Ykdysady strategiýanyň kämil esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde gazanylýan oňyn netijeleriň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň döredýän amatly şertleriniň esasynda mümkin bolýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmen Bitaraplygynyň 27 ýyllyk tejribesi halkara hukuk derejesiniň abadan ösüşimizi üpjün edýän şertleriň birine öwrülendigini görkezmek bilen bir hatarda, ol ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen milli maksatnamalary we halkara taslamalary amala aşyrmagyň, ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň mäkäm binýadyny emele getirýär. 

                                                                   

Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysadyýeti durnukly ösýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ykdysady ulgamda ýetilýän sepgitleriň, gazanylýan üstünlikleriň syýasy garaşsyzlygymyzyň, ykdysady taýdan özygtyýarlylygymyzyň, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň berýän datly miweleridigi her birimizi buýsandyrýar.  

                                                                   

Türkmenistanyň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurlarda gazanan we gazanýan oňyn netijeleriniň bitaraplyk ýörelgesiniň esasynda mümkin bolandygyny nygtamak zerur. Hususan-da, döwlet berkararlygynyň pugtalandyrylýan häzirki tapgyrynda daşary ykdysady syýasatymyzda öňe sürülýän we durmuşa geçirilýän milli, sebit hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlar ýurdumyzyň bitaraplyk syýasy ugrunyň ykdysady jähetleriniň ýüze çykmagyna getirdi.  

                                                                   

Bitaraplygyň oňyn häsiýeti ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýetlere edýän amatsyz täsirine garamazdan, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 6 göterimden gowrak derejede üpjün edilmegi, jan başyna düşýän girdejiniň möçberiniň ýylsaýyn artmagy, Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 göterime golaý böleginiň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi özbaşdak ösüş ýolunyň döredýän amatlyklary bolup durýar. Halkyň bähbitleri, isleg-hajatlary ileri tutulýan ýurtda abadançylygyň höküm sürýändigine bu gün mähriban Watanymyzyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatynyň işjeň häsiýetde alnyp barylmagy ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna hem-de ösdürilmegine getirdi. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda döwrebap ulag infrastrukturasynyň döredilmegi barha ýygjamlaşýan halkara gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýär. Hususan-da, Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasat strategiýasynyň amala aşyrylmagy ýurtlary ýakynlaşdyrýan, halklary dostlaşdyrýan ulag gatnawlarynyň artmagyna getirdi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze ulag ulgamynyň döredilmegi gadymy döwürlerde döwletimiziň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändiginiň subutnamasydyr. Netijede, Türkmenistan amatly geografik ýagdaýyny peýdalanmak bilen, mundan beýläk-de halkara ulag taslamalaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýän döwlet hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. 

                                                                   

Barha ählumumylaşýan dünýäde ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygyň artmagy söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine itergi beren sebäpleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginde öz ornuny pugtalandyrmak isleýän islendik döwletiň üstaşyr ulag geçelgelerine gyzyklanmalarynyň ýokarlanmagy tebigy ýagdaýdyr.  

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda ulag-aragatnaşyk pudagynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilmegi birnäçe sebäpler bilen delillendirilýär: birinjiden, syýasy taýdan özygtyýarly we ykdysady taýdan özbaşdak türkmen döwletiniň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň durmuşa geçirilmegi pudagyň çalt depginlerde ösdürilmeginiň baş şerti bolup durýar. Ikinjiden, munuň özi ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Çünki bu yklymlaryň döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň soňky döwürde işjeň häsiýete eýe bolmagy ýük dolanyşygynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň möçberleriniň artmagyna getirdi. Bu ýagdaý täze halkara ulag geçelgeleriniň gurulmagynyň zeruryýetini ýüze çykarýar. Ýurdumyza daşary ýurt maýadarlarynyň serişdelerini çekmek üçin döredilen amatly hukuk şertleri Türkmenistanda halkara ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagyny özüne çekiji edýän sebäpleriň ýene-de biridir. Watanymyzda höküm sürýän syýasy durnuklylygyň daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmekde ähmiýetli sebäpleriň biri bolup durýandygy-da aýratyn bellärliklidir.  

                                                                   

Häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan öňe sürlen milli bähbitleriň köp babatda ählumumy ösüşe degişli iri halkara taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitleýin ösüşi üpjün etmekde amatly şertleri döredýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisini gurmak boýunça alnyp barylýan işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň görkezijisidir.  

                                                                   

Makroykdysady görkezijileriň gowulanmagynda milli ykdysadyýetimize gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň ähmiýetiniň örän uludygy aýratyn bellärliklidir. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen uzak we orta möhletli maksatnamalarda ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň netijeli ugurlaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» senagat pudagyna hem-de hyzmatlar bazaryny ösdürmek üçin iri maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna köp möçberde maýa serişdeleriniň gönükdiriljekdigini aňlatmak bilen, ol orta möhletde ýurdumyzda importyň ornuny çalyşýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndüriljekdigine, ahyrky netijede, ykdysady kuwwatymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna esas döredýär.  

                                                                   

Baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde, hususan hem, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlady hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli, Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahaty guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Döwletimiziň daşary syýasatynyň bu täze filosofik ýörelgesi ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň hem binýatlaýyn ýörelgeleriniň hataryna girip, ol türkmen Bitaraplygynyň ykdysady jähetlerini baýlaşdyrýar.  

                                                                                                           

Baýram TAŇRYBERDIÝEW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory