Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ulag-aragatnaşyk ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda giň gerimli işler alnyp barlyp, bu günki günde bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda onuň mümkinçilikleri has-da pugtalandyrylýar. Bu bolsa ulag-logistika pudagynyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlykda kämil derejä ýetirilýändigini görkezýär.
XXI asyrda ýaşaýşy ulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gündelik durmuşymyzda ulagyň möhüm ähmiýeti bar. Ulaglar ilki-ilkiler diňe ýükleri ýa-da adamlary bir ýerden başga ýere äkitmek üçin peýdalanylan bolsa, indi ulag ulgamy her bir döwletiň ykdysady, syýasy, medeni-durmuş taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň netijesinde, bu ugruň döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ösmeginde we ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda ähmiýeti örän uludyr.
Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri halkara ülňülerine laýyk gelýän köpugurly ýol-ulag düzümine eýedir. Ol ekologiýa taýdan arassa şäher bolmak bilen, bu ýerde ähli ulgamlarda elektrik energiýasy, şonuň ýaly-da şäheriň ýol-ulag düzüminde elektrobuslar we elektromobiller hem ulanylýar. Häzirki wagtda ýaşaýjylara dürli mümkinçilikler döredilip, ýolagçylar üçin ýörite «Duralga» mobil goşundysynyň «QR-kod» hyzmaty, şeýle hem taksi sargyt etmek üçin ygtybarly programma üpjünçiligi hereket edýär. Şonuň bilen birlikde elektrobuslaryň kömegi bilen ulaga münýän we düşýän ýolagçylaryň sanawy awtomatik usulda hasaplanýar.
Häzirki döwürde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary derejede alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, bu awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berildi. Ýoluň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylda üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda bolsa Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hem ýokary depginde alnyp barylýandygyny bellemek bolar.
Döwlet Baştutanymyz: «Içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalardaky hereketleri işjeňleşdirmek milli ykdysadyýetiň ösüşini has-da ilerletmekde möhüm bolup durýar» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzyň geografik taýdan oňyn sebitde ýerleşýändigini görkezýär. Şeýle hem ýurdumyzda bu pudaklar bilen baglanyşykly birnäçe forumlardyr maslahatlar geçirilýär. Bularyň ählisi ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň has-da giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ulag ulgamy boýunça yzygiderli öňe sürýän başlangyçlarydyr teklipleri halkara giňişliginde hem giň seslenmelere eýe bolýar. Munuň subutnamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda geçen ýylyň noýabrynda ilkinji gezek bellenilip geçilen «Bütindünýä durnukly ulag gününi» görkezmek bolar. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzyň ulag ulgamyny ösdürmekde toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändiginiň nyşany bolup durýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt, dünýä bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
«Esger».