Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly möhüm ähmiýete eýe boldy. Gazanylan üstünlige welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň başarjaň işgärleri saldamly goşant goşdular.
Geçen ýylda welaýatymyzda senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlarda 24 milliard 229,8 million manatlygy öndürildi. Şonça önümiň 6 milliard 572,9 million manatlygy döwlete dahylly kärhanalara degişli boldy. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň hasabyna döredi. Tamamlanan ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende, önümleriň möçberiniň artyş depgini ýangyç-energetika pudagynda, azyk senagatynda emele geldi.
2023-nji ýylda senagat kärhanalarynda sarp edijilere ugradylan önümleriň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 6 milliard 362 million manatlyga barabar boldy. Şonça harytlyk önümleriň 71,4 göterimi bolsa ýurduň daşyna iberildi. Hasabat döwründe ilatyň sarp edýän harytlarynyň 4 milliard 862,5 million manatlygy öndürildi. Şonça önümiň 561,6 million manatlygy döwlet kärhanalarynda öndürildi. Munuň özi ykdysadyýetiň senagat pudagynda hususy önüm öndürijileriň paýynyň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda işleriň ilerlemeginde lebaply energetikleriň paýy uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň sebitlerinde, şol sanda welaýatymyzda öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup, ulanylmaga berildi. Şonuň netijesinde ýangyç-energetika pudagy tutuş ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Welaýatymyzda hereket edýän döwlet elektrik stansiýalarynda geçen ýylda elektrik energiýasynyň 4 milliard 415,7 million kilowat sagady öndürildi we öňki ýyl bilen deňeşdirilende 12,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu bolsa senagat kärhanalaryny, ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, onuň belli bir bölegini bolsa daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berdi.
Tamamlanan ýylda nah matalaryň 56,3 million manatlygy, çig ýüpegiň 108,5 tonnasy, şöhlat önümleriniň 334 tonnasy, süýji-köke önümleriniň 2,9 müň tonna golaýy öndürildi we bu görkezijiler boýunça öňki ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli ösüş depgini gazanyldy.
Azyk senagatynyň kärhanalarynda ilatyň gündelik sarp edýän harytlaryny öndürmekde gowy görkezijilere eýe bolunýar. Şonuň netijesinde sarp ediş bazarynyň harytlar bilen üpjünçiligi barha gowulanýar, nyrhlar elýeterli bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny öz topragymyzda öndürilýän önümler üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine lebaply ekerançylar we maldarlar mynasyp goşant goşýarlar. Tamamlanan ýyl olar üçin hem şowly boldy. Has takygy, geçen döwürde welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 278 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 159,2 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 46,7 müň tonnasy, ýeralmanyň 127,8 müň tonnasy, üzümiň 19,8 müň tonnasy öndürildi. Öndürilen önümleriň öňki ýylyň görkezijilerinden ýokarydygy guwandyryjydyr.
2023-nji ýylda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda önjeýli işler bitirildi. Geçen döwürde etiň 143,4 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 580,9 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 234,6 million sanysy öndürildi. Öndürilen bu zerur önümleriň esasy böleginiň hususy önüm öndürijilere degişlidigi bolsa olaryň ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine netijeli gatnaşýandyklaryndan habar berýär. Şeýle oňyn ýagdaý hormatly Prezidentimiziň oba adamlaryny giňden goldaýandygy, olaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döredýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli olar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Geçen ýyda bolup geçen taryhy wakalar, ýetilen belent sepgitler halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän il-ýurt bähbitli maksatnamalaryny giňden goldaýandygynyň, ýene öňe gitmek, ösüşleriň täze belentliklerini eýelemek hyjuwy bilen joşýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Nesip bolsa, täze başlanan ýyl öňki gazanylanlaryň has-da berkidiljek, ähli ugurlarda okgunly ösüşleriň gazanyljak ýyly bolar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW