Ba­ha ul­ga­my­nyň kä­mil nus­ga­sy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam hakyndaky alada hiç wagt ünsden düşürilmeýär. Halkyň ýaşaýyş derejesiniň, hal-ýagdaýynyň gün-günden gowulanmagy bolsa onuň aýdyň mysalydyr. Esasy Kanunymyzda hem: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýip bellenilýär. Hut şondan ugur alnyp, ýurdumyzda zähmetsöýer halkyň abadan ýaşamagyna, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilen döwlet syýasaty alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýän zamana öwrülýär.  

                                                                   

Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi bilen durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ykdysady syýasat diňe bir ýurdumyzyň ykdysady, önümçilik kuwwatyny artdyrman, eýsem durnukly baha ulgamyny üpjün etmeklige hem mümkinçilik berýär. Baha ulgamynyň esasy şahalarynyň biri bolan baha kesmek işi hem Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmeklige özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Baha kesmek işi Esasy Kanunymyzda, «Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, şeýle hem Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar. Baha kesmek işi ýurdumyzda baha ulgamynyň kämil nusga eýe bolmagyna, ussat hünärmenleri ýetişdirmäge, olaryň başarjaňlygyny kämilleşdirmäge we jemgyýetde ykdysady ilerlemeleri höweslendirmäge kuwwatly itergi berýär. Ýeri gelende bellesek, baha hojalygyň bazar mehanizmini dolandyrmagyň alamatlarynyň biri bolup, ykdysadyýetiň ösüşiniň kanunalaýyklygyny we haryt bazarynyň şertlerini şöhlelendirýär. Has takygy, baha ykdysady kategoriýa hökmünde her bir degişli kärhana üçin girdejiniň, peýdanyň we maliýe taýdan doly üpjünçiligiň göwrümini kesgitleýän möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Baha kesmek işi bolsa, bir zadyň (harydyň, hyzmatyň we ş.m.) bazar gymmadyny kesgitlemek boýunça garaşsyz ekspertleriň, baha kesijileriň hyzmatyny aňladýar. Baha kesmek işi milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna täsir etmek bilen, bu babatda işiň ýokary netijeli bolmagyny talap edýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda baha kesmegiň we baha bilen işlemegiň özboluşly aýratynlygy emele geldi. Ýurdumyzyň baha kesmek işi hakyndaky kanunçylygynyň çäklerinde baha kesmek işiniň obýektlerine görä gymmatyny kesgitlemek mazmuny boýunça düýpli tapawutlanýar. Dünýädäki çylşyrymly ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň häzirki zaman şertlerinde işewürligiň gymmatyny bahalandyrmak baha kesmek işi çygrynda döwrüň iň bir derwaýys görkezijileriniň biridir. Görkeziji kärhananyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, önümçilige zerur bolan karz serişdeleri çekmäge, ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmaga we beýleki birnäçe ykdysady amallara öz täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Her bir telekeçi, her bir ýolbaşçy üçin kärhananyň işine ýetirjek täsirini deslapky bahalandyrmak möhümdir. Çünki, ol ýa-da beýleki ýagdaýlarda, ylaýta-da, işewürligiň gymmadyny bahalandyrmakda ahyrky görkezijä oňyn täsir etjek çözgütler gözlenilýär. Bu bolsa häzirki zaman şertlerinde işewürligi esaslandyryjylar üçin iň bir derwaýys meseleleriň biridir.  

                                                                   

Hususan-da, işewürligiň gymmadyna baha kesmekde girdejili çemeleşme çaklama ýörelgesine esaslanýar. Baha kesmekligiň bu çemeleşmesi maýa goýum höweslendirmeler nukdaýnazaryndan has amatly hasaplanylýar. Çünki hereket edýän kärhana pul goýýan islendik maýadar ahyrky netijede işjeňleriň toplumyny däl-de, eýsem goýan serişdelerini ödemäge, peýda almaga we özüniň ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýän geljekki girdejileriň akymyny satyn alýar. 

                                                                   

Deňeşdirmeli çemeleşmesi bilen kärhananyň gymmakyna baha kesmek çalşyrma ýörelgesine esaslanýar. Baha kesilýän kärhananyň gymmakynyň ähtimallygyny bazarda bellige alnan birmeňzeş kärhananyň hakyky satuw bahasy bolup çykyş edýär. Harajatly çemeleşmesine esaslanyp, işewürligiň bazar gymmakyna baha kesmek usulyýeti, ykdysady şertleriň üýtgemegini we wagt ýagdaýyny hasaba almak bilen, esaslandyryjynyň kärhanany döretmek ýa-da satyn almak we işe girizmek bilen bagly bolan, erkin bazarda eýelik edilýän obýekti ýerlemek bilen hususy harajatlaryň öwezini dolup bilijilik ukybyna esaslanýar. Kärhanany döretmek ýa-da satyn almak we ony işe girizmek bilen bagly bolan harajatlara: esaslandyryş, guramaçylyk, meýilnamalaşdyryş we beýleki işleriň gymmaty, kärhananyň önümçilik serişdeleriniň satyn alyş gymmaty, şeýle hem intellektual eýeçiliginiň beýleki görnüşleriniň gymmaty, kärhananyň obýektleriniň gurluşygy üçin ýeriň (kärendäniň) gymmaty, kärhananyň maddy däl aktiwlerini goşmak bilen aktiwleriniň gymmaty we beýlekiler degişlidir. 

                                                                   

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde milli modeli ulanmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan ösüşlere goşant bolmak bilen, oňa oňyn täsir etmegiň netijeliligini artdyrar. Halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak bolsa hormatly Prezidentimiziň häzirki amala aşyrýan özgertmeleriniň baş maksadydyr. Özgertmeler strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ägirt uly işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Jennet ROZYÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň  talyby.