Habarlar
Ykdysady ösüşiň ýokary depgini

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda, 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň turuwbaşdan ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýandygyny tassyklady. Bu mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, häzirki zaman düzümleri kemala gelýär, dürli maksatly täze binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Iri möçberli sebit we milli maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny garşylaýan pursatlarymyzda hormatly Prezidentimiziň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda: “Ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen özgertmelerimizi üstünlikli dowam etdirmekde halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, täze ýylda-da eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek ugrunda el-ele berip işläris” diýip nygtamagy ähli watandaşlarymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Adamlaryň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen giň gerimli döwlet syýasatyny tüýs ýürekden goldap, halkymyzyň agzybirlikde çekýän yhlasly zähmeti öz miwesini-de berýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar aýynda bitirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde berlen hasabatlardyr halk köpçüligine ýetirilen maglumatlar abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrundaky giň gerimli tagallalardan habar berýär. Hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşe eýedigini alamatlandyrýar. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,8 göterim köpeldi. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda oňyn netijeler gazanyldy. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa, 97,4 göterim berjaý edildi. Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

                                                                   

Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artykdyr. Ýylyň başyndan düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberiniň ýokary bolmagy täze senagat desgalaryny işe girizmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döretdi. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Durmuş ugurly ykdysady syýasata laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, gazanylýan oňyn netijeleriň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisinde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2023-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberlerini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda bellenildi. Eksport edilýän harytlaryň mukdaryny köpeltmek bilen, daşary söwda dolanyşygyny hem oňyn derejede üpjün etmek wajypdyr. 

                                                                   

Döwlet maksatnamalarynda bellenen ähli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harytlardyr hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge, bir söz bilen aýdylanda, maliýe-ykdysady ulgamyň binýadyny pugtalandyrmaga ýardam eder. 

                                                                                                           

Dünýägözel NURYÝEWA,

                       

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maliýe kafedrasynyň mugallymy.

09.02.2023
Gymmatly baýlyklaryň mekany

Garaşsyzlyk ýurdumyzyň ähli sebitlerine täze janlanyşy getirdi. Şeýle sebitleriň hatarynda Köýtendag etrabynyň Garlyk we Künjek çäkleri hem bar. Birnäçe tebigy baýlyklary özünde toplap, özleşdirilmegine garaşyp ýatan bu täsin künjek ählitaraplaýyn öwrenildi. Şonda bu ýerde tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorunyň bardygy ýüze çykaryldy.  

                                                                   

Eýsem, ýeriň aşagynda ençeme ýyllaryň dowamynda gizlenip ýatan magdanlardan nähili usulda peýdalanmaly?! Bu mesele alymlaryň gatnaşmagynda döwlet derejesinde çözüldi. Ösen dag-magdan pudakly hyzmatdaş döwletleriň tejribesi ulanylyp, sebitde kuwwatly senagat kärhanalarynyň gurluşygyna girişildi. Lebap welaýatynda ýetmezçiligi ýiti duýulýan senagat önümçiligini ýola goýmak üçin türk işewürleri bilen bilelikde her ýylda bir million tonna sement öndürmäge niýetlenen kuwwatly sement zawody gysga wagtda gurlup, 2013-nji ýylyň başynda ulanmaga berildi. Şondan bäri Lebap sement zawody diýlip atlandyrylýan bu kärhana M-400, M-500 kysymly ýokary hilli sementi öndürmek bilen, ýurdumyzyň sement önümçiligine goşant goşup gelýär. Netijede, her ýylda öndürilýän sementiň möçberi üç million tonna golaýlaýar. Elbetde, bu görkeziji aňrybaş çäk däl. Ägirt uly gurluşyk meýdançasyna meňzeýän ýurdumyzda semente bolan isleg barha artýar. Şoňa görä-de, 2020-nji ýylda zawodyň kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge barabar bolan ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişildi.  

  Köýtendagyň magdan däl daşlary-da ymgyr baýlyk bolup, olar gurluşyk işlerinde iň köp ulanylýan serişde hasaplanýar. Şeýle önümçiligi giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň martynda Magdanly şäherindäki gurluşyk materiallary kärhanasy çagyl önümlerini öndürýän kärhana bilen birleşdirilip, Köýtendag kän müdirligi döredildi. Munuň özi önümçilikde has gowy netijeleri gazanmagyna ýol açdy. Üstesine, müdirligiň Magdanly şäherindäki bölüminde dürli tejribeleri geçirmek arkaly täze-täze önümler öndürilýär. Olaryň arasynda ozal daşary ýurtlardan satyn alynýanlarynyň-da bolmagy guwandyryjydyr. Sebäbi ähli senagat kärhanalarynyň öňünde durýan esasy wezipe — daşyndan satyn alynýan önümleriň ornuny tutup biljeklerini ýurdumyzda öndürmek. Şeýlelikde, bu wezipäni gürrüňi gidýän müdirligiň Magdanly şäherindäki bölümi eýýäm üstünlikli ýerine ýetirip başlady.  

                                                                   

Indi diwarlyk boýaglary, reňkleri, gurluşyk gipsini we üwelen kaustik dolomit ýaly önümleri daşary ýurtlardan satyn almagyň zerurlygy ýok. Çünki olaryň biri-biri bilen özara gatnaşygyny öwrenmek arkaly geçirilýän tejribeler mydama täze-täze önümleriň alynmagyna ýol açýar. Bu ýerde himiki çökdürilen meliň alynmagy-da şeýle usulyň netijesidir. Eýýäm bu önüm uly meşhurlyga eýe bolup, onuň hyrydarlary ýylsaýyn artýar. Dürli boýaglary, reňkleri, şeýle hem lukmançylyk ulgamynda, himiýa pudagynyň birnäçe önümlerini öndürmekde giňden ulanylýan bu serişdäniň her ýylda 50 — 60 tonnasy öndürilýär. Munuň geljekde has köp möçberini öndürmekden daşgary, karbonatly tokga daşy hek daşyna öwürmek üçin gerek bolýan gyzgynlygy dürli usullar bilen almak meýilleşdirilýär.  

                                                                                                           

Hudaýberen ABRAÝEW.

07.02.2023
Täze ösüşlere badalga

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şu jähetden, ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlerdir gazanylýan üstünlikler örän guwandyryjydyr. Munuň özi ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine çalt depginler bilen goşulyşmagyna hem-de dünýä hojalygyndaky ornuny has-da pugtalandyrmagyna mümkinçilik berer. 

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir. Bu resminamalar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda täze ösüşlere badalga bolan belent maksatlardyr anyk wezipeleri özünde jemleýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halk hojalygyny köpugurly ösdürmekden başlap, döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak bilen bagly iň soňky innowasion çözgütleri özünde jemleýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek diwersifikasiýa ýoly bilen amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde goýlan wezipeler ýurdumyzyň halk hojalygynyň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, senagat pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, täze önümçilikleri ýola goýmakdan, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmekden we dünýä döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda elektron senagatyny döretmegi dowam etdirmek hem-de elektron, kompýuter önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek we artdyrmak, dokma senagatynyň kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak ýaly ugurlar hem bar. 

                                                                   

Ata Watanymyzy ykdysady taýdan ösen kuwwatly döwlete öwürmek babatda öňde duran strategik wezipeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr» diýip nygtaýar. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kuwwatly senagat ýurdy hökmünde ykrar edilmeginde uly ähmiýeti bolan strategik maksatnamadygynyň subutnamasydyr. 

                                                                                                           

Maýsa ANNAMYRADOWA,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň öwreniji mugallymy.

07.02.2023
Döwrebap kärhananyň islegli önümleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarydyr önümçilik pudaklary ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri hem Magtymguly etrabyndaky Tikin we aýakgap kärhanalar toplumydyr. Toplumyň agzybir işgärleri şu ýylyň ilkinji aýynyň önümçilik tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi başardylar.  

                                                                   

Bu ýerde ýanwar aýynda sarp edijilere ýetirilen aýakgap we tikin önümleri ep-esli ýokarlandy. Häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen kärhanalar toplumynda geçen aýda öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 1 million 495 müň manada barabar boldy. Munuň özi önümçiligiň ösüş depgininiň 134 göterim ýokarlanandygyndan habar berýär.  

                                                                   

Toplumyň aýakgap bölüminde ýylyň başyndan bäri taýýarlanan ýokary hilli aýakgap jübütleriniň sany 3 müňe ýetdi. Çeper elli gelin-gyzlar dürli biçüwli we ýaraşykly tikin önümleriniň 29 müň 540-syny taýýarlamagy başardylar. Bu görkezijiler bellenilen meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar. 

                                                                   

— Kärhanamyzda zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlar bolmagy buýsançlydyr. Olar önümçilik bölümlerindäki dünýäniň iri kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlaryna ezberlik bilen erk etmekde we işleri sazlaşykly alyp barmakda yhlaslylyk görkezýärler. Munuň özi toplumda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagyna we olaryň ýokary ekologiýa talaplaryna, şeýle-de dünýä ölçeglerine laýyk bolmagyna şert döredýär. Tikinçilik bölüminden tikinçi Täzegül Şyhmyradowa, biçimçi Ýazgül Hojadurdyýewa, ütükleýji Maýagözel Matdyýewa, aýakgap bölüminden reňkleýji Leýla Annaýewa, taslaýjy Gülşat Gapbarowa, biçimçi Amangül Hojagylyjowa dagy zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezmegi başarýarlar. Işgärlerimiz öz halal zähmetleri bilen eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýandyklaryna buýsanýarlar. Munuň üçin olar hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize tükeniksiz alkyş aýdýarlar — diýip, toplumyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Reýhan Garaşewa buýsanç bilen gürrüň berdi. 

                                                                                                           

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,

                       

«Balkan».

03.02.2023
Maýa goýum syýasaty: ykdysady ösüşde möhüm gural

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, şeýle hem sebitleriň ykdysady we durmuş infrastrukturasyny döretmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda erkin bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerilýän durmuş-ykdysady strategiýada maýa goýum syýasaty ähmiýetli orny eýeläp, onuň işjeň ýagdaýda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Milli maksatnamada amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan möhüm çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda içerki we daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna ähli pudaklarda täze önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň önüm berijiligi we önümiň hili ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyryp, goýlan maýa goýumlaryň bellenilen möhletlerde özüni ödemegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna şert döredýär. Bu ýagdaý nebit we gazhimiýa önümleri babatda hem, azyk we dokma, gurluşyk önümçiligi, dokma senagaty barada aýdylanda-da şeýledir. Saglygy goraýyş maksatly harytlar dünýäniň bu ugurda ösen ýurtlaryndan satyn alynýar. Şunuň bilen birlikde, milli derman senagatynyň ösüşleriniň hasabyna özümizde-de ýokary hilli derman önümleri, sargy serişdeleri we beýlekiler öndürilip, dürli ýurtlara eksport edilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda maýa goýum işleriniň özüne çekijiligini artdyrmagyň we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda, munuň üçin amatly şertleri döretmek, maýadarlaryň hukuklaryny goramak ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet serişdeleriniň goýumlarda peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýörelgelerini işläp düzmek, durmuşa geçirilýän özgertmelere maglumat goldawyny bermek we halkara derejede ýurduň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek, daşary ýurtly maýadarlar bilen ýerli kärhanalaryň arasynda söwda logistikasyny kämilleşdirmek we önümçilik-ýerlemek gatnaşyklaryny ösdürmek bolup durýar. Şeýle-de bu ugurdaky işler ilatyň wagtlaýyn erkin serişdelerini maýa goýumlaryň çeşmesi hökmünde çekmäge höweslendirmek, döwlet we paýdarlar täjirçilik banklaryny maýa goýum işlerine giňden çekmek, daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin dünýäniň oňyn tejribesini giňden ornaşdyrmak, erkin ykdysady zolaklarda daşary ýurtly maýadarlar bilen bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak, daşary ýurt maýasynyň pudaklaryň we sebitleriň ösüşiniň esasy ugurlaryna çekilmegini gazanmak ýaly wezipelerden ugur alýar. Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty makroykdysady görkezijileriň deňagramly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ykdysadyýetinde gaýtadan işleýän we ahyrky önümleri öndürýän senagat pudaklaryny ýokary depginlerde ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli ýokarlanýar. Senagat pudaklarynda öndürilýän we daşary ýurtlara eksport edilýän ýokary hilli önümleriň möçberidir görnüşleri artdyrylýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda ykdysady ösüşlerimize uly itergi boljak iri taslamalar üçin daşary ýurt maýasyny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Munuň üçin amatly syýasy we hukuk gurşawy emele getirilýär. Hukuk binýady halkara ölçeglerden ugur alýar. Daşary ýurt maýa goýujylar üçin ýeňilliklerdir kepillikler kesgitlenýär. Maksatnamada öňümizdäki 30 ýylda öňde durýan maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanda uly möçberde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we olaryň netijeliligini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Döwletiň maýa goýum syýasatynyň uzak möhlete niýetlenen maksatlarynyň hatarynda amatly maýa goýum ýagdaýyny yzygiderli kämilleşdirmek, ýurda çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak üçin netijeli çemeleşmeleri we gurallary ornaşdyrmak, hususylaşdyrmak maksatnamalarynyň we döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň gurallaryny daşary ýurt maýasyny çekmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen utgaşykly alyp barmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna innowasion-tehnologik taýdan goldaw bermek ýaly wezipeler bar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň ýakynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen esasy maksatlarymyz barada aýratyn durup geçdi. Hususan-da, birinjiden, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, howpsuz ýaşaýşyny goramak; ikinjiden, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak; üçünjiden, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini, örän amatly şertlerde ýerleşendigini göz öňünde tutup, onuň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryny doly möçberde ulanmak; dördünjiden, Türkmenistany agrar döwlet bolanlygyndan ösen senagat ýurduna öwürmek ugrundaky tagallalarymyz netijesinde ýüze çykýan käbir meseleleri, mysal üçin, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, geljekde ykdysady mümkinçiliklerini has-da berkitmek ýaly meseleleri çözmek; bäşinjiden, milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek; altynjydan, telekeçiligi goldamak, hususy eýeçiligiň hukuklaryny we kepilliklerini ynamly goramagyň ulgamyny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek ýaly işler milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de bu işlere ähmiýet bermek arkaly halk hojalygyny ösdürmekde hususy pudagyň paýynyň artmagy üçin ähli şertleri döretmek; ýedinjiden bolsa ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek bolup durýar.  

                                                                   

Täze taryhy döwürde döwlet maýa goýum syýasaty yzygiderli ösüşlere eýe bolýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlaryň çekilmegi halk hojalygyna bazar gurallaryny yzygiderli ornaşdyrmaga, her bir ulgamda okgunly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär. Önümçilik, durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlar milli we halkara derejede iri taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna düýpli maýanyň goýulmagyny ýokary depginde dowam etdirmek döwrüň möhüm talabydyr. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

01.02.2023
«Çeperiň» hyrydarly önümleri

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden täze görnüşli önümler öndürilip başlandy. Çagalar hem-de uly ýaşly adamlar üçin iň täze biçüwdäki egin-eşikler, dürli reňkli keltekçelerdir iş geýimleri ilatyň ýokary islegine mynasyp boldy. 

                                                                   

Fabrik boýunça geçen ýylda jemi bahasy 19 million 695 müň manada deň bolan önüm öndürilip, ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Döwrebap tikin enjamlarynyň sazlaşykly işledilmegi, işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde önümçiligiň ähli ugurlary boýunça 181,9 göterim ösüş gazanyldy. Häzirki wagtda fabrikde tikinçileriň, dürli hünärli işgärleriň 200-e golaýy zähmet çekip, şolaryň agramly bölegini ýaşlar düzýär. 

                                                                   

Welaýat merkeziniň gözel künjeginde hereket edýän senagat kärhanalarynyň hatarynda ýerleşýän bu fabrik adyna kybap çeper hem-de ýokary hilli önümleri, ýylyň-ýylyna gazanýan oňat zähmet netijeleri bilen tapawutlanýar. Halkara hil ölçegleriniň ösen talaplaryna laýyk gelýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek arkaly oňat ykdysady görkezijilere eýe bolmak, innowasion işläp taýýarlamalara we ýokary tehnologiýalara daýanmak, döwrebap enjamlaryň sazlaşykly işledilişini gazanmak babatda bu ýerde göwnejaý işler alnyp barylýar. Fabrigiň ykdysatçysy Dilfuza Allaniýazowa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça yzygiderli geçirilýän hojalyk-tehniki çäreleriň önüm öndürilişini ýokarlandyrmaga, uly islegli önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, fabrigiň ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini maglumatlar arkaly delillendirýär.  Häzirki wagtda bu ýerde 100-den gowrak görnüşli tikin önümleri öndürilip, şolaryň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Geçen ýylyň dowamynda fabrik boýunça ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da Döwlet serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna laýyklykda öndürilen tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy. Fabrigiň çeper elli tikinçileriniň täze biçüwdäki tikin önümleri gözelligi, nepisligi, özüne çekijiligi, öwşün atýan reňkleri, döwrebaplygy bilen ilat arasynda ýokary islege eýe bolýar. Şu ýylyň ilkinji aýynda täze eýýamymyzyň talaplaryna laýyk gelýän täze görnüşli egin-eşikler, öý hojalygy üçin zerur bolan ýorgan-düşekler we beýleki tikin önümleri üçin dürli ýerlerden buýurmalaryň hem ýüztutmalaryň sany has-da köpeldi. Dürli ulgamlardyr kärhanalar bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk etmek bolsa işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Ýokary önümçilik netijesini gazanmak, dürli görnüşli tikin önümlerini öndürmek üçin fabrikde düýpli önümçilik-tehniki, guramaçylyk işleri geçirildi, kärhana doly döwrebaplaşdyryldy, onuň ähli önümçilik ulgamlaryna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän iň kämil tehnologiýalar ornaşdyryldy.

 Bu ýerde halypa-şägirtlik ýoly mynasyp dowam etdirilip, fabrige täze işe gelýän ýaş tikinçiler halypalara berkidilýär. Çeper elli tikinçiler Täzegül Ataýewa, Dilber Hudergenowa, Aýmanjan Maşaripowa, Aýna Kulbaýewa gündelik gazanýan iş netijeleri bilen has-da tapawutlanýarlar, geçirilýän pudagara bäsleşiklere gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeläp gelýärler. «Çeper» tikin fabriginiň binasyndaky «Altyn asyr» atly dükanda kärhanada bölek-satuw üçin täze biçüwde tikilen önümleriň dürli görnüşleri, şeýle-de pudagyň beýleki kärhanalarynyň dokma önümleri müşderilere ýetirilýär. Öňdebaryjy fabrigiň ussat tikinçileri netijeli zähmet çekmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Amanmyrat SAPAROW.

                       

«Türkmenistan».

01.02.2023
Kuwwatly kärhanada

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna belent maksatlar bilen gadam basan kuwwatly kärhanalaryň biridir. Şol maksatlar bolsa gönezligini 2022-nji ýylda gazanylan zähmet üstünliklerinden alyp gaýdýar. 

                                                                   

Welaýat merkeziniň bir çetinde ençeme gektar meýdany eýeläp oturan kuwwatly kärhana «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny üstünlikli jemledi. Muny önümçilikleriň agramly böleginde meýilnamanyň wagtyndan öň berjaý edilip, ýyl tamamlanýança, käbir önümleriň meýilnamadan has artyk öndürilmegi hem görkezýär. 

                                                                   

Hususan-da, bu kuwwatly kärhanada oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrýan fosforly mineral dökünleriň önümçiliginiň göwnejaý dowam edýändigi guwandyrýar. Çünki tutuş sebitiň çägindäki boý alyp barýan ýaşyl maýsalar hut şu zawodda öndürilen dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şeýle dökünler ýurdumyzyň beýleki sebitlerine-de ugradylýar. 

                                                                   

Anyk mysallara ýüzlensek, 2022-nji ýylda bu kärhanada fosforly mineral dökünleriň 224 müň tonnasyny öndürip, sarp edijilere ugratmak göz öňünde tutulypdy. Şanly ýylda öndürilen dökün bolsa 270 müň 500 tonna çenli ýetdi. Munuň özi döküni ýerli sarp edijilerden başga-da ýurdumyzyň has uzak sebitlerine hem ibermäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

 Şeýlelikde, zawodyň bu önümhanasynda ýyllyk meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi.  

                                                                   

Şeýle üstünlik diňe bir dökün önümçiliginde göze ilmän, eýsem, onuň çägi giňeýär. Zawodda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe girizilen kükürt kislotasy önümhanasynda geçen ýylda ýurdumyzyň himiýa kärhanalary üçin zerur bolan bu serişdäniň 111 müň tonnasy öndürildi. Bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli kändir. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody gündogar sebitde iş alyp barýan hususyýetçiler bilen hem hyzmatdaşlyk edip, önümleriň birnäçesini öndürýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda kuwwatly himiýa kärhanasynda täze önümhanalary açmak babatynda hem degerli işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak gerek. Bu ugurda dünýä tejribesi öwrenilip, degişli gepleşikler geçirilýär. 

                                                                                                           

Agageldi ITALMAZOW

31.01.2023
Milli Liderimiziň röwşen ýoly — abadançylygyň we rowaçlygyň kepili

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň dabaralanýandygyny, döwletlilik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilip, Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara diýlip ykrar edilmegi hem-de ýurdumyzyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän, demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly dünýä jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilen ýörelgelere eýerýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi ähli halkymyzda ýokary ruhubelentlik döretdi. 

                                                                   

Döwletli maslahatda halkymyzyň göwün islegleri, haýyşlary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi ähli halkymyzyň göwün islegini beýan edýän taryhy çözgüt boldy. Munuň özi halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza mizemez ynamynyň ýene-de bir gezek ýokary derejede ýüze çykmasydyr. Bu belent ynamyň aňyrsynda köp ýyllaryň dowamynda halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amal edilen uly işler — täze zawod-fabrikleriň, ylym-bilim ojaklarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriňdir kitaphanalaryň müňlerçesi, şol döwrüň içinde gurlan awtomobil ýollarynyň we polat ýollarynyň, energiýa geçirijileriň onlarça müň kilometri, Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň millionlarça tonnalary, asyryň iri taslamalaryna goýlan milliardlarça maýa goýumlary ýaly döwletli tutumlar durandyr. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylyp, ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi, abadan durmuşyň esaslaryny pugtalandyryp, halkymyzy rowaç ýaşaýşa eýe etdi. 

                                                                   

Özygtyýarly döwletiň Lideri hökmünde halk tarapyndan üstüne ýüklenen ägirt uly borjuň hem-de jogapkärçiligiň näderejede uludygyna çuňňur düşünmek bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, turuwbaşdan, öz belent borjuny ýurdumyzyň üstünlikli ilerlemegi, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň hemmetaraplaýyn berkemegi üçin ähli şertleri döretmekde gördi. Ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda Milli Liderimiziň alyp baran syýasaty parahatçylyk, durnuklylyk, ynsanperwerlik, durmuş adalatlylygy, ruhubelentlik, anyk netijäni gazanmak ýaly aýdyň ýörelgelerden ugur aldy. Bu syýasat adamlaryň ertirki gününe ynamyny berkitdi, eziz Watanymyzyň bagtly geljeginiň bähbidine bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin güýç-kuwwat berdi. Şol ýyllarda içeri we daşary syýasatda ýola goýlan ynsanperwer ýörelgeler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygyndaky täze döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem binýadyny berkden tutdy. Bu bolsa Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ygtybarly esas bolup durýar. 

                                                                   

Milli Liderimiziň tagallasy bilen amala aşyrylan ägirt uly işleriň, giň gerimli taslamalaryň umumadamzat ähmiýeti energetika pudagynda gazanylan ösüşleriň mysalynda hem aýdyňlygy bilen açylýar. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy tehnikadyr tehnologiýanyň çalt ösýän, ylmyň we öňdebaryjy ylmy barlaglaryň gazananlarynyň ornaşdyrylýan häzirki zaman şertlerinde halkara bileleşigiň toplumlaýyn tagallalaryny ählumumy durnukly ösüşe gönükdirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýä ýurtlaryny energiýa bilen adalatly üpjün etmek, öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurt hökmünde gyzyklanmalary sazlamakda öňe sürlen, düýpli esaslandyrylan başlangyçlaryň esas goýujy ähmiýeti bar. Bu başlangyçlar dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, olar BMG-niň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Kararnamalar bilen berkidildi. 

                                                                   

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän, özüniň ägirt uly serişde mümkinçiligini tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýan Türkmenistan bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýan işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň önümçiliginiň we gazylyp alnyşynyň depgini düýpli ýokarlandyryldy, energiýa serişdeleriniň ugradylyş ýollary hem diwersifikasiýalaşdyrylýar. Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we sebitara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Pudaga ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle-de häzirki zaman şertlerinde elektrik beketler üçin ýangyjyň iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşi bolan ýurtdaky tebigy gazyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetiň strategik pudagynyň öňünde duran wezipeleri netijeli çözmäge ýardam berýär. 

                                                                   

Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllarda amala aşyrylan giň gerimli maýa goýum taslamalarymyza, hususan-da, Hytaýa we Eýrana täze gaz geçirijileriň gurulmagyna, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna berkarar döwletimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygyna goşan hakyky goşandy hökmünde garamak bolar. Bu bolsa Merkezi Aziýa sebitiniň umumy ýagdaýyna we ösüşine oňyn täsir edýär, ony dünýä ähmiýetli energetika merkezleriniň birine öwürýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmek bilen bir hatarda, energiýa serişdeleriniň öndürilýän, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmaga hem uly ähmiýet berlip, giň gerimli taslamalar amala aşyryldy. Şu maksat bilen, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmäge milliardlarça amerikan dollaryna barabar maýa goýumlar gönükdirildi. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod açylyp ulanylmaga berildi. 

                                                                   

Daşary ýurtly maýadarlar bilen Lebap welaýatynda ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürýän kärhana guruldy. Mary şäherinde hem ýyl-da 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürýän döwrebap zawod işe girizildi. Garabogaz şäherinde ýapon we türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurlan, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän zawod işleýär. 

                                                                   

Sebit we ählumumy howpsuzlygyň dürli ugurlaryny pugtalandyrmaga, şol giň ykrarnama we goldawa eýe bolan energetika howpsuzlygyna gönükdirilen täzeçil daşary syýasy başlangyçlar bähbitleriň utgaşdyrylmagyna, sazlaşmagyna esaslanýan syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgalaryny bilelikde işläp düzmek üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bu başlangyçlar durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge kuwwatly itergi berýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisindäki taryhy çykyşynda üstünlikleriňdir şanly sepgitleriň halkymyzyň agzybirlikde, jebislikde, ýurtda alnyp barylýan syýasaty goldap, yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde gazanylandygyny nygtady, geljek üçin maksatnamalar kabul edilende-de, özgertmeler meýilleşdirilende-de, ilkinji nobatda, mähriban halkymyza daýanylyp, ähli işlerimiziň halkymyzyň bähbitlerine gönükdiriljekdigini aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar ýurdumyzyň geljegi hasaplanýar. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, abadançylygy köp derejede ýaşlarymyza baglydyr. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge hem aýratyn üns berilýär. Ýaşlarymyzyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaklary üçin şertler döredilýär, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim berlişini halkara derejelere çykarmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigini uniwersitetimizde döredilen şertleriň, giň mümkinçilikleriň mysalynda hem görkezmek bolar.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kuwwatly döwletimiz gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, öňe barýar, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar, köp sanly önümçilik maksatly we ýaşaýyş-durmuş ugurly desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri şol iri taslamalaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň işjeň gatnaşyp, maslahatlaryny bermeginde, ýolbaşçylyk etmeginde amala aşyrylýan bu taslamada «akylly» jaýlary we öýleri gurmaga, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde amala aşyrylýan tutumly işlere ýaşlaryň işjeň çekilmegi boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary Arkadag şäheriniň gurluşygynda sanly enjamlary ornaşdyrmak we olaryň kadaly işlemegini üpjün etmek işlerine gatnaşýarlar. Bu ugurda «akylly» şäher ulgamyny dolandyrmakda ulanyljak programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimligine anyk teklipler berildi. 

                                                                   

Milli Liderimiziň taryhy maslahatda eden çykyşynda geljekde ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawa, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek, olary tygşytly ulanmak, tebigatyň arassalygyny saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ýaly ugurlara hem uly ornuň degişlidigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn işleriň geçirilmegi netijesinde ýangyç-energetika toplumynda gury ýerde we deňizde nebitgaz känlerini özleşdirmek, köp mukdarda maýa goýumlary çekmek, dürli önümçilik desgalaryny gurmak arkaly olaryň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberi artdyrylar. Bu işleriň netijeleri ýurdumyzyň, halkymyzyň hem-de dünýä halklarynyň bähbitlerine hyzmat eder. Öňde goýulýan belent wezipeler, aýdyň maksatlar giň dünýäragaýyşly, kämil ylym-bilimli, watansöýüji hünärmenleriň taýýarlanylmagyna bolan talaby hem artdyrýar. 

                                                                                                           

Baýrammyrat ATAMANOW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.

31.01.2023
Eks­por­ta gol­daw ber­me­giň mil­li tej­ri­be­si

Dünýä ykdysadyýetinde globallaşmak prosesleriniň dowam edýän häzirki şertlerinde milli eksport edijilere goldaw bermek we olaryň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmek meselesiniň derwaýyslygy has-da artýar.  

                                                                   

Özüniň mazmuny boýunça eksporta döwlet goldawyny bermek milli kärhanalaryň halkara bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we milli işewürligiň daşarky bazarlara çykmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu goldaw öz gezeginde, milli girdejiniň artmagyna, telekeçiligiň ösmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça esasy wezipeler we maksatlar kesgitlenildi. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň milli eksport mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça ýöriteleşdirilen Maksatnamalar hem hereket edýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 15-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet Maksatnamasyny» görkezmek bolar. Bu Maksatnama laýyklykda, nebitgaz pudagyndan başga eksportyň esasyny düzjek ugurlar saýlanyp alyndy. Türkmenistanyň statistiki maglumatlaryna esaslanylsa, gürrüňi edilýän Maksatnamanyň kabul edilmeginden soň, onuň esasy maksatlarynyň, has takygy eksportyň düzüminde uglewodorod serişdeleriniň tutýan paýyny azaltmak meýilleri bolup geçdi.  

                                                                   

 Mazmuny boýunça eksporta goldaw bermek çärelerini maliýe we maliýe däl goldawlar toparlaryna bölmek bolar.  

                                                                   

Maliýe taýdan goldaw bermek çäreleri hökmünde ätiýaçlandyrmak, eksporty karzlaşdyrmak, eksport edijilere karz boýunça göteriminiň bir bölegini tölemäge ýardam etmek, döwlet kepilliklerini we salgyt ýeňilliklerini bermek hem-de başgalary görkezmek bolar .  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasatyny ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlary bermäge ygtyýar berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň milli eksport edijileriniň bäsleşik artykmaçlyklaryny ýokarlandyrmaga özüniň oňyn täsirini ýetirdi.  

                                                                   

Dünýä döwletleriniň käbirlerinde milli kärhanalaryň eksport işini goldamagyň bir görnüşi hökmünde bu eksport edijileriň täjirçilik banklaryndan alan karzlarynyň gaýtarylmagyna döwlet kepillikleriň berilmegi ulanylýar. Döwlet kepillikleriniň berilmegi maliýe institutlary tarapyndan karz şertlerini ýeňilleşdirilmegine öz täsirini ýetirýär. Eksport işini ösdürmegiň wajyp jähtleriniň biri bolup hem karz almak boýunça bildirilýän talaplaryň ýeňilleşdirilmegi çykyş edýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň býujet kanunçylygynda döwlet (hökümet, özygtyýarly) kepillendirmesini bermek boýunça kadalar hem öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň 114-nji maddasynda Türkmenistanyň döwlet (hökümet, özygtyýarly) kepillendirmesi diýen düşünjä aýdyň kesgitleme berilýär. Türkmenistanyň döwlet (hökümet, özygtyýarly) kepillendirmesi – bu Türkmenistanyň dahyllysy bolup duran karz alyjy tarapyndan tölenmeli möçberi bellenen möhletde tölenmedik ýagdaýynda, Türkmenistanyň Hökümetiniň bergini dolulygyna ýa-da bölekleýin üzmek boýunça karz berijiniň öňündäki borçnamasydyr. 

                                                                   

Eksport işini goldamak boýunça berilýän salgyt ýeňillikler ulgamyna, adatça, salgyt arakesmelerini (salgytlary tölemek möhletini yza süýşürmek), salgytlaryň göterim derejesiniň peseldilmegini, eksport edijilere goşulan baha üçin tölenen salgydyň yzyna gaýtarylmagy we başgalary degişli edilýär. Salgyt ýeňillikleriniň berilmegi eksport işini höweslendirmegiň möhüm gurallarynyň biri hökmünde çykyş edýär. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda eksport edijilere ýeňillikleri bermek boýunça käbir kadalar öz beýanyny tapdy. Hususan-da, bitewi Kanunyň 105-nji maddasynyň 4-nji bendine laýyklykda, harytlaryň (önümleriň) gönüden-göni eksport edilmegini amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara, dokma önümleri olary öndürijiler tarapyndan ýerlenende 0 (nol) göterim derejedäki salgyt möçberi ulanylýar. 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu goşmaçalara laýyklykda, erkin ykdysady zolaklarda öz işlerini alyp barýan taraplar goşulan baha üçin salgydy tölemekden boşadylýar. Şeýle hem olaryň bu zolaklardaky işleriniň birinji on ýylynda emläk üçin, peýdadan alynýan we şahsy adamlardan alynýan girdeji salgytlaryny tölemekden boşadylýar . Berilýän salgyt ýeňillikleri ýurduň eksport kuwwatynyň artmagyna oňyn täsir edýär. 

                                                                   

Eksport işine goldaw bermekligiň maliýe gurallary bilen birlikde maliýe däl gurallary hem wajyp ähmiýete eýedir. Goldaw bermegiň bu ugrunyň mehanizmleri we olary amala aşyrmagyň institutlary köpdürlidir. Şeýle görnüşli goldawlaryň hatarynda eksport edijileri maglumat taýdan goldamaklygy görkezmek bolar. Milli eksport edijileriň dünýä bazarlary baradaky maglumatlara eýe bolmaklary, olaryň daşary ýurt bazarlaryndaky hyzmatdaşlarynyň artmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Maglumat goldawyny bermek «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine goldaw bermegiň görnüşleri hökmünde bellenip geçilýär.  

                                                                   

Eksport işine goldaw bermegiň çäreler ulgamynda eksport edijilere maslahat kömegini bermek boýunça goldawyna hem möhüm orun degişlidir. Ýokary hilli maslahat kömeginiň berilmegi eksport ediji kärhanalaryň üstünlik gazanmaklaryna ýardam edýär.  

                                                                   

Milli eksport edijilere goldaw bermegiň maliýe däl görnüşleriniň hatarynda döwletleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary alyp barmaklaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda  döwletimiziň birnäçe döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara toparlary hereket edýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işleri bu toparlaryň wezipeleriniň biri hökmünde tassyklanylýar.  

                                                                                                           

Wepa BERDIÝEW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

30.01.2023
Dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy

Gah­ry­man Arkadagymyzyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Arkadag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam hak­da ala­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ru­dyr. Mu­nuň özi äh­li ul­gam­lar­da, il­kin­ji no­bat­da, hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler­de, döw­let­li tu­tum­lar­da, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni has-da pug­ta­lan­dyr­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Türkmenistan döwletimizde adamlar hakdaky alada örän wajyp wezipeleriň biri bolup, ýylyň-ýylyna Döwlet býujetinde zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ýokarlandyrmak barada möhüm işler alnyp barylýar. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, iş orunlary, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi we beýleki meseleler babatda durmuşa geçirilýän möhüm wezipeler halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylmagyna getirýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

ХХI asyryň başynda ýurdumyzda durmuş innowasiýalaryny goldamagyň zerurlygy ýüze çykdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda çykaran 11061-nji belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysady ösüşini durmuşa gönükdirilen innowasiýa nusgasyna geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu resminamanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak, bazar-ykdysady we institusional özgertmeleri çuňlaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşini gazanmak, durmuş ulgamynda hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirmegiň netijesinde, adamyň ruhy taýdan ösüşiniň ýokary derejelerde bolmagyny üpjün etmek we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Bu işler gerimi hem-de ähmiýeti babatynda maksatnamalaýyn strategiýa hökmünde halkymyzyň durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere üns çekildi. 

                                                                   

ХХI asyrda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşiniň toplanan kuwwaty dürli görnüşli durmuş-ykdysady ulgamlarda (dünýä ykdysadyýetinden başlap, hojalygy alyp barmagyň aýratyn subýektlerine çenli) bolup geçen düýpli özgertmeleriň esasy sebäbini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmak  milli we ählumumy ykdysadyýetiň ösüşiniň esasy faktoryna öwrüldi. Olaryň täsiri netijesinde, aýratyn sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyndan sanlylaşdyrylan durmuş-ykdysady ulgamlaryň toplumlaýyn gurulmagyna geçmek prosesi bolup geçýär. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» zähmet we pensiýa ulgamynyň sanly hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, adamlar üçin pensiýa üpjünçiliginde özlerine dahylly maglumatlary uzak aralykdan almaga mümkinçilik döretmek, pensiýa gaznasynyň edaralarynda ilata Internetiň üsti bilen maglumatlary ýetirmegi ýola goýmak, iş üpjünçiliginde iş bilen üpjünçilik edaralarynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak we ilatyň iş bilen üpjünçilik çygrynda sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2136-njy belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda» ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen ilaty durmuş taýdan goramak hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek, döwrüň talabyna laýyklykda hyzmatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek we artdyrmak bellenilendir. 

                                                                   

Häzirki zaman maglumat tehnologiýalary edara-kärhanalaryň we adamlaryň arasynda bolup geçýän özara gatnaşygyň hem-de zähmeti guramagyň usullaryny üýtgedýär. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, islendik edara-kärhananyň we guramanyň öňünde duran wezipeleri maglumatlary işjeň özleşdirmezden we olary dessin alyşmazdan çözmek mümkin däldir. 

                                                                   

Ilata edilýän durmuş hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak esasynda durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşini üpjün etmek şu günki günüň ileri tutulýan möhüm wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, onuň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurlygynyň ýüze çykmagy tebigydyr. Munuň özi diňe bir durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan durmuş ugry hökmünde goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, McKinsey Global institutynyň maglumatlaryna görä, eýýäm 2036-njy ýylda adam-sagatda aňladylan işiň 2-den 50%-ine çenlisi awtomatlaşdyrylyp bilner, 2066-njy ýylda bolsa bu paý 46-dan 99%-e ýetip biler. 

                                                                   

Täzeçil sanly tehnologiýalaryň durmuş goraglylygy ulgamynyň ähli çygyrlaryna çalt ornaşdyrylmagy we olaryň aňrybaş derejede netijeli ulanylmagy üçin köne usuldan el çekmek we iş prosesini dolulygyna täze görnüşe geçirmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy maglumatlary işläp taýýarlamagyň çeýeliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Ençeme asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelýän usul, ýagny ilata hödürlenýän durmuş hyzmatlary baradaky we beýleki maglumatlary, dürli görnüşli hasabatlary we beýleki görkezijileri kagyz görnüşinde çap edilmek bilen deňeşdirilende, wagt taýdan-da, serişde taýdan-da tygşytlylygy üpjün etmek bilen birlikde, elektron görnüşe geçirilen işleriň çatylyp goýlan görnüşinde ýer tutmaýandygy babatda hem, islendik pursatda elýeterliliginde, täzelikler bilen onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilik berýändiginde hem tapawutly aýratynlygy bardyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň durmuş goraglylygy çygrynyň edaralarynyň sanlylaşdyrylan ulgamlara yzygiderli birikdirilmeginiň sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri çözmekde möhümdigini belläp geçmek gerek. Durmuş goraglylygy ulgamyna sanly döwrebap tehnologiýalaryň girizilmegi işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna dürli düzümleriň özara gatnaşyklary ýokarlanýar hem-de welaýat, şäher we etrap derejesinde çözgütleri has tiz kabul etmäge, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga täze mümkinçilikler döreýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygy barada edilýän alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş we bejeriş merkezleri lukmançylygyň iň döwrebap tehniki enjamlary bilen üpjün edilýär. 

                                                                   

Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

30.01.2023
Geljegi nazarlaýan özgertmeler

Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şol sebäpden, maýa goýum işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýum serişdelerini giňden çekmekdir. Bu işleriň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, köptaraply işewür gatnaşyklarynyň çägini yzygiderli giňeltmek üçin zerur şertler we giň mümkinçilikler döredilýär.  

                                                                   

Gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine maýa goýmagyň ähmiýetini dabaralandyrýar hem-de maýa goýujylaryň ynamyny artdyrýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryny artdyrmagyň ýollarynyň kämilleşmegi jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ýurdumyzyň hojalyk subýektlerine goýlan maýa goýumlaryň netijesinde şol subýektleriň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär.  

                                                                   

Maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr. Ýurdumyza daşyndan çekilýän maýa goýumlar we ýurdumyzyň içinde özleşdirilýän maýa goýumlar halkyň bähbidine, ýurdumyzyň ilatynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda üstünlikli işler amala aşyrylýar.  

                                                                   

Kabul edilýän Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy ulgamyň paýy hem uludyr. Hususy ulgamyň wekilleri senagat kärhanalarynyň döredilmegine, häzirki zaman döwrebap önümçilikleriň, söwda merkezleriniň, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Muňa mysal hökmünde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda açylyp ulanylmaga berlen dürli ugurly desgalardyr binalary görkezmek bolar. 

  Ýurdumyzyň hususyýetçileri tarapyndan innowasion sanly tehnologiýalary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak bilen, ekologiýa taýdan arassa, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlar öndürilýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we olaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, hususy ulgam tarapyndan bu ugurlara uly möçberlerde maýa goýum serişdeleri goýulýar we bularyň netijesinde üstünlikli netijeler gazanylýar.  

                                                                   

Kabul edilýän Maksatnamalarda bellenilen maksatlara üstünlikli ýetmek üçin, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň daşyndan daşarky we ýurduň içerki maýa goýmak maksatly özleşdirmäge degişli bar bolan pul serişdeleriniň çekilmegini üpjün etmäge ukyply ykdysady hojalyk subýektleri, şeýle hem işewürlik ugurlaryny işläp taýýarlamagyň we netijenamalary çykarmagyň binýatlaýyn şertleri kesgitlenendir. 

                                                                   

Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösdürilmegini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny yzygiderli dowam etdirmek döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly, täze döwrebap sanly tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak işleri maýa goýujylara we buýrujylara bildirilýän ýokary ynamdyr. Halkara ülňülere laýyk gelýän we gurlup ulanylmaga berilýän dürli ugurly binalardyr desgalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir hem-de bularyň ählisi döwletimiziň uzak möhletleýin strategik ösüşini ilerletmäge ygtybarly esasdyr.  

                                                                   

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar gatnaşyklarynyň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýan hem-de täze-täze iş orunlaryny döretmek bilen, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreler yzygiderli esasda işlenilip taýýarlanylýar we durmuşa ornaşdyrylýar. Bu babatda harytlaryň, hyzmatlaryň hem-de işleriň maliýe serişdeleriniň durnukly hereket etmegi, maýa goýujylaryň, şol sanda daşary ýurtly maýa goýujylaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragyny kepillendirýän netijeli kanunçylyk binýady hereket edýär.  

                                                                   

Mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Amangül BAÝRAMMYRADOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

27.01.2023
Yhlasly iş — ýokary hil

Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altynyňdyr» «mawy ýangyjyň» möçberini durnukly artdyrmak bu binýatlyk pudagyň baş wezipesi bolup durýar. Ol Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda hem esasy şert bolup durýar. Onda tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek öňe sürülýär. 

                                                                   

Uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryň onlarçasynda döwrebap iş alyp barýan önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini gazanmakda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Balkanabatdaky abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem tutanýerli zähmet çekilýär. Bu ýerde iň bir jogapkärli hünärleriň otuza golaýyna başarjaň erk edýän işçidir hünärmenler konserniň önümçilik düzümlerinden gelýän sargytlary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirýärler. Kärhananyň tokarlarynyň, frezerleriniň, dürli usulda kebşirleýjileriniň, ýonujylarynyň, iş gurallardyr ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýjylarynyň, metallary hem-de erginleri guýujylarynyň, demirçi ussalarynyň, ýylmaýjylarynyň... ýerine ýetirýän işleriniň her biri ýokary hil talaplaryna doly laýyk gelýär. Kärhananyň bölümlerindäki abatlaýyş enjamlarynyň 150-ä golaýynyň hemişe gurat saklanmagy oňat netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Zawodyň ussat hünärmenleri geologiýa-gözleg işlerinde hem-de uglewodorod çig mallaryny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary (sorujylary) abatlap, olara “ikinji ömür” berip, ulanyş möhletini artdyrýarlar. 

                                                                   

Konserniň kärhanalaryna häzirki zaman dünýäsiniň kämil tehnikalarydyr tilsimatlary ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem zawodyň abatlaýjylary, inžener-tehniki işgärleri öz hünär ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Maddy-tehniki binýadynyň günsaýyn berkemegi, önümçiligiň döwrebap derejä göterilmegi nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň, burawlaýjylaryň işiniň netijeliligini üpjün etmäge oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýerdäki bug-gazan sehindäki enjamlaryň sany 50-den geçýär. Nebitgaz senagaty we buraw enjamlaryny düýpli abatlaýyş sehinde 30-dan, mehaniki sehde 50-den gowrak, metal guýujy bölümde 20-ä golaý, rezin-mehaniki önümler bölüminde hem şonça dürli maksatly enjamlaryň jemlenmegi zawodyň hyzmat ediş çygrynyň juda giňdigini görkezýär. Zawodda halypa-şägirt gatnaşyklary hemişe üns merkezinde saklanylýar. Merkezleşdirilen nasos meýdançasynyň uly ussasy Muhammet Baýramalyýew, rezin-tehniki meýdançasynyň uly ussasy Dawut Täçmämmedow, mehaniki sehiň tokary Röwşen Saryýew, frezerçisi Amangylyç Hallygylyjow, elektrogaz bilen kebşirleýjisi Toýgeldi Aýtjanow, demir guýujy meýdançanyň ussasy Bagtygül Mämmedowa ýaly halypalar özlerine berkidilen şägirtleri ussat hünärmenler edip ýetişdirmäge çalyşýarlar. 

                                                                   

Geçen ýyl kärhanada amala aşyrylan abatlaýyş-mehaniki işleriň pul hasabyndaky umumy möçberi 6 million 694 müň manada barabar boldy. Bu görkezijiniň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 1,7 million manada golaý artykdygyny aýratyn nygtamak gerek. Aslynda, kärhanada konserniň önümçilik düzümlerinden gelýän sargytlary öz wagtynda ýerine ýetirmek asylly däbe öwrüldi. 

                                                                   

Pudakda bar bolan goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmak, önümçilik çykdajylaryny azaltmak, ulgamda heniz peýdalanylmaýan içki mümkinçiliklere aýratyn üns bermek boýunça döwlet tabşyryklary üstünlikli amala aşyrylýar. Zawodda ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, esasan hem dürli enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýerini tutýan önümleri ýasamak, olaryň hatardan çykanlaryny gaýtadan dikeltmek işleri göwnejaý alnyp barylýar. Geçen ýyl kärhanada buraw desgalarynda oturdylýan turbalary aýlaýjy enjam hatardan çykansoň, ony gaýtadan dikeldip, ulanyşa taýýarlamak hem üstünlikli ýerine ýetirildi. Munuň özi köp möçberde maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Abatlaýjylar şu günler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny hem uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin iş depginini has-da ýokarlandyrýarlar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

27.01.2023