Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda, esasan-da, gazylyp alynýan ýerli tebigy baýlyklary rejeli we toplumlaýyn ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şolaryň esasynda içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmek häzirki wagtda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak bolsa ýokary hilli bilimi ösdürmek arkaly ylmy-tehniki ösüşleri gazanmak bilen berk baglanyşyklydyr.
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» meýilleşdirilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmagyň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Himiýa senagatynda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek, pudagyň kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, «Maryazot» önümçilik birleşiginiň önümhanalaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly onuň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz «Maryazot» önümçilik birleşiginiň birinji ammiak önümçiliginiň durkuny täzelemek we oňa täze enjamlary ornaşdyrmak meselesine degip geçdi. Bu bolsa kärhananyň önümçilik taýdan netijeliligini ýokarlandyrmaga, has girdejili bolmagyna ýardam eder.
Mejlisde ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, ýokary hilli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürmek, olaryň görnüşlerini artdyrmak bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, üznüksiz önümçiligi guramak üçin pudagy kömekçi materiallar, himiki serişdeler we beýleki ätiýaçlyk şaýlary bilen öz wagtynda üpjün etmek möhümdir. Bu babatda ýerli mineral we suw serişdelerini rejeli ulanmagyň täze, döwrebap usullaryny işläp düzmek we ornaşdyrmak zerurdyr. Has takygy, ýerli dag-magdan we gidromineral çig mal serişdelerinden täze himiki maddalary, gymmatly we seýrek duş gelýän käbir elementleriň, reňkli metallaryň birleşmelerini almagyň, önümçilikde emele gelýän akyndy suwlary arassalamagyň hem-de duzsuzlandyrmagyň üsti bilen olary ikilenç ulanmagyň usullaryny işläp düzmek we ulanmak uly geljege eýedir.
Hawa, ýurdumyzda tehniki, tehnologik we takyk ylymlaryň ösdürilmegi boýunça Döwlet maksatnamasy hereket edýär. Oňa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag edaralarynda zehinli ýaşlary tehnologiýalara we ylym ulgamyna çekmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply, önümçilik we ylmy taýdan döwrebap işleri alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Çünki häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň üstünlikli ösüşi, ozaly bilen, bilimiň we ylmyň ösüş derejesi, jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini başarnykly ulanmak bilen kesgitlenýär.
Ýerli baýlyklaryň senagat taýdan özleşdirilmegi diňe olaryň gorlary bilen däl, eýsem, köp sanly çylşyrymly tehnologik we ekologik meseleler bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi islendik önümçilik tehnologiýasynyň wezipesi başlangyç çig maldan ykdysady taýdan girdejili, daşky gurşaw üçin zyýansyz harytlyk önümi almakdyr.
Elbetde, şeýle ylmy-tehniki ösüşi gazanmakda ýokary hilli bilim aýgytly orun eýeleýär. Bu babatda bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli şertleri döredýärler. Täze ýokary we orta hünär okuw mekdepleri açylýar, okuwlaryň hili kämilleşdirilýär. Hususan-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz, ýangyç-energetika, nebit we gazhimiýa pudaklary üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça dürli şertler döredilýär. Sanly bilim ulgamynyň esasynda elektron okuw-usulyýet toplumy, wideo-audiomateriallar we beýleki döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Milli ýörelgelere hem-de oňyn halkara tejribä laýyklykda, okuw kitaplary, maksatnamalary we okatmagyň usulyýetleri kämilleşdirilýär, mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar. Ýaş mugallymlardyr talyplar halkara we döwlet derejesindäki ylmy hem-de taslama bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlaryň ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk ukyplaryny ösdürmek boýunça bu ugurlara laýyk gelýän sapaklaryň giňeldilip okadylmagyny gazanmak üçin netijeli çäreler görülýär. Bu bolsa kämil inžener-tehniki hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ýardam edýär.
Umuman, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-tehniki ösüşi gazanmakda ýokary hilli bilime möhüm orun degişlidir.
Hojanepes ÝOWJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.