Geljegi nazarlaýan özgertmeler

Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şol sebäpden, maýa goýum işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýum serişdelerini giňden çekmekdir. Bu işleriň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, köptaraply işewür gatnaşyklarynyň çägini yzygiderli giňeltmek üçin zerur şertler we giň mümkinçilikler döredilýär.  

                                                                   

Gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine maýa goýmagyň ähmiýetini dabaralandyrýar hem-de maýa goýujylaryň ynamyny artdyrýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryny artdyrmagyň ýollarynyň kämilleşmegi jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ýurdumyzyň hojalyk subýektlerine goýlan maýa goýumlaryň netijesinde şol subýektleriň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär.  

                                                                   

Maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr. Ýurdumyza daşyndan çekilýän maýa goýumlar we ýurdumyzyň içinde özleşdirilýän maýa goýumlar halkyň bähbidine, ýurdumyzyň ilatynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda üstünlikli işler amala aşyrylýar.  

                                                                   

Kabul edilýän Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy ulgamyň paýy hem uludyr. Hususy ulgamyň wekilleri senagat kärhanalarynyň döredilmegine, häzirki zaman döwrebap önümçilikleriň, söwda merkezleriniň, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Muňa mysal hökmünde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda açylyp ulanylmaga berlen dürli ugurly desgalardyr binalary görkezmek bolar. 

  Ýurdumyzyň hususyýetçileri tarapyndan innowasion sanly tehnologiýalary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak bilen, ekologiýa taýdan arassa, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlar öndürilýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we olaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, hususy ulgam tarapyndan bu ugurlara uly möçberlerde maýa goýum serişdeleri goýulýar we bularyň netijesinde üstünlikli netijeler gazanylýar.  

                                                                   

Kabul edilýän Maksatnamalarda bellenilen maksatlara üstünlikli ýetmek üçin, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň daşyndan daşarky we ýurduň içerki maýa goýmak maksatly özleşdirmäge degişli bar bolan pul serişdeleriniň çekilmegini üpjün etmäge ukyply ykdysady hojalyk subýektleri, şeýle hem işewürlik ugurlaryny işläp taýýarlamagyň we netijenamalary çykarmagyň binýatlaýyn şertleri kesgitlenendir. 

                                                                   

Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösdürilmegini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny yzygiderli dowam etdirmek döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly, täze döwrebap sanly tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak işleri maýa goýujylara we buýrujylara bildirilýän ýokary ynamdyr. Halkara ülňülere laýyk gelýän we gurlup ulanylmaga berilýän dürli ugurly binalardyr desgalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir hem-de bularyň ählisi döwletimiziň uzak möhletleýin strategik ösüşini ilerletmäge ygtybarly esasdyr.  

                                                                   

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar gatnaşyklarynyň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýan hem-de täze-täze iş orunlaryny döretmek bilen, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreler yzygiderli esasda işlenilip taýýarlanylýar we durmuşa ornaşdyrylýar. Bu babatda harytlaryň, hyzmatlaryň hem-de işleriň maliýe serişdeleriniň durnukly hereket etmegi, maýa goýujylaryň, şol sanda daşary ýurtly maýa goýujylaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragyny kepillendirýän netijeli kanunçylyk binýady hereket edýär.  

                                                                   

Mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Amangül BAÝRAMMYRADOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.