Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz rowaçlyklara beslenýär. Beýik ösüşleriň ýolunda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli, netijeli işler halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurduň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilendir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şöhratly ýylymyzyň her bir güni toý-baýrama, şanly wakalara beslenýär. Bu hakykat ajaýyp döwrümizde durmuşa ornaşdyrylýan beýik işlerden habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlaryna saparlarynyň üstünlikli bolmagy, bu ýerlerde ildeşlerimiz bilen duşuşmagy halk bähbitli işleriň örän ýokarydygyny aýdyň beýan edýär. Ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna toý sapary üstünlikli geçdi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iň döwrebap we ýokary tehnologiýaly desgalar, durmuş-medeni maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli welaýatlary, şäherleri tanalmaz derejede özgerýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, gülläp ösýän ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklar biziň her bir günümiziň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýany bolup taryha girýär. Ýakynda Mary welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen täze bina ulanmaga berildi. Şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda önümçilik maksatly täze desganyň açylyş dabarasy boldy. Bularyň hemmesi welaýatyň uly üstünlikler bilen ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.
Başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda eýelenýän şeýle ýokary sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. Agzybirlik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da ösdürilýändigini görmek her bir türkmenistanly üçin diýseň guwandyryjydyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň ösüşi has-da rowaçlanýar. Gurulýan beýik binalary, ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaýlaryny bu günki günde Watanymyzyň ähli künjeginde görmek bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň, ykdysadyýetimiziň mäkämdiginiň alamatydyr. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň halkymyzyň abadan durmuşyna, asudalygyna, bagtyýarlygyna gönükdirilendigini buýsanç bilen belläsimiz gelýär. Ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge, kämil we watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.
Bu günki gün eziz Diýarymyz ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artmagynda, döwletimiziň dünýäniň ykdysady, senagat taýdan ösen ýurtlarynyň biri hökmünde giňden tanalmagynda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler, gurulýan beýik binalar, täze döwrebap desgalar, ýaşaýyş jaýlary ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Şeýle ösüşleriň hemmesi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşyny, halkyň abadançylygyny üpjün etmek baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda beýik işler amala aşyrylýar.
Gurýan, döredýän, ynamly öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklar, bina edilýän desgalar, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilýär. Şonuň üçin hem halkymyz bu beýik işlere buýsanýar, guwanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde gurulýan täze desgalaryň, beýik binalaryň ýalkymy äleme dolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň görkezijisi bolan beýik binalar, medeni-durmuş maksatly desgalar halkyň eşretli durmuşynyň, bagtyýarlygynyň kepilidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň, beýik işleriň özeninde diňe halkyň bähbidi, onuň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlaryň durýandygy her bir raýatyň durmuşynda duýulýar. Halkyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanmagy beýik ösüşleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň beýan edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da belent derejelere çykmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Gurbangül MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Türkmen dili kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.