Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen, milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär.
«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenilen baş maksatlara ýetmekde maýa goýum syýasaty aýratyn orun eýeleýär. 2022-nji ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulmagy meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi 36,1 milliard manada barabar bolar, onuň 60,2 göterimi önümçilik ugruna, 39,8 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatlara gönükdiriler. Şeýlelikde, ykdysadyýetiň önümçilik ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň yzygiderli artdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, milli pulumyzyň kadaly hereketini ýola goýmaga, importyň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge, eksporty artdyrmaga, ilatyň iş üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, maşgala girdejisini köpeltmäge ähli amatlyklary döreder.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 17-nji dekabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda Ylalaşygyň gazanylandygy barada habar berildi, şeýle-de esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna çykyş etmäge ygtyýar bermek hakynda resminamanyň taslamasy hödürlendi. Täze düzüme bolsa öz üstüne ýüklenen borçnamalary ýerine ýetirmegi üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyndan degişli ygtyýarnamany kanunçylykda bellenen tertipde almak teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, düzümiň öňünde durýan wezipeleri anyk kesgitledi, degişli ýolbaşçylara maýa goýum serişdelerini artdyrmak, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek we olaryň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmek babatda tabşyryk berdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi. Bu döwlet ähmiýetli çözgüdiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi maýa goýum syýasatyny täze derejä çykarar, maýa goýumy maliýeleşdirmegiň ygtybarly çeşmesini emele getirer, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň maýa goýum işine işjeň gatnaşmagyny, maýa goýumlaryň netijeliligini üpjün eder. Şeýlelikde, işlenip düzülýän we üstünlikli amala aşyrylýan milli, sebit ähmiýetli maýa goýum taslamalary öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetiriler. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny has-da berkider, abraýyny artdyrar.
Maýa goýum işinde daşary ýurtly iri işewür düzümler we abraýly halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak möhüm ähmiýetli çäre hasaplanýar. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi diňe bir maýa goýum taslamalarynyň maliýe mümkinçiligini ýokarlandyrman, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň baý tejribesini öwrenmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga-da zerur şertleri döredýär. Şu ýerde ýene bir zady nygtamak gerek. Milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda sanly ykdysadyýete geçmek wajyp çäreleriň hatarynda kesgitlendi. Maýa goýum işiniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir bu işe gatnaşýanlara gysga wagtda, az harajatlar bilen zerur maglumatlary toplamaga we degişli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döretmän, ony kämil dolandyrmaga, garaşylýan netijeleri gazanmaga hem mümkinçilik berer.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine-de oňyn täsirini ýetirer. Kiçi we orta telekeçiligi, aýratyn-da, döwlet bilen hususy ulgamyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge amatly şertler dörär, telekeçileriň ykdysady ösüşde eýeleýän orny has-da pugtalanar, önümleriň görnüşini köpeltmäge, hilini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň we ýerine ýetirilýän işleriň gerimini giňeltmäge täze mümkinçilikler dörär, düşewüntlilik artar. Oba ýerlerinde hususy eýeçiligi (fermer hojalyklaryny) ösdürmäge maýa goýumlaryň goýulmagy azyk howpsuzlygyny berkitmek bilen birlikde, ýer-suw, zähmet serişdeleriniň, pul gaznalarynyň rejeli, tygşytly we ýokary netijeli ulanylmagyna esas bolup hyzmat eder. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we bahalarynyň elýeterli bolmagy önümleriň içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanmagyna, goýulýan maýa goýumlaryň özüni ödemek möhletini gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de telekeçileriň maliýe kuwwatynyň ýokarlanmagy olara uly möçberli, uzak möhlete niýetlenen milli we halkara maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga ähli amatlyklary döredýär.
Şeýlelikde, täze döredilýän «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzyň ösüşini pugtalandyrmaga, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge oňyn täsirini ýetirer. Goý, öz halkynyň bagtyýarlygy, röwşen geljegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.
3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri «Galkynyş» gaz känine tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary iri «Galkynyş» gaz käniniň ýanyndaky meýdança gondy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň dowamynda edara binasyna bardy, görkezilen çyzgylar, täze gaz känlerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy. «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işler bilen tanyşlykdan soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.
Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Mary welaýatynyň çägindäki öri meýdanlary bilen tanyşdy, Ýolöten etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çopany Döwran Ýazlyýew bilen duşuşyp, onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, netijeli iş alyp barmak üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy. Çopana döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat gowşuryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çopana işinde üstünlik, maşgala abadançylygyny arzuw edip, bu ýerden dikuçarda Mary şäherine tarap ugur aldy.
Şa gadamyny, şa nazaryny mukaddeslige deňemek pederlerimizden galan ynanç. Özi hem, bu ynanç — hakykatyň hut özi. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň edil şu günlerinde — ýanwarda hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş sapary bilen gelip, «Malaý» gaz käninde ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desgasynyň işine ak pata berdi. Şa gadamy düşen topragyň berekedi ýylyň dowamynda şeýle bir artdy welin, ondan bir ýyl ozalkysyndan ep-esli kän «mawy ýangyç» alyndy.
Has takygy, geçen ýyl welaýatymyzdaky gazly ýataklardan alnan «mawy ýangyjyň» mukdary 12 milliard 401 million 104 müň 693 kub metre ýetdi. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden — 3 milliard kub metrden hem kändir. Şeýlelikde ýyllyk meýilnama 134 göterimden gowrak berjaý edildi. Ine, size Şa gadamynyň mukaddeslikdiginiň subutnamasy.
«Malaý» gaz käni «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň hem ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimizi garşylamak bagtyna eýe boldy. Milli Liderimiziň welaýatymyza şu gezekki iş sapary hut şu bereket käninden başlandy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ýerde geçirilen iş maslahatynda Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy baradaky çaklamalar öňe sürüldi. Milli Liderimiz bolsa täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.
Şunça mukdaryň 53 milliard kub metri Lebap welaýatynyň çägindäki meýdançalardyr känlere degişli. Has takygy, Gazojak şäheriniň we «Naýyp» gaz käniniň ýakynynda ýerleşýän «Demirgazyk derwüş» meýdançasynda «mawy ýangyjyň» 30 milliard kub metriniň bardygy çaklanylýar. «Malaý» gaz käninde geçirilen täze gözlegleriň netijesinde ýene-de 23 milliard kub metrlik hazynanyň üstünden baryldy.
«Demirgazyk derwüşdäki» ilkinji guýyny burawlamak işlerine ýakyn günlerde girişiler. Bu iş «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ymambabanebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylaryna ynanyldy. Meýdançanyň taslama çuňlugy 3200 metre ýeter.
Şeýle hem şu ýylyň dowamynda «Malaýda» ýene iki guýyny burawlamaga girişmek meýilleşdirilýär. Her biriniň taslama çuňlugy 4000 metre ýetýän guýulary «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy burawlar.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek işleriniň batly depginlerde dowam etdirilýändigi aýdyldy. Geçen ýyl biziň welaýatymyzdaky «Agarguýy» käninde täze guýularyň ikisinden önüm alnandygy guwandyryjy habardyr. Täze ýylyň bosagasynda bu ýerde ýene bir guýyny burawlamak işleri tamamlandy.
Milli Liderimiziň iş maslahatynda hem nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipe durýar. Olar nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu döwletli işleriň jümmüşinde bolmak biziň welaýatymyzyň gazçylaryny diýseň buýsandyrýar. Arkadag Prezidentimiziň şu gezekki iş maslahatynda orta atan başlangyçlaryny, kesgitlän wezipelerini durmuşa geçirmek olaryň esasy borjy bolar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Milli Liderimiz bilim ulgamynda elektron serişdeleri ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek işine ünsi çekýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça ägirt işler alnyp barylýar. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de, talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we olaryň ata-enelerine elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär. Zerur bolan elektron hyzmatlarynyň (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.
Umuman, sanly bilim ulgamynda serwere ýerleşdirilen elektron görnüşli maglumatlary almak hem-de özleşdirmek üçin ýeri we wagty saýlamak erkinligi döredýär. Bu ulgamdaky amal edilýän ägirt uly işler bolsa biz — mugallymlara talyplarymyzy bilimler dünýäsine çuňňur aralaşdyrmakda ýardam edýär.
Ogulgerek SAPAROWA.
TDEI-niň mugallymy.
Uly ösüşe beslenýär
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy bilen ähli ulgamlarda uly ösüşlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda sanly ulgamyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ugrunda ençeme tagallalar edilýär.
Sanly ulgamyň gadamlary, sanly ulgamyň kömegi bilen köp işleri amala aşyryp boljakdygy barada maslahatlaryň ençemesi geçirilýär. Ol maslahatlarda bu ulgamy ösdürmek babatynda birnäçe teklipler aýdylýar. Şeýle maslahatlara biziň okuw merkezimiziň mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar. Olar sanly ulgam babatynda ençeme işleri alyp barýan “Algoritm” okuw merkezi babatynda-da gürrüň berýärler. Ýakynda şeýle maslahatlaryň biri teleköpri arkaly geçirildi. Welaýat häkimliginiň hem-de “Marytelekom” WEAK-sy tarapyndan gurnalan maslahatyň ahyrynda biziň okuw merkezimiz Hormat hatyna mynasyp boldy. Sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak üçin merkeziň alyp barýan işiniň ýokary netijeleri berýändigini görkezýän Hormat haty biziň ählimizi diýseň begendirdi.
Aýna GAÝYPOWA.
“Algoritm” okuw merkeziniň mugallymy.
Guwandyryjy işler
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň depginli ösüşiniň barha rowaçlanmagyna itergi berýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda ynamly gadamlary batlanýar. Bu bähbitli ýörelgäniň 2022-nji — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da üstünliklere beslenjekdigi guwanjymyza guwanç goşýar.
Milli Liderimiziň başda durmagynda bady artýan ösüş-özgerişlerimizde ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagyna gönükdirilen işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmekde ýetilýän belent sepgitleriň ykdysadyýetimizde sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigi guwandyrýar.
Döwrangeldi ÇARYÝEW.
Welaýat gümrükhanasynyň gümrük statistikasy bölüminiň gözegçisi, uly leýtenant.
Dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy ündeýän şygarly ýylyň taryhy wakalarynyň biri-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ýoluň galan böleginiň gurluşygyny ýokary depginde alyp barýar. Ýoluň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Innowasion tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlary, ösen tejribeler esasynda gurulýan awtobanyň nobatdaky tapgyrynyň açylyşy geljek ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüler.
Ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr bolup, açylyp ulanmaga berlen Aşgabat — Tejen bölegi 203 kilometrdir. Onuň ugrunda ençeme inženerçilik desgalary bina edildi, ýagny wideogözegçilik enjamlary, elektron töleg terminallary, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleri, tizlik ölçeýjilerdir aragatnaşyk nokatlary oturdyldy, ýangyç guýujy beketler, köprüler, ýerasty we ýerüsti, şeýle hem söwda, hyzmat ediş we beýleki desgalar guruldy, mahlasy, ýolagçylardyr sürüjilere ähli amatlyklar döredildi. Şunda sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem netijeli ulanylýar. Ýoluň ugrunda Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň ulanylmagy Gün energiýasyndan peýdalanmagyň häzirki zaman ylmy usullarynyň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Yşyklandyryşyň bu usuly ýoluň doly ýagtylandyrylmagyny üpjün etmek bilen birlikde, energiýa çeşmesini arzan hem-de tygşytly peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň müşderileri Aşgabat — Tejen böleginiň amatly töleg tariflerinden hem-de çeýe nyrh syýasatyndan peýdalanýarlar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl 2013-nji ýylyň 2-nji martynda kabul edilen «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Onda bellenilişi ýaly, tölegli ýollaryň toparyna degişli edilen awtomobil ýollary boýunça ulag serişdeleriniň ýöräni üçin tölegiň iň ýokary möçberi we hasaplaşyk usulyýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär. Şeýle-de «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy awtobuslara, ýoldan gündelik peýdalanýan ilata töleg tariflerinden ýeňillikleri bermek, bazar gatnaşyklarynyň beýleki höweslendiriji gurallaryny ulanmak, paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ulag serişdeleriniň akymyna we pasyllara görä çeýe nyrh syýasatynyň alnyp barylmagy göz öňünde tutulandyr.
Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, gözel paýtagtymyzy Lebap welaýaty bilen baglanyşdyrjak bu ýol uzak aralygy islendik awtoulagda ýokary tizlikde geçmäge mümkinçilik döreder. Ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu taslama durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümini kemala getirmekde türkmen telekeçileriniň işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Türkmen hususyýetçilerine halkara derejedäki şeýle iri taslamalaryň gurluşygynda geljekde-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.