Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda özleşdirilýän iri maýa goýum taslamalary, baý gorly uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri içerki zerurlyklara hem-de ählumumy rowaçlygyň bähbidine, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde gurlup, 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilen karbamid zawody hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň täze belentlikleri nazarlaýandygyny hem alamatlandyrdy.
Geçen ýyl bu kärhanada 1 million 32 müň tonnadan hem köp karbamid döküni taýýarlanylyp, bitirilen işiň pul hasabyndaky möçberi 806 million manada barabar boldy. Bu görkeziji, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, himiýaçylaryň önümçiligiň pul hasabyndaky ösüş depginini 122,4 göterime çenli ýokarlandyryp, 147 million manatlykdan gowrak işi artyk özleşdirendiklerinden habar berýär. Taýýarlanylan önümiň 828 müň tonnadan gowragynyň daşarky bazarlara çykarylandygy bolsa has-da buýsandyryjy görkezijidir. Netijede, bu ugurda gazanylan ösüş depgini 120 göterimden hem geçirilipdir.
Himiýaçylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna has-da ynamly gadam basdylar. Ýanwar aýynda bu ýerde 70 müň tonna karbamid taýýarlamak baradaky meýilnama 24 müň tonna artygy bilen berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmekde alyp barýan oýlanyşykly tutumlarynyň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan bu toplum 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär. Şeýle uly önümçilik mümkinçiliklerine eýe bolan zawod raýatlaryň ýüzlerçesini hemişelik iş orny bilen üpjün etmäge hem şert döretdi.
Bu döwrebap kärhana gazhimiýa senagatynyň ösüşine aýgytly täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda sazlaşykly işleýän bu zawod ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny doly üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde täze mümkinçilikleri döredýär. Kärhananyň önümine daşarky bazarlarda, ylaýta-da, Ýewropa ýurtlarynda barha köp isleg bildirilýär. Muňa Hazaryň mawy giňişliklerinden kärhananyň deňiz duralgasyna ýüzüp gelýän, yzy üzülmeýän ýük gämilerini synlanyňda-da, magat göz ýetirýärsiň. Şu ýylyň ýanwar aýynda bu ýerden daşarky bazarlara ugradylan gymmatly önümiň möçberi 99 müň 973 tonnadan geçdi.
Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň güwäsine öwrülip, üstünlikli amala aşyrylan bu ägirt uly taslamanyň ýene bir maksady Türkmenistanyň merkezi we gündogar sebitlerindäki örän baý serişdeli gorlary ýurduň günbatar sebiti bilen birleşdirmekden, netijede, Balkan welaýatyny senagat taýdan çalt depginler bilen ösdürmekden, bu sebitde häzirki zaman senagat we ulag üpjünçilik ulgamlaryny gurmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden ybaratdyr. Uly geljegi nazarlaýan kärhananyň önümleriniň köp bölegi daşarky bazarlarda ýerlenilip, olardan köp möçberde ykdysady girdejiler gazanylýar. Bu görkeziji geçen ýyl 700 million manatlyga golaýlapdyr. Şunda ýene bir tehnologik täzelik bar: karbamid döküni zawodyň ammarlaryndan konweýerler arkaly daşalyp, deňiz portundaky gämilere ýüklenilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli hemaýat-goldawlaryndan ruhlanýan «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri öz öndürýän önümleri bilen ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň, esasan-da, oba hojalygynyň zerurlyklaryny üpjün etmegi baş maksat edinýärler. Şundan ugur alyp, zawodyň işgärleriniň geçen ýyl ýurdumyzyň oba hojalykçylaryna beren karbamidiniň möçberi 95 müň tonna golaýlaýar. Zawodda ornaşdyrylan enjamlaryň daşary ýurtlaryň iň bir öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil desgalarydyr tehnologiýalary bolmagy we olaryň doly awtomatlaşdyrylmagy önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Gymmatly azot dökünlerine degişli bolan karbamid önümlerine dünýäniň ösüp barýan ýurtlary bilen bir hatarda, Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem-de Günbatar Ýewropa döwletleri has köp isleg bildirýärler. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň başynda bu önümiň dünýäde öndürilişiniň möçberi 97 million tonna barabar bolanlygyndan häzirki wagtda iki essä golaý artypdyr. Munuň özi karbamide yzygiderli ýokarlanýan isleg bilen baglydyr.
Daşky gurşawy gorap saklamakda ähli zerurlyklar ýokary derejede göz öňünde tutulyp gurlan bu uly kärhanada häzirki wagtda öz işine birkemsiz erk etmegi başarýan dürli kärdäki hünärmenleriň ýüzlerçesiniň halal zähmet çekip, ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagy başarýandyklary has-da guwandyryjydyr. Olaryň tutanýerli zähmeti netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bu gün mineral dökün bolan karbamidi öndüriji esasy ýurtlaryň hataryna ynamly goşulýar. Topragyň hemme görnüşleri we ähli ekinler üçin giňden ulanylýan karbamide bolan islegiň barha artmagy biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem ýokarlanmagyna önjeýli goşant goşýar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.