Habarlar
Bazar — bolçulygyň ölçegi

      Bir zady görüp, köp zada akyl ýetirip bolýan ýer — bazar. Bazar – bolçulygyň ölçegi. Bu ýerdäki azyk-haryt bolçulygyndan we alyjy-satyjy köpçüliginden halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini kesgitläp bolýar. Ýola goýlan ykdysady özgertmeleriň durmuşa eden oňyn täsiri hut şu ýerde açyk-aýdyň bildirýär. Adamzadyň owal-ahyrky ähli taryhynda ýaşaýyş nirede örňäp başlan bolsa, şol ýerde hökman bazaryň söhbedi edilýär.  

                                                                   

Taryhdaky ösen we ýagdaýy gurat döwletleriň ilki göze ilýän aýratynlygy onuň bazarlary bolupdyr. Müňýyllyklaryň taryhyny özünde jemleýän türkmen topragy ençeme ruhy-medeni galkynyşlaryň, syýasy we ykdysady ösüşleriň merkezi bolup geldi. Diýarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, ähli kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşendigi hem bu ösüşe esasy täsir eden ýagdaýlaryň biridir. Gadymy Köneürgenjiň, Amulyň, Merwiň, Abywerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň ady tutulanda, ösen medeni öwüşgünleriň ählisi aňymyzda janlanýar. Dünýä taryhyna siňen islendik gadymy şäher, ilki bilen, bazarlary bilen adygypdyr.  

                                                                   

Gadym döwürlerde bazar diňe bir söwda edilýän ýer bolmak bilen çäklenmändir. Bu ýerde jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri – alymlar, taryhçylar, ruhy we maddy gymmatlyklary gözleýjiler, täjirler, söwdegärler, ekerançylar, daýhandyr mülkdarlar bir ýere üýşüpdirler. Hünärmentler, senagat, sungat işgärleri özlerine gerek zatlaryny şu ýerden tapypdyrlar. Täjirler bu ýerde söwda geleşiklerini baglaşypdyrlar. Harytlaryň gymmaty we nyrhy dogrusynda çekeleşipdirler.  

                                                                   

Edil taryhda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem bazar adamzat gatnaşyklary üçin ähmiýetli ýerleriň biri bolup durýar. Ýurtda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bu ilatyň ýaşaýyş derejesini has gowulandyrmak üçin ýola goýlan giň mümkinçilikleriň uly tapgyrydyr. Sada hasap bilen göz öňüne getirip göreliň, bu ýerde söwda gatnaşyklarynda bar bolan önüm öndüriji, täjir, dellal, araçy... garaz, hünärleriň ählisi bar. Bu ýagdaý halkyň ykdysady sowatlylyk derejesini görkezýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýola goýan ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwelerini hut şu ýerde — bazarlarymyzda aýdyň görýäris. Telekeçiler, önüm öndürijiler üçin döredilen mümkinçilikler örän giň. Bazara barsaň, tapylmaýan zat ýok. Dürli-dümen miwelerden, ir-iýmişlerden, önümlerden gözüň dokunýar. Haýsy birini mysal hökmünde alanyňda hem haýry-täsiri juda uly. Türkmen tebigaty juda jomart. Sähel yhlas siňdirseň, zer öndürip bolýar. Bir wagtlar diňe subtropiki ýa-da tropiki ülkelerde ösýändir öýdülýän ösümliklerden häzir giden bakjalyklar, baglyklar peýda boldy. Bazarlardaky önümler hil babatda hem hiç bir ýurduňkydan peslär ýaly däl, gaýta, ýokumlylygy babatda örän artykmaç. Tebigatymyzda güneşiň miwelere tagam we ýokum berýän yssy çogy ýeterlik bar. Bu bolsa her miwäniň, hasylyň jana şypaly, dermanlyk häsiýetini artdyrýar. Önüm öndürijiler, daýhanlar we telekeçiler üçin hem döwlet tarapyndan ähli şertler ýola goýulýar.  

                                                                   

Halkyň isleg-talabynyň ýokarlanmagy we artmagy — ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygynyň alamaty. Diýmek, bu zatlaryň ählisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigini we bu zatlaryň ählisiniň hut ähli halk, ýurt, döwlet üçin edilýändigini subut edýär.  

                                                                                                           

Ymam NAZAROW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň öwreniji mugallymy.

22.11.2022
Logistika — ykdysady kuwwat

Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň içerki düzümlerini halkara ülňülere laýyklykda kemala getirmekde uly işleri durmuşa geçirdi. Bu işler häzirki döwürde-de depginli dowam etdirilýär. Ýurdumyzdaky esasy ýollary üstaşyr ulag geçelgelerine birikdirmek, Ýewraziýada yklymlary birleşdirýän şeýle geçelgeleri diwersifikasiýalaşdyrmak, bu babatda ýurdumyzy esasy merkezleriň birine öwürmek, netijede, geografik ýerleşişi taýdan amatly artykmaçlyklary özünde jemleýän döwletimiziň üstaşyr gatnawlarda eýeleýän kesgitleýji ornuny has-da berkitmek bu ugurda öňe sürülýän syýasatyň esasyny emele getirýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr tagallalary netijesinde durmuşa geçirilen sebitdir halkara taslamalar häzirki döwürde diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, sebit döwletleriniň hem ykdysady bähbitleriniň ýokarlanmagyna getirdi. Bu ýagdaý döwletimiziň her bir işde ählumumy bähbitleri-de nazardan salmaýandygyny görkezýär, sebitde ösüşiň gazanylmagynda eýeleýän ornuny berkidýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň transmilli geçelgeleri döretmek strategiýasynyň çäginde hem-de giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadyndan ugur alyp, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag-aragatnaşyk geçelgesiniň döredilmegi-de ýokarda aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Bu geçelge Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna Pars aýlagyna girmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu ugur Hazar deňziniň, Gara deňiz basseýniniň we Baltika sebitlerine girýän üstaşyr geçelgäni-de öz içine alar. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň çäkleri arkaly Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň amatly gatnawy emele getirer. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda demir ýol şahasynyň gurulmagy, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurda esasy merkezleriň birine öwrülmegi babatda edilýän işlere mynasyp goşantdyr. Şu we beýleki üstaşyr ulag geçelgeleriniň türki döwletleriň arasynda ýük gatnawlarynyň, şol sanda üstaşyr ýük geçirilişiniň möçberini artdyrmakda, söwda dolanyşygyny giňeltmekde hem-de eksport-import gatnaşyklarynyň deňagramlylygyny üpjün etmekde hem derwaýys orun eýeleýändigini, geljekde munuň ähmiýetiniň has-da artjakdygyny hem nygtamak zerur. Şu barada türki döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän dürli derejelerdäki duşuşyklarda ýörite ylalaşyklaryň gazanylmagy-da möhüm ähmiýetlidir. Ol 11-nji noýabrda geçirilen Samarkant duşuşygynda hem öňe sürlen esasy meseleleriň biri boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwletiň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde, bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşýändigi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda Türkmenistanyň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlikdäki artykmaçlyklaryndan ugur alýar. Häzirki zaman ählumumy ykdysady ulgamdaky çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak we bazarda mynasyp orny eýelemek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin-de döwlet Baştutanymyzyň daşary ykdysady strategiýasynda, esasan, iki ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň biri energiýa howpsuzlygy, ikinjisi üstaşyr ulag geçelgeleridir. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan doly goldaw tapýandygy, şunuň bilen baglanyşykly ýörite halkara çäreleriň geçirilýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ulag-aragatnaşyk toplumynyň ykdysady görkezijileri-de guwandyryjydyr. Milli ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine saldamly goşant goşsa, ikinji tarapdan, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ykdysadyýetdäki ornuny barha berkidýär. Başgaça aýdylanda, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişi, ulag infrastrukturasyny dowamly döwrebaplaşdyrmak syýasaty üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga oňaýly şertleri döredýär. Şonuň üçin-de gürrüňi edilýän pudak öz-özüňi dolandyrmakda, halkyň durmuş üpjünçiligini berkitmekde, ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda döwlet tarapyndan saýlanyp alnan iň dogry hem iň bähbitli ykdysady ugurdyr. Halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de onuň ýurdumyzdaky bölekleriniň has-da kämilleşdirilmegi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, sebitde-de önümçilikleriň artmagyna, hususy pudakdaky işjeňligiň ýokarlanmagyna, haryt dolanyşygynda bahalaryň arzanlamagyna, täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňyn täsir eder. 

                                                                                                           

Sapar ŞAÝYMOW,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

19.11.2022
Görnükli netijeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurt Baştutanymyzyň kabul edýän taryhy Kararlarydyr çözgütlerinde ata Watanymyzyň beýleki sebitleri bilen birlikde Balkan welaýatyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sebitiň howa we tebigy aýratynlyklary, gazylyp alynýan dürli tebigy baýlyklaradyr magdanlara baý ýataklary we beýleki uly mümkinçilikleri ýurduň ykdysady ösüşine, ilatynyň maddy hal-ýagdaýyny we iş orunlary bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, ýokary netijeli önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge amatly şertleri döredýär. 

                                                                   

Şundan ugur alyp, welaýatyň etrap-şäherlerinde, oba-şäherçelerinde alnyp barylýan dürli maksatly binalary özümizde öndürilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkanabat şäherindäki Balkan Kän müdirligi hem saldamly işleri bitirýär. Kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen ýanwar — oktýabr aýlarynda senagat önümleriniň pul hasabynda 19 million 178 müň manatlyga barabary taýýarlanylyp, bu baradaky meýilnama 111 göterimden geçirilip amal edildi. Şeýle hem şu döwürde bu ýerde 2 million 50 müň manatlyga derek 3 million 41 müň manatlykdan hem gowrak gurluşyk serişdeleri taýýarlanyldy. 

                                                                   

Kärhanada, ylaýta-da, düzüminde demir magdany bolan dag jynsyny, gips daşyny, toýuny, diwara örtülýän materiallary taýýarlamakda has görnükli netijeleriň gazanylandygyny bolsa aýratyn nygtamak gerek. Kämil önümçilik tehnikalary bilen ygtybarly üpjün edilen kärhanada we onuň önümçilik meýdançalarynda öndürilýän gurluşyk materiallary diňe bir Balkan welaýatyna däl, eýsem Diýarymyzyň ähli sebitlerine hem yzygiderli ugradylýar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».

18.11.2022
Ykdysadyýete täzeçe çemeleşmeler

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ählisinde gyradeň ýokary ösüş derejesi saklanylýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysady ösüş bu jemgyýetçilik önüminiň mukdar taýdan köpelmegi we hil taýdan kämilleşmegidir. Bu ösüşleri gazanmakda hem-de yzygiderli berkitmekde baý tebigy gorlara, işjeňligi barha artýan maýa goýum işiniň netijeliligine, çig mal pudagyna degişli bolmadyk ulgamlaryň depginli ösdürilmegine, iri möçberli maýa goýum serişdeleriniň çekilmegine, ýurtda maliýe we durmuş durnuklylygyny saklamaga, şeýle-de milli puluň hümmetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmäge aýratyn orun berilýär. 

                                                                   

Gazanylýan ynamly ösüşleriň sarsmaz binýadynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady syýasat durýar. Şeýle oýlanyşykly işlenilip düzülen syýasatyň netijesinde ýurdumyz önümleriň ýokary hili bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän döwletleriň hataryna ymykly goşulýar. Ykdysady seljermede ulanylýan iki görkeziji, ýagny, jemi önüm we milli girdeji maddy önümçiligiň we hyzmatlaryň sazlaşygynyň gazanylýandygyny görkezýär.  

                                                                   

Ösüşlerimiziň durnuklylygyny saklamakda geçen ýyllarda ykdysady ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek, ösüşiň çig mal görnüşinden senagat-innowasiýaly ugruna tapgyrlaýyn geçmekligi üpjün etmek, Türkmenistanyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has çuň we ynamly aralaşmagyny gazanmak ýaly wezipeleriň oňyn çözülmegi aýratyn uly täsirini ýetirdi. Bu ykdysady syýasat hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň hem ornaşdyrylmagy ösüşler üçin giň mümkinçilikleri döredýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, pudaga häzirkizaman ylmynyň gazananlarynyň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde azyk önümleriniň öndürilýän mukdary hem yzygiderli artýar. Oba hojalygynda hasylyň möçberini we hilini ýokarlandyrýan usullary düzüminde toplaýan özgertmeleriň uly toplumynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatymyzyň saçaklarynda önüm bolçulygy emele gelýär. Çörek hem-de gök-bakja önümleri, öz topragymyzdan önýän naz- nygmatlaryň dürli görnüşleri alyjylara yzygiderli hödürlenilip dur. Ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda azyklyk önümleriň käbir görnüşleriniň ekilen her gektaryndan 80-250 sentnere çenli hasyl alynýar. Munuň şeýledigine welaýatymyzda ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň beren hasylynyň mysalynda hem göz ýetirýäris. Şu ekinler üçin bölünip berlen 11 müň 670 gektar ekerançylyk meýdanynda bol hasylyň ýygnalmagy bu ugurda tejribeleriň baýlaşandygyny görkezýär. Öndürilen azyklyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany hem yzygiderli artýar. Olaryň esasy wezipeleriniň biri ilatymyzy dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekdir. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmeginde, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                                                           

Begenç MYRADOW,

                       

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

17.11.2022
Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwaty — ählumumy rowaçlygyň bähbidine

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda özüniň içeri we daşary syýasatynda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerini esas edinen Türkmenistanyň 1993-nji ýylda «Brýusel Jarnamasyny» goldamak bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRACECA) boýunça maksatnamany kabul etmekden gözbaşyny alýan ulag düzümini ösdürmek baradaky meýilnamalary Arkadagly zamanamyzda strategik tutumlara beslendi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan parasatly başlangyçlary bilen yglan edilen ulag diplomatiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen uly üstünliklere beslenýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy diňe ulag diplomatiýasyny ösdürmek bilen baglylykda-da birnäçe resminamalary kabul etdi. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 66 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny»; 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly, köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda»; 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda 74 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek»; 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen, 48 döwletiň döredijiler bolup çykyş etmeklerinde, guramanyň ähli agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagynda kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar bar. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 15-nji martynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde 62 döwletiň döredijileri bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk tejribesiniň ulag diplomatiýasyndaky öwüşginlerini älem-jahana ýaýdy. Bu halkara resminamalar eýsem, ählumumy bähbitleri we amatly şertleri göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitlerine dahylly meseleleri çuň öwrenmek we ol meseleleri diplomatik serişdeler arkaly çözmek başarnygy, dünýä nusgalyk guramaçylyk başarnygy bilen, Türkmenistanda ulag-logistika ulgamynyň maddy mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmakda çäksiz uly işler bitirildi. 

                                                                   

Türkmen Lideriniň paýhasy bilen 2015-nji ýylyň 3-nji dekabrynda ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, 2016-njy ýylyň noýabrynda dabaraly açylyşy bolan Ymamnazar — Akina transmilli polat ýoly, türkmen demirýolçulary tarapyndan gurlup, 2018-nji ýylyň fewralynda ulanmaga berlen Serhetabat — Turgundy demir ýoly, türkmen böleginiň gurluşygy tamamlanan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan transmilli demir ýoly, 2017-nji ýylyň 7-nji martynda ulanmaga berlen, Amyderýanyň üstünden geçirilen Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri, 2018-nji ýylyň maýynda ulanyşa girizilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi ýaly ýene-de ençeme iri taslamalar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman hem-de Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi bolup hyzmat edýän ýurdumyzyň ulag pudagynyň üstaşyr geçirijiliginiň anykdan-anyk mysallar arkaly görkezilen mümkinçilikleridir. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ykdysady taýdan has-da kämilleşýän, sebitde parahatçylygy, asudalygy berkarar edýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy döwletimiziň syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny doly üpjün edýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan wezipeleriň we maksatlaryň esasynda, ýurdumyzyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini çalt kemala getirmek babatynda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça geljek ýyllarda bitiriljek işler hem diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl-de, eýsem, sebitiň we bütin dünýäniň ösüşine-de kuwwatly itergi berer. Geografik taýdan örän amatly — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit hem-de sebitara ulag ýollarynyň, geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolar we şol kuwwatdan netijeli peýdalanylar. Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda wajyp ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek işi bolsa geljegiň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 8-nji awgustynda ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.  

                                                                   

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahat Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatdaky netijeli işleriň ýene bir mynasyp üstünligi boldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň bu maslahatda eden wideoçykyşynda BMG-de ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek, şeýle hem Baş Assambleýanyň «Ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak hakynda» Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmek boýunça öňe süren teklibi bolsa halkara jemgyýetçilikde durnukly ösüşleri ilerletmäge gönükdirilendir.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmekde netijeli işleri alyp barýar.  

                                                                   

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň döwrebap desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, olaryň işine ak pata bermegi pudagyň ösüşiniň şanly wakalarynyň nobatdaky dabaralanmasy boldy. 

                                                                   

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türkmenistanyň bu guramanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, munuň özi häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge, şu ugurlar boýunça energetika ulgamlaryny herekete getirmäge taýýardygyny nygtady.  

                                                                   

Parahat durmuşymyzy, bolelin ýaşaýşymyzy, mukaddes Watanymyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşlerini esaslandyryjy milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň 2-nji kitabynda çuň mana ýugrup ýazyşy ýaly: «Dünýäni söküp, yklymlary birikdirýän ýollar nowjuwan Türkmenistanyň üstünden geçýär. Ýollary gadymy Oguz ýurdy birleşdirýär. Ýollar Türkmenistandan dünýäniň çar künjüne sary rowan bolýar. Bu taryhy hakykatyň üçünji müňýyllygyň başky çärýeginde täze röwşe eýe bolandygy dünýä äşgär». 

                                                                   

Goý, ýurdumyzyň ösüşlerini gün-günden belent sepgitlere ýetirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!  

                                                                                                           

Muhammetrahym ÖWEZOW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

16.11.2022
Nebit-gazly Watanym

Türkmenistan Watanymyz nebite we gaza baýdyr. Ägirt uly «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gaz gorlarynyň ummasyz möçberi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerine baý ýataklary hem-de geljegi uly bolan beýleki känleriň nebit-gaz gorlary şeýle diýmäge esas berýär. Şonuň bilen baglylykda, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ata Watanymyz baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli işleri alyp barýar.  

                                                                   

Nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar biz — geljekki hünärmenleri has-da begendirýär hem-de saýlap alan hünärimize höwesimizi artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, mundan sanlyja ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody hem iri taslamalaryň hatarynda guwanç bilen bellemek ýakymlydyr. Ol dünýäde gazhimiýa toplumynyň ilkinji kuwwatly, iň kämil innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan zawoddyr. Onda her ýyl 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazyň gaýtadan işlenip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benzin, 12 müň tonna dizel ýangyjy hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmäge giň mümkinçilikleriň bolmagy zawodyň esasy aýratynlygydyr. 

                                                                   

Biz — bagtyýar talyplary begendirýän zatlaryň biri-de ýakynda ak mermerli paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2022» atly halkara maslahatyň we serginiň ýokary derejede geçirilip, dünýäniň öňdebaryjy, meşhur kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan bu forumda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň döwrebap ösüşleriniň giňden öz beýanyny tapmagydyr.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak ugrunda bimöçber tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Bägül ANNAÝEWA,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

16.11.2022
Mümkinçilikler meýdany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda sazlaşykly ösüşler alnyp barylýar. Milli telekommunikasiýa ulgamynda-da halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi aragatnaşyk ulgamynda hyzmatlaryň hil taýdan ýokary derejelere kybap getirilmegine şert döredýär. Telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň ösdürilmegini üpjün edýän esasy şertleriň biridir. 

                                                                   

Myhmanyň özi bilen bereket, döwlet getirýändigi baradaky ynamy halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda durmuş ýörelgesine öwrüpdir. Hormatly Prezidentimiziň ösüşleri, özgerişleri nazarlaýan syýasaty netijesinde ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän maslahatlardyr sergilere gatnaşmak üçin dünýäniň çar künjeginden gelýän myhmanlaryň özleri bilen döwlet getirýändigine gündelik durmuşymyzdan göz ýetirýäris. Paýtagtymyzda dowam edýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty-da durmuşymyza döwrüň iň täze gazananlaryny barha giňden ornaşdyrmagy nazarlaýan halkara derejeli çäredir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde guramagynda geçirilýän bu halkara sergi we maslahat Hytaý Halk Respublikasyndan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gresiýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, şeýle-de Garaşsyz Diýarymyzdan gatnaşýan iri-iri kompaniýalar, işewürler üçin pikir-tejribe alyşmagyň, gepleşikleri geçirmegiň oňaýly meýdançasyna öwrüldi. Munuň özi bu ulgamda täze-täze sepgitlere ýetilmeginde, dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk esasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde mümkinçilikleriň çägini giňeldýär.  

                                                                   

Garaşsyz Diýarymyzyň bereketli topragy asyrlaryň dowamynda halklaryň, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup gelipdir. Bu günki gün halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen baglanyşykly taslamalar Türkmenistany Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkezine öwürýär. Bu taslamalar üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy we sebit döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösmegine-de ýardam berýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde ähli ugurlarda täze-täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylyp durulmagy innowasiýalar bilen aýakdaş hereketi talap edýär. Munuň ýurtda kämil, ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da baglydygy dogrusynda hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan ugur alyp, biz hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň ýurduň ösüşlerine goşant goşýan nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagalla edýäris. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Institutda IT meýdançasynyň hereket etmegi ýaly täzeçillikleriň ornaşdyrylmagy öz miwesini-de berýär. Institut Beýik Britaniýanyň Times Higher Education World University Rankings Bütindünýä uniwersitetleriň «THE Impact Ranking — 2022» reýtinginiň sanawyna girizildi. Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde «Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň» agzalygyna kabul edilmegi bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň on bäşinji gezek geçirilýän halkara sergisi bolsa biziň talyplarymyz üçin hakyky tejribe mekdebine öwrüldi.  

                                                                   

 Bize işlemäge ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun.  

                                                                   

 Surata düşüren
Ahmet TAŇRYGULYÝEW.
 

                                                                                                           

Oguljan ŞYHYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

11.11.2022
Ykdysadyýet — durnukly ösüşiň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredildi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar. 

                                                                   

Ata Watanymyz dünýä bileleşiginde ygtybarly, mynasyp hyzmatdaş hökmünde giňden tanalýar. Bu biziň ýurdumyza iňňän uly halkara ykdysady taslamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen   arkalaşykly, ynamly iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Muny Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyklary hem tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan döwrebap özgertmeleri netijesinde diwersifikasiýa esaslanýan ykdysadyýetimizde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň özeni türkmen halkynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, sebit we dünýä ýurtlary bilen dostana gatnaşyklary, dürli ugurlar boýunça  hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy goramak, şol sanda dünýä müşgillikleriniň   oňyn çözgütlerini tapmaga önjeýli goşant goşmak, dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna tiz goşulyşmak baradaky ajaýyp ýörelgelerden ybaratdyr.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň hem-de halkara tejribeleriniň has içgin ornaşdyrylýan häzirki döwründe, kabul edilýän şeýle çözgütler hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli goldawlary berýän we giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Akmuhammet SAPAROW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we   dolandyryş institutynyň talyby.

10.11.2022
Türkmen paýtagtynda deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy ulanmaga berildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze möhüm desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. 

                                                                   

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 

                                                                   

Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi hökmünde garap gelýär. Geçmişde ata-babalarymyz suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin howdanlary, kärizleri, köp sanly beýleki suw ulgamlaryny gurup, ýaşaýyş çeşmesi bolan suwuň her damjasyny örän netijeli ulanmagy başarypdyrlar. Halkymyz suw damjasyny altyn dänesine deňäp, ony aýawly ulanmak däbini nesilden-nesle geçirip gelýär. 

                                                                   

Täze inženerçilik-tehniki desgalaryň ulanmaga berilmegi türkmen paýtagtyny ösdürmek, ilkinji nobatda, Aşgabatda möhüm inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak meseleleriniň döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta bölegi ýokary depginlerde ösýär. Şol ýerde täze edara ediş-işewürlik merkezi kemala gelýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligi paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goralmagyny mundan beýläk-de güýçlendirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak hakynda şertnama baglaşdy. Bu toplum Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. 

                                                                   

Sankt-Peterburgyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda üstünlikli işleýär. Şu geçen ýyllaryň dowamynda russiýaly gurluşykçylar düzümleýin desgalaryň ençemesini gurdular. Şolaryň hatarynda awtomobil köprüleri, ýol aýrytlary, köprüler we beýleki desgalar bar. Bu paýdarlar jemgyýetine Aşgabatda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe taslamalar ynanyldy. 

                                                                   

 ...Şu günki dabaranyň geçirilýän ýerinde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. 

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ulanmaga berilýän desganyň ýanyna gelýär. Döwlet Baştutanymyzy Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary garşylaýarlar. 

                                                                   

Täze desganyň öňündäki meýdançada döredijilik toparlary çykyş edýärler. Ata Watanymyzyň gazanýan uly üstünliklerini hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýän joşgunly aýdymlar ýaňlanýar. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasy mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler jaýyna barýar. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine kuwwatly itergi berýändigini nygtady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Aşgabat şäherinde birnäçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalary yzygiderli gurup ulanmaga berýäris. Şu gün hem paýtagtymyzyň günorta tarapynda gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp, işe goýberýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

 Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu döwrebap desgalar toplumynyň jemi uzynlygy 49 kilometre barabardyr. Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynda täze binagärlik hem-de inženerçilik çözgütleri, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanyldy. Bu döwrebap desgalar toplumy suw saklaýjy açyk howuzlary, köprüleri, suw sorujy beketleri, 34 kilometrden gowrak beton bilen berkidilen kanallary, 8 kilometrden gowrak turba geçirijileri we beýleki inženerçilik ulgamlaryny öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň paýtagtymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde möhüm orna eýe boljakdygyny nygtap, özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan bu döwrebap desgalar toplumynyň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza netijeli hyzmat etjekdigine pugta ynam bildirdi. 

                                                                   

Aşgabat özüniň belent derejesine laýyklykda, ähli babatda, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary, bezegi, ekologik ugurlary boýunça nusgalyk şäher bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň paýtagtyny mundan beýläk-de ösdüreris, ak şäherimiz Aşgabady bagtyýarlygyň we ösüşiň nusgalyk merkezine öwreris diýip belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary şu günki şatlykly waka — paýtagtymyzda gurlan sil suwlaryny sowujy ýokary hilli desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda ruhubelentlik döretdi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. 

                                                                   

Soňra Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy I.Bukato hormatly Prezidentimizi hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, şu gün Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabatda öz gerimi boýunça täsin sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylýandygyny belledi. Bu taslama Russiýanyň “Sewkawgiprowodhoz” hem-de Türkmenistanyň “Türkmensuwylmytaslama” taslama institutlarynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň bilelikdäki işleriniň netijesidir. 

                                                                   

Türkmen we rus hünärmenleri örän giň gerimli işleri ýerine ýetirdiler. Bu işleriň deňi-taýynyň ýokdugy Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň köp sanly ylmy bileleşikleri tarapyndan tassyklanyldy we degişli güwänamalar bilen berkidildi. Rus holdinginiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, şeýle derejedäki desgada ilkinji gezek innowasion häsiýetli serişde ulanyldy. Ol korroziýa durnuklylygy netijesinde suw desgalaryny gurmak üçin örän amatlydyr. Bu toplumyň çäginiň giň bolandygy üçin geodezik usullarda uçarmansyz uçuş serişdesi — geodeziýa gözegçiligi üçin ýörite kwadrokopter peýdalanyldy, Munuň özi gurluşyk işleriniň möhletini düýpli gysgaltmaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

I.Bukato bildirilen uly ynam, öz toplan tejribelerini nobatdaky gezek ulanmaga hem-de şeýle täsin, ölçegleri babatda örän iri taslamany durmuşa geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, holdingiň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigine we Aziýanyň merjeni ak mermerli Aşgabadyň sil suwlaryndan doly goraglydygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra “Selewaýa assosiasiýa” sebitara jemgyýetçilik guramasynyň wise-prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji A.Nosow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde dünýäde deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň özboluşly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilendigi baradaky güwänamany gowşurýar. 

                                                                   

A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň direktory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi W.Şewçenko hem Aşgabat şäheriniň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň çäkleriň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän özboluşly gurluşyk desgasydygy baradaky hem-de sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň çäkleriň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamalary gowşurýar. 

                                                                   

Soňra “Sigmacert” halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlar kompaniýasynyň wekili Hüseýin Ýusuf Gündogar Aşgabat şäheriniň günorta böleginde gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara guramanyň ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamany gowşurýar. 

 Bu ýerde Aşgabady sil suwlaryndan goramak üçin niýetlenen inženerçilik desgasy bilen tanyşdyrýan wideofilm hem görkezildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň aýdyň nyşanyna, sazlaşygyň we gözelligiň nusgasyna öwrülen ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi günsaýyn özgerýär. Türkmenistanyň paýtagtyny dünýä ähmiýetli şähere öwürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki Aşgabat gözümiziň alnynda emele gelýän täsin binagärlik toplumlary bilen haýran galdyrýar. Olarda beýik binalar hem-de giň meýdançalar, şaýollar, baglara bürenen köçeler, oňaýly seýilbaglar, ägirt uly tokaý-seýilgäh zolaklary täsin sazlaşyk döredýär. Paýtagtymyzyň gözelligi we arassalygy ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini häsiýetlendirmek bilen birlikde, bu ýerde adamlaryň aňyna we olaryň özleriniň umumy öýüne bolan garaýşyny üýtgeden özgertmeleriň giň gerimlidigini görkezýär. 

                                                                   

Köpetdagyň eteginde ýerleşen ak mermerli paýtagtymyzyň geografik ýagdaýyny nazara alanyňda, ol sil suw akymlarynyň geçýän zolagynda ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, bu desgalar toplumynyň işe girizilmegi paýtagtymyzyň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, birnäçe meseleleri, hususan-da, sil suwlaryny sowmak, sil akabalaryny hem-de golaýdaky çäkleri sil suwundan goramak boýunça wezipeleri çözmäge mümkinçilik berer. Ulanmaga berlen sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy innowasion inženerçilik-tehniki taslamadyr. Onuň täsinligi desgalaryň düzümleýin gurluşynyň ulgamyndan, Köpetdagyň eteginiň tebigy howa, düzümleýin-tektonik hem-de inženerçilik-geologik şertleriniň täsinligini nazara almak bilen gurlan sil sowujy desgalaryň ýerleşişinden ybaratdyr. 

                                                                   

Ýurdumyzda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, biologik köpdürlüligi goramak, çölleşmä hem-de ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ilatly ýerlerde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça giň gerimli işleriň dowam etdirilýändigini bellemek gerek. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň binasyna ugraýar. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär — ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we täze inženerçilik-tehniki desga açylýar. 

                                                                   

Sil suwundan goranmagyň taslamasynyň konsepsiýasy tebigata zyýan ýetirilmezligini hem-de şeýle desgalaryň gurluşygynda ähli kadalara we standartlara laýyklykda, az derejede çykdajylary göz öňünde tutýar. Sil suw akabalarynyň awtomobil ýollaryna zyýan ýetirmezden çekilmegi bu taslamanyň aýratynlyklarynyň biridir. Sil suwlary ýörite tehnologiýalar boýunça çekilen turbalar arkaly ýollaryň aşagyndan geçýär. Tebigy suw akabalarynyň durky täzelenildi. Olar Garagum derýasyna çekildi. Sil akabalary gurlanda, şol ýeriň tebigy-howa aýratynlyklary göz öňünde tutuldy. Dag gerişlerinden sil suwlary asyrlaryň dowamynda emele gelen hanadan akyp gaýdýar. Şoňa görä-de, bu taslama amala aşyrylanda, siliň hereketiniň ugry jikme-jik öwrenildi. 

                                                                   

Toplumyň gurluşyk döwründe 36 million kub metrden gowrak ýerasty gum we çagyl gazylyp alyndy, 9 sany sil suwuny toplaýjy howdan guruldy. Sil sowujy we birikdiriji akabalaryň umumy uzynlygy 49 kilometrden gowrakdyr. Akabalaryň 35 kilometrden gowragy betondan ýerine ýetirildi. Akabalary betonlamak işlerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny, şol sanda uçarmansyz uçuş enjamyny ulanmak arkaly geodezik usullar ulanyldy. Akabalar gurlanda, gidroizolýasiýanyň has ygtybarly bolmagy üçin 9 million metrden gowrak innowasion kompozit armaturasy, şeýle-de 540 müň inedördül metrden gowrak güýçlendirilen geomembrana ulanyldy. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz toplumyň içine girýär we suw sorujy bekediň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşýar. 

                                                                   

Suw sorujy beket suwy sormak üçin niýetlenen toplumlaýyn ulgamdyr. Ol hereket edýän we ätiýaçlyk suw sorujylary birleşdirýär. Suw sorujylar turba geçiriji armaturany we beýleki kömekçi enjamlary hem birleşdirýär. Bu ýerde Germaniýanyň “Wilo” kompaniýasynyň iş çarhy, ýörite innowasion nanokeramiki düzüm bilen örtülen 30 sany suwa çümdürilýän suw sorujy gurnaldy. Bu bolsa suw sorujylaryň içinden suw bilen bir hatarda, ownuk daşlaryň, hatda çägäniň geçmegine mümkinçilik bermek bilen, olaryň netijeli işlemegine hiç hili ýaramaz täsirini ýetirmeýär. Suw sorujy beketde gurnalan suw sorujylardan akabalara suwy akdyrmak üçin diametri 1 müň millimetr bolan 9 müň 100 metr turba çekildi. 

                                                                   

Sil suwlary sorujy bekede gelip gowşanda, akaba giňelýär hem-de awankamerany emele getirýär. Zibilleri saklaýjy gözenekler aýratyn desga hökmünde bolup, ol gözenekleriň biriniň hapalanandygyna garamazdan, ähli sorujy enjamlaryň kadaly işlemegini üpjün edýär. Mundan başga-da, islendik wagtda olara kadaly tehniki hyzmat etmek mümkindir. Sorujy enjamlaryň ýasy germewler bilen üpjün edilmegi, zerur bolan ýagdaýynda ýapgyt susak görnüşindäki awankamerany guratmaga hem-de ony arassalamaga we abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Sil suwlaryny toplaýjy desganyň mümkinçiligi sil suwlarynyň örän köp möçberini kabul etmäge niýetlenendir, ol zeper ýetmezden, hasaplanan 9 ballyk seýsmiki täsire durnuklydyr. Toplumyň gurluşygynda ýokary berklikdäki gurnamalar, ýokary hilli sement, suwa durnukly serişdeleriň beýleki görnüşleri peýdalanyldy. 

                                                                   

Sil we ýagyn suwlary akaba ulgamynyň üsti bilen Aşgabat şäheriniň gündogar serhedini yzarlap, şäheriň daşynda demirgazyk tarapa gönükdirilýär hem-de bar bolan suw sorujy akabalara guýulýar. Soňra bolsa suw ýygnamak we onuň ýitmezligi üçin ýörite gurlan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suw goruna baryp guýýar. Munuň özi Garagumda maldarçylygy, hususan-da, dowardarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam etmelidir. Sil suw akymlary geçenden soňra, suw toplaýjyda gaty maddalar — laý, gyrmança, çäge, daşlar galýar. Süzgüçlerden geçirilen suwlar bolsa sorujy enjamlaryň ulgamy arkaly sowular. Suw sowulandan soňra, sil akymyndan galan gaty maddalary aňsatlyk bilen arassalamak hem-de ýörite awtoulaglarda äkitmek mümkindir. 

                                                                   

Bu inženerçilik-tehniki desganyň howpsuzlygy, ekologik talaplara laýyklygy sil suw akabalarynyň akýan ugurlarynda sil suwlaryny toplaýjy desgalaryň gurulmagynyň hasabyna üpjün edilýär hem-de sil we ýagyş suw joşmalarynyň Aşgabat şäherine akmagynyň öňi alynýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wideoşekiller arkaly ornaşdyrylan enjamyň tehniki aýratynlyklary we artykmaçlyklary bilen tanyşýar. 

                                                                   

Bekediň işi üç tapgyrdan ybaratdyr. Ilki bilen, suw toplaýjy howdandan gelýän suw birinji bölüme goýberilýär. Suw sorujy bekediň ikinji bölümi gury bolýar. Onda suw sorujylaryň ýerleşýän üçünji kamerasyna suwuň baryp girmegini sazlaýan gapaklar bardyr. Şol ýerden suw betondan gurlan akabalara akdyrylýar. Bu ýerde Germaniýanyň “Wilo” kompaniýasynyň her biriniň önümçilik kuwwatlylygy sekuntda 350 litr bolan 3 sany hereket edýän, 1 sany ätiýaçlyk suw sorujy enjamlary oturdylandyr. Şeýle-de beketde ýük göterijiligi 5 tonna deň bolan ýörite göteriji kran göz öňünde tutulandyr. 

                                                                   

Suw sorujy beket işe girizilmezden ozal, bellenen tertibe laýyklykda, sil suwlaryny ýygnaýjy desganyň ýatagyndaky suw durlanylýar. Soňra nobatçy operator suw sorujy enjamlary işe girizýär. Işçi suw sorujy enjamlar suwy basyş astynda 28 metr beýiklige göterip, sekuntda 1,0 kub metr suwy diametri 1000 millimetr bolan turba geçiriji arkaly sil suw akabasyna akdyrýarlar. 

                                                                   

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz 2-nji sil suwlaryny ýygnaýjy desgany synlady. Bu desga merkezi Köpetdagyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar gerişlerinden sil suwlary ýygnanýar. 2-nji sil suw ýygnaýjy desganyň göwrümi 1 million 29 müň 300 kub metr bolup, bu desga gyşda jarda we ýagyn suw akymlarynda emele gelýän suwlary ýygnamaga niýetlenendir. 

                                                                   

Toplumyň hünärmeni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwrebap inženerçilik-tehniki desgany gurduryp berendigi, bu ýerde işgärleriň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimize sil suwlaryny sowujy desgalaryň, şol sanda sil suwuny sowujy akabalaryň umumy ýerleşdirilişiniň çyzgylary görkezildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz täze desganyň aýratynlyklary bilen tanyşmagyny tamamlap, toplumyň işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi we toplumyň işgärleri üçin niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň, ýörite gurluşyk tehnikalarynyň açarlaryny gowşurdy.

10.11.2022
Eksport ugurly önümler

Änew şäherinde hususy pudagyň wekillerine degişli önümçilikleriň ençemesi hereket edýär. Şolaryň hatarynda «besti» haryt nyşanly çaga lybaslaryny öndürýän kärhanany hem agzamak bolar.  

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Esli» hojalyk jemgyýetine degişli bolan bu önümçilik kärhanasynyň işe girizilenine bir ýyldan gowrak wagt boldy. Muňa garamazdan kärhanada öndürilýän önümler uly meşhurlyk gazandy. Ol ýerde, esasan-da, 6 aýlykdan başlap, 14 ýaşa çenli çagalara niýetlenen lybaslaryň önümçiligi alnyp barylýar. Önümçilik bölüminde ornaşdyrylan, Ýaponiýanyň «Juki» kompaniýasynyň iň häzirki zaman tikin enjamlary we beýleki degişli tehnologiýalar dürli ölçegdäki we biçüwdäki lybaslary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Kärhanada gelin-gyzlaryň 200-den gowragy işleýär. Olaryň aglabasy ýaşlar bolmak bilen, öz işlerine örän jogapkärli çemeleşýärler. Şeýle bolansoň, olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti netijesinde öndürilýän çaga egin-eşiklerine daşary bazarda hem uly gyzyklanma bildirilýär. Önümiň ilkinji tapgyrynyň Wenesuela döwletine eksport edilmegi, ýakyn aýlarda Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe, Fransiýa döwletlerine, Gazagystana, Özbegistana, Eýran Yslam Respublikasyna eksport edilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýratyn bellärliklidir. 

                                                                                                           

Yhlas SAPAROW,

                       

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

09.11.2022
Ýüplüklere isleg artýar

Ahal welaýatynda dokma senagatyna degişli iri kärhanalaryň birnäçesi hereket edip, olaryň öndürijilikli işleýänleriniň biri-de Bäherden etrabyndaky ýüplük fabrigidir. Pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli dokma önümleriniň önümçiligini giňeltmek ugrunda uly tagallalaryň edilmegi fabrigiň agzybir işçi-hünärmenlerinde uly zähmet joşgunyny döredýär. Önümçilik bölümlerindäki häzirki zaman kämil tehnologiýalar nah matalary dokamaga niýetlenen ýokary hilli ýüplük öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň hünärmeni Gülşat Garamanowanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu ýerde 27/1, 34/1 belgili ýüplügiň günde ortaça 16-16,5 tonnasy öndürilýär. Güneşe baý türkmen topragynda daýhan zähmeti bilen ýetişdirilýän «ak altynyň» gaýtadan işlenilmegi netijesinde öndürilýän ekologik taýdan arassa ýüplük dünýä bazarynda hem uly islege eýe. Olaryň aglabasy Russiýa, Hytaýa, Pakistana, Hindistana, Türkiýä, Azerbaýjana, Gyzgyz Respublikasyna we beýleki döwletlere eksport edilýär.

 Bu ýerde zähmet çekýänleriň köpüsi ýaşlardyr. Olar kärhananyň daraýjy, lenteleýji, tow beriji, egriji we saraýjy bölümlerinde işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, ýokary hilli ýüplügiň öndürilmegi üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Işçi-hünärmenleriň işe höwesini artdyrmakda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan medeni çäreleriň, hünär bäsleşikleriniň ähmiýetiniň hem uludygyny bellemelidiris.  

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.

09.11.2022
Çeleken — hazynalar käni

Häzirki zaman ylmynyň we öňdebaryjy tejribeleriň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak işleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem yzygiderli amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda Gündogar Çeleken meýdançasynda gazylan 707 belgili baha beriji guýudan bol nebit akymynyň alynmagy hem şeýle köpugurly işleriň guwandyryjy netijesidir. Ol adaty guýulardan sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylan usulda gazylandygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi Çeleken ýarymadasynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde şeýle usulda burawlanan ilkinji guýy boldy. Sakasy gury ýerde ýerleşdirilip, Hazar deňziniň suw ýalpaklygyndaky böleginiň çäklerinde sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylyp gazylan bu guýudan gije-gündiziň dowamynda alynýan nebit çig malynyň möçberi 10-dan 12 tonna çenli baryp ýetýär. 

                                                                   

Hazar deňziniň suw ýalpaklygyndaky böleginde buraw işlerini täzeden ýaýbaňlandyrmak, ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly bu künjekde nebitiň çykarylyşyny has-da artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlary bilen bilelikde işläp taýýarlan taslamasy esasynda başlanan bu iş häzirki günlerde şu baýlyklar käninde burawlanýan 712 belgili guýuda öz mynasyp dowamyny tapýar. Umumy taslama çuňlugy 2 müň 650 metre barabar bolan bu guýuda hem gazuw işleri 1 müň 600 metre ýetýänçä dikligine geçiriler. Şol çäkden soňra gazuw işleri taslama çuňlugyna baryp ýetýänçä, ýapgytlaýyn ugrukdyrylan usulda amala aşyrylar. Burawlaýşyň bu usuly diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, ol tehniki taýdan howpsuzlygy, şonuň ýaly-da, ekologiýa babatda arassalygy bilen-de tapawutlanýar. Çünki buraw desgasynyň esasy sütüni deňiz kenaryndan 450 — 475 metr uzaklykda ýerleşdirilip, bellenilen çäkden soň deňziň suw ýalpaklygyna tarap ugrukdyrylýar. Taslama çuňlukdaky nebit alnyp gutarylandan soňra, ondan ýokarda galan gatlaklardaky çig maly hem almak mümkinçiligi burawlaýşyň dolanyşyga ornaşdyrylýan bu täzeçil usulynyň ýene bir aýratynlygydyr. 

                                                                   

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Çeleken ýarymadasynda iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň baş geology Döwran Baýramowyň öz işine juda beletlik bilen berýän gürrüňlerini ýazga geçirip oturyşyma, bu baýlyklar mesgenindäki bilýän zatlarym hakydamda janlanýar. Aslynda, geoykdysady taýdan juda amatly ýerleşişe eýe bolan Watanymyz bu gün dünýäde özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmagy başarýan döwletleriň hatarynda tanalýar. Diýarymyzda ýakyn geljekde uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny we olaryň daşarky bazarlardaky ornuny düýpli ýokarlandyrmak hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Maglumatlara görä, ilkinji energetika serişdelerini sarp etmegiň umumy gurluşynda häzirki wagtda nebit birinjiligi elden bermän gelýär. Soňky ýarym asyryň dowamynda Ýer togalagyndaky döwletleriň arasynda ýangyjyň esasy görnüşleriniň sarp edilişi ýüz esseden-de artypdyr. Bu görkeziji nebitdir gaza bolan islegiň yzygiderli ýokarlanmagy bilen baglydyr. 

                                                                   

Bar bolan maglumatlara görä, häzirki zaman dünýäsinde diňe nebitiň tassyklanan gorlary 170 milliard tonna ýakyndyr. Şonuň milliardlarça tonnasynyň biziň ata Watanymyzyň çäklerindedigi has-da buýsançlydyr. Ony ýer goýnundan alyp, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna gönükdirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda döwrebap işler bitirilýär. Konserniň günbatar Türkmenistandaky Çeleken ýarymadasynyň guryýer böleginde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri bu ugurda göreldeli zähmet çekýärler. Ýeri gelende aýtsak, hazynalar mesgeni bolan bu künjekde nebiti senagat taýdan peýdalanmagyň taryhy ýüzlerçe ýyllara uzap gidýär. Türkmen Diýarynda guýulardan nebit çig malyny almak işi 1742 — 1875-nji ýyllardan gözbaş alýar. Bu hakykata grek, arap, rus syýahatçylarynyň dürli döwürlerde galdyran taryhy maglumatlary hem doly güwä geçýär. Gürrüňi gidýän Çeleken käninden çykarylýan nebitiň hasabaty bolsa 1876-njy ýyldan bäri ýöredilýär. Şonuň üçin türkmen nebitiniň taryhyny Çelekenden üzňe göz öňüne getirmek kyndyr. Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän Çeleken ýarymadasy, bilermenleriň tassyklamagyna görä, uglewodorod çig malynyň juda köp goruny öz goýnunda saklaýar. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda deňiz suwunyň göz-görtele çekilmegi bilen, Çeleken, ozal ada bolanlygyndan, ýarymada öwrülýär. Günbatardan gündogarlygyna kyrk kilometre golaý uzap gidýän ýarymadanyň häzirki tutýan meýdany bäş ýüz inedördül kilometre barabardyr. Agramly bölegi çäge massiwlerinden we şorluklardan ybarat düzlükde ýerleşýän ýarymadanyň absolýut beýikligi (Çokrak dagy) 120 metre-de ýetenok. Ýarymada geologik taýdan Hazar depressiýasynda ýerleşip, mezezoý we çetwertik döwrüň çökündi jynslaryndan düzülendir. Tektonik hereketiniň netijesinde, ol ençeme gezek gorizontal we wertikal döwülmelere uçraýar hem-de belli bir ugry bolmadyk döwüm liniýalary emele getirýär. Hut şu ýagdaýyň özem ýeriň çuň gatlaklaryndan läbik wulkanlaryň atylyp, ýod-bromly suwlaryň çogup çykmagyna getiripdir... 

  «Çar» we «kän» sözlerinden emele gelen Çeleken sözi «dört kän» ýa-da «dört baýlyk» (nebit, nebitdakyl, duz, boýag) diýen manyny berýär. Ir döwürlerde «Akjaýar» diýlip atlandyrylan häzirki Hazar şäherinde ýod, brom, gurum öndürmek onlarça ýyldan bäri üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi ýer goýnundan «gara altyn» çykarmak bilen meşgullanýar. ХХ asyryň başlarynda bu ýerde burawlanan guýulardan nebit çüwdürimleri (fontanlary) bary-ýogy iki ýüz metre golaý çuňlukdan atylyp çykýan eken. 1949-njy ýylda bu ýerde agtaryş-burawlaýyş işlerine girişilip, 1950-nji ýylda müň metr çuňlukdan nebit akymy alynýar. ХIХ asyryň ýetmişinji ýyllarynda doganlar Nobelleriň iş alyp baran bu käninde mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri täze belentliklere tarap has-da ynamly gadam urulýar. 

                                                                   

Bu hazynalar käninden uglewodorod çig malyny almagyň geljegi, esasan, deňiz ýalpaklyklaryna degişlidir. Şeýle ýataklaryň birnäçesi Garaşsyzlyk ýyllarynda açylyp özleşdirilip başlandy. Şol bir wagtda ýarymadanyň guryýer böleginde-de nebit çig malynyň gorlary az däldir. Agtaryş-gözleg guýulary gazylansoň alnan netijeler Çelekeniň gündogar böleginde gorlary boýunça az bolmadyk gatlaklaryň jemlenendigini görkezýär. Munuň özi günbatar Türkmenistanyň şertlerinde çuňdan-çuň guýulary burawlamagyň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmakda Çeleken ýatagynyň geljeginiň uludygyna güwä geçýär. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň garamagynda hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» möçberi 48 müň 638 tonna golaýlady. Bu görkeziji, şu ýylyň arka atylan döwri üçin bellenilen meýilnama bilen deňeşdirilende, 2,6 müň tonna köpdür. Şunda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgini 106,8 göterime barabar bolupdyr. On aýda bu kärhana boýunça ugurdaş gazyň 425 müň kub metrden gowragy çykarylyp, bellenilen meýilnama 213 göterimden geçirilip amal edilipdir. 

                                                                   

— Döwlet Baştutanymyzyň nebitçilere berýän hemaýat-goldawlary bizi has netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda müdirligimiz boýunça önüm berýän guýularyň umumy sany 170-den geçip, olaryň her biri berk gözegçilikde saklanýar. Çeleken ýarymadasynyň guryýer böleginde häzirki wagtda hereket edýän guýularyň taslama çuňlugy 1200-den 2750 metr aralygyndadyr. Geologlaryň tassyklamagyna görä, ýarymadanyň has çuň gatlaklarynda nebit çig malynyň gorlary az däl. Olaryň netijeli peýdalanylmagy Çelekeniň täze ösüşlerine badalga bolup, onuň şöhratyny has-da artdyrar — diýip, bu ýerdäki Günbatar Çeleken, Aligul we Dagajyk ýaly ýataklarda iş alyp barýan müdirligiň başlygy Oraztagan Mazyýew gürrüň berýär. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».

07.11.2022