Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza ýolbaşçylyk eden ýyllarynda alyp baran il-günümiziň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine gönükdirilen işlerini bu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary bilen watandaşlarymyzyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň hal-ýagdaýy bilen ýakyndan gyzyklanýan, berkarar Diýarymyzyň bähbitlerine iri halkara forumlara gatnaşyp, tutuş adamzadyň geljegine gönükdirilen teklipleri orta atýan eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda düýn geçirilen maslahat halkymyzy öz Arkadagyna ýene bir gez ýakynlaşdyrdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, ýaşlaryň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň jogapkär işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatyň esasy meselesi öňümizde duran ýylyň esasy maliýe meýilnamasy — «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny boldy.
Düýnki maslahat pederlerimiziň «Ýedi ölçäp, bir kes!», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ýaly parasatly sözlerini ýene bir gezek ýatlatdy. 2023-nji ýylyň baş maliýe meýilnamasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 12-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilen ýigrimi birinji maslahatynda seredilipdi. Düýn bolsa bu Kanunyň taslamasyny Gahryman Arkadagymyz ýene bir ýola gözden geçirip, ony has kämil görnüşde kabul etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ösüş ugruny «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlara laýyklykda alyp barýar. Diýmek, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky» Kanun, ilkinji nobatda, il-günüň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyna hyzmat etmeli. Aslynda, bu häzir hem şeýle. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň agramly bölegi her ýyl watandaşlarymyzyň has gowy durmuşda ýaşamagyna, muňa şert döredýän tutumlaryň amala aşyrylmagyna, täze durmuş-medeni maksatly binalaryň gurulmagyna sarp edilýär. Her ýyl ildeşlerimiziň müňlerçe maşgalasy täze jaýlara göçüp barýarlar, her ýyl ýaş nesillerimiz üçin täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki terbiýeçilik-bilim edaralarynyň ençemesiniň gapylary giňden açylýar, ýurdumyzda aýlyk haklaryndan başlap, pensiýalara, talyp haklaryna we döwlet kömek pullaryna çenli yzygiderli artdyrmak ajaýyp döwrümizde asylly däbe öwrüldi.
Elbetde, ýetilen we ýetilýän sepgitler juda belent, ýöne Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz il-günümizi häzirkisinden hem gowy şertlerde ýaşadyp boljakdygyna ynanýarlar we munuň üçin gije-gündiz aladalanýarlar. Täze ― 2023-nji ýyla has kämil we oýlanyşykly işlenilip taýýarlanylan Döwlet býujeti bilen gadam goýmak bosagadaky ýylyň düşümlere beslenmeginiň ilkinji ädimi bolar.
2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda, geçen ýyllarda bolşy ýaly, pul serişdeleriniň agramly bölegini durmuş ulgamyny, hususan-da, bilimi, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl maýa goýumlarynyň belli bir möçberi ýaşaýyş jaýlaryny hem-de önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalary gurmaga gönükdiriler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan ýakynda «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» karar biragyzdan kabul edildi. Milli Geňeşiň Mejlisi Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 91 075 686,0 müň manat we çykdajylar boýunça 90 097 999,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklady. Baş maliýe meýilnamasy bilen bagly oýlanyşykly we dünýä tejribesine esaslanýan syýasat geljek ýyllarda hem üstünlikli alnyp barlar.
Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti bosagada duran ýylyň il-günümiz üçin ýene bir düşümli ýyllaryň biri bolmagyna hyzmat eder. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň bagtyýar şu güni we nurana geljegi babatynda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Türkmen gündogary.