Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawodynda ýerli gurluşykda giňden ulanylýan serişdeleriň, dürli ölçegdäki polipropilen hem polietilen turbalaryň öndürilişini artdyrmakda ýokary netijeler gazanylýar.
Welaýatyň iri senagat düzümleriniň biri bolan bu kärhana döwrüň ösen talaplaryna laýyk düýpli abatlanylyp, onuň önümçilik ulgamlaryna ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar ornaşdyryldy. Demirgazyk sebitiň çäginde kyrk ýyla golaý wagt bäri hereket edýän zawodyň işçi-hünärmenleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullarynda işlemegiň asylly nusgasyny görkezýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri bu ýerde 800 tonnadan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,135 göterime golaý ösüş gazanyldy. Şu döwürde zawod boýunça dürli görnüşli önümleriň 19 million manatlykdan gowragy öndürildi. Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen hojalyk-tehnologik işleriň geçirilmegi, amatly zähmet şertleriniň döredilmegi şeýle üstünlikleriň gazanylmagyna, gurluşyk meýdançalarynyň ýokary hilli senagat önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.
Zawodyň düzümi önümçilik hem kömekçi bölümlerden ybarat bolup, ol şäheriň günbatar künjeginde ýerleşýär. Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 920 tonna barabardyr. Önümiň esasy bölegini, ýagny 900 tonnasyny plastik turbalar düzýär. Bu ýerde taýýarlanylýan önümleriň 20 tonnasy bolsa gaýry önümlerdir. Häzirki wagtda zawodda kämil, öz işine ussat işçi-hünärmenleriň 90-dan gowragy işleýär. Oňaýly zähmet şertleriniň döredilmegi her bir işçiniň öz iş ornunda netijeli zähmet çekmegini üpjün edýär, kämil tehnologiýalar hünärmenler üçin döwrümize mahsus täze mümkinçilikleri açýar. Zawodda el zähmetini barha azaltmak babatynda zerur çäreler görülýär. Önümçilik ulgamlaryndaky enjamlar, senagaty sanly ulgama geçirmek maksadynda ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar işçi zähmetini ýeňilleşdirýär. Kärhanada bar bolan önümçilik, tokarlyk, kompressor bölümlerinde ähli işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Zawod boýunça häzir 16 millimetrden başlap, 315 millimetre çenli ölçegdäki turbalaryň jemi 23 görnüşi öndürilýär. Ýerli gurluşyklar üçin wajyp bolan polipropilen we polietilen turbalaryň aýratynlyklary bar. Polipropilen turbalar birneme gatyrak bolýar. Polietilen turbalar bolsa has maýyşgak, geçirijiler gurlanda dürli ýagdaýda ulanmak mümkinçiligi ýokary hasaplanylýar. Häzirki wagtda öý hojalygynda giňden ulanylýan polimer önümleriniň möçberi hem ep-esli ýokarlandy. Zawodda önümleriň hil derejesi hemişe gözegçilikde saklanylýar. Ýylyň-ýylyna islegleriň artýandygyna görä, halk hojalygynda ulanylýan maýyşgak gurşawlaryň, şeýle-de azyk önümlerini salmaga niýetlenen, bir gezek ulanylýan gapjagazlaryň öndürilişi ep-esli artdy. Kärhanada ekologik taýdan arassa önümçiligiň möçberini artdyrmak maksady bilen, işe girizilen tehnologik bölümçelerde öndürilen önümler durmuş maksatly desgalaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň alnyp barylýan ýerlerine öz wagtynda, dowamly ugradylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülen senagat pudagynyň kuwwatly ösýän döwründe uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişi ýokarlanýar, çykarylýan önümleriň görnüşleri giňeldilýär. Ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Işleri düýpli täzeden guraýan bu ministrligiň ýerlerdäki kärhanalarynda ýerli gurluşyk bazaryny ýokary hilli senagat harytlary bilen üpjün etmek barada ähli çäreler görülýär. Munuň üçin ýerlerde ähli amatly şertler, giň mümkinçilikler döredildi. Daşoguz welaýaty hem ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň dürli görnüşleriniň uly gorlaryna eýedir. «Polimer önümleri» zawody hem öz önümçiliginde ýerli serişdeleri giňden ulanýar.
Kärhananyň önümçilik ulgamy üznüksiz halkany ýada salýar: kämil tehnologiýa ornaşdyrylan ulgamyň başlanýan ýerinden gönderilýän çig mal ahyrky tapgyrda taýýar önüm görnüşine gelýänçä kän wagt geçmeýär. Bu ýerde öndürilýän dürli ölçegli turbalar häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigi, uzak möhlete ulanmak mümkinçiliginiň bardygy taýdan gurluşykçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Zawodyň hile gözegçilik bölüminiň hem merkezi barlaghananyň barlagçysy Keramat Babajanowa, guýujy işçiler Ulug Baltaýew, Batyr Seýidow, abatlaýjy Şanazar Atajanow öz iş orunlarynda netijeli zähmet çekýärler.
Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».