Dünýä ýalkym saçýar döwrüň şuglasy

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatlaryndan ruhlanýan halkymyz döredijilikli zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýar. 2023-nji ýylyň dowamynda halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylan netijeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigini, döwrüň şertlerine laýyklykda kämilleşdirilýändigini tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde gurluşyk we senagat toplumyna hem möhüm orun degişlidir. Raýatlar üçin ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy hem-de olaryň ýagtylyk, ýylylyk ýaly zerurlyklar bilen bökdençsiz üpjün edilmegi abadan ýaşaýşyň esasy şertleriniň biridir. Bu günki gün eziz Diýarymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde gurlan we gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalar, aýratyn-da, iň döwrebap mümkinçilikleri özünde jemleýän Arkadag şäheriniň açylmagy okgunly ösüşlerimizi Ýer ýüzüne äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlaryň esasynda hem ýurdumyzyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda oňyn görkezijileriň gazanylýandygyna göz ýetirmek mümkin. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşlerini şertlendirýän görkezijiler ýurdumyzda giň gerimli gurluşyklaryň ýaýbaňlandyrylyp, olary zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin senagat kärhanalarynyň üstünlikli iş alyp barýandygyna şaýatlyk edýär. Amala aşyrylan gurluşyklaryň esasy böleginiň durmuş maksatly desgalar bolmagy halkymyzyň abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň nyşanydyr. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň binasynyň, «Parahat—7» ýaşaýyş toplumynda 10 sany 9 gatly, Büzmeýin etrabynda 11 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, Gökdepe etrabynyň Owadandepe hem-de Köpetdag geňeşliklerindäki täze, döwrebap obalaryň, tutuş ýurdumyz boýunça orta mekdepleriň 22-siniň, çagalar baglarynyň 16-synyň gurlup ulanylmaga berilmegi ilaty ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi bolsa döwletimiziň kuwwatynyň görkezijisidir.

Islendik döwletiň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin onuň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi zerurdyr. Şeýle ösüşi amala aşyrmak üçin innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik desgalarynyň, döwrebap energetika ulgamlarynyň, ýurduň sebitlerini biri-birine baglaýan ýollaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň döredilmegi hem wajypdyr. Geçen ýylyň dowamynda Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň, şeýle hem dürli ugurly täze kärhanalaryň onlarçasynyň açylyp, ulanyşa berilmegi hem milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam edýän düzümleri döretmek maksadyndan ugur alýar.

Bu günki berkarar döwletimizi arzuwlan beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler dowam etdirilýär. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeler hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Maksatnama laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5 müň 360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryňdyr binalaryň gurluşygyna badalga bermek hem-de birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desganyň, «Dokmaçylar» medeni merkeziniň, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň, «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 13-siniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň ulanylmaga berilmegi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň has-da gözelleşip, ýaşaýjylar üçin täze oňaýlyklaryň döredilmegine ýardam eder. Halkynyň abadançylygyny, ykdysadyýetiň ösüşini nazarlaýan iri taslamalary durmuşa geçirýän döwlet kuwwatly, gurply, berkarar döwletdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan asylly işler, gurulýan binalardyr desgalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýagty geljege tarap ynamly gadam urýan kuwwatly döwletdigine buýsanjyňy artdyrýar.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.