Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarydyr önümçilik pudaklary ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri hem Magtymguly etrabyndaky Tikin we aýakgap kärhanalar toplumydyr. Toplumyň agzybir işgärleri şu ýylyň ilkinji aýynyň önümçilik tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi başardylar.
Bu ýerde ýanwar aýynda sarp edijilere ýetirilen aýakgap we tikin önümleri ep-esli ýokarlandy. Häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen kärhanalar toplumynda geçen aýda öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 1 million 495 müň manada barabar boldy. Munuň özi önümçiligiň ösüş depgininiň 134 göterim ýokarlanandygyndan habar berýär.
Toplumyň aýakgap bölüminde ýylyň başyndan bäri taýýarlanan ýokary hilli aýakgap jübütleriniň sany 3 müňe ýetdi. Çeper elli gelin-gyzlar dürli biçüwli we ýaraşykly tikin önümleriniň 29 müň 540-syny taýýarlamagy başardylar. Bu görkezijiler bellenilen meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar.
— Kärhanamyzda zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlar bolmagy buýsançlydyr. Olar önümçilik bölümlerindäki dünýäniň iri kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlaryna ezberlik bilen erk etmekde we işleri sazlaşykly alyp barmakda yhlaslylyk görkezýärler. Munuň özi toplumda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagyna we olaryň ýokary ekologiýa talaplaryna, şeýle-de dünýä ölçeglerine laýyk bolmagyna şert döredýär. Tikinçilik bölüminden tikinçi Täzegül Şyhmyradowa, biçimçi Ýazgül Hojadurdyýewa, ütükleýji Maýagözel Matdyýewa, aýakgap bölüminden reňkleýji Leýla Annaýewa, taslaýjy Gülşat Gapbarowa, biçimçi Amangül Hojagylyjowa dagy zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezmegi başarýarlar. Işgärlerimiz öz halal zähmetleri bilen eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýandyklaryna buýsanýarlar. Munuň üçin olar hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize tükeniksiz alkyş aýdýarlar — diýip, toplumyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Reýhan Garaşewa buýsanç bilen gürrüň berdi.
Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».