Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň täze düzümini düzmek bilen bagly hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we çözgütler kabul edildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Hökümeti düzmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryny wezipä bellemekden başlamak bilen, hormatly Prezidentimiz ulgamyň öňünde durýan örän wajyp wezipeleri kesgitledi. Olaryň arasynda aýratyn orun bank ulgamyna degişlidir. Ulgamyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň ýerine ýetirýän amallarynyň baýlaşdyrylmagy, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň sanynyň artmagy, hiliniň ýokarlandyrylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, kärhanalaryň maliýe-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmäge ähli amatlyklary döreder.
Ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, banklaryň esaslyk maýa goýum gorlaryny artdyrmak bilen baglydyr. Diňe berk binýatly serişde gorlary bolan banklar müşderileriň bu babatda amallaryna we hyzmatlaryna ösen islegini gysga wagtda, az harajat bilen, ýokary hilli ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Şondan ugur alyp, ýurdumyzyň banklary özüniň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn işleri geçirýärler. Ilatyň we edara-kärhanalaryň banklara ynamyny ýokarlandyrmak, wagtlaýynça ulanylmaýan pul serişdelerini goýuma çekmegi höweslendirmek, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna we telekeçilere uzak möhletli, uly möçberli ýeňillikli karzlary bermek, töleg-hasaplaşyk işlerini yzygiderli kämilleşdirmek, sanly ulgama geçmek, halkara maliýe guramalary bilen köpugurly, işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmak ýaly wezipeler kesgitlendi. Olaryň üstünlikli çözülmegi ulgamyň işini düýbünden täze derejä çykarar we banklaryň serişde binýadyny berkider. Şeýlelikde, bank ulgamy diňe bir ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylmagyna hem saldamly goşant goşar. Munuň özi bank işiniň we ösüşiniň önümçilik, dolanyşyk we sarp ediş bilen berk baglanyşyklydygyny aňladýar. Banklar öz iş tejribesinde hojalyk işini kadalaşdyrmagyň umumy mehanizmine girmek bilen, býujet, salgyt, nyrh emele getirmek ulgamlary, şeýle hem nyrh we girdejiler syýasaty, daşary ykdysady gatnaşyklaryň şertleri bilen özara baglanyşykly hereket edýärler.
Bankyň ösüşini kesgitleýän we işini kämilleşdirýän esasy şertleriň biri sagdyn bankara bäsdeşlikdir. Bu ýagdaýda banklar müşderi ugrunda göreşmäge, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, tölegini azaltmaga, hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, bazara täze bank önümlerini hödürlemäge höwesli bolýar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň banklary halkara maliýe edaralarynyň we ösen döwletleriň banklarynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge aýratyn üns berýärler. Milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutup, öz iş tejribelerini giňeldýärler. Şeýle oňyn çözgütleriň kabul edilmegi ulgamyň işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Ulgamyň işini kadalaşdyrmak maksady bilen, soňky ýyllarda banklary dolandyrmagyň hukuk eýeçilik görnüşi üýtgedilip, olar döwlet eýeçiliginden paýdarlar jemgyýetine tapgyrlaýyn geçirilýär. Şeýlelikde, banklaryň serişde binýady berkäp, hukugy we mümkinçiligi giňeýär. Ahyrky netijede, jogapkärçilik ýokarlanýar.
Bank işiniň durnuklylygy köp babatda olaryň ýerine ýetirýän amallarynyň we hyzmatlarynyň töwekgelçilik derejesini peseltmek bilen baglydyr. Şeýle ýagdaýda banklar üçin amatly şert döreýär. Düşewüntlilige mümkinçilik artýar.
Hormatly Prezidentimiz banklaryň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydygyny aýratyn nygtaýar. Hakykatdan hem ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan milli we sebit maýa goýum taslamalaryna banklaryň gatnaşmagy olaryň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagyna ähli amatlyklary döreder. Şeýlelikde, maýa goýum taslamalarynyň netijeliligi ýokarlanar, özüni ödeýän möhleti gysgalar. Ýurduň eksport mümkinçiligi artar, ykdysady kuwwaty berkär. Ilatyň iş üpjünçiligi we ýaşaýyş-durmuş şertleri has gowulanar.
Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.