«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl ýurdumyzda syýasy-diplomatik we durmuş-ykdysady ugurlar boýunça uly özgertmeler bilen başlandy. 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bellenilen şanly ýylda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere seljerme berildi. Ata Watanymyzy geljek 30 ýylda gülledip ösdürmek maksady bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Şeýle hem, bu taryhy mejlisde hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmek barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygyna tabşyryk beripdi. Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň, raýatlar toparlarynyň hödürlän dalaşgärleriniň arasynda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk we işjeňlik ýagdaýynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow umumy sesleriň 72.97 göterimini alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy. Mähriban halkymyzda «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýlen çuň manyly pähim bar. Türkmen halky akylyna, iş başarjaňlygyna sarpa goýýan ogluna «ner ýigit» diýýändir.
2022-nji ýylyň 19-njy martynda «Türkmenistanyň Prezidenti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynda bellenen kadalara görä Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklary has-da kämilleşdiriler» diýmek bilen, hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen öňde durýan wezipeler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Öňde goýlan maksatlaryň arasynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini köpugurly ösdürmek barada aýdyň wezipeler kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýar. Şundan ugur alnanda, ýurdumyzy syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar barada ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde paýtagtymyz Aşgabat şäherine aýratyn ünsüň degişli bolmagy buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabarada döwlet Baştutanymyz «Men saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarymda paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, welaýatlarda täze, häzirki zaman obalarynydyr şäherçelerini gurmak barada jikme-jik aýtdym. Nesip bolsa, bu işleri geljekde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem dowam etdireris» diýmek bilen, paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini köpugurly ösdürmek babatda anyk wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz şahsy kämilligi, iş tejribesi we ylym-bilimi bilen ýaşlarymyza nusgalyk döwlet işgäri hökmünde Türkmenistanyň ýokary döwlet wezipesine dabaraly ýagdaýda girişdi. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşynyň uzak, işiniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimize öňde goýan maksatlaryna ýetmek ugrunda üstünlikler ýar bolsun!
Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.