Döwletli tutumlar rowaçlanýar

3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri «Galkynyş» gaz känine tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary iri «Galkynyş» gaz käniniň ýanyndaky meýdança gondy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň dowamynda edara binasyna bardy, görkezilen çyzgylar, täze gaz känlerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy. «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işler bilen tanyşlykdan soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.

Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Mary welaýatynyň çägindäki öri meýdanlary bilen tanyşdy, Ýolöten etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çopany Döwran Ýazlyýew bilen duşuşyp, onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, netijeli iş alyp barmak üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy. Çopana döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çopana işinde üstünlik, maşgala abadançylygyny arzuw edip, bu ýerden dikuçarda Mary şäherine tarap ugur aldy.