Şa gadamyny, şa nazaryny mukaddeslige deňemek pederlerimizden galan ynanç. Özi hem, bu ynanç — hakykatyň hut özi. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň edil şu günlerinde — ýanwarda hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş sapary bilen gelip, «Malaý» gaz käninde ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desgasynyň işine ak pata berdi. Şa gadamy düşen topragyň berekedi ýylyň dowamynda şeýle bir artdy welin, ondan bir ýyl ozalkysyndan ep-esli kän «mawy ýangyç» alyndy.
Has takygy, geçen ýyl welaýatymyzdaky gazly ýataklardan alnan «mawy ýangyjyň» mukdary 12 milliard 401 million 104 müň 693 kub metre ýetdi. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden — 3 milliard kub metrden hem kändir. Şeýlelikde ýyllyk meýilnama 134 göterimden gowrak berjaý edildi. Ine, size Şa gadamynyň mukaddeslikdiginiň subutnamasy.
«Malaý» gaz käni «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň hem ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimizi garşylamak bagtyna eýe boldy. Milli Liderimiziň welaýatymyza şu gezekki iş sapary hut şu bereket käninden başlandy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ýerde geçirilen iş maslahatynda Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy baradaky çaklamalar öňe sürüldi. Milli Liderimiz bolsa täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.
Şunça mukdaryň 53 milliard kub metri Lebap welaýatynyň çägindäki meýdançalardyr känlere degişli. Has takygy, Gazojak şäheriniň we «Naýyp» gaz käniniň ýakynynda ýerleşýän «Demirgazyk derwüş» meýdançasynda «mawy ýangyjyň» 30 milliard kub metriniň bardygy çaklanylýar. «Malaý» gaz käninde geçirilen täze gözlegleriň netijesinde ýene-de 23 milliard kub metrlik hazynanyň üstünden baryldy.
«Demirgazyk derwüşdäki» ilkinji guýyny burawlamak işlerine ýakyn günlerde girişiler. Bu iş «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ymambabanebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylaryna ynanyldy. Meýdançanyň taslama çuňlugy 3200 metre ýeter.
Şeýle hem şu ýylyň dowamynda «Malaýda» ýene iki guýyny burawlamaga girişmek meýilleşdirilýär. Her biriniň taslama çuňlugy 4000 metre ýetýän guýulary «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy burawlar.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek işleriniň batly depginlerde dowam etdirilýändigi aýdyldy. Geçen ýyl biziň welaýatymyzdaky «Agarguýy» käninde täze guýularyň ikisinden önüm alnandygy guwandyryjy habardyr. Täze ýylyň bosagasynda bu ýerde ýene bir guýyny burawlamak işleri tamamlandy.
Milli Liderimiziň iş maslahatynda hem nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipe durýar. Olar nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu döwletli işleriň jümmüşinde bolmak biziň welaýatymyzyň gazçylaryny diýseň buýsandyrýar. Arkadag Prezidentimiziň şu gezekki iş maslahatynda orta atan başlangyçlaryny, kesgitlän wezipelerini durmuşa geçirmek olaryň esasy borjy bolar.