Milli Liderimiziň Lebap welaýatyna ýakynda bolan iş sapary Garagum sährasynyň jümmüşindäki «Malaý» gaz käninden başlandy. Saparyň ikinji gününde geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň günorta-gündogar sebitiniň umumy energiýa kuwwatymyza goşandy barada guwandyryjy maglumatlar aýdyldy, ony has-da artdyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Malaý» gaz käninde geçirilen maslahatda Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy baradaky çaklamalar öňe sürüldi. Milli Liderimiz täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.
Gyşyň örküjindäki bu hoş habar hemmeleriň kalbyna bahar ýakymyny bagyşlady. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň «mawy ýangyç» gory diňe iki welaýatyň hasabyna 126 milliard kub metr artar. Bu ummasyz uly baýlyk ahyry! Eýsem, şunça mukdaryň näçe bölegi Lebap welaýatynyň paýyna düşýärkä? Ine, şu sowalyň jogaby bilen gyzyklanyp, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýewe ýüz tutduk. Ol bu barada şeýle diýdi:
— Şunça mukdaryň 53 milliard kub metri Lebap welaýatynyň çägindäki meýdançalardyr känlere degişlidir. Has takygy, Gazojak şäheriniň we «Naýyp» gaz käniniň ýakynynda ýerleşýän «Demirgazyk derwüş» meýdançasynda «mawy ýangyjyň» 30 milliard kub metriniň bardygy çaklanylýar. «Malaý» gaz käninde geçirilen täze gözlegleriň netijesinde ýene-de 23 milliard kub metrlik «hazynanyň» üstünden baryldy.
«Demirgazyk derwüşdäki» ilkinji guýyny burawlamak işlerine ýakyn günlerde girişiler. Bu iş «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ymambabanebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylaryna ynanyldy. Guýynyň çuňlugy 3200 metre ýeter.
Şeýle hem şu ýylyň dowamynda «Malaýda» ýene iki guýyny burawlamaga girişmek meýilleşdirilýär. Taslama çuňlugy 4000 metre ýetýän guýulary «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy burawlar.
Täze «mawy ýangyçly» meýdançalaryň ýüze çykarylmagy, olaryň burawlanmagy we önüm alynmagy netijesinde ýyllyk görkezijiler yzygiderli artýar. Muny «Lebapgazçykaryş» müdirliginde alnyp barylýan işlerde hem aýdyň görýäris. Müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow geçen ýyl meýilnamanyň 134 göterim ýerine ýetirilip, 12 milliard 401 million 104 müň 693 kub metr «mawy ýangyç» alnandygyny aýdýar. Welaýatyň gazçylary degişli döwürde kondensat önümçiligini meýilnamada bellenen 43 müň 59 tonna derek 47 müň 321 tonna ýetirmegiň hötdesinden geldiler.
Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl «Agarguýy» käninde täze guýularyň ikisinden önüm alyndy, täze ýylyň bosagasynda bu ýerde ýene bir guýyny burawlamak işleri tamamlandy.
Netijede, täze guýularyň burawlanmagynyň we olardan bol önüm alynmagynyň ýola goýulmagy bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda iş görkezijileri görnetin artar. Bu bolsa türkmen topragyndan gazylyp alynýan «mawy altynyň» Ýer ýüzüne çaýýan ýalkymyny has-da artdyrar.
Agageldi ITALMAZOW.