«Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 2-nji oktýabryndaky Karary bilen Marynyň öňki gön zawodynyň binýadynda döredildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de «Röwşen» hususy kärhanasy «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylardyr.
Jemgyýetimiziň aýakgap bölüminde «Röwşen» hususy kärhanasynyň tejribeli hünärmenleriniň ýakyndan goldaw bermegi bilen, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylara niýetlenilen aýakgaplar öndürilip başlandy. Tebigy aýratynlygy boýunça mal derilerini gaýtadan işläp taýýarlaýan ýokary hilli gönlerden öndürýän dürli görnüşli aýakgaplarymyz ykjamlygy, ýeňildigi, berkligi, nyrhlarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar we ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.
Müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän hünärmenlerimiz her okuw ýylynyň başynda, şeýle-de «soňky jaň» baýramçylygyna gabatlap mekdep okuwçylaryna niýetlenen aýakgaplarymyza arzanladyş yglan edýärler.
Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimiz geljekde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň islegini içgin öwrenip, ýaş müşderilerimiziň göwnünden turýan aýakgaplaryň dürli görnüşlerini elýeterli bahadan hödürlemegi maksat edinýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin kärhananyň hünärmenleri Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarlar.
Aýna MÄMMÄÝEWA,
«Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tikinçilik bölüminiň müdiri.