«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, şeýle hem sebitleriň ykdysady we durmuş infrastrukturasyny döretmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda erkin bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerilýän durmuş-ykdysady strategiýada maýa goýum syýasaty ähmiýetli orny eýeläp, onuň işjeň ýagdaýda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär.
Milli maksatnamada amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan möhüm çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda içerki we daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna ähli pudaklarda täze önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň önüm berijiligi we önümiň hili ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyryp, goýlan maýa goýumlaryň bellenilen möhletlerde özüni ödemegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna şert döredýär. Bu ýagdaý nebit we gazhimiýa önümleri babatda hem, azyk we dokma, gurluşyk önümçiligi, dokma senagaty barada aýdylanda-da şeýledir. Saglygy goraýyş maksatly harytlar dünýäniň bu ugurda ösen ýurtlaryndan satyn alynýar. Şunuň bilen birlikde, milli derman senagatynyň ösüşleriniň hasabyna özümizde-de ýokary hilli derman önümleri, sargy serişdeleri we beýlekiler öndürilip, dürli ýurtlara eksport edilýär.
Ýurdumyzda maýa goýum işleriniň özüne çekijiligini artdyrmagyň we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda, munuň üçin amatly şertleri döretmek, maýadarlaryň hukuklaryny goramak ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet serişdeleriniň goýumlarda peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýörelgelerini işläp düzmek, durmuşa geçirilýän özgertmelere maglumat goldawyny bermek we halkara derejede ýurduň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek, daşary ýurtly maýadarlar bilen ýerli kärhanalaryň arasynda söwda logistikasyny kämilleşdirmek we önümçilik-ýerlemek gatnaşyklaryny ösdürmek bolup durýar. Şeýle-de bu ugurdaky işler ilatyň wagtlaýyn erkin serişdelerini maýa goýumlaryň çeşmesi hökmünde çekmäge höweslendirmek, döwlet we paýdarlar täjirçilik banklaryny maýa goýum işlerine giňden çekmek, daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin dünýäniň oňyn tejribesini giňden ornaşdyrmak, erkin ykdysady zolaklarda daşary ýurtly maýadarlar bilen bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak, daşary ýurt maýasynyň pudaklaryň we sebitleriň ösüşiniň esasy ugurlaryna çekilmegini gazanmak ýaly wezipelerden ugur alýar. Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty makroykdysady görkezijileriň deňagramly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ykdysadyýetinde gaýtadan işleýän we ahyrky önümleri öndürýän senagat pudaklaryny ýokary depginlerde ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli ýokarlanýar. Senagat pudaklarynda öndürilýän we daşary ýurtlara eksport edilýän ýokary hilli önümleriň möçberidir görnüşleri artdyrylýar.
Häzirki wagtda ykdysady ösüşlerimize uly itergi boljak iri taslamalar üçin daşary ýurt maýasyny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Munuň üçin amatly syýasy we hukuk gurşawy emele getirilýär. Hukuk binýady halkara ölçeglerden ugur alýar. Daşary ýurt maýa goýujylar üçin ýeňilliklerdir kepillikler kesgitlenýär. Maksatnamada öňümizdäki 30 ýylda öňde durýan maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanda uly möçberde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we olaryň netijeliligini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Döwletiň maýa goýum syýasatynyň uzak möhlete niýetlenen maksatlarynyň hatarynda amatly maýa goýum ýagdaýyny yzygiderli kämilleşdirmek, ýurda çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak üçin netijeli çemeleşmeleri we gurallary ornaşdyrmak, hususylaşdyrmak maksatnamalarynyň we döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň gurallaryny daşary ýurt maýasyny çekmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen utgaşykly alyp barmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna innowasion-tehnologik taýdan goldaw bermek ýaly wezipeler bar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň ýakynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen esasy maksatlarymyz barada aýratyn durup geçdi. Hususan-da, birinjiden, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, howpsuz ýaşaýşyny goramak; ikinjiden, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak; üçünjiden, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini, örän amatly şertlerde ýerleşendigini göz öňünde tutup, onuň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryny doly möçberde ulanmak; dördünjiden, Türkmenistany agrar döwlet bolanlygyndan ösen senagat ýurduna öwürmek ugrundaky tagallalarymyz netijesinde ýüze çykýan käbir meseleleri, mysal üçin, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, geljekde ykdysady mümkinçiliklerini has-da berkitmek ýaly meseleleri çözmek; bäşinjiden, milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek; altynjydan, telekeçiligi goldamak, hususy eýeçiligiň hukuklaryny we kepilliklerini ynamly goramagyň ulgamyny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek ýaly işler milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de bu işlere ähmiýet bermek arkaly halk hojalygyny ösdürmekde hususy pudagyň paýynyň artmagy üçin ähli şertleri döretmek; ýedinjiden bolsa ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek bolup durýar.
Täze taryhy döwürde döwlet maýa goýum syýasaty yzygiderli ösüşlere eýe bolýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlaryň çekilmegi halk hojalygyna bazar gurallaryny yzygiderli ornaşdyrmaga, her bir ulgamda okgunly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär. Önümçilik, durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlar milli we halkara derejede iri taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna düýpli maýanyň goýulmagyny ýokary depginde dowam etdirmek döwrüň möhüm talabydyr.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.