Ösüşleriň ýoly bilen

Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, Mary welaýatynda bar bolan känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden dikuçarda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Malaý» gaz känine tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, «Malaý» gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.

Soňra milli Liderimiz awtoulagda bu ýerden Garagum sährasynyň jümmüşine tarap ýola düşdi, ýolugra Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykow bilen salamlaşyp, onuň işi, mallarynyň, öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de çopanyň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden Türkmenabat şäherine tarap ugur aldy.


«Aşgabat».