Ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň bank ulgamynda hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ykdysadyýetiň innowasion taýdan ösmegine güýçli itergi berdi. Şunlukda, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek, öňdebaryjy tehnologiýa esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Häzirki wagtda bu babatda ýurdumyzda «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Owerdraft», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny ulanmak arkaly hasaplaşyklaryň dürli görnüşini ýerine ýetirmek üçin ähli şertler döredildi. Netijede, internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak bilen, iş ornuny üýtgetmän, menzilara zähmet işjeňligini amala aşyrýanlaryň sany barha artýar.
Sanly bank hyzmatlaryna mysal hökmünde «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ýaly hyzmatlary görkezmek bolar. Bu ulgamlar ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işleriň çäklerinde bank kartlary arkaly hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin hereket edýär. Şeýle hyzmatlar müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, hasaplaşyklar geçirilende, wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly hyzmatlaryň giňden ornaşdyrylýan döwründe pul-karz ulgamyny döwrebap ösdürmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda banklaryň durnukly we ygtybarly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň üçin bank ulgamynyň maýalaşdyryş derejesi ýokarlandyrylýar, serişdeler binýady berkidilýär. Bank karzlaşdyrmasynyň gerimi giňeldilýär. Ýurdumyzyň karz edaralary bolsa dürli pudaklarda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, ýurtda azyk howpsuzlygyny berkitmek boýunça geçirilýän çärelere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Dürli pudaklara täze sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde häzir bank kartlaryny ulanyp, uçarlara, otlulara hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslara petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde satyn almaga mümkinçilik döredildi.
Bank ulgamy tarapyndan «Elektron söwda» hyzmaty hem barha giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyklary geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan söwda we hyzmat ediş nokatlarynda geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar üçin «Cash back» hyzmatynyň girizilmegi ilatyň nagt däl hasaplaşyklara bolan isleglerini has-da artdyrdy. Häzirki wagtda karz edaralary tarapyndan söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlardyr hyzmatlar üçin hasaplaşyklar «Altyn asyr», «Goýum bank karty» hem-de «Maşgala» bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilende, tölegiň belli bir göterimi «Cash back» pul sylagy görnüşinde alyjynyň hasabyna yzyna gaýtarylýar.
Sanly bank hyzmatlarynyň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň olardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işine hem oňaýly goşant goşýar.
Orazmyrat ORAZSÄHEDOW,