BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamalarynda aýdyň şöhlelenýär
Ulaglar siwilizasiýa dörän wagtyndan bäri ykdysady ösüşe öz täsirini ýetirip gelýär. Iň gadymy döwürlerde-de ulag ulgamlarynyň goşulyşýan ýerinde ýaşaýşyň gülläp ösendigine, ilkinji şäherleriň hem tebigy aýlaglaryň, derýadyr kölleriň, portlaryň töwereginde dörändigine taryh şaýat. Başgaça aýdylanda, hut geografik aýratynlyklar — ummandyr deňizlere, suw ýollaryna, düzlüklerdir daglara, oazislere ýakynlyk ilkinji ulag ulgamlarynyň kemala gelmegini şertlendiripdir. Gadymy Beýik Ýüpek ýoly bolsa şäherlerden-şäherlere uzap, ygtybarly suw ýa-da guryýer ugurlary bolmadyk ýurtlardyr sebitleri biri-biri bilen birleşdirdi. Adamlaryň kosmosa çykyp, älem giňişligini özleşdirýän, hatda Aýa çenli baryp ýeten zamanasynda-da ulagyň adamzadyň durmuşyndaky ähmiýeti barha artmasa, birjik-de peselmeýär. Şoňa görä, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly meseleleriň 90 göteriminiň ulag ulgamy bilen baglanyşdyrylmagy hem tebigy ýagdaýdyr.
(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 16-njy sanynda).
Geçmişden şu güne
Ulag — hereket, ulag — tizlik, ulag — ösüş. Hereketiň, tizligiň hem ösüşiň bolan ýerinde adamzadyň ýaşaýşam, ykdysadyýetem barha özgermek, ilerlemek bilen. Irki döwürlerde atdyr öküzlerde, düýelerde ýük daşalyp, uzak ýollar aýlap-hepdeläp aşylan bolsa, bu gün adamyň zähmeti, döredijilikli pikirleri netijesinde dörän «polat atlaryň» dürli görnüşlerinde sanaglyja minutdyr sagatlarda barmaly ýerimize ýetip bilýäris. «Ýodalar ýola elter, ýollar — ile» diýlişi ýaly, hut ulaglar arkaly adamlar täze, heniz görülmedik yklymlary açyp, birek-birek bilen gatnaşyk etmäge, uzak-uzak ülkelere syýahat etmäge mümkinçilik aldy. Önümçilik kuwwatlyklaryny sarp ediş bazarlary bilen baglanyşdyrýan halka, söwdanyň üznüksizligini üpjün edýän möhüm gural bolup çykyş etmegi bolsa ulagyň ykdysady bähbidini açyp görkezýär. Umuman, senagatlaşma hadysasyny, köpçülikleýin önümçiligi we harytlaryň paýlanylyşyny ulagdyr ösen ulag düzümleri bolmazdan göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Hut şeýle zerurlyklar hem halkara syýasatda ulag ulgamyna we diplomatiýasyna berilýän ünsüň barha artmagyny şertlendirýär. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşip, Gündogaryň we Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyran Bitarap Türkmenistanyň ulag strategiýasy bolsa geografik taýdan ýerleşişiň artykmaçlyklaryndan, ýurdumyzyň çäginde sebit we yklym ähmiýetli iri ulag merkezlerini döretmek üçin logistik mümkinçiliklerdir düzümlerden has doly peýdalanmaga esaslanýar.
Tagallalar, goldawlar, anyk hereketler
Bu gün biziň: «Türkmenistan — ählumumy ulag diplomatiýasynyň başyny başlan we ony işjeň ilerledýän döwlet» diýip ynamly aýtmaga doly hukugymyz bar. Sebäbi baryp on ýyl mundan ozal, heniz 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary kabul edilmänkä, ýurdumyzda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda «Halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahat geçirilipdi. 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda paýtagtymyzda guralan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat bolsa bu ulgamy ösdürmegiň häzirki zaman usullarynyň işlenip taýýarlanylmagynda, geljek üçin meýilnamalardyr mümkinçilikleriň kesgitlenilmeginde täze tapgyryň başyny başlady. Soňlugy bilen bu forumda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäginde amal edilýän işler «Aşgabat prosesi» adyny alyp, yzygiderli ilerledilip, maslahatyň geçirilen senesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Durnukly ulag boýunça Baş Assambleýada Kararnamalaryň 5-siniň kabul edilmeginiň, 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde tutuş dünýäde giňden dabaralandyrylmagynyň, BMG-niň ýanynda Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň döredilmeginiň gözbaşynda-da, elbetde, Bitarap türkmen döwleti dur. Şunda bularyň ählisiniň Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşyklylyk we öňdengörüjilik bilen öňe süren başlangyçlarynyň ajaýyp miweleridigini ilkinji nobatda nygtamak zerur.
Geçen 2023-nji ýylyň ahyrky günlerinde ýurdumyza BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habarda hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen täze Kararnamalaryň ýene ikisiniň kabul edilendigi buşlandy. «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama dogrusynda biz makalamyzyň birinji böleginde giňişleýin durup geçdik. Bu gezekki söhbedimiz bolsa 47 döwletiň awtordaşlygynda biragyzdan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama barada.
Täze Kararnama — köpugurly çagyryş
Geçen ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň mazmuny hakynda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, onuň durmuşyň ulag bilen galtaşýan ugurlarynyň ählisini öz içine alýandygyny, dünýä bileleşigini olar boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýandygyny nygtamaly. Bu ýerde gürrüň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakdan başlap, ulaglaryň atmosferada parnik gazlarynyň döremegine getirýän ýaramaz täsirlerini azaltmak, durnukly ulag düzümleriniň maliýeleşdirilmegini has-da ilerletmek ýaly ählumumy wezipeler barada barýar. Ýeri gelende bellesek, 2021 — 2030-njy ýyllar Milletler Bileleşigi tarapyndan «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hereketleriň onýyllygy» diýlip yglan edilip, şol döwürde ýol-ulag hadysalary netijesinde ýüze çykýan adam pidalarynyň we ýaralanmagyň derejesini azyndan 50 göterime çenli azaltmak maksat edinilýär. Şunda ýurdumyzda her ýylda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň tutuş dünýä boýunça tagallalara-da goşantdygy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Biz durnukly ulag ulgamy, ulag diplomatiýasy hakynda gürrüň edenimizde ýa ýazanymyzda, köplenç, bu ugurda öz döwletimizde alnyp barylýan işlerdir ýetilýän sepgitlere ünsi çekýäris. Bu, elbetde, kanunalaýyk ýagdaý. Täze Kararnamada-da ýurdumyzyň başlangyjy esasynda ozal 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2021-nji, 2023-nji ýyllarda kabul edilen resminamalara salgylanylýar. Paýtagtymyzda 2014-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen halkara forum, 2016-njy ýylyň noýabryndaky Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat, 2022-nji ýylyň awgustynda Awazada guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat ýaly iri çäreler barada bellenilýär. Ýöne şunda durnukly ulag meselesiniň milli çygyrdan has giňdigini, garyplygy azaltmakdan başlap, özboluşly tebigy aýratynlyklara eýe bolan ösüp barýan ýurtlaryň hem zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, şolar üçin hem ulagdyr ulag düzümleri babatda deň mümkinçilikleri elýeterli etmek ýaly kän-kän meseleleri öz içine alýandygyny göz öňünde tutmak möhümdir. «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama, ine, şu hakykata ýene bir ýola hemmeleriň ünsüni çekýändigi, «Gün tertibi — 2030-yň» «hiç kimi yzda galdyrmazlyk, hiç kimi unutmazlyk» ýörelgesine ygrarlylyga çagyrýandygy üçinem uly ähmiýete eýedir.
Möhüm ugurlar anyk taslamalaryň mysalynda
Täze Kararnamada nygtalyşy ýaly, howpsuz, gymmat bolmadyk, elýeterli we durnukly ulag ulgamlary ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşine goşant goşmakda, adamlaryň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy we ýurtlaryň arasynda söwdany işjeňleşdirmekde derwaýys ähmiýete eýe. Muny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatda eden çykyşyndaky: «Meniň pikirimçe, ulag ulgamy häzirki wagtda ösüşiň esasy ugry bolup durýar. Ony kämilleşdirmezden, döwrebaplaşdyrmazdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmazdan, dünýä ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini, onuň täze ýörelgeler esasynda ösdürilmegini, adamlaryň abadançylygynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny, şu ýüzýyllykda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegini göz öňüne getirmek kyndyr» diýen sözlerinden hem aýdyň görmek bolýar. Şol maslahata gatnaşan BMG-niň ozalky Baş sekretary Pan Gi Mun bolsa dünýä söwdasynyň halkara gatnaw ýollaryna baglydygyna, munuň iş orunlarynyň, ykdysady ösüşiň çeşmesidigine aýratyn ünsi çekip: «Ulag ulgamy adamzadyň tutuş ösüşine hem täsir edýär. Alysdaky künjeklerde ýaşaýandygyna garamazdan, adamlaryň ählisiniň bir ýerden başga bir ýere howpsuz barmaga mümkinçiligi bolmalydyr. Durnukly ulag adamlaryň hemmesini gurşap almalydyr» diýip belläpdi. Dünýä jemgyýetçiligi ulagyň adamzadyň durmuşynda näderejede ähmiýetlidigine COVID-19 pandemiýasy zerarly dörän kynçylyklaryň mysalynda has äşgär göz ýetirdi. Şoňa görä, pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe-de ulag baglanyşygyny üpjün etmek meselesi öňdäki hatarlarda goýulýar. Munuň özi netijeli ulag ulgamynyň milli ykdysadyýetleriňem, ählumumy ykdysady ösüşiňem hereketlendiriji güýjüdigini, «Dünýä ykdysadyýeti tekerleriň üstünde aýlanyp, gämilerde ýol aşýar» diýen jümläniň häzirki döwürde-de durmuş hakykaty bolmagynda galýandygyny subut edýär.
Ulag arabaglanyşygy bilen bagly täze Kararnamada, esasan, 4 ugra — üstaşyr ulag geçelgelerine, özboluşly geografik ýagdaýda ýerleşýän ýurtlara, multimodal daşamalara we durmuş ugruna aýratyn üns çekilýär. Türkmenistanyň ulag strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işlerdir durmuşa geçirilýän taslamalar bolsa şol ugurlaryň ählisini öz içine alýar. Aslynda, biziň ýurdumyz geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmek bilen, yklymüsti ugurlaryň kesişýän esasy merkezleriniň birine öwrülýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şu nukdaýnazardan, döwletimiziň üstaşyr ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, täze ulag geçelgelerini we ugurdaş düzümleri döretmek üçin iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Käbir mysallara ýüzlensek, ýurdumyzda awtomobil, howa, deňiz hem-de demir ýol ulaglaryny özüne birleşdirýän ulag infrastrukturasy kemala getirilip, uzynlygy 5 müň kilometrden geçýän polat ýollar sebitlerimiziň arasynda ygtybarly gatnaşygy üpjün edýär. Diýarymyzyň çäginde awtomobil ýollarynyň hem 5 müň kilometrden gowragy gurlup, häzirki wagtda uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. 2019-njy ýylyň ýanwarynda gurluşygyna badalga berlip, birinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda üstünlikli tamamlanan bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanmaga beriljek günleri hem indi uzakda däl. Bu ýoluň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna birikdirilmegi goňşy Özbegistanyň ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, şol ýerden bolsa deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy iki ýurduň arasyndaky ulag, söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam etse, geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy hem Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ugry boýunça ulag geçelgesiniň döredilmegi hem sebitiň ýurtlarynyň üns merkezinde durýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylmagy bolsa milli deňiz flotumyzy giňeltmäge, ýük akymlarynyň we üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga, daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döretdi.
Ulag hemmeler üçin!
Durnukly ulag ulgamyna doly derejeli elýeterliligiň üpjün edilmegi özboluşly geografik ýagdaýlara eýe bolan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistan bu ugurdaky işlere-de işjeň gatnaşýar. 2022-nji ýylyň awgustynda Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat munuň şeýledigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumdaky wideoýüzlenmesinde birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek; «Ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak» atly Kararnamany işläp taýýarlamak barada barýar.
Ýeri gelende bellesek, dünýäde 32 sany (şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary) deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwlet bolup, olaryň umumy ilaty 533 million adama barabardyr. Çäk taýdan ýerleşişi olaryň beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsirini ýetirýär. Şonuň netijesinde, bu ýurtlar ykdysadyýetiň düzümleýin kämilleşdirilmegi üçin zerur bolan maýa goýum we maliýeleşdirmek, tehnologiýalar, hyzmatlar ýaly ugurlarda ählumumy söwdanyň artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanyp bilmeýärler. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler, üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen deňeşdirilende, ulag çykdajylaryna ortaça iki esse köp serişde sarp edýärler. Bu daşary ýurt bazarlaryna harytlary ibermek hem-de almak babatda-da şeýle. COVID-19 pandemiýasy bolsa bu meseleleri has-da kynlaşdyrdy. Aşgabat prosesiniň dowamy bolan Awaza forumy şeýle şertlerde tagallalary birleşdirmek, çalt we aýdyň netijelere ýetmek üçin tutanýerli iş alyp barmak, pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe ulagyň orny ýaly meselelere ünsi çekmäge mümkinçilik berdi.
* * *
Syýasatçylaryň biri: «Gowy öýlerden gowy işlere barmak gowy ulaglara bagly» diýýär. Biziň halkymyzda bolsa «Ýoly abadyň ili abat» diýen parasatly jümle bar. Bu günki gün Bitarap Türkmenistan ählumumy ulag diplomatiýasynyň başyny başlan döwlet hökmünde durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça dünýä derejeli tagallalara mynasyp goşant goşup, Zeminiň goýnuna parahatçylygyň, dost-doganlygyň ýollaryny çekýär. Ýol baran ýere bolsa bagt barýar.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».