Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 4-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda bäş aýyň jemleri boýunça ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işlere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim ýokarlanmagy bolsa Diýarymyzyň bedew bady bilen ösýändigini doly tassyklady.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halk hojalygynyň pudaklaryny üstünlikli sanlylaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda ajaýyp işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda öňde duran wezipeler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagy we halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmegi nazarlaýan ugurlary öz içine alýar. Şu jähetden, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amal edilýän işler ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Muňa ýanwar — maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 104,6 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasynyň bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirilmegi hem güwä geçýär.
Durmuş ulgamy häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda durmuş syýasatynyň üstünlikli dowam etdirilmegi halkymyzyň abadançylygynyň gözbaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň bäş aýynda býujetiň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda bolsa aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,4 göterim ýokarlandy.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda öňde duran möhüm wezipelere aýratyn üns çekdi. Olaryň hatarynda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmek, halkara tejribä esaslanyp býujet-salgyt işini döwrebaplaşdyrmak, býujet, salgyt, bank we pul-karz ulgamlarynyň düzgünlerini kämilleşdirmek hem-de elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak ýaly wezipeler bar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz mejlisde ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek barada karara gelendigini nygtady. Bu bolsa Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň döwletimiziň gülläp ösüşini nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gülbahar TÄÇGULYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.