Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini köpeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak ýaly wajyp wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň, berýän goldawlarynyň esasynda önümçilik depginlerini barha ýokarlandyrýan şeýle düzümleriň biri-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodydyr. Pudagyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan bu zawodyň durky 2015-nji ýylda täzelenip, oňa häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, önümçilik mukdar hem hil taýdan has ýokary derejelere çykdy. Häzirki wagtda bu ýerde binalaryň daşky we içki diwarlary üçin niýetlenen beton önümler, bassyrmalar, aýnalardyr gapylar üçin niýetlenen beton birikdirijiler, ekologik taýdan arassa, howpsuz demirbeton önümleri öndürilýär.

Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 50 müň kub metr gurnama demir-beton önümlerine barabar bolup, olar gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň gurluşyklaryna yzygiderli ugradylýar. Işine ezber, tejribeli hünärmenler bölümlerde oturdylan kuwwatly enjamlaryň ygtybarly ulanylmagy, önümleriň hiliniň ýokary bolmagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle bolansoň, geçen ýylda 35 müň kub metr demir-beton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulan bolsa, bu meýilnama 36 müň 304 kub metr möçberde ýerine ýetirildi. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhananyň önüm öndürmek boýunça meýilnamasyna 107,7 göterim amal edendigini görkezýär. Önümçiligiň ösüş depgini bolsa, öňki ýylyň mukdary bilen deňeşdirilende, 137,9 göterime ýetdi. Şeýle oňat netijeleriň gazanylmagynda galyplaýjy Jamoladdin Jumabaýew, demir ussasy Bökenbaý Karaýew, beton guýujy ulgamdan Çary Jalmedow, göteriji krany sürüji Ylýas Soltanow ýaly öz işine jogapkärli çemeleşip, yhlasly zähmet çekýän hünärmenleriň, gurluşykçylaryň hyzmatlary uludyr.

Zawodda sarp edijileriň islegleri hem nazara alynýar. Şoňa görä, bu ýerde 2016-njy ýylda gurluşyk bölümi açyldy. Zawodyň gurluşyk-gurnama önümleri ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik binalarynyň gurluşyklarynda hem ulanylýar. Häzirki wagtda gurluşykçylar Daşoguz şäherinde 2 sany ýaşaýyş jaýynyň, awtotürgenleşik mekdebiniň, ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barýarlar. Şonuň ýaly hem welaýat merkezinde 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna başlanyldy. Zawodyň gurluşykçylary gurluşyk-gurnama işleri boýunça geçen ýylyň meýilnamasyny hem 117,8 göterim ýerine ýetirdiler.

Kärhanada kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň 300-den gowragy agzybir zähmet çekýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy hem işgärleriň öndürijilikli işlemekleri üçiň ähli amatlyklaryň, howpsuz iş we oňat dynç alyş şertleriniň döredilmegi üçin degişli işleri alyp barýar. Işgärleriň saglygyny goramak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda ähli şertler döredilýär. Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk okuwlary guralýar. Degişli tertipde ýörite geýim, aýakgap we gorag serişdeleri bilen mugt üpjün edilýär.

Ýurdumyzda zähmet adamlary hakynda edilýän ählitaraplaýyn aladalardan göwni galkynýan zawodyň işçi-hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem ýokary önümçilik görkezijilerine beslemegi maksat edinýärler.

Jumagül HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň gurluşyk we senagat pudagy boýunça utgaşdyryjysy.