Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen, milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär.
«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenilen baş maksatlara ýetmekde maýa goýum syýasaty aýratyn orun eýeleýär. 2022-nji ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulmagy meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi 36,1 milliard manada barabar bolar, onuň 60,2 göterimi önümçilik ugruna, 39,8 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatlara gönükdiriler. Şeýlelikde, ykdysadyýetiň önümçilik ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň yzygiderli artdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, milli pulumyzyň kadaly hereketini ýola goýmaga, importyň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge, eksporty artdyrmaga, ilatyň iş üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, maşgala girdejisini köpeltmäge ähli amatlyklary döreder.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 17-nji dekabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda Ylalaşygyň gazanylandygy barada habar berildi, şeýle-de esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna çykyş etmäge ygtyýar bermek hakynda resminamanyň taslamasy hödürlendi. Täze düzüme bolsa öz üstüne ýüklenen borçnamalary ýerine ýetirmegi üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyndan degişli ygtyýarnamany kanunçylykda bellenen tertipde almak teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, düzümiň öňünde durýan wezipeleri anyk kesgitledi, degişli ýolbaşçylara maýa goýum serişdelerini artdyrmak, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek we olaryň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmek babatda tabşyryk berdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi. Bu döwlet ähmiýetli çözgüdiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi maýa goýum syýasatyny täze derejä çykarar, maýa goýumy maliýeleşdirmegiň ygtybarly çeşmesini emele getirer, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň maýa goýum işine işjeň gatnaşmagyny, maýa goýumlaryň netijeliligini üpjün eder. Şeýlelikde, işlenip düzülýän we üstünlikli amala aşyrylýan milli, sebit ähmiýetli maýa goýum taslamalary öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetiriler. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny has-da berkider, abraýyny artdyrar.
Maýa goýum işinde daşary ýurtly iri işewür düzümler we abraýly halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak möhüm ähmiýetli çäre hasaplanýar. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi diňe bir maýa goýum taslamalarynyň maliýe mümkinçiligini ýokarlandyrman, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň baý tejribesini öwrenmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga-da zerur şertleri döredýär. Şu ýerde ýene bir zady nygtamak gerek. Milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda sanly ykdysadyýete geçmek wajyp çäreleriň hatarynda kesgitlendi. Maýa goýum işiniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir bu işe gatnaşýanlara gysga wagtda, az harajatlar bilen zerur maglumatlary toplamaga we degişli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döretmän, ony kämil dolandyrmaga, garaşylýan netijeleri gazanmaga hem mümkinçilik berer.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine-de oňyn täsirini ýetirer. Kiçi we orta telekeçiligi, aýratyn-da, döwlet bilen hususy ulgamyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge amatly şertler dörär, telekeçileriň ykdysady ösüşde eýeleýän orny has-da pugtalanar, önümleriň görnüşini köpeltmäge, hilini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň we ýerine ýetirilýän işleriň gerimini giňeltmäge täze mümkinçilikler dörär, düşewüntlilik artar. Oba ýerlerinde hususy eýeçiligi (fermer hojalyklaryny) ösdürmäge maýa goýumlaryň goýulmagy azyk howpsuzlygyny berkitmek bilen birlikde, ýer-suw, zähmet serişdeleriniň, pul gaznalarynyň rejeli, tygşytly we ýokary netijeli ulanylmagyna esas bolup hyzmat eder. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we bahalarynyň elýeterli bolmagy önümleriň içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanmagyna, goýulýan maýa goýumlaryň özüni ödemek möhletini gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de telekeçileriň maliýe kuwwatynyň ýokarlanmagy olara uly möçberli, uzak möhlete niýetlenen milli we halkara maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga ähli amatlyklary döredýär.
Şeýlelikde, täze döredilýän «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzyň ösüşini pugtalandyrmaga, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge oňyn täsirini ýetirer. Goý, öz halkynyň bagtyýarlygy, röwşen geljegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.