Awtobanyň Aşgabat — Tejen bölegi halkyň hyzmatynda

Dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy ündeýän şygarly ýylyň taryhy wakalarynyň biri-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ýoluň galan böleginiň gurluşygyny ýokary depginde alyp barýar. Ýoluň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Innowasion tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlary, ösen tejribeler esasynda gurulýan awtobanyň nobatdaky tapgyrynyň açylyşy geljek ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüler.

Ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr bolup, açylyp ulanmaga berlen Aşgabat — Tejen bölegi 203 kilometrdir. Onuň ugrunda ençeme inženerçilik desgalary bina edildi, ýagny wideogözegçilik enjamlary, elektron töleg terminallary, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleri, tizlik ölçeýjilerdir aragatnaşyk nokatlary oturdyldy, ýangyç guýujy beketler, köprüler, ýerasty we ýerüsti, şeýle hem söwda, hyzmat ediş we beýleki desgalar guruldy, mahlasy, ýolagçylardyr sürüjilere ähli amatlyklar döredildi. Şunda sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem netijeli ulanylýar. Ýoluň ugrunda Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň ulanylmagy Gün energiýasyndan peýdalanmagyň häzirki zaman ylmy usullarynyň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Yşyklandyryşyň bu usuly ýoluň doly ýagtylandyrylmagyny üpjün etmek bilen birlikde, energiýa çeşmesini arzan hem-de tygşytly peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň müşderileri Aşgabat — Tejen böleginiň amatly töleg tariflerinden hem-de çeýe nyrh syýasatyndan peýdalanýarlar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl 2013-nji ýylyň 2-nji martynda kabul edilen «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Onda bellenilişi ýaly, tölegli ýollaryň toparyna degişli edilen awtomobil ýollary boýunça ulag serişdeleriniň ýöräni üçin tölegiň iň ýokary möçberi we hasaplaşyk usulyýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär. Şeýle-de «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy awtobuslara, ýoldan gündelik peýdalanýan ilata töleg tariflerinden ýeňillikleri bermek, bazar gatnaşyklarynyň beýleki höweslendiriji gurallaryny ulanmak, paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ulag serişdeleriniň akymyna we pasyllara görä çeýe nyrh syýasatynyň alnyp barylmagy göz öňünde tutulandyr.

Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, gözel paýtagtymyzy Lebap welaýaty bilen baglanyşdyrjak bu ýol uzak aralygy islendik awtoulagda ýokary tizlikde geçmäge mümkinçilik döreder. Ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu taslama durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümini kemala getirmekde türkmen telekeçileriniň işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Türkmen hususyýetçilerine halkara derejedäki şeýle iri taslamalaryň gurluşygynda geljekde-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.