Habarlar
Bagtyýar durmuşyň kepili

Eziz Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, asuda durmuş we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolýar. Diýarymyz ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna girmek bilen, özüniň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. Bu gün senagat taýdan rowaç gadamlar bilen ösýän ýurdumyzda öndürilýän önümler diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarylýar. Şeýlelikde, ýurdumyz innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýje eýe bolan döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikler döredilip, täze iş orunlary açylýar. Bu bolsa türkmen telekeçileriniň döwletimiziň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýandygyny görkezip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigini subut edýär.  

                                                                   

Bu amatlyklar ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply azyk we senagat önümlerini öndürip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna uly goşant goşýan, ilatyň isleg bildirýän harytlarynyň aglaba böleginiň öz telekeçilerimiz tarapyndan öndürilmegine şert döredýär.  

                                                                   

Önüm öndürmek barada gürrüň edilende, tebigy baýlyklarymyzy gaýtadan işlemekde-de Türkmenistanyň ýeten sepgitleriniň ägirtligini belläp geçmek zerurdyr. Bu bolsa importyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek bilen, eksportyň kuwwatyny artdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. Muny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda birnäçe geleşikleriň hasaba alnandygyndan hem görmek bolýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümler üçin türkmen telekeçilerine ýokary baha berilmegi, olarda uly zähmet joşgunyny döredýär. Türkmen telekeçileri özleriniň ýokary netijeli işlemekleri, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ýadawsyz alada edilýändiginden ruhlanyp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy maksat edinýärler. Şeýle ruhubelentlik olara abraý getirýän belentlikleri ynam bilen eýelemäge ýardam berýär.   

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň gün-günden ýokarlanmagynyň sakasynda döwlet Baştutanymyzyň bu ulgama berýän ünsüniň ajaýyp netijeleri bardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýen sözleri bolsa, biziň bu aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ägirt uly işleri amala aşyrmak bilen, beýik başlangyçlary öňe sürüp, watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!   

                                                                                                           

Maýa RAHMANOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we   dolandyryş institutynyň uly   mugallymy.

07.04.2022
Berkararlyk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn işler geçirilýär. Ýurdumyzda täze önümçilikleri döretmekde, tebigy serişdelerimiziň baý goruny senagat taýdan özleşdirmekde we şunuň netijesinde täze iş orunlaryny döretmekde möhüm işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz asyrlara barabar ösüş ýoluny geçdi. Şu döwürde ýurdumyzyň obadyr şäherleri tanalmaz derejede özgerdi, täze döwrebap obalar, etraplar, şäherçeler, ýaşaýyş toplumlary kemala geldi. Geçen döwürde ýurdumyzyň dürli pudaklaryna degişli senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi. Diňe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 73-siniň ulanylmaga berlendigini ýatlamak hem milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşinden habar berýär. Şol desgalaryň ählisiniň iň häzirki zaman talaplara laýyk edilip, ýokary tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilmegi bu desgalarda dolandyryşy döwrebap usulda alyp barmaga we önümçiligi yzygiderli artdyrmaga şert döredýär.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, hususy ulgamlaryna, dokma senagatyna möhüm orun degişlidir. Bu ulgamlar diňe bir milli ösüşimiziň özeni bolmak bilen çäklenmän, eýsem, goňşy we alysdaky ýurtlaryň içerki ösüşlerine özüniň täsirini ýetirmek bilen, sebit döwletleriniň özara hyzmatdaşlygyna hem ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň bu ugurlaryna geljekde hem möhüm ähmiýet bermek Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulandyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän belent maksatly işlere maýa serişdelerini işjeň çekmekde halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hem uly orun berilýär. Häzirki wagtda halkara maliýe hyzmatdaşlarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurulýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «EXPO — 2020» bütindünýä sergisinde görkezilen milli gymmatlyklarymyz bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň geçen 30 ýylynda gazanan üstünlikleri, önümçilik kärhanalarymyzyň dürli görnüşli önümleri daşary ýurtly işewürlerde uly gyzyklanma döretdi. Şunuň ýaly halkara sergilere işjeň gatnaşmak daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşygy ösdürmäge ýardam berýär.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzy ähli babatda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak üçin öňde belent maksatlar goýuldy. Bu belent tutumlary durmuşa geçirmekde özümiziň gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, zähmet çekeris.  

                                                                   

 Goý, bizi aýdyň geljege ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Şöhrat BÄŞIMOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.

07.04.2022
Döwletlilik daragty

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl ýurdumyzda syýasy-diplomatik we durmuş-ykdysady ugurlar boýunça uly özgertmeler bilen başlandy. 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bellenilen şanly ýylda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere seljerme berildi. Ata Watanymyzy geljek 30 ýylda gülledip ösdürmek maksady bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Şeýle hem, bu taryhy mejlisde hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmek barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygyna tabşyryk beripdi. Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň, raýatlar toparlarynyň hödürlän dalaşgärleriniň arasynda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk we işjeňlik ýagdaýynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow umumy sesleriň 72.97 göterimini alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy. Mähriban halkymyzda «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýlen çuň manyly pähim bar.   Türkmen halky akylyna, iş başarjaňlygyna sarpa goýýan ogluna «ner ýigit» diýýändir. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 19-njy martynda «Türkmenistanyň Prezidenti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynda bellenen kadalara görä Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar.  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklary has-da kämilleşdiriler» diýmek bilen, hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen öňde durýan wezipeler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Öňde goýlan maksatlaryň arasynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini köpugurly ösdürmek barada aýdyň wezipeler kesgitlenildi.  

                                                                   

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri  Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýar. Şundan ugur alnanda, ýurdumyzy syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar barada ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde paýtagtymyz Aşgabat şäherine aýratyn ünsüň degişli bolmagy buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabarada döwlet Baştutanymyz «Men saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarymda paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, welaýatlarda täze, häzirki zaman obalarynydyr şäherçelerini gurmak barada jikme-jik aýtdym. Nesip bolsa, bu işleri geljekde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem dowam etdireris» diýmek bilen, paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini köpugurly ösdürmek babatda anyk wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz şahsy kämilligi, iş tejribesi we ylym-bilimi bilen ýaşlarymyza nusgalyk döwlet işgäri hökmünde Türkmenistanyň ýokary döwlet wezipesine dabaraly ýagdaýda girişdi. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşynyň uzak, işiniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimize  öňde goýan maksatlaryna ýetmek ugrunda üstünlikler ýar bolsun! 

                                                                                                           

Kerimguly GELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

07.04.2022
Oňyn özgertmeler, täze wezipeler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryny, şol sanda oba hojalygyny, agrosenagat toplumyny ösdürmäge hem aýratyn orun berilýär. Bu möhüm pudagyň durnukly ösüşi ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýyny kesgitleýän wezipeleriň birnäçesini çözmäge gönükdirilýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýän möhüm ykdysady-önümçilik ulgamy bolup durýan agrosenagat toplumy we onuň binýatlyk pudagy bolan oba hojalygy milli ykdysadyýetiň möhüm ugruny emele getiriji hökmünde çykyş edýär.  

                                                                   

Täze Milli maksatnama laýyklykda, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa döwrebap önümçilikleri döretmek, bu önümleriň eksportyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegi, seleksiýa we tohumçylyk işleriniň ‘ylmy esasda alnyp barylmagy esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Gowaçanyň, däneli, kösükli-däneli we gök-bakja ekinleriniň, şalynyň, ýeralmanyň, miweli baglaryň, beýleki ekinleriň ýokary hasylly, ir ýetişýän, kesellere durnukly, täze görnüşlerini döretmek we olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler hem giň gerimde alnyp barlar.  

                                                                   

Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw tygşytlaýjy gurallary önümçilige ornaşdyrmak işlerine geljekde-de uly üns gönükdiriler. Maldarçylyk pudagyna hem täze ylmy, tehnologik we dolandyryş boýunça gazanylan üstünlikleri ornaşdyrmak, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Oba hojalyk, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçileriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi dowam etdiriler. 

                                                                   

Obasenagat pudagynyň täze kuwwatlyklarynyň döredilmegi bilen, sebitlerde täze iş orunlary döredilýär. Täze milli maksatnamada bu toplumda senagatçylar gatlagynyň pugtalanmagyny goldamak, topluma gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny döretmäge döwlet tarapyndan goldaw bermek, toplumyň haryt öndürijilerini ýeňillikli şertlerde karz serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça wezipeler bellenilýär. Ýurtda oba hojalygyny düýpli ösdürmegiň, işjeň maýa goýum syýasatynyň çäklerinde uly möçberdäki serişdeleri oba hojalyk toplumynyň we azyk senagatynyň önümçilik düzümini tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirmegiň, şeýle hem döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, bu ugurda işleýän döwlet we hususy kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmegiň netijesinde geljekde hem uly üstünlikler gazanylar.  

                                                                   

Agrosenagat toplumyny ýokary depginler bilen ösdürmek we ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen hem baglydyr. Bu pudakda zähmet öndürijiligini düýpli ýokarlandyrmak ösen «adam maýasynyň» bolmagyny, adamlar üçin ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede döredilmegini talap edýär. Şu maksat bilen, Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagy üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Halkyň abadançylygyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleriniň derejesine çykarylan ýurdumyzda adam baradaky alada baş ugur hökmünde öňe çykarylýar.  

                                                                                                           

Jennet AGADŽAÝEWA,

                       

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

06.04.2022
Ykdysadyýetiň möhüm ugry

Dokma pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, önümçilik düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda täze desgalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň sarp edijileriň ýokary isleginden peýdalanmagyny üpjün etmek maksady bilen, bazar şertlerini, diňe bir häzirki zaman enjamlaryny däl, eýsem netijeli önümçiligi guramak usullaryny öz içine alýan tehnologik täzelikleri hasaba almak arkaly pudagyň hojalyk düzümini döwrebaplaşdyrmaga ulgamlaýyn çemeleşilýär.  

                                                                   

Geçen ýyl ýurdumyzyň dokma senagatynyň täze desgalarynyň — Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky önümçiligiň täze görnüşi ýola goýlan dokma toplumynyň hem-de Babadaýhan etrabyndaky iri dokma toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda bar bolan kuwwatlyklaryň üstüni ýetirdi.  

                                                                   

Ýokary hilli gymmatly matalaryň öndürilmegi ýurdumyzda dokma senagatynyň tikinçilik ugrunyň ösdürilmegine, içerki bazary öz ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harydyň ýerini tutýan owadan we ýokary hilli dokma önümleri bilen doldurylmagyna güýçli itergi berýär.Ýurdumyzda köýneklik, penjeklik we kamuflýaž, şeýle hem ranfors, kriton, pomazy ýaly matalaryň uly önümçiliginiň ýola goýulmagy dokma pudagynyň täze tehnologiýalara esaslanýan binýadynyň kemala gelendigini alamatlandyrýar.  

                                                                   

Dokma pudagyna täze tehnologiýalary, innowasiýalary yzygiderli ornaşdyrmak bilen, önümleriň hilini ýokarlandyrmak, olaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek barada hem uly alada edilýär. Ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwat, ähli halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli harytlary çykarmaga ugur alan, ekologiýa taýdan arassa güýçli tehnologik önümçilikler halkara bazarlarynda türkmen dokma önümleriniň ýokary abraýyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň iri kärhanalarynda ýüplükleriň we matalaryň dürli görnüşleri, şol sanda setin, ştapel, ýüpek, panbarhat, jinsi önümleri, dokma harytlary, öý üçin niýetlenen dürli dokma önümler öndürilýär. Ýorgan-düşek, hammam we aşhana toplumlary, tüýjümek matalar, şeýle hem dürli joraplar, lukmançylyk we kosmetiki pamyk serişdeleri sowgatlyk gaplarda hödürlenip, özleriniň bezeg we reňk sazlaşygynyň baýlygy bilen tapawutlanýar.  

                                                                   

Ýurdumyzda bar bolan dokma toplumlarynyň ýanynda hereket edýän tejribe bölümleriniň binýadynda çeperçilik we bezeg taýdan milli däplere döredijilikli üns bermek arkaly modellirlemegiň milli mekdebi üstünlikli ösdürilýär. Ýörite modalar öýleri hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň tejribe bölümleri tarapyndan işlenip taýýarlanýan lybaslar ýylyň-ýylyna täze toplumlar bilen baýlaşýar. Türkmen dizaýnerleriniň döredýän täze lybaslary milli egin-eşikleriň gadymky däpleri we döwrebap bezeg nusgalary bilen utgaşýar. Ýüpek matalary, dürli reňkdäki keteni matalary, inçe senet önümleri, öýmeler, panbarhat matalary, zenanlaryň milli lybaslary, nepis el keşdeler özboluşly owadanlygy bilen tapawutlanýar. Çagalaryň egin-eşikleri we ýüpekden, mahmaldan hem-de milli nagyşlar bilen bezelen keteniden tikilen owadan lybaslar, ajaýyp köýnekleriň toplumy uly islegden peýdalanýar.  

                                                                   

Dokma senagatyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmäge hem amatly şertleri döredýär. Ýylyň-ýylyna pagtanyň bol hasylynyň ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, dokma pudagynyň has-da ösmegine gönüden-göni täsir edýär.  

                                                                                                           

Ogulşirin AKYÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

06.04.2022
Abadan durmuşyň maksatnamasy

Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty döwletimiziň okgunly ösüşini esaslandyrýan ynsanperwer ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 25-nji martyndaky sanly ulgam arkaly mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy işiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga, türkmenistanlylaryň abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilen strategik döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmek boýunça işleriň ýaýbaňlandyrylmagynyň uly ähmiýeti bardyr. 

                                                                   

Ykdysady ösüşiň täze hil derejesini gazanmakda, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çözgütleri gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirmekde, innowasiýalary goldamakda we olary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmakda täze maksatnama möhüm orun degişlidir. Bu resminamanyň esasy maksatlaryna laýyklykda, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlary hasaba alyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de durnukly ösüşini üpjün etmegiň täze modelini emele getirmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ykdysady-azyk howpsuzlygy üpjün ediler, döwlet maýa goýumlar syýasatynyň netijeliligi ýokarlanar, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny industrial we innowasion ösdürmegiň esasy strategik ugurlary kesgitlener. Bäsdeşlige ukyply ösen ykdysadyýet kemala getiriler, ony sanlylaşdyrmagyň ugurlary kesgitlener. Döwletiň hukuk we institusional düzümi özgerer. Ýurdumyzyň durmuş ulgamy öser. Işewürlikdir kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Bu işler gerimi hem-de ähmiýeti babatda maksatnamalaýyn strategiýa hökmünde halkymyzyň durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Täze maksatnamada bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hem-de olary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry amala aşyrmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda goňşy we beýleki ýurtlar bilen netijeli hem-de ygtybarly, utgaşdyrylan syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegine, dostlukly ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşygy täze sepgitlere çykarmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda özara söwdanyň görnüşlerini giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wezipeleri durýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri artdyrmak, elektron senagatynyň önümlerini çykarýan kärhanalary döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ugurdaş düzümler bilen bilelikde telekeçiligi ösdürmek, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmek babatda utgaşykly işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Eksport ugurly önüm öndürýän kärhanalary goldamak, şol sanda söwdany hem-de daşary ykdysady işi höweslendirmegiň häzirki zaman serişdelerini peýdalanmagy giňeltmek arkaly olary goşmaça maliýe taýdan ösdürmek gaýragoýulmasyz işleriň hatarynda görkezilýär. 

                                                                   

Sebit we dünýä möçberinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, hususy ulgamyň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça maksatlaýyn, iri, düzümleýin işler durmuşa geçirilýär. Maliýe-bank, býujet-salgyt hem-de pul-karz ulgamlary kämilleşdirilýär. Şunda çeýe makroykdysady syýasatyň geçirilmegine, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleriň netijeli çözülmegine, bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň, amatly işjeňlik gurşawynyň döredilmegine, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de iň oňat dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, öňdebaryjy, halkara maliýe düzümleri, şol sanda Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Halkara bilermenleriň pikirine görä, häzirki döwürde Türkmenistanda düýpli maýa goýum kuwwaty bolan netijeli ykdysady ulgam hereket edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oňyn meýilleriniň durnuklylygy barada Halkara pul gaznasynda, Bütindünýä bankynda we beýleki abraýly halkara guramalarda, maliýe düzümlerinde bellenilýär. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň we beýleki makroykdysady görkezijileriň ýokary derejede saklanýandygy muňa esas bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar we dürli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklara we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwlete dahylsyz bölegiň bank edaralary tarapyndan maliýeleşdirilmegi, hususy kärhanalaryň sanynyň ep-esli artmagy täze iş orunlarynyň döredilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy. 

                                                                   

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek, halka edilýän hyzmaty ýeňilleşdirmek maksady bilen ony durmuş taýdan goramak hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek, döwrüň talabyna laýyklykda, hyzmatyň görnüşlerini kämilleşdirmek we artdyrmak, ýerli elektron söwdany kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak we beýleki wezipeler bellenilendir. Olaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär. Häzirki döwürde esasy ulgamlaryň ählisine öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, sanly hyzmatyň görnüşleri giňeldilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Türkmenistanda ilatyň durmuş goraglylygynyň ulgamy döredildi. Ol umumy dünýä meýillerini göz öňünde tutýar we şol bir wagtyň özünde ýurduň özboluşlylygyny, onuň taryhy, demografik we durmuş aýratynlyklaryny beýan edýär. 

                                                                   

Pensiýalar, pensiýalara goşulýan goşmaça tölegler, döwlet kömek pullary, birwagtlaýyn pul kömegi durmuş üpjünçilik ulgamynda möhüm ähmiýetli institutlar bolup durýar.  

                                                                   

Döwlet pensiýa üpjünçiligini we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny maliýe taýdan dolandyrmak, raýatlara pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemegi kämilleşdirmek, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işini öňdebaryjy halkara derejesinde guramak Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň esasy maksady bolup durýar. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edaralary öz işini ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudak edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen özara baglanyşykly amala aşyrýarlar. 

                                                                   

Ýokarda getirilen maglumatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edilen adamyň, ony goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň durandygyny, bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyryndaky şertlerde ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini görkezýär. 

                                                                   

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi, jemagat hojalygy ulgamlaryny özgertmäge gönükdirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, nyrh syýasatyny oýlanyşykly amala aşyrmagyň, şahsy başlangyçlary goldamagyň, goşmaça durmuş ýeňilliklerini bermegiň hasabyna ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. 

                                                                   

Mähriban halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

05.04.2022
Belent maksatlar rowaçlanýar

 Eziz Diýarymyzyň ösüş ýoly barha rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri jemgyýetiň işjeň, döredijilik güýjüniň kuwwatlanýan, ruhunyň belende göterilýän we ýurduň hemmetaraplaýyn ösýän döwrüdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça tutumly işleriniň aýdyň netijeleri halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün edilýär.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, durmuş täze wezipeleri öňde goýýar. Pudaklary depginli ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň düzüminde hususy ulgamyň paýyny artdyrmak, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça köptaraplaýyn işler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» maksady milletiň iňňän baý taryhy tejribesine we ruhy-medeni däp-dessurlaryna daýanmak bilen, ýurduň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmakdan, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmakdan ybaratdyr. Bu işde halkymyzyň agzybirligi, jebisligi ilkinji zerurlyk bolup durýar we ol üpjün edilýär. 

                                                                   

 Eziz Watanymyzyň döwrüň ruhuna, jemgyýetiň talaplaryna, ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň wezipelerine laýyk gelýän häkimiýet dolandyryş edaralary netijeli işleýärler. Häzirki döwürde ähli işler ylmy esasda alnyp barylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Abadançylyk, parahatçylyk ösüş özgerişliklere eýe edýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleri iliň abadançylygy, ýurduň parahatçylygy, döwletiň berkararlygy bilen berk baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Bu günki gün dabarasy dag aşýan ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletiň hem jemgyýetiň durmuşyna degişli her bir ugurda ösüş gazanmak bilen, amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler barha rowaç alýar. Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizde ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan beýik üstünlikler halkymyzyň kuwwatly güýje eýedigine güwä geçýär. Berkarar döwletde ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak bagtdyr. 

                                                                                                           

Oguljahan ŞAJANOWA,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

04.04.2022
Täze maksatnama: anyk maksatlar we wezipeler

Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ata Watanymyzy geljek 30 ýylda ösdürmek meselelerine garalyp, örän möhüm resminamalara gol çekildi. Onda uzak möhletleýin resminama — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Hususan-da, bu maksatnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň anyk ugurlaryny we täze wezipeleriň ençemesini öz içine alýar. 

                                                                   

Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hyzmat etjek täze maksatnama geljek 30 ýylda ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge ýardam berer. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr» diýip aýratyn nygtaýar. Şu jähetden, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 25-nji martynda geçirilen Hökümet mejlisinde agzalan resminamanyň durmuşa geçirilişiniň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyna üns çekildi. Mejlisde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlary agzybirlikde üstünlikli amala aşyrmak babatda täze wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

Bu Hökümet mejlisinde kesgitlenen wezipeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny we mümkinçiliklerini artdyrmakdan, senagat pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, täze önümçilikleri ýola goýmakdan, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipeleriň hatarynda häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýup, elektron senagatyny döretmegi dowam etmek, elektron we kompýuter önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek hem-de artdyrmak, dokma senagatynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak hem bar. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberiniň has-da artmagyna, ata Watanymyzyň dünýä giňişliginde durmuş-ykdysady taýdan we ählitaraplaýyn ösen, ýokary kuwwaty bolan senagat döwleti hökmünde ykrar edilmegine doly mümkinçilik berer. 

                                                                                                           

Aýjeren DURDYGYLYJOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

02.04.2022
Türkmen ýody

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede ösdürmekde ylmy açyşlara, täze tehnologiýalara döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Olaryň önümçilige, gündelik durmuşymyza ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Milli ykdysadyýetiň binýatlyk sütünleriniň hatarynda durýan nebitdir gazdan başga-da, Hak nazary düşen mukaddes topragymyzyň goýnunda, nebitdakylyň, bromuň, sulfatyň, kükürdiň, kaliý, natriý ýaly duzlaryň, gazylyp alynýan başga-da ençeme baýlyklaryň gorlarynyň ýeterlik derejede bolmagy ata Watanymyzy juda gysga wagtda dünýäde himiýa senagatynyň depginli ösýän künjekleriniň birine öwürdi. Bu buýsançly hakykat gymmatly önüm bolan ýod önümçiligi babatda-da şeýledir. Dünýä bazarlarynda köp isleg bildirilýän bu önüm Balkan welaýatynda taýýarlanylýar. Aslynda, nebitiň ägirt uly geljeginiň bir bölegi gönüden-göni himiýa pudagyna degişlidir. Himiýa senagatyna degişli çig mallaryň gymmatly görnüşleriniň Zeminde iň köp toplanan ýerleriniň biri hökmünde Garabogaz aýlagyny görkezmek bolar. Bu aýlag mineral serişdeleriň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Aýlagdaky duz erginleri we duz çökündileri, şor suwlar, natriý sulfaty, kaliý, magniý, brom, bor, litiý, rubidiý, stronsiý, ýod we beýleki minerallaryň ätiýaçlyklarynyň ygtybarly çeşmesidir. 

                                                                   

Ýokary derejede minerallaşan ýerasty ýod-bromly suwlar gymmatly gidromineral çig mallaryň hatarynda durýar. Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyz döwletimiz sebitde ilkinji, tutuş dünýäde dördünji bolup öz ilatyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdur. Bu mukaddes önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur çig malyň öz Diýarymyzdan alynýandygy has-da guwandyryjydyr.  

                                                                   

Dünýä bazarlarynda islegli harydyň çig mal kuwwatlylygy, ilkinji nobatda, Hazar deňziniň deňsiz-taýsyz suwy bilen baglanyşyklydyr. Geljekde bu uly mümkinçilikden has netijeli peýdalanyljakdygy-da hakykatdyr. Häzirki wagtda welaýatda ýod önümçiligi boýunça üç kärhana hereket edýär. Olar — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň ýod zawodydyr. Bu kärhanalarda öndürilýän ýoduň agramly bölegi dünýä bazarlaryna eksport edilip, önüm hemişe ýokary islegden peýdalanýar.  

 Eýsem, gürrüňini edýän ýodumyzyň aňyrsy näme?! Ol Mendeleýewiň periodik tablisasynyň VII toparyndaky himiki element, galogenleriň biridir. Ýody 1811-nji ýylda fransuz himigi Bernar Kurtua açýar. Ol deňiz suwotularynyň külüniň esasy şor erginini konsentrirlenen kükürt kislotasy bilen gyzdyranda, gara reňkli, ýylpyldaýan plastinkajyklar şekilli kristal görnüşdäki melewşe («ýod» — «melewşe» sözünden gelip çykýar) buguň bölünip çykýandygyny görýär. Biosferada, aýratyn-da, deňizde ýaşaýan bedenjikleriň ýod toplaýandygy-da mälimdir. Şunda ýoduň esasy rezerwuary hem dünýä ummany hasaplanýar (bir litrinde orta hasap bilen 5 — 105 gr). Juda seýrekdigine garamazdan, ýod tebigatda giňden ýaýran himiki elementdir. Onuň ätiýaçlyk gorunyň agramly böleginiň Çili we Ýaponiýa döwletleriniň kenarýaka suwlaryna degişlidigi aýdylýar. Maglumatlara görä, Çilide tehniki ýoduň her ýylda öndürilýän möçberi 720 tonnadan geçýär. Şu ýerde başga bir maglumata üns bereliň. Geçen ýyl ýurdumyz boýunça öndürilen tehniki ýoduň möçberi 745,7 tonna deň boldy. Şonuň 170 tonna golaýy «Balkanabat» ýod zawodyna, 239 tonnadan gowragy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetine, 338 tonna golaýy «Bereket» ýod zawodyna degişlidir. Dünýä kartasyna nazar aýlanyňda, taýýar tehniki ýody dünýä bazarlaryna çykarmakda Türkmenistanyň geografik taýdan has amatly künjekde ýerleşýändigine göz ýetirmek kyn däldir. Şu ýylyň geçen iki aýynda welaýat boýunça gymmatly önümiň 121 tonna barabarynyň taýýarlanyp, önümçiligiň ösüş depgininiň 107 göterime golaý ýokarlandyrylmagy bu ugurda bitirilýän işleriň dowamat tapýandygyndan habar berýär. 

                                                                   

Tebigatdaky ýod birleşmeleriniň bir bölegi ýerasty suwlara geçýär. Ony almak üçin peýdalanylýan ýodly-bromly suwlara günbatar Türkmenistan örän baýdyr. Balkan eteginiň ýerasty suwlarynda 25 — 45 mg/l, Gumdagyň ýerasty suwunda 40 — 50 mg/l, Çelekeniň, Monjuklynyň, Gyzylgumuň, Boýadagyň ýerasty suwlarynda 25 — 33 mg/l ýoduň bardygy anyklandy. Ol suwlaryň ählisi-de tehniki ýody senagat möçberinde almak üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ýodly-bromly suwlar nebit känleri üçin aýratyn häsiýetlidir. Şeýle suwlaryň käbiriniň bir litrinde 100 mg-dan gowrak ýod bolýar. 

 Ýod ynsan bedenine zerur mikroelementleriň biridir. Onuň ýetmezçiligi adamda galkan görnüşli mäziň kesellemegine getirýär. Adamyň we haýwanlaryň bedeniniň gije-gündiziň dowamynda ýoda talaby olaryň agramynyň 1 kilogramyna 3 mkg çemesidir. Iýmitde we suwda ýod ýetmezçilik edende, 1 tonna duza 10 — 25 gr ýodly kaliý goşulyp ulanylýar. Düzüminde ýod bolan dökünleri ulanmak oba hojalyk ekinlerinde hasyllylygyň mukdaryny artdyrýar.  

                                                                   

Gymmatly çig maly gaýtadan işläp, harytlyk görnüşe getirmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iň häzirki zaman tehnologiýalary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylyp gurlan «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Bereket» ýod zawody bu gün tutuş sebitde giňden tanalýan kärhanalaryň biri bolup durýar. Onuň ýyllyk kuwwatlylygy ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada taýýarlanýan ekologik taýdan arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýol işlerinde juda amatlylygy bilen tapawutlanýar. Bir gezek ulanylýan ýod taýajyklarynyň we galamlarynyň lukmançylykda zerur halatlary köpdür.  

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan hususy kärhanalar hem ýurdumyzda tehniki ýoduň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Çalja» meýdançasynda gurlup işe girizilen ýod zawody muňa aýdyň mysaldyr. Kärhanada taýýarlanýan tehniki ýoduň ähli möçberi ýörite himiki serişde bilen arassalanyp, dünýä ülňülerine laýyk getirilýär. Bilşimiz ýaly, ekologiýa babatda juda arassalygy bilen tapawutlanýan türkmen tehniki ýody senagat pudagynda reňkli metal, sintetik kauçuk, reňk, lak, kombinirlenen iým, däri-derman taýýarlananda juda zerur bolup durýan önümdir.  

  Türkmen ýodunyň önümçiliginiň ýola goýluşynyň taryhyna gysgaça nazar aýlalyň. Balkanabadyň ýod zawody 1969-njy ýylda önüm berip ugraýar. Eýýäm 1975-nji ýylyň sentýabrynda bu ýerde öndürilýän tehniki ýod SSSR Döwlet standartynyň hil belgisine mynasyp bolýar. Ýeri gelende aýtsak, öňki Soýuzda öndürilýän ýoduň tas deň ýarysyna barabary bizde taýýarlanypdyr. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde täze enjamlar bilen döwrebaplaşdyrylan kärhana gysga döwrüň dowamynda ýoduň «A» we «B» kysymlarynyň hilini gowulandyrmagy başardy. Ýoduň has gymmatly görnüşi bolan «Ç» kysymy köp möçberde öndürilip başlandy. Ol lukmançylyk ýoduny taýýarlamakda giňden ulanylýar. 1994-nji ýylyň awgust aýyndan arassa tehniki ýody almak ýola goýuldy. Kärhana ýokary hilli önümi üçin 1998-nji ýylda «Platin ýyldyzy» atly halkara baýragyň eýesi boldy. 2000-nji ýylda bu önümçilige Madridde «Hil üçin» diýen halkara baýrak gowşuryldy. Häzirki wagtda öndürilýän «A» kysymly tehniki ýoduň 99 göterimi, «Ç» kysymly ýoduň 98,5 göterimi arassa hasaplanýar. 1998-nji ýylda gurlan Boýadag ýod zawody 2002-nji ýylda Balkanabat ýod kärhanasyna birleşdirilýär.  

                                                                   

Hazar himiýa zawody ýod we brom işläp çykarýan kärhanalaryň ýene biri bolup, ol 1932-nji ýylda Çeleken ýarym adasynda gurulýar. Nebit bilen birlikde çykarylýan suwlaryň 1 litrinde bromuň 400 — 500 mg-a, ýoduň 25 — 30 mg-a çenlisiniň bardygy anyklanýar. Kärhana ýokary hilli önümleri üçin Meksikanyň bazar gatnaşyklary boýunça «Göwher ýyldyzy» baýragy bilen sylaglanýar. 2020-nji ýylda «Balkanabat» ýod zawodyna birleşdirilýär. Öz işine ussat hünärmenleriň 730-a golaýynyň tutanýerli zähmet çekýän kärhanasy bolan «Balkanabat» ýod zawody Uzboý şäherçesiniň töwereklerinde ýodly-bromly guýularyň 52-sini, Hazar şäheriniň töwereginde şeýle guýularyň 260-syny bu gymmatly çig maly almak üçin peýdalanýar.  

                                                                   

Hawa, şöhratly taryha eýe türkmen ýodunyň juda uzaklary nazarlaýan geljegi bar. Ýakyn ýyllarda Balkanda ýod, brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Welaýaty 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylda tehniki ýoduň Türkmenistanda öndürilýän möçberi 1 müň 30 tonna ýeter. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynda kaustik sodanyň, hloruň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak hem göz öňünde tutulýar. Kärhananyň önümhanalarynyň durkuny täzelemek, täze kiçi zawodlary gurmak işleri-de yzygiderli alnyp barylýar. Ýakyn geljekde her biriniň ýyllyk kuwwatlylygy 60 tonna barabar tehniki ýody öndürmäge niýetlenen iki sany kiçi zawod gurlar. Olaryň işe girizilmegi bilen, senagatyň dürli ugurlarynda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän türkmen ýodunyň öndürilişi, daşarky bazarlara eksporty has-da artar.  

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.

02.04.2022
Bank işi: geljege gönükdirilen özgertmeler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň täze düzümini düzmek bilen bagly hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we çözgütler kabul edildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. 

                                                                   

Hökümeti düzmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryny wezipä bellemekden başlamak bilen, hormatly Prezidentimiz ulgamyň öňünde durýan örän wajyp wezipeleri kesgitledi. Olaryň arasynda aýratyn orun bank ulgamyna degişlidir. Ulgamyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň ýerine ýetirýän amallarynyň baýlaşdyrylmagy, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň sanynyň artmagy, hiliniň ýokarlandyrylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, kärhanalaryň maliýe-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmäge ähli amatlyklary döreder. 

                                                                   

Ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, banklaryň esaslyk maýa goýum gorlaryny artdyrmak bilen baglydyr. Diňe berk binýatly serişde gorlary bolan banklar müşderileriň bu babatda amallaryna we hyzmatlaryna ösen islegini gysga wagtda, az harajat bilen, ýokary hilli ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Şondan ugur alyp, ýurdumyzyň banklary özüniň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn işleri geçirýärler. Ilatyň we edara-kärhanalaryň banklara ynamyny ýokarlandyrmak, wagtlaýynça ulanylmaýan pul serişdelerini goýuma çekmegi höweslendirmek, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna we telekeçilere uzak möhletli, uly möçberli ýeňillikli karzlary bermek, töleg-hasaplaşyk işlerini yzygiderli kämilleşdirmek, sanly ulgama geçmek, halkara maliýe guramalary bilen köpugurly, işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmak ýaly wezipeler kesgitlendi. Olaryň üstünlikli çözülmegi ulgamyň işini düýbünden täze derejä çykarar we banklaryň serişde binýadyny berkider. Şeýlelikde, bank ulgamy diňe bir ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylmagyna hem saldamly goşant goşar. Munuň özi bank işiniň we ösüşiniň önümçilik, dolanyşyk we sarp ediş bilen berk baglanyşyklydygyny aňladýar. Banklar öz iş tejribesinde hojalyk işini kadalaşdyrmagyň umumy mehanizmine girmek bilen, býujet, salgyt, nyrh emele getirmek ulgamlary, şeýle hem nyrh we girdejiler syýasaty, daşary ykdysady gatnaşyklaryň şertleri bilen özara baglanyşykly hereket edýärler.  

                                                                   

Bankyň ösüşini kesgitleýän we işini kämilleşdirýän esasy şertleriň biri sagdyn bankara bäsdeşlikdir. Bu ýagdaýda banklar müşderi ugrunda göreşmäge, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, tölegini azaltmaga, hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, bazara täze bank önümlerini hödürlemäge höwesli bolýar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň banklary halkara maliýe edaralarynyň we ösen döwletleriň banklarynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge aýratyn üns berýärler. Milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutup, öz iş tejribelerini giňeldýärler. Şeýle oňyn çözgütleriň kabul edilmegi ulgamyň işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ulgamyň işini kadalaşdyrmak maksady bilen, soňky ýyllarda banklary dolandyrmagyň hukuk eýeçilik görnüşi üýtgedilip, olar döwlet eýeçiliginden paýdarlar jemgyýetine tapgyrlaýyn geçirilýär. Şeýlelikde, banklaryň serişde binýady berkäp, hukugy we mümkinçiligi giňeýär. Ahyrky netijede, jogapkärçilik ýokarlanýar. 

                                                                   

Bank işiniň durnuklylygy köp babatda olaryň ýerine ýetirýän amallarynyň we hyzmatlarynyň töwekgelçilik derejesini peseltmek bilen baglydyr. Şeýle ýagdaýda banklar üçin amatly şert döreýär. Düşewüntlilige mümkinçilik artýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz banklaryň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydygyny aýratyn nygtaýar. Hakykatdan hem ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan milli we sebit maýa goýum taslamalaryna banklaryň gatnaşmagy olaryň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagyna ähli amatlyklary döreder. Şeýlelikde, maýa goýum taslamalarynyň netijeliligi ýokarlanar, özüni ödeýän möhleti gysgalar. Ýurduň eksport mümkinçiligi artar, ykdysady kuwwaty berkär. Ilatyň iş üpjünçiligi we ýaşaýyş-durmuş şertleri has gowulanar. 

                                                                                                           

Baýramdurdy TAÝHAROW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.

02.04.2022
Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhüm ugrudyr

Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. 

                                                                   

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli dabaradaky çykyşynda ösüşiň täze döwründe öz öňümizde has belent maksatlary goýandygymyzy belläp, biziň esasy maksadymyzyň mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady. 

                                                                   

Şeýle hem nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi bellenildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar. 

                                                                   

Nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemekde ýöriteleşdirilen döwrebap toplumlaryň gurulmagy, “Barsagelmez”, “Goturdepe”, “Demirgazyk Goturdepe”, “Nebitdag”, “Altyguýy”, “Uzynada”, “Günorta Uzynada”, “Keýmir”, “Akpatlawuk” ýaly täze geljegi uly känleriň, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň we “Galkynyş” käniniň sanly tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryňdyr programma üpjünçiliginiň ulanylmagynyň hasabyna senagat taýdan özleşdirilmegi bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer. 

                                                                   

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak, strategik taýdan möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäklerinde täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalary, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary we gaz gysyjy desgalary, her welaýatda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinil hlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürmek boýunça kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda önümçiligiň ekologik ýagdaýyna aýratyn üns berler. 

                                                                   

Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň belli ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlarynyň 3D modelirlemeginiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, nebitgaz ýataklarynda ulanylýan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, buraw işlerini güýçlendirmek, täze, ýokary netijeli we ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, nou-haulara esaslanýan önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şunda çig maly çykarmakdan, gaýtadan işlemekden, önüm öndürmäge we bäsdeşlige ukyply ýokary goşmaça bahaly önümi ýerlemäge çenli doly zynjyr dörediler. 

                                                                   

Daşary ýurt maýa goýumlaryny we öňdäki wezipeleri çözmek üçin tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek ýangyç-energetika ulgamynda döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp barmak üçin ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. 

                                                                   

Ata Watanymyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginiň hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeläp, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir. 

                                                                   

Türkmenistan dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Şolaryň hatarynda Hytaýyň kompaniýalary, hususan-da, dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” känini özleşdirmäge, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäginde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda gözleg işlerini geçirmäge, “Malaý” käninde kuwwatly gaz gysyjy bekedi işe girizmäge işjeň gatnaşýan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) hem bar. 

                                                                   

Bular barada aýtmak bilen, Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenar ýakasynda Önümi paýlaşmak barada ylalaşygyň esasynda eýýäm köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işläp gelýän “Dragon Oil” (BAE), “Petronas” (Malaýziýa), “Eni” (Italiýa) ýaly meşhur kompaniýalary belläp geçmek gerek. Mundan başga-da, Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda uglewodorod serişdelerini çykarmak we özleşdirmek işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmagyň ýokary derejesi köp halatda ýataklary işläp taýýarlamagyň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Goturdepe” ýatagyndaky gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak we guýulary düýpli abatlamak boýunça elin hyzmatlary bermek barada Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek. 

                                                                   

Şeýle hem “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň konseptual strategiýasy” atly tehniki-ykdysady esaslandyrmanyň işläp taýýarlanylmagynyň mümkinçiliklerini agzap geçmek ýerlikli bolar. Onuň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynyň zawodlaryny ösdürmegiň anyk ugurlaryny, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän gymmat bahaly nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň maksadalaýyklygyny kesgitlemek, şeýle hem daşary ýurt bazarlarynda nebit we nebithimiýa önümlerine bolan islegden we bar bolan serişde mümkinçiliklerinden ugur alnyp hereket edýän tehnologik desgalary döwrebaplaşdyrmagyň we täze desgalary gurmagyň mümkinçiliklerini hem-de ugurlaryny öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ekologik taýdan arassa önümçiligi döretmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutular. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebitgazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň, şeýle hem gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçiliklerini ýola goýmak möhüm bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda Gün we ýel energiýasyny peýdalanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligi mundan beýläk-de ösdüriler, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna maýa goýumlaryň mukdary artdyrylar. 

                                                                   

Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary paýlaşmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek üçin ýurdumyza täze enjamlary getirmek maksady bilen, maýadarlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak geljekki işleriň ileri tutulýan ugurlary bolar. 

                                                                   

Türkmenistan dünýäniň esasy energetika döwletiniň biri hökmünde Milletler Bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine çekmek bilen, mundan beýläk-de maksada gönükdirilen halkara işini dowam etmegi maksat edinýär. 

                                                                   

Umuman, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi hem-de nebitgaz senagatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga we halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berer. 

                                                                                                           

(TDH)

02.04.2022
Durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik maksatnamasy

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurduň täze döwür üçin uzak möhletlik ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy. Bu maksatnamada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň döwletimiziň doly syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýändigi nygtalýar. Şunda durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň ýurdumyzda kemala gelen we özgerýän milli nusgasynyň baş maksadynyň hojalyk gatnaşyklarynyň erkinligine, peýdaly bäsdeşlige şert döretmekden, innowasion esasda we tebigy serişdeleri aýamak bilen, jemgyýetiň ösýän maddy, ruhy isleglerini kanagatlandyrmakdan, senagat önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny pudaklaýyn, sebitleýin we üznüksiz hem-de deň ölçegli ösdürmekden ybarat bolup durýandygy bellenilýär. Maksatnamanyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň bütin mazmuny şu baş maksatdan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň, hojalyk meseleleriniň durmuş we ekologik meseleler bilen utgaşykly çözülmeginiň zerurlygy ykdysady ulgamyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde hem möhüm wezipeleri öňde goýýar. Ol wezipeler täze strategik maksatnamada jikme-jik beýan edilýär. Bu wezipelerden gelip çykýan möhüm ykdysady çäreleriň hataryna, ozaly bilen, şular degişli bolup durýar:  

                                                                   

 — ozaldan işläp gelýän senagat kärhanalarynyň durkuny täzeläp, olary doly önümçilik kuwwatyna çykarmak; 

                                                                   

— harytlaryň we hyzmatlaryň ýerleşdirilişini artdyrmak üçin ýurduň içerki bazarynyň sygymyny giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek; 

                                                                   

 — eýeçiligi hususylaşdyrmagyň barşynda durmuş-ykdysady durnuklylygyň kepili hökmünde orta synpyň emele gelmegini gazanmak; 

                                                                   

 — zähmetiň kadalaşdyrylyşyny we hakynyň tarifleşdirilişini kämilleşdirmek işini çaltlandyrmak; 

                                                                   

 — ýurduň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini önümçiligi rejeli ýerleşdirmek arkaly dowam etdirmek; 

                                                                   

— milli ykdysadyýetiň dolandyrylyşyny onuň durmuşa gönükdirilen bazar nusgasyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak üçin durmuş-ykdysady ösüşi seljermegiň we çaklamagyň usulyny kämilleşdirmek.  

                                                                   

Şonuň ýaly-da, orta möhletli geljekde ýerden we suwaryş suwundan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny we mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, ekerançylykda suwaryşyň suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak we ony ykdysady taýdan höweslendirmek, keseligine we dikligine önümçilik bileleşmesini ösdürmek üçin oba hojalyk kärhanalaryny we daýhan hojalyklaryny institusional taýdan pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine hususy kärhanalaryň indikatiw meýilnamalaşdyryş esasynda çekilmegini guramaçylykly ýola goýmagyň kämil mehanizmini döretmek, ykdysadyýetiň institusional düzümini ösen bazar gatnaşyklaryna laýyklykda kämilleşdirmek üçin telekeçilik işi bilen meşgullanýan iri fiziki taraplaryň kärhanalara öwrülmegini ýola goýmak, ykdysady maksadalaýyklyga görä, milli ykdysadyýetiň düzüm emele getiriji pudaklaryndan başga pudaklarynda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalaryň, şol sanda hususy kärhanalaryň hem döredilmegini giňeltmek, ýurtdaky haryt öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin ykdysady monopolizmi düzgünleşdiriş çärelerini yzygiderli kämilleşdirmek ýaly ugurlar bilen utgaşykly durmuşa geçirilmegi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam eder. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynda ylmyň aýry-aýry ileri tutulýan ugurlary boýunça degişli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen düýpli we amaly ylmy-barlag işleriniň guralyşyny utgaşdyrmak babatdaky işler hem bellenendir. Olaryň hatarynda, hususan-da, şu çäreleri aýratyn bellemek mümkin: 

                                                                   

— ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak; 

                                                                   

— milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, edara-kärhanalarynyň serişdelerini ýurdumyzy ylmy-innowasion esasda sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak işine gönükdirmäge gatnaşmak; 

                                                                   

— Türkmenistanyň geologiýa-tektoniki şertleri üçin seýsmiki howpa hem-de seýsmiki töwekgelçilige baha bermegiň täze usullaryny işläp taýýarlamak; 

                                                                   

— türkmen halkynyň taryhy, medeni we edebi mirasynyň öwrenilmegini dowam etdirmek hem-de ony häzirki we geljekki nesillere has giňişleýin elýeterli etmek. 

                                                                   

Milli ylym ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglylykda, ylmy-guramaçylyk işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şonda düýpli we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşykly ösmegine ýardam bermek, akademiki, pudaklaýyn we ýokary okuw mekdeplerindäki ylmy barlaglaryň häzirki zaman bitewi usulyýet binýadyny kemala getirmek hem-de kämilleşdirmek üçin ylmyň aýry-aýry iri ugurlary boýunça ylmy temalary ýerine ýetirijileriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejesine dalaşgärleriň gatnaşmagynda ylmy-usulyýet okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň hemişelik esasda ýola goýulmagy, şonuň ýaly-da dünýä ylmynyň ösüş meýillerini hem-de milli ylmyň öňünde durýan özboluşly aýratynlyklary nazara almak bilen, tejribeli alymlar tarapyndan ylmyň pudaklary boýunça ylmy-usulyýet gollanmalarynyň taýýarlanmagy hem-de neşir edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.  

                                                                   

Durmuş-ykdysady ösüşiň derwaýys meselelerini öwrenýän ykdysadyýet ylmy barada aýdylanda, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady çaklaýşyň orny ýokarlanýar. Mälim bolşy ýaly, çaklaýyş durmuş-ykdysady ösüşi meýilnamalaşdyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ylmy çaklaýşyň we strategik meýilnamalaşdyryşyň özara baglanyşygy durmuş-ykdysady ösüşiň geljegi boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan hasaplamalary çözgüt kabul ediji edaralaryň hajatlaryna gönükdirmek arkaly üpjün edilýär. Şunda ýurduň ykdysady ulgamyny dolandyrýan döwlet edaralarynyň hem-de ykdysady ylmyň wekilleriniň tagallalarynyň birikdirilmegi täze döwrüň talaby bolup durýar. 

                                                                   

Şeýlelikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin kabul edilen Milli maksatnamasy ýurduň şu döwürde durnukly ösmeginiň ýoluny kesgitledi. Bellenen çäreler agzybir türkmen jemgyýetiniň tagallalaryny aýdyň maksatlarda birleşdirýär. 

                                                                                                           

Araznury ATAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady ylymlar bölüminiň müdiri, ykdysady ylymlaryň doktory.

01.04.2022