«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurduň täze döwür üçin uzak möhletlik ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy. Bu maksatnamada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň döwletimiziň doly syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýändigi nygtalýar. Şunda durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň ýurdumyzda kemala gelen we özgerýän milli nusgasynyň baş maksadynyň hojalyk gatnaşyklarynyň erkinligine, peýdaly bäsdeşlige şert döretmekden, innowasion esasda we tebigy serişdeleri aýamak bilen, jemgyýetiň ösýän maddy, ruhy isleglerini kanagatlandyrmakdan, senagat önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny pudaklaýyn, sebitleýin we üznüksiz hem-de deň ölçegli ösdürmekden ybarat bolup durýandygy bellenilýär. Maksatnamanyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň bütin mazmuny şu baş maksatdan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň, hojalyk meseleleriniň durmuş we ekologik meseleler bilen utgaşykly çözülmeginiň zerurlygy ykdysady ulgamyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde hem möhüm wezipeleri öňde goýýar. Ol wezipeler täze strategik maksatnamada jikme-jik beýan edilýär. Bu wezipelerden gelip çykýan möhüm ykdysady çäreleriň hataryna, ozaly bilen, şular degişli bolup durýar:
— ozaldan işläp gelýän senagat kärhanalarynyň durkuny täzeläp, olary doly önümçilik kuwwatyna çykarmak;
— harytlaryň we hyzmatlaryň ýerleşdirilişini artdyrmak üçin ýurduň içerki bazarynyň sygymyny giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek;
— eýeçiligi hususylaşdyrmagyň barşynda durmuş-ykdysady durnuklylygyň kepili hökmünde orta synpyň emele gelmegini gazanmak;
— zähmetiň kadalaşdyrylyşyny we hakynyň tarifleşdirilişini kämilleşdirmek işini çaltlandyrmak;
— ýurduň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini önümçiligi rejeli ýerleşdirmek arkaly dowam etdirmek;
— milli ykdysadyýetiň dolandyrylyşyny onuň durmuşa gönükdirilen bazar nusgasyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak üçin durmuş-ykdysady ösüşi seljermegiň we çaklamagyň usulyny kämilleşdirmek.
Şonuň ýaly-da, orta möhletli geljekde ýerden we suwaryş suwundan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny we mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, ekerançylykda suwaryşyň suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak we ony ykdysady taýdan höweslendirmek, keseligine we dikligine önümçilik bileleşmesini ösdürmek üçin oba hojalyk kärhanalaryny we daýhan hojalyklaryny institusional taýdan pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine hususy kärhanalaryň indikatiw meýilnamalaşdyryş esasynda çekilmegini guramaçylykly ýola goýmagyň kämil mehanizmini döretmek, ykdysadyýetiň institusional düzümini ösen bazar gatnaşyklaryna laýyklykda kämilleşdirmek üçin telekeçilik işi bilen meşgullanýan iri fiziki taraplaryň kärhanalara öwrülmegini ýola goýmak, ykdysady maksadalaýyklyga görä, milli ykdysadyýetiň düzüm emele getiriji pudaklaryndan başga pudaklarynda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalaryň, şol sanda hususy kärhanalaryň hem döredilmegini giňeltmek, ýurtdaky haryt öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin ykdysady monopolizmi düzgünleşdiriş çärelerini yzygiderli kämilleşdirmek ýaly ugurlar bilen utgaşykly durmuşa geçirilmegi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam eder.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynda ylmyň aýry-aýry ileri tutulýan ugurlary boýunça degişli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen düýpli we amaly ylmy-barlag işleriniň guralyşyny utgaşdyrmak babatdaky işler hem bellenendir. Olaryň hatarynda, hususan-da, şu çäreleri aýratyn bellemek mümkin:
— ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak;
— milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, edara-kärhanalarynyň serişdelerini ýurdumyzy ylmy-innowasion esasda sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak işine gönükdirmäge gatnaşmak;
— Türkmenistanyň geologiýa-tektoniki şertleri üçin seýsmiki howpa hem-de seýsmiki töwekgelçilige baha bermegiň täze usullaryny işläp taýýarlamak;
— türkmen halkynyň taryhy, medeni we edebi mirasynyň öwrenilmegini dowam etdirmek hem-de ony häzirki we geljekki nesillere has giňişleýin elýeterli etmek.
Milli ylym ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglylykda, ylmy-guramaçylyk işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şonda düýpli we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşykly ösmegine ýardam bermek, akademiki, pudaklaýyn we ýokary okuw mekdeplerindäki ylmy barlaglaryň häzirki zaman bitewi usulyýet binýadyny kemala getirmek hem-de kämilleşdirmek üçin ylmyň aýry-aýry iri ugurlary boýunça ylmy temalary ýerine ýetirijileriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejesine dalaşgärleriň gatnaşmagynda ylmy-usulyýet okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň hemişelik esasda ýola goýulmagy, şonuň ýaly-da dünýä ylmynyň ösüş meýillerini hem-de milli ylmyň öňünde durýan özboluşly aýratynlyklary nazara almak bilen, tejribeli alymlar tarapyndan ylmyň pudaklary boýunça ylmy-usulyýet gollanmalarynyň taýýarlanmagy hem-de neşir edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Durmuş-ykdysady ösüşiň derwaýys meselelerini öwrenýän ykdysadyýet ylmy barada aýdylanda, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady çaklaýşyň orny ýokarlanýar. Mälim bolşy ýaly, çaklaýyş durmuş-ykdysady ösüşi meýilnamalaşdyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ylmy çaklaýşyň we strategik meýilnamalaşdyryşyň özara baglanyşygy durmuş-ykdysady ösüşiň geljegi boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan hasaplamalary çözgüt kabul ediji edaralaryň hajatlaryna gönükdirmek arkaly üpjün edilýär. Şunda ýurduň ykdysady ulgamyny dolandyrýan döwlet edaralarynyň hem-de ykdysady ylmyň wekilleriniň tagallalarynyň birikdirilmegi täze döwrüň talaby bolup durýar.
Şeýlelikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin kabul edilen Milli maksatnamasy ýurduň şu döwürde durnukly ösmeginiň ýoluny kesgitledi. Bellenen çäreler agzybir türkmen jemgyýetiniň tagallalaryny aýdyň maksatlarda birleşdirýär.
Araznury ATAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady ylymlar bölüminiň müdiri, ykdysady ylymlaryň doktory.