Rowaçlyga barýan ýollar

Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşýan ulag-logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine milli we halkara derejede uly üns berilýär. Bu ulgamda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek hem-de giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamynda alnyp barylýan işler ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen, parahatçylygy pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge hem uly goşant goşýar. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ösdürmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň özeninde ähli döwletler bilen deňhukukly, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, sebitde we dünýäde durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek wezipesi durýar. Döwletimiziň ulag diplomatiýasy dünýä derejesinde öz ykrarnamasyny tapýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamy, ulag-üstaşyr geçelgeleri, ulaglaryň dürli görnüşleriniň özara baglanyşygynyň durnukly ösüşe täsiri babatda kabul eden Kararnamalary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady pugtalanýar, awtomobil, demir ýol, deňiz we derýa, howa ýollary ulgamlary utgaşdyrylýar. Şunlukda, bir bitewi ulag ulgamy emele gelýär. Şeýle özgertmeleriň netijesinde harytlaryň özüne düşýän bahasyndaky ulag çykdajylary ep-esli derejede peselýär. Bu, ilkinji nobatda, logistik merkezleriň, sanlylaşdyrmagyň, maglumat tehnologiýalarynyň we ulag gatnawlarynyň ygtybarlylygynyň, netijeliliginiň, howpsuzlygynyň üpjün edilmegi arkaly gazanylýar. Ýurdumyzda içerki hem-de dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt we netijeli iberilmegine mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň, önümçilik-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biridir. Soňky ýyllarda halkara ulag gatnawynyň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, awtomobil ýollarynyň milli ulgamynyň düýpli giňeldilmegi ýurdumyzyň welaýatlarynyň okgunly ösdürilmegine kuwwatly badalga berdi. 

                                                                   

Türkmenistan ägirt uly tebigy serişdelere, amatly geografik, geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa eýe bolmak bilen, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda ulag ulgamynyň, şol sanda awtomobil ulagynyň ornuny has-da berkidýär. Awtomobil ulag ulgamy öz işinde «Awtomobil ulagy hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda»,  «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan, «Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalaryndan», halkara konwensiýalardan, şertnamalardan, ylalaşyklardan, döwlet we pudaklaýyn kadalaşdyryjy hukuk namalaryň talaplaryndan ugur alýar. Häzirki wagtda awtomobil ulag ulgamyna innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ol dünýäniň meşhur awtomobil öndürijileriniň şäheriçi we şäherara ugurlar boýunça ulanylýan döwrebap ulag serişdeleri bilen üpjün edilýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 1000 sany «Toyota Coaster» kysymly orta synply we 250 sany «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslary satyn almak hakynda Karara gol çekdi. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi ulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi. Şol aýda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda ýurdumyzyň raýatlaryna we myhmanlaryna ýokary hilli, medeniýetli hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikleri bolan täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalary açyldy. Diýarymyzyň sebitlerini gysga ýol bilen birleşdirjek, gatnawlaryň ygtybarly we bökdençsiz bolmagyny üpjün etjek Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanlarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde yzygiderli durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli işleriň netijesinde Ýewraziýanyň sebitara ulag-üstaşyr ulgamyny kemala getirmäge, ony netijeli peýdalanmaga, sebit ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmaga giň mümkinçilikler döredilýär.  

                                                                                                           

Möwlam HAÝTGULYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmeni.