Eks­por­ta gol­daw ber­me­giň mil­li tej­ri­be­si

Dünýä ykdysadyýetinde globallaşmak prosesleriniň dowam edýän häzirki şertlerinde milli eksport edijilere goldaw bermek we olaryň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmek meselesiniň derwaýyslygy has-da artýar.  

                                                                   

Özüniň mazmuny boýunça eksporta döwlet goldawyny bermek milli kärhanalaryň halkara bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we milli işewürligiň daşarky bazarlara çykmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu goldaw öz gezeginde, milli girdejiniň artmagyna, telekeçiligiň ösmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça esasy wezipeler we maksatlar kesgitlenildi. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň milli eksport mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça ýöriteleşdirilen Maksatnamalar hem hereket edýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 15-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet Maksatnamasyny» görkezmek bolar. Bu Maksatnama laýyklykda, nebitgaz pudagyndan başga eksportyň esasyny düzjek ugurlar saýlanyp alyndy. Türkmenistanyň statistiki maglumatlaryna esaslanylsa, gürrüňi edilýän Maksatnamanyň kabul edilmeginden soň, onuň esasy maksatlarynyň, has takygy eksportyň düzüminde uglewodorod serişdeleriniň tutýan paýyny azaltmak meýilleri bolup geçdi.  

                                                                   

 Mazmuny boýunça eksporta goldaw bermek çärelerini maliýe we maliýe däl goldawlar toparlaryna bölmek bolar.  

                                                                   

Maliýe taýdan goldaw bermek çäreleri hökmünde ätiýaçlandyrmak, eksporty karzlaşdyrmak, eksport edijilere karz boýunça göteriminiň bir bölegini tölemäge ýardam etmek, döwlet kepilliklerini we salgyt ýeňilliklerini bermek hem-de başgalary görkezmek bolar .  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasatyny ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlary bermäge ygtyýar berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň milli eksport edijileriniň bäsleşik artykmaçlyklaryny ýokarlandyrmaga özüniň oňyn täsirini ýetirdi.  

                                                                   

Dünýä döwletleriniň käbirlerinde milli kärhanalaryň eksport işini goldamagyň bir görnüşi hökmünde bu eksport edijileriň täjirçilik banklaryndan alan karzlarynyň gaýtarylmagyna döwlet kepillikleriň berilmegi ulanylýar. Döwlet kepillikleriniň berilmegi maliýe institutlary tarapyndan karz şertlerini ýeňilleşdirilmegine öz täsirini ýetirýär. Eksport işini ösdürmegiň wajyp jähtleriniň biri bolup hem karz almak boýunça bildirilýän talaplaryň ýeňilleşdirilmegi çykyş edýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň býujet kanunçylygynda döwlet (hökümet, özygtyýarly) kepillendirmesini bermek boýunça kadalar hem öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň 114-nji maddasynda Türkmenistanyň döwlet (hökümet, özygtyýarly) kepillendirmesi diýen düşünjä aýdyň kesgitleme berilýär. Türkmenistanyň döwlet (hökümet, özygtyýarly) kepillendirmesi – bu Türkmenistanyň dahyllysy bolup duran karz alyjy tarapyndan tölenmeli möçberi bellenen möhletde tölenmedik ýagdaýynda, Türkmenistanyň Hökümetiniň bergini dolulygyna ýa-da bölekleýin üzmek boýunça karz berijiniň öňündäki borçnamasydyr. 

                                                                   

Eksport işini goldamak boýunça berilýän salgyt ýeňillikler ulgamyna, adatça, salgyt arakesmelerini (salgytlary tölemek möhletini yza süýşürmek), salgytlaryň göterim derejesiniň peseldilmegini, eksport edijilere goşulan baha üçin tölenen salgydyň yzyna gaýtarylmagy we başgalary degişli edilýär. Salgyt ýeňillikleriniň berilmegi eksport işini höweslendirmegiň möhüm gurallarynyň biri hökmünde çykyş edýär. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda eksport edijilere ýeňillikleri bermek boýunça käbir kadalar öz beýanyny tapdy. Hususan-da, bitewi Kanunyň 105-nji maddasynyň 4-nji bendine laýyklykda, harytlaryň (önümleriň) gönüden-göni eksport edilmegini amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara, dokma önümleri olary öndürijiler tarapyndan ýerlenende 0 (nol) göterim derejedäki salgyt möçberi ulanylýar. 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu goşmaçalara laýyklykda, erkin ykdysady zolaklarda öz işlerini alyp barýan taraplar goşulan baha üçin salgydy tölemekden boşadylýar. Şeýle hem olaryň bu zolaklardaky işleriniň birinji on ýylynda emläk üçin, peýdadan alynýan we şahsy adamlardan alynýan girdeji salgytlaryny tölemekden boşadylýar . Berilýän salgyt ýeňillikleri ýurduň eksport kuwwatynyň artmagyna oňyn täsir edýär. 

                                                                   

Eksport işine goldaw bermekligiň maliýe gurallary bilen birlikde maliýe däl gurallary hem wajyp ähmiýete eýedir. Goldaw bermegiň bu ugrunyň mehanizmleri we olary amala aşyrmagyň institutlary köpdürlidir. Şeýle görnüşli goldawlaryň hatarynda eksport edijileri maglumat taýdan goldamaklygy görkezmek bolar. Milli eksport edijileriň dünýä bazarlary baradaky maglumatlara eýe bolmaklary, olaryň daşary ýurt bazarlaryndaky hyzmatdaşlarynyň artmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Maglumat goldawyny bermek «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine goldaw bermegiň görnüşleri hökmünde bellenip geçilýär.  

                                                                   

Eksport işine goldaw bermegiň çäreler ulgamynda eksport edijilere maslahat kömegini bermek boýunça goldawyna hem möhüm orun degişlidir. Ýokary hilli maslahat kömeginiň berilmegi eksport ediji kärhanalaryň üstünlik gazanmaklaryna ýardam edýär.  

                                                                   

Milli eksport edijilere goldaw bermegiň maliýe däl görnüşleriniň hatarynda döwletleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary alyp barmaklaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda  döwletimiziň birnäçe döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara toparlary hereket edýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işleri bu toparlaryň wezipeleriniň biri hökmünde tassyklanylýar.  

                                                                                                           

Wepa BERDIÝEW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.