Sahawatly türkmen topragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şatlykly, taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigi şu ýylyň 17-nji, 18-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mary hem-de Lebap welaýatlaryna toý saparyny amala aşyranda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy,  şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Bu sebitlerde ulanylmaga berlen durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalar ata Watanymyzyň ykdysady ösüşine we halkymyzyň rowaçlygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berer. Hormatly Prezidentimiz Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly, ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Döwlet Baştutanymyz   Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň ahyrynda onda garalan meseleleriň, kesgitlenen wezipeleriň doly ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça milli ykdysadyýeti, şol sanda obasenagat toplumynyň ähli pudaklaryny özgertmek bilen baglanyşykly düýpli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň ekerançylaryň netijeli zähmeti, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy, oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň möçberlerini artdyrmak üpjün edilýär hem-de ekerançylaryň öz işlerine gyzyklanmalary ýokarlanýar.  

                                                                   

Şu ýyl Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda bolsa 310 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi netijesinde, şu gezekki galla oragy möwsüminde «John Deere» we «Сlaas» kysymly häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu ýokary öndürijilikli kombaýnlar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. Sapar mahalynda hormatly Prezidentimize Tagtabazar hem-de Darganata etraplarynyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri baradaky hoş habarlar aýdyldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz toý saparlary mahalynda Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde kärendeçi daýhan Atageldi Ärnyýazowyň hem-de Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi Azat Joraýewiň iş şertleri, maşgala ýagdaýlary we kärende ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriniň görnüşleri hem-de galla meýdanlarynyň hasyllyk derejesi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleriniň geçirilişi bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalyk önümlerini öndürijileriň — daýhanlaryň netijeli zähmeti, kärendeçileriň zerur dökün, ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi ugrunda hemme şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi alnyp barylýan syýasatyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar. Munuň özi milli daýhançylyk däplerini ösdürmekde, ýaş nesilleri halal zähmete söýgi ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz daýhanlar bilen duşuşanda «Bismilla» diýip, olaryň kärende ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý oragyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhanlara çekýän yhlasly we öndürijilikli zähmetlerine minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlaryny gowşurdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kärendeçi daýhanlaryň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.  

                                                                   

Sapar mahalynda döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow bilen söhbetdeş boldy. Alym bu merkezde köp ýyllaryň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy-barlaglaryň geçirilýändigini gürrüň berdi. Mysal üçin, bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleri döredildi. Alym-agronom şeýle hem bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesiniň her gektardan 55 — 60 sentnere barabardygyny, olaryň 200 — 210 günüň dowamynda ýetişýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, B.Nowruzow hormatly Prezidentimize bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Arkadagly Serdarymyz türkmen alymlarynyň ylmy taýdan esaslandyryp döreden tohumlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miwesidigini bellemek bilen, bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan «Berkarar» we «Galkynyş» diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy, onda gowaçanyňdyr bugdaýyň tohumlarynyň dürli görnüşleri, şeýle hem täze hasyldan taýýarlanylan çörek we çörek önümleri görkezildi. Bu sergi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilendiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Arkadagly Serdarymyza tamdyrda ýaňy bişirilen çörek hödür edildi. 

                                                                   

Bilşimiz ýaly, Arkadagly hajy Serdarymyz ýakynda Mekge-Medinede bolup, ol ýerde haj zyýaratyny berjaý etdi. Şonda hormatly Prezidentimiz mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň hemişe abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin ýagşy doga-dilegler etdi. Hudaýyň öýüniň berekediniň, päkizeliginiň ýurdumyza, milletimize nur bolup ýagmagy dileg edilip, dost-doganlykdan nyşan hökmünde döwlet Baştutanymyza mukaddes teperrik berildi. Bu waka Arkadagly Serdarymyza, mähriban halkymyza, ýurdumyza goýlan çuňňur hormatdan nyşandyr.  

                                                                   

Sapar mahaly döwlet Baştutanymyz Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine bardy. Bu metjitde mukaddes Mekgeden getirilen teperrik goýuldy. Hormatly Prezidentimiz ony beýleki welaýatlaryň metjitlerinde gezekli-gezegine goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk binany dabaraly açyp berdi. Şanly waka mynasybetli bu ýerde toý sadakasy berildi. Soňra Arkadagly Serdarymyz täze binadan çykyp, Mary welaýatynyň häkimine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şol gün şeýle hem hormatly Prezidentimiziň umra hajyny berjaý etmek üçin mukaddes Käbä zyýaraty amala aşyran mahalynda gowşurylan teperrik goýlan Gurbanguly hajy metjidinde juma namazy okaldy. Metjidiň ýanyndaky ýörite binada toý sadakasy berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna toý sapary mahalynda Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna-da gatnaşdy. Şol ýerde täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu bekediň işe girizilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady. Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda möhüm binýat bolup durýar. Şundan ugur alnyp, Türkmenistan Watanymyz dünýäde ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde özüni tanadýar. Bu ýagdaý döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga şert döredip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Indi 13 ýyl bäri türkmen «mawy ýangyjy» dostlukly hytaý halkynyň ojaklaryny ýyladyp, senagat kärhanalaryny herekete getirýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar. Türkmenistan Hytaýy gaz bilen üpjün edýän ygtybarly, iri döwletdir. Hytaý bolsa Türkmenistanyň tebigy gazyň söwdasy boýunça örän uly hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi bilen, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin çäreler durmuşa geçirilýär. Maslahatyň dowamynda wideofilm görkezilip, onda ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň we HHR-niň netijeli gatnaşyklary, «Gadyn» täze gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, bu bekediň işläp başlamagyna ak pata berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekedini hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisi ulanmaga berildi.  

                                                                   

Halk bähbitli, il-ýurt, halkara ähmiýetli şeýle döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Sahawatly türkmen topragy egsilmejek naz-nygmatyny, tebigy baýlygyny bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Serdarymyzyň sözleri bilen aýtsak, goý, sahawatly türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk berkarar bolsun! 

                                                                                                           

«Esger».