Ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýän ata Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatyny dowam etdirip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Döwletiň maliýe syýasatynyň ösüşi maliýe ulgamyny kämilleşdirmäge, döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalara, durnukly ykdysady ösüşe, maliýe böleginiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, ýurtda durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmäge, ykdysady ösüşi diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen täze tapgyrlaýyn işler amala aşyrylyp başlandy.
Ykdysadyýetiň ösüşi onuň pudaklarynda, işiň dürli ugurlarynda maliýe gatnaşyklarynyň, şonuň bilen birlikde, býujet gatnaşyklarynyň üýtgemegi bilen şertlendirilýär. Maliýe serişdeleriniň emele geliş çeşmelerine we olaryň peýdalanylyşynyň aýratyn görnüşlerine gaýtadan seredilýär. Bu şertlerde döwlet tarapyndan ykdysady syýasaty amala aşyrýan maliýe esasyny döretmek üçin häzirki zaman şertlerine laýyk gelýän has ygtybarly çäreleri kesgitlemek gerek bolup durýar. Şol maksat bilen, maliýäni ulanmagyň çygrynda döwletiň wezipelerini, maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen çäreleriň jemini görkezýän degişli maliýe syýasaty işlenip taýýarlanylýar. Maliýe syýasatynyň düzüm bölekleriniň biri bolup býujet syýasaty çykyş edýär. Býujet syýasaty ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň, ýagny býujet meýilnamasynyň sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär.
Býujet syýasaty döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmakda esasy orny eýeleýär. Döwletiň durmuş-ykdysady ösüşi jemi içerki önümiň ösüşi bilen kesgitlenilýär. Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň geçen ýylky bilen deňeşdireniňde, 6,3 göterim ýokarlanmagy ýurduň ykdysadyýetiniň ýokary depginlerde ösýändigini alamatlandyrýar.
Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň gazanylmagynda her ýyl kabul edilýän döwletiň maliýe meýilnamasy bolan Döwlet býujetiniň ähmiýeti uludyr. Maliýe meýilnamalaşdyrylyşynyň düzüm bölegi bolan býujet meýilnamalaşdyrylyşy döwletiň halk hojalygy we býujet ulgamynyň düzümleriniň arasynda bolup geçýän maliýe gatnaşyklaryny kesgitleýär.
Býujet işini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda köp sanly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oňa mysal edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2022-nji ýylyň 26-njy awgustynda ýurdumyzda býujet işini kämilleşdirmek boýunça döwlet toparynyň döredilendigini, şeýle hem Türkmenistanda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda býujet ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanandygyny aýtmak bolar. Şol resminamalaryň esasynda, ýurdumyzyň Döwlet býujetinde býujet işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigini hem bellemek gerek.
Döwlet býujeti — bu milli ykdysadyýetiň maliýe meýilnamasy bolup, ol döwlet häkimiýeti edaralary tarapyndan işlenip düzülýär we bir ýylyň dowamynda ýerine ýetirilýär. Bu kanunçylyk resminamasy ýurduň maliýe ulgamynyň esasy bolup durýar. Onuň kömegi bilen, döwlet häkimiýeti salgyt-býujet syýasatynyň gurallaryny peýdalanmak arkaly ykdysadyýete täsir edip bilýär.
Türkmenistanyň býujet ulgamynyň guralyşynyň we hereket edişiniň umumy ýörelgeleri, Türkmenistanda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslary 2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen Türkmenistanyň Býujet kodeksi tarapyndan bellenilýär we kesgitlenilýär. Türkmenistanyň býujet kanunçylygy Türkmenistanyň bütin çäginde ýüze çykýan býujet-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralary öz dolandyryş-çäk birliklerinde býujet-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýärler.
2023-nji ýylyň maý aýynda 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda işläp taýýarlamak hakynda Karar kabul edildi.
Kabul edilen Kararyň esasynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 25-ine «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyny hem-de ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, maýa goýum taslamalarynyň, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda Kanunyň kabul edilmegi Milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýär. Bu Kanun 9 sany maddadan ybarat bolup, Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň serişdeleri, şol sanda birinji derejeli girdejileriň we çykdajylarynyň serişdeleri, merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň girdejileri we çykdajylarynyň serişdeleri, merkezleşdirilen býujetden salgytlaryň üsti bilen ýerli býujetlere geçirilýän kadalyk ölçegleri, merkezleşdirilen býujetden ýerli býujetleri deňeçerlemek üçin goýberilýän pul serişdeleriň möçberleri, goralan maddalar, maliýeleşdirmegiň çeşmeleri kesgitlenendir.
Döwlet býujetiniň kadaly işlemegi üçin, ilkinji nobatda, onuň girdeji bölegini üpjün etmek zerur bolup durýar. Döwlet býujetiniň girdejileri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bellenen şahsy we edara görnüşli taraplardan alynýan salgytlardan we ýygymlardan, şeýle hem hökmany töleglerden, çeşmelerden emele gelýär.
Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberlerini artdyrmak üçin göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň her ýyl 10 göterim artdyrylýandygyny, ýagny 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hem zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň 10 göterim ýokarlanandygyny bellemek gerekdir.
2024-nji ýylyň Döwlet býujetinde çykdajylaryň 75 göterime golaýy durmuş ulgamyna gönükdirilýär. Durmuş ulgamyna bilimi, saglygy goraýşy ösdürmek, durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy, medeniýet we beýlekiler degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär. 2024-nji ýyl üçin býujet maýa goýum maksatnamasynda senagat pudaklarynyň ösdürilmegi, eksporta gönükdirilen hem-de importyň ornuny tutýan önümçilikleriň geriminiň giňeldilmegi, halkyň durmuş taýdan goraglylygynyň berjaý edilmegi ýaly toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Maýa goýumlaryň serişdeleri önümçilik, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýär. Bu serişdeleriň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, suw hem-de lagym, elektrik geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça birnäçe çäreler meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basýan döwründe bu wajyp maliýe-hukuk resminamasy halkymyzyň ertirki güni baradaky aladanyň, abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagynyň kepilidir. Ösüşiň täze belentliklerine ynamly barýan Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gültäç ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallymy.