, şu ýy­lyň mart aýyn­da ka­bul edi­len «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­ny gel­jek 30 ýyl­da ös­dür­me­giň hem ugur­la­ry kes­git­len­ýär. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, or­ta möh­let­le­ýin dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm bö­le­gi bo­lup du­ran ulag-lo­gis­tik, ara­gat­na­şyk we mag­lu­mat­ teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­gam­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň do­wam et­di­ril­me­gi, dün­ýä yk­dy­sa­dy ul­ga­my­na ne­ti­je­li ara­laş­ma­gyň tä­ze stra­te­gik ugur­la­ry­nyň kes­git­len­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ulag-lo­gis­tik ul­ga­my yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm bö­le­gi bol­mak bi­len, dün­ýä­niň se­bit­le­ri­ni we yk­lym­la­ry­ny bir­leş­di­ri­ji güý­je öw­rül­ýär. Şun­da ýur­du­my­zyň geog­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­le­şi­şi­ni, müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­ma­gyň ha­sa­by­na mil­li ösü­şi üp­jün et­mek­de ze­rur bo­lan geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy bäh­bit­ler hem öňe sü­rül­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de Türk­me­nis­ta­nyň iň döw­re­bap ulag-üs­ta­şyr lo­gis­tik dü­zü­mi­ni çalt ke­ma­la ge­tir­mek ba­ba­tyn­da, şeý­le hem Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan di­kelt­mek bo­ýun­ça gel­jek ýyl­lar­da ädil­jek ädim­ler di­ňe bir mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne däl-de, eý­sem, se­bi­tiň we dün­ýä­niň ösü­şi­ne-de goşmaça iter­gi be­rer. 

                                                                   

Ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan döw­let­li iş­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýär. Ul­ga­myň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­ma­gy, ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň hyz­ma­ty gün­sa­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz «Öm­rü­miň man­ysy» at­ly tä­ze ki­ta­byn­da ulag­la­ryň gör­nüş­le­ri, dost-do­gan­lyk ýol­la­ry­nyň çe­kil­me­gi, ola­ryň hä­si­ýet­na­ma­la­ry ha­kyn­da hem söh­bet aç­mak bi­len, dün­ýä­de ula­gyň il­kin­ji gör­nüş­le­ri­niň ýü­ze çyk­ma­gyn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bi­ti­ren hyz­ma­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Ki­tap­da bu ba­ra­da şeý­le ýa­zyl­ýar: «Mun­dan müň­ler­çe ýyl­lar ozal öz be­dew­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek bi­len ata-ba­ba­la­ry­myz dün­ýä­niň iň ýyn­dam ula­gy­ny dö­re­dip­dir­ler! Dün­ýä­niň iň naý­ba­şy, iň kä­mil, iň amat­ly, iň ra­hat, iň gö­zel ula­gy­ny!.. Şu gün­ki dün­ýä­de ýa­şap, şu gü­nüň ulag­la­ryn­dan, beý­le­ki dür­li teh­ni­ka­la­ryn­dan peý­da­lan­maz­ly­gyň müm­kin däl­di­gi hem düş­nük­li­dir. El­bet­de, bu eý­ýäm bir­ne­me baş­ga gür­rüň we şol bir wag­tyň özün­de be­dew at bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýaň­ky aý­dan­la­rym­dan ga­ty bir aý­ry­baş­ga gür­rüň hem däl. Me­niň ulag­la­ra bo­lan bu ga­raý­şym ola­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, we­lo­si­ped­den baş­lap, uçar­la­ra çen­li — ýer­de, suw­da, ho­wa­da ýö­re­ýän dür­li ulag­la­ry sü­rüp gör­mek, ola­ry do­lan­dyr­mak ba­şar­ny­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek is­le­gi­mi dö­red­ýär». 

                                                                   

Şeý­le­lik­de, «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» gür­rü­ňi edil­ýän ugur­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. 

                                                                                                           

My­rat NUR­MÄM­ME­DOW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.

08.06.2022
Ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek döw­let äh­mi­ýet­li we­zi­pedir

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, pu­da­ga hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň we san­ly ul­ga­myň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry art­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de top­lu­myň eks­port kuw­wa­ty pug­ta­lan­ýar. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň has-da ös­me­gin­de, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň içer­ki ba­zar­la­ryn­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan önüm ön­dü­ri­ji­le­re gol­daw ber­mek hem-de guş eti­niň we ýu­murt­ga­nyň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li res­mi­na­ma gol çek­me­gi ta­ry­hy äh­mi­ýet­li çöz­gü­de öw­rül­di. De­giş­li Ka­ra­ra la­ýyk­lyk­da, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan önüm ön­dü­ri­ji­le­ri üp­jün et­mek üçin 2022-nji ýyl­da 20 müň gek­tar meý­da­na iým­lik mek­ge­jö­wen, 2 müň gek­ta­ra so­ýa we 40 müň gek­ta­ra iým­lik bug­daý ek­mek we ola­ryň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Şeý­le-de iým­lik mek­ge­jö­we­niň, so­ýa­nyň we bug­da­ýyň ekil­ýän meý­dan­la­ry­nyň we­la­ýat­lar hem-de et­rap­lar bo­ýun­ça ýer­leş­di­ri­li­şi­ni, ola­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­jek kä­ren­de­çi­le­riň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň we ýer eýe­le­ri­niň sa­na­wy­ny kes­git­läp, şol bir wag­tyň özün­de iým­lik dä­ne ön­dü­ri­ji­le­ri, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar hem-de teh­ni­ki hyz­mat­lar, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň su­wa­ryş su­wy, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň bol­sa mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len ze­rur möç­ber­de we anyk möh­let­de üp­jün et­me­gi bel­le­nil­di. 

                                                                   

Oba zäh­met­keş­le­ri­ni we önüm ön­dü­ri­ji­le­ri mun­dan beý­läk-de zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ruh­lan­dy­ran bu çöz­gü­diň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň eks­port kuw­wa­ty­nyň has-da art­ma­gy­na ýar­dam be­rer. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan we “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen asyl­ly şy­ga­ry baş ýö­rel­ge edin­ýän dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­tyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan çe­me­leş­me­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, oba ho­ja­ly­gy­na öň­de­ba­ry­jy san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, önüm ön­dü­ri­ji­le­re, şol san­da ýer eýe­le­ri­ne gol­daw ber­mek we oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de ýer­den alyn­ýan ha­sy­lyň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga, önüm ön­dü­ri­ji­le­ri ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, dö­kün­ler bi­len üp­jün et­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň kuw­wat­ly oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry daý­han­la­ryň hyz­ma­tyn­da. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne, azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan oba ho­ja­ly­gyn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li öz­leş­dir­mä­ge örän jo­gap­kär­çi­lik­li, hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da çe­me­le­şil­ýär. Bu bol­sa al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýer­ler­de eke­ran­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýer­li top­rak-ho­wa şert­le­ri na­za­ra al­nyp, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň usul­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Şun­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny we ilat­ly ýer­le­ri­ni suw bi­len üp­jün et­me­gi go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­si­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

Oba­se­na­gat top­lu­my­na hä­zir­ki za­ma­nyň tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, bu ugur­da te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mä­ge hem-de hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň iş ne­ti­je­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Pu­da­ga hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, san­ly ul­ga­myň we işi ýö­ret­me­giň döw­re­bap usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­da, to­hum­çy­lyk işi­ni yl­my esas­da kä­mil­leş­dir­mek­de, şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li ulan­mak, ekin ekil­ýän ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak we top­ra­gyň şor­laş­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek iş­le­ri hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de suw aka­ba­la­ry­ny, zeý­keş ul­gam­la­ry­ny bel­le­ni­len möh­let­de aras­sa­la­mak wa­jyp we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Go­wa­ça­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Daý­han­la­ryň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Şun­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da daý­han­la­ryň ýar­dam­çy­la­ry bo­lan kuw­wat­ly teh­ni­ka­lar ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ila­ty­my­zy ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ýe­ral­ma, gök-bak­ja we beý­le­ki azyk­lyk oba ho­ja­lyk ekin­le­ri bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­ler ge­çi­ril­ýär. We­la­ýat­lar­da bu ekin­le­riň meý­da­ny­ny gi­ňelt­mek hem-de ola­ryň ekil­jek ýer­le­ri­ni kes­git­le­mek, kä­ren­de­çi­le­riň ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. 

                                                                   

Mal­lar­dan alyn­ýan önüm­le­riň muk­da­ry­ny we gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak, ýur­du­myz­da guş­çu­lyk top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, mal­dar­çy­lyk, şol san­da guş­çu­lyk top­lu­my­nyň ot-iým bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin ze­rur iş­ler tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şun­da önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mä­ge mö­hüm orun de­giş­li­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň çalt dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne ýa­kyn­dan üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da eke­ran­çy­la­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär, ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Mu­nuň özi ekin­le­re ag­ro­teh­ni­ka­nyň äh­li ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek esa­syn­da göw­ne­jaý ideg et­mä­ge, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly tiz hem-de ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­ny bö­lüp ber­mek ka­ra­ry­na ge­len­di­gi­ni aýt­dy. Mu­nuň özi hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dy­ryp, tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ruh­lan­dyr­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hö­kü­me­tiň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň ila­ty üçin ze­rur azyk ha­ryt­la­ry­ny sa­tyn al­mak mak­sa­dy bi­len, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne hem 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­dä­ki pul se­riş­de­le­ri­niň gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bu çöz­güt Di­ýa­ry­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da guş eti­niň we ýu­murt­ga­nyň, esa­san, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şeý­le­lik­de, hu­su­sy ul­ga­myň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny tap­gyr­la­ýyn art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li iým­lik bin­ýa­dyň dö­re­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu bol­sa ila­tyň guş eti­ne hem-de ýu­murt­ga bo­lan is­leg­le­ri­niň do­ly ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gyn­da der­wa­ýys orun eýe­le­ýär. Bu ta­ry­hy çöz­güt dün­ýä­de eme­le ge­len hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly ýag­da­ýy na­za­ra ala­nyň­da, aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Çün­ki luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, adam­la­ryň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy sag­dyn iý­mit­len­mek bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mek üçin de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­me­gi­niň mak­sa­dy­nyň ila­ty­my­zyň ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gik taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri­ne is­le­gi­niň do­ly ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi döw­let de­re­je­sin­de ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­riň, be­ýik tu­tum­la­ryň we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň äh­li ba­bat­da hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni na­zar­la­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dyr. 

                                                                                                           

(TDH)

08.06.2022