Täzelikler
Gurmak ― ösüşlere goşant goşmak

Ýurdumyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňeşdirmäge gönükdirilen işleriň gerimi barha giňelýär. Bu il-ýurt bähbitli işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze belentliklere göterilýär. Ösüşleri çaltlandyrmak maksady bilen täze desgalary gurmak işleriniň depgini yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle möhüm işde «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň agzybir işgärleri tutanýerlilik görkezýärler. Olar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has netijeli zähmet çekýärler.  

                                                                   

Şanly ýylyň geçen döwründe müdirligiň işgärleri möhüm taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegine netijeli gatnaşdylar. Olaryň arasynda uzynlygy 125 kilometre barabar bolan Üçajy gaz käninden «Lebap» döwlet elektrik stansiýasyna çekilen ýokary basyşly gaz geçirijisi hem bar. Bu işiň üstünlikli tamamlanmagy kuwwatly desgany tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmäge hem-de elektrik energiýasynyň öndürilişini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki günlerde bolsa Gazojak şäherindäki suwuklandyrylan gazy kabul edip, demirýol we awtomobil çeleklerine ýükläp ugradýan desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bulardan başga-da Naýyp gaz käninde gaz guýularyny özleşdirmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Möhüm işlerde müdirligiň Baýramgeldi Bazarbaýew, Gurbanýaz Gurbanpoladow, Tahyr Koçyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gurluşyk-gurnama meýdançalarynyň işgärleri has tapawutlanýarlar.  

                                                                   

Müdirlikde tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak meselelerine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Bu babatda müdirligiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Çarypolat Saparowyň edýän tagallalary bellärliklidir. Şeýle möhüm meselelere müdirligiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Timur Möwlamow hem ýakyndan gatnaşýar. Möhüm meselede tagallalary birleşdirmek arkaly agzalarymyzyň saglygyny berk goramagy, işde üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün etmegi maksat edinýäris.   

                                                                                                           

Akmyrat HUDAÝAROW,

                       

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Darganata etrap birleşmesiniň başlygy.

26.11.2022
Býujet ulgamy kämilleşdirilýär

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza ýolbaşçylyk eden ýyllarynda alyp baran il-günümiziň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine gönükdirilen işlerini bu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary bilen watandaşlarymyzyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň hal-ýagdaýy bilen ýakyndan gyzyklanýan, berkarar Diýarymyzyň bähbitlerine iri halkara forumlara gatnaşyp, tutuş adamzadyň geljegine gönükdirilen teklipleri orta atýan eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda düýn geçirilen maslahat halkymyzy öz Arkadagyna ýene bir gez ýakynlaşdyrdy.  

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, ýaşlaryň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň jogapkär işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatyň esasy meselesi öňümizde duran ýylyň esasy maliýe meýilnamasy — «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny boldy. 

                                                                   

Düýnki maslahat pederlerimiziň «Ýedi ölçäp, bir kes!», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ýaly parasatly sözlerini ýene bir gezek ýatlatdy. 2023-nji ýylyň baş maliýe meýilnamasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 12-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilen ýigrimi birinji maslahatynda seredilipdi. Düýn bolsa bu Kanunyň taslamasyny Gahryman Arkadagymyz ýene bir ýola gözden geçirip, ony has kämil görnüşde kabul etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. 

                                                                   

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ösüş ugruny «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlara laýyklykda alyp barýar. Diýmek, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky» Kanun, ilkinji nobatda, il-günüň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyna hyzmat etmeli. Aslynda, bu häzir hem şeýle. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň agramly bölegi her ýyl watandaşlarymyzyň has gowy durmuşda ýaşamagyna, muňa şert döredýän tutumlaryň amala aşyrylmagyna, täze durmuş-medeni maksatly binalaryň gurulmagyna sarp edilýär. Her ýyl ildeşlerimiziň müňlerçe maşgalasy täze jaýlara göçüp barýarlar, her ýyl ýaş nesillerimiz üçin täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki terbiýeçilik-bilim edaralarynyň ençemesiniň gapylary giňden açylýar, ýurdumyzda aýlyk haklaryndan başlap, pensiýalara, talyp haklaryna we döwlet kömek pullaryna çenli yzygiderli artdyrmak ajaýyp döwrümizde asylly däbe öwrüldi.  

                                                                   

Elbetde, ýetilen we ýetilýän sepgitler juda belent, ýöne Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz il-günümizi häzirkisinden hem gowy şertlerde ýaşadyp boljakdygyna ynanýarlar we munuň üçin gije-gündiz aladalanýarlar. Täze ― 2023-nji ýyla has kämil we oýlanyşykly işlenilip taýýarlanylan Döwlet býujeti bilen gadam goýmak bosagadaky ýylyň düşümlere beslenmeginiň ilkinji ädimi bolar. 

                                                                   

2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda, geçen ýyllarda bolşy ýaly, pul serişdeleriniň agramly bölegini durmuş ulgamyny, hususan-da, bilimi, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl maýa goýumlarynyň belli bir möçberi ýaşaýyş jaýlaryny hem-de önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalary gurmaga gönükdiriler. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan ýakynda «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» karar biragyzdan kabul edildi. Milli Geňeşiň Mejlisi Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 91 075 686,0 müň manat we çykdajylar boýunça 90 097 999,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklady. Baş maliýe meýilnamasy bilen bagly oýlanyşykly we dünýä tejribesine esaslanýan syýasat geljek ýyllarda hem üstünlikli alnyp barlar. 

                                                                   

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti bosagada duran ýylyň il-günümiz üçin ýene bir düşümli ýyllaryň biri bolmagyna hyzmat eder. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň bagtyýar şu güni we nurana geljegi babatynda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. 

                                                                                                           

Türkmen gündogary.

25.11.2022
Aýdyň sepgitleri nazarlap

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde has-da ýokarlanýar. Şunda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny özgertmek, tebigy baýlyklardan netijeli we rejeli peýdalanmak, her bir adamyň abadan durmuşyny, durmuş goraglylygyny, saglygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede jemlenýär. Prezident Maksatnamasynyň esasy wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzda geljek 7 ýylda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek bilen 2022 — 2028-nji ýyllarda ilatyň zähmet öndürijiligi ýokarlanyp, zähmet haklarynyň möçberlerini artdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda goşmaça iş orunlaryny döretmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek babatda bitirilýän beýik işler özüniň oňyn netijelerini berýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda Halkara maliýe guramalarynyň bilermenleriniň pikirine görä, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy Türkmenistana diňe bir ykdysady durnuklylygy saklamaga däl, eýsem, ýokary durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga mümkinçilik berdi. Diwersifikasiýa ýoluna düşen ýurdumyzda senagat ulgamyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, elektron senagatyny döretmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak, işewürlik ulgamyny gowulandyrmak we göni daşary ýurt maýalaryny çekmek meseleleri üstünlikli çözgüde eýe bolýar. Döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalaryň gurulmagy we ulanylmaga berilmegi türkmenistanlylary köp isleg bildirilýän senagat önümleri bilen üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta ugrukdyrylan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça pudaklaryň bar bolan mümkinçiliklerini doly peýdalanmak babatda bitirilýän beýik işler häzirki wagtda uly rowaçlyklara beslenýär.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek bilen, her bir raýatyň abadan durmuşda ýaşamagy kepillendirilýär, şeýle hem ilatyň durmuş mümkinçilikleri we bähbitleri berk üpjün edilýär. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny maliýe taýdan üpjün etmek, raýatlara pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemegi kämilleşdirmek, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyna öňdebaryjy halkara tejribesini milliligimiz bilen utgaşykly ornaşdyrmagyň kanunçylyk binýady berkden tutulýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip berkidilen adamyň, ony goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň baş wezipe bolup durandygy, ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi hem doly äşgär edýär. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan beýik ösüşler milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

 Goý, ýurdumyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Maral ATAKLYÇEWA,

                       

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

24.11.2022
Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleri

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da ýur­du­myz­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz has-da ös­dü­ril­ýär. Döw­re­bap ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýan yl­my-teh­ni­ki ugur­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, äh­li ul­gam­lar­da in­no­wa­si­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan ösen se­na­ga­tyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi berk bin­ýat bo­lup dur­ýar.  

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan uly iş­ler aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Elekt­ron se­na­ga­ty ös­dür­mek, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan ösen, in­no­wa­sion, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly we bäs­deş­li­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mek hem-de ös­dür­mek Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Bu we­zi­pä­ni üs­tün­lik­li ber­jaý et­mek üçin, esa­san, üç şert ze­rur bo­lup dur­ýar: inf­rast­ruk­tu­ra, elekt­ron işe­wür­li­gi we elekt­ron tä­jir­çi­li­gi.  

                                                                   

San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi san­ly we yk­jam teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly bo­lan bir­nä­çe ba­zar dü­züm­le­ri­niň kä­mil­leş­me­gi bi­len şert­len­di­ril­ýär. Bu­la­ra on­laýn söw­da, ma­li­ýe hyz­mat­la­ry, san­ly­laş­dy­ry­lan bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de döw­let hyz­mat­la­ry de­giş­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da nagt däl ha­sap­la­şy­gyň iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek bol­ýar. In­di müş­de­ri­ler in­ter­net to­ru­na bi­ri­gip, gö­wün sö­ýen ha­ryt­la­ry­ny is­len­dik wagt­da we ähli ýer­den sa­tyn alyp bil­ýär. San­ly ul­ga­myň kö­me­gi ar­ka­ly söw­da alyp bar­ýan fi­zi­ki şahs­lar­dyr kär­ha­na­lar hem kä­ren­de tö­le­gi we iş­gär­le­re hak tö­le­mek ýa­ly ugur­lar­da çyk­da­jy­la­ry­ny azald­ýar. 

                                                                   

Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­my­nyň hem güýç­li dep­gin­ler­de ös­me­gi, ila­ty­my­za hä­zir­ki za­man ýo­ka­ry hil­li in­ter­net hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li bol­ma­gy mag­lu­mat­la­ryň giň ge­ri­mi­ni sel­jer­mä­ge we ara­gat­na­şy­gyň tä­ze hem yk­jam gör­nüş­le­ri­ni dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­ga oňyn şert­le­ri dö­red­ýär. Şo­nuň üçin bu ugur­da ýö­ri­te hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny, yl­my iş­le­riň has-da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu bol­sa san­ly ul­ga­myň di­ňe şu gününiň däl-de, eý­sem, gel­je­gi­niň hem ösüş­li bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Ýur­du­myz­da hä­zir­ki wagt­da ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy. Mu­nuň özi bu ug­ruň ös­dü­ril­me­gin­de tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. 

                                                                   

San­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bi­len bag­ly hü­när­le­re dün­ýä ba­za­ryn­da we ýur­du­myz­da ýa­kyn gel­jek­de is­leg has-da ar­tar. Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­gär­le­re, şol san­da sag­lyk taý­dan müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­len­di­ri­len adam­la­ra hü­när de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we goş­ma­ça en­dik­le­ri ös­dür­mä­ge-de müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem ýer­li hü­när­men­le­re is­le­giň ýo­ka­ry bo­lan se­bit­le­rin­de we mer­kez­ler­den uzak­da­ky ýer­ler­de iş bi­len üp­jün­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn kä­mil­leş­dir­mek, pu­da­ga öň­de­ba­ry­jy en­jam­la­ry, in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­myň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­li­gi­niň has-da art­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam eder. Şeý­le hem ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ryň her bi­ri­niň san­ly ul­ga­myň ýe­ňil­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­gy­na äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.  

                                                                                                           

Dür­dä­ne ŞA­MY­ÝE­WA,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.

23.11.2022
Bazar — bolçulygyň ölçegi

      Bir zady görüp, köp zada akyl ýetirip bolýan ýer — bazar. Bazar – bolçulygyň ölçegi. Bu ýerdäki azyk-haryt bolçulygyndan we alyjy-satyjy köpçüliginden halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini kesgitläp bolýar. Ýola goýlan ykdysady özgertmeleriň durmuşa eden oňyn täsiri hut şu ýerde açyk-aýdyň bildirýär. Adamzadyň owal-ahyrky ähli taryhynda ýaşaýyş nirede örňäp başlan bolsa, şol ýerde hökman bazaryň söhbedi edilýär.  

                                                                   

Taryhdaky ösen we ýagdaýy gurat döwletleriň ilki göze ilýän aýratynlygy onuň bazarlary bolupdyr. Müňýyllyklaryň taryhyny özünde jemleýän türkmen topragy ençeme ruhy-medeni galkynyşlaryň, syýasy we ykdysady ösüşleriň merkezi bolup geldi. Diýarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, ähli kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşendigi hem bu ösüşe esasy täsir eden ýagdaýlaryň biridir. Gadymy Köneürgenjiň, Amulyň, Merwiň, Abywerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň ady tutulanda, ösen medeni öwüşgünleriň ählisi aňymyzda janlanýar. Dünýä taryhyna siňen islendik gadymy şäher, ilki bilen, bazarlary bilen adygypdyr.  

                                                                   

Gadym döwürlerde bazar diňe bir söwda edilýän ýer bolmak bilen çäklenmändir. Bu ýerde jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri – alymlar, taryhçylar, ruhy we maddy gymmatlyklary gözleýjiler, täjirler, söwdegärler, ekerançylar, daýhandyr mülkdarlar bir ýere üýşüpdirler. Hünärmentler, senagat, sungat işgärleri özlerine gerek zatlaryny şu ýerden tapypdyrlar. Täjirler bu ýerde söwda geleşiklerini baglaşypdyrlar. Harytlaryň gymmaty we nyrhy dogrusynda çekeleşipdirler.  

                                                                   

Edil taryhda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem bazar adamzat gatnaşyklary üçin ähmiýetli ýerleriň biri bolup durýar. Ýurtda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bu ilatyň ýaşaýyş derejesini has gowulandyrmak üçin ýola goýlan giň mümkinçilikleriň uly tapgyrydyr. Sada hasap bilen göz öňüne getirip göreliň, bu ýerde söwda gatnaşyklarynda bar bolan önüm öndüriji, täjir, dellal, araçy... garaz, hünärleriň ählisi bar. Bu ýagdaý halkyň ykdysady sowatlylyk derejesini görkezýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýola goýan ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwelerini hut şu ýerde — bazarlarymyzda aýdyň görýäris. Telekeçiler, önüm öndürijiler üçin döredilen mümkinçilikler örän giň. Bazara barsaň, tapylmaýan zat ýok. Dürli-dümen miwelerden, ir-iýmişlerden, önümlerden gözüň dokunýar. Haýsy birini mysal hökmünde alanyňda hem haýry-täsiri juda uly. Türkmen tebigaty juda jomart. Sähel yhlas siňdirseň, zer öndürip bolýar. Bir wagtlar diňe subtropiki ýa-da tropiki ülkelerde ösýändir öýdülýän ösümliklerden häzir giden bakjalyklar, baglyklar peýda boldy. Bazarlardaky önümler hil babatda hem hiç bir ýurduňkydan peslär ýaly däl, gaýta, ýokumlylygy babatda örän artykmaç. Tebigatymyzda güneşiň miwelere tagam we ýokum berýän yssy çogy ýeterlik bar. Bu bolsa her miwäniň, hasylyň jana şypaly, dermanlyk häsiýetini artdyrýar. Önüm öndürijiler, daýhanlar we telekeçiler üçin hem döwlet tarapyndan ähli şertler ýola goýulýar.  

                                                                   

Halkyň isleg-talabynyň ýokarlanmagy we artmagy — ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygynyň alamaty. Diýmek, bu zatlaryň ählisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigini we bu zatlaryň ählisiniň hut ähli halk, ýurt, döwlet üçin edilýändigini subut edýär.  

                                                                                                           

Ymam NAZAROW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň öwreniji mugallymy.

22.11.2022
Logistika — ykdysady kuwwat

Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň içerki düzümlerini halkara ülňülere laýyklykda kemala getirmekde uly işleri durmuşa geçirdi. Bu işler häzirki döwürde-de depginli dowam etdirilýär. Ýurdumyzdaky esasy ýollary üstaşyr ulag geçelgelerine birikdirmek, Ýewraziýada yklymlary birleşdirýän şeýle geçelgeleri diwersifikasiýalaşdyrmak, bu babatda ýurdumyzy esasy merkezleriň birine öwürmek, netijede, geografik ýerleşişi taýdan amatly artykmaçlyklary özünde jemleýän döwletimiziň üstaşyr gatnawlarda eýeleýän kesgitleýji ornuny has-da berkitmek bu ugurda öňe sürülýän syýasatyň esasyny emele getirýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr tagallalary netijesinde durmuşa geçirilen sebitdir halkara taslamalar häzirki döwürde diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, sebit döwletleriniň hem ykdysady bähbitleriniň ýokarlanmagyna getirdi. Bu ýagdaý döwletimiziň her bir işde ählumumy bähbitleri-de nazardan salmaýandygyny görkezýär, sebitde ösüşiň gazanylmagynda eýeleýän ornuny berkidýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň transmilli geçelgeleri döretmek strategiýasynyň çäginde hem-de giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadyndan ugur alyp, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag-aragatnaşyk geçelgesiniň döredilmegi-de ýokarda aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Bu geçelge Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna Pars aýlagyna girmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu ugur Hazar deňziniň, Gara deňiz basseýniniň we Baltika sebitlerine girýän üstaşyr geçelgäni-de öz içine alar. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň çäkleri arkaly Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň amatly gatnawy emele getirer. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda demir ýol şahasynyň gurulmagy, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurda esasy merkezleriň birine öwrülmegi babatda edilýän işlere mynasyp goşantdyr. Şu we beýleki üstaşyr ulag geçelgeleriniň türki döwletleriň arasynda ýük gatnawlarynyň, şol sanda üstaşyr ýük geçirilişiniň möçberini artdyrmakda, söwda dolanyşygyny giňeltmekde hem-de eksport-import gatnaşyklarynyň deňagramlylygyny üpjün etmekde hem derwaýys orun eýeleýändigini, geljekde munuň ähmiýetiniň has-da artjakdygyny hem nygtamak zerur. Şu barada türki döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän dürli derejelerdäki duşuşyklarda ýörite ylalaşyklaryň gazanylmagy-da möhüm ähmiýetlidir. Ol 11-nji noýabrda geçirilen Samarkant duşuşygynda hem öňe sürlen esasy meseleleriň biri boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwletiň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde, bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşýändigi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda Türkmenistanyň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlikdäki artykmaçlyklaryndan ugur alýar. Häzirki zaman ählumumy ykdysady ulgamdaky çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak we bazarda mynasyp orny eýelemek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin-de döwlet Baştutanymyzyň daşary ykdysady strategiýasynda, esasan, iki ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň biri energiýa howpsuzlygy, ikinjisi üstaşyr ulag geçelgeleridir. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan doly goldaw tapýandygy, şunuň bilen baglanyşykly ýörite halkara çäreleriň geçirilýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ulag-aragatnaşyk toplumynyň ykdysady görkezijileri-de guwandyryjydyr. Milli ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine saldamly goşant goşsa, ikinji tarapdan, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ykdysadyýetdäki ornuny barha berkidýär. Başgaça aýdylanda, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişi, ulag infrastrukturasyny dowamly döwrebaplaşdyrmak syýasaty üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga oňaýly şertleri döredýär. Şonuň üçin-de gürrüňi edilýän pudak öz-özüňi dolandyrmakda, halkyň durmuş üpjünçiligini berkitmekde, ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda döwlet tarapyndan saýlanyp alnan iň dogry hem iň bähbitli ykdysady ugurdyr. Halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de onuň ýurdumyzdaky bölekleriniň has-da kämilleşdirilmegi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, sebitde-de önümçilikleriň artmagyna, hususy pudakdaky işjeňligiň ýokarlanmagyna, haryt dolanyşygynda bahalaryň arzanlamagyna, täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňyn täsir eder. 

                                                                                                           

Sapar ŞAÝYMOW,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

19.11.2022
Görnükli netijeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurt Baştutanymyzyň kabul edýän taryhy Kararlarydyr çözgütlerinde ata Watanymyzyň beýleki sebitleri bilen birlikde Balkan welaýatyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sebitiň howa we tebigy aýratynlyklary, gazylyp alynýan dürli tebigy baýlyklaradyr magdanlara baý ýataklary we beýleki uly mümkinçilikleri ýurduň ykdysady ösüşine, ilatynyň maddy hal-ýagdaýyny we iş orunlary bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, ýokary netijeli önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge amatly şertleri döredýär. 

                                                                   

Şundan ugur alyp, welaýatyň etrap-şäherlerinde, oba-şäherçelerinde alnyp barylýan dürli maksatly binalary özümizde öndürilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkanabat şäherindäki Balkan Kän müdirligi hem saldamly işleri bitirýär. Kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen ýanwar — oktýabr aýlarynda senagat önümleriniň pul hasabynda 19 million 178 müň manatlyga barabary taýýarlanylyp, bu baradaky meýilnama 111 göterimden geçirilip amal edildi. Şeýle hem şu döwürde bu ýerde 2 million 50 müň manatlyga derek 3 million 41 müň manatlykdan hem gowrak gurluşyk serişdeleri taýýarlanyldy. 

                                                                   

Kärhanada, ylaýta-da, düzüminde demir magdany bolan dag jynsyny, gips daşyny, toýuny, diwara örtülýän materiallary taýýarlamakda has görnükli netijeleriň gazanylandygyny bolsa aýratyn nygtamak gerek. Kämil önümçilik tehnikalary bilen ygtybarly üpjün edilen kärhanada we onuň önümçilik meýdançalarynda öndürilýän gurluşyk materiallary diňe bir Balkan welaýatyna däl, eýsem Diýarymyzyň ähli sebitlerine hem yzygiderli ugradylýar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».

18.11.2022
Ykdysadyýete täzeçe çemeleşmeler

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ählisinde gyradeň ýokary ösüş derejesi saklanylýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysady ösüş bu jemgyýetçilik önüminiň mukdar taýdan köpelmegi we hil taýdan kämilleşmegidir. Bu ösüşleri gazanmakda hem-de yzygiderli berkitmekde baý tebigy gorlara, işjeňligi barha artýan maýa goýum işiniň netijeliligine, çig mal pudagyna degişli bolmadyk ulgamlaryň depginli ösdürilmegine, iri möçberli maýa goýum serişdeleriniň çekilmegine, ýurtda maliýe we durmuş durnuklylygyny saklamaga, şeýle-de milli puluň hümmetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmäge aýratyn orun berilýär. 

                                                                   

Gazanylýan ynamly ösüşleriň sarsmaz binýadynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady syýasat durýar. Şeýle oýlanyşykly işlenilip düzülen syýasatyň netijesinde ýurdumyz önümleriň ýokary hili bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän döwletleriň hataryna ymykly goşulýar. Ykdysady seljermede ulanylýan iki görkeziji, ýagny, jemi önüm we milli girdeji maddy önümçiligiň we hyzmatlaryň sazlaşygynyň gazanylýandygyny görkezýär.  

                                                                   

Ösüşlerimiziň durnuklylygyny saklamakda geçen ýyllarda ykdysady ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek, ösüşiň çig mal görnüşinden senagat-innowasiýaly ugruna tapgyrlaýyn geçmekligi üpjün etmek, Türkmenistanyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has çuň we ynamly aralaşmagyny gazanmak ýaly wezipeleriň oňyn çözülmegi aýratyn uly täsirini ýetirdi. Bu ykdysady syýasat hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň hem ornaşdyrylmagy ösüşler üçin giň mümkinçilikleri döredýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, pudaga häzirkizaman ylmynyň gazananlarynyň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde azyk önümleriniň öndürilýän mukdary hem yzygiderli artýar. Oba hojalygynda hasylyň möçberini we hilini ýokarlandyrýan usullary düzüminde toplaýan özgertmeleriň uly toplumynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatymyzyň saçaklarynda önüm bolçulygy emele gelýär. Çörek hem-de gök-bakja önümleri, öz topragymyzdan önýän naz- nygmatlaryň dürli görnüşleri alyjylara yzygiderli hödürlenilip dur. Ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda azyklyk önümleriň käbir görnüşleriniň ekilen her gektaryndan 80-250 sentnere çenli hasyl alynýar. Munuň şeýledigine welaýatymyzda ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň beren hasylynyň mysalynda hem göz ýetirýäris. Şu ekinler üçin bölünip berlen 11 müň 670 gektar ekerançylyk meýdanynda bol hasylyň ýygnalmagy bu ugurda tejribeleriň baýlaşandygyny görkezýär. Öndürilen azyklyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany hem yzygiderli artýar. Olaryň esasy wezipeleriniň biri ilatymyzy dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekdir. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmeginde, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                                                           

Begenç MYRADOW,

                       

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

17.11.2022
Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwaty — ählumumy rowaçlygyň bähbidine

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda özüniň içeri we daşary syýasatynda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerini esas edinen Türkmenistanyň 1993-nji ýylda «Brýusel Jarnamasyny» goldamak bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRACECA) boýunça maksatnamany kabul etmekden gözbaşyny alýan ulag düzümini ösdürmek baradaky meýilnamalary Arkadagly zamanamyzda strategik tutumlara beslendi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan parasatly başlangyçlary bilen yglan edilen ulag diplomatiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen uly üstünliklere beslenýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy diňe ulag diplomatiýasyny ösdürmek bilen baglylykda-da birnäçe resminamalary kabul etdi. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 66 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny»; 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly, köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda»; 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda 74 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek»; 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen, 48 döwletiň döredijiler bolup çykyş etmeklerinde, guramanyň ähli agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagynda kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar bar. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 15-nji martynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde 62 döwletiň döredijileri bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk tejribesiniň ulag diplomatiýasyndaky öwüşginlerini älem-jahana ýaýdy. Bu halkara resminamalar eýsem, ählumumy bähbitleri we amatly şertleri göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitlerine dahylly meseleleri çuň öwrenmek we ol meseleleri diplomatik serişdeler arkaly çözmek başarnygy, dünýä nusgalyk guramaçylyk başarnygy bilen, Türkmenistanda ulag-logistika ulgamynyň maddy mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmakda çäksiz uly işler bitirildi. 

                                                                   

Türkmen Lideriniň paýhasy bilen 2015-nji ýylyň 3-nji dekabrynda ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, 2016-njy ýylyň noýabrynda dabaraly açylyşy bolan Ymamnazar — Akina transmilli polat ýoly, türkmen demirýolçulary tarapyndan gurlup, 2018-nji ýylyň fewralynda ulanmaga berlen Serhetabat — Turgundy demir ýoly, türkmen böleginiň gurluşygy tamamlanan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan transmilli demir ýoly, 2017-nji ýylyň 7-nji martynda ulanmaga berlen, Amyderýanyň üstünden geçirilen Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri, 2018-nji ýylyň maýynda ulanyşa girizilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi ýaly ýene-de ençeme iri taslamalar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman hem-de Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi bolup hyzmat edýän ýurdumyzyň ulag pudagynyň üstaşyr geçirijiliginiň anykdan-anyk mysallar arkaly görkezilen mümkinçilikleridir. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ykdysady taýdan has-da kämilleşýän, sebitde parahatçylygy, asudalygy berkarar edýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy döwletimiziň syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny doly üpjün edýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan wezipeleriň we maksatlaryň esasynda, ýurdumyzyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini çalt kemala getirmek babatynda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça geljek ýyllarda bitiriljek işler hem diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl-de, eýsem, sebitiň we bütin dünýäniň ösüşine-de kuwwatly itergi berer. Geografik taýdan örän amatly — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit hem-de sebitara ulag ýollarynyň, geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolar we şol kuwwatdan netijeli peýdalanylar. Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda wajyp ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek işi bolsa geljegiň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 8-nji awgustynda ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.  

                                                                   

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahat Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatdaky netijeli işleriň ýene bir mynasyp üstünligi boldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň bu maslahatda eden wideoçykyşynda BMG-de ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek, şeýle hem Baş Assambleýanyň «Ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak hakynda» Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmek boýunça öňe süren teklibi bolsa halkara jemgyýetçilikde durnukly ösüşleri ilerletmäge gönükdirilendir.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmekde netijeli işleri alyp barýar.  

                                                                   

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň döwrebap desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, olaryň işine ak pata bermegi pudagyň ösüşiniň şanly wakalarynyň nobatdaky dabaralanmasy boldy. 

                                                                   

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türkmenistanyň bu guramanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, munuň özi häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge, şu ugurlar boýunça energetika ulgamlaryny herekete getirmäge taýýardygyny nygtady.  

                                                                   

Parahat durmuşymyzy, bolelin ýaşaýşymyzy, mukaddes Watanymyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşlerini esaslandyryjy milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň 2-nji kitabynda çuň mana ýugrup ýazyşy ýaly: «Dünýäni söküp, yklymlary birikdirýän ýollar nowjuwan Türkmenistanyň üstünden geçýär. Ýollary gadymy Oguz ýurdy birleşdirýär. Ýollar Türkmenistandan dünýäniň çar künjüne sary rowan bolýar. Bu taryhy hakykatyň üçünji müňýyllygyň başky çärýeginde täze röwşe eýe bolandygy dünýä äşgär». 

                                                                   

Goý, ýurdumyzyň ösüşlerini gün-günden belent sepgitlere ýetirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!  

                                                                                                           

Muhammetrahym ÖWEZOW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

16.11.2022
Nebit-gazly Watanym

Türkmenistan Watanymyz nebite we gaza baýdyr. Ägirt uly «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gaz gorlarynyň ummasyz möçberi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerine baý ýataklary hem-de geljegi uly bolan beýleki känleriň nebit-gaz gorlary şeýle diýmäge esas berýär. Şonuň bilen baglylykda, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ata Watanymyz baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli işleri alyp barýar.  

                                                                   

Nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar biz — geljekki hünärmenleri has-da begendirýär hem-de saýlap alan hünärimize höwesimizi artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, mundan sanlyja ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody hem iri taslamalaryň hatarynda guwanç bilen bellemek ýakymlydyr. Ol dünýäde gazhimiýa toplumynyň ilkinji kuwwatly, iň kämil innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan zawoddyr. Onda her ýyl 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazyň gaýtadan işlenip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benzin, 12 müň tonna dizel ýangyjy hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmäge giň mümkinçilikleriň bolmagy zawodyň esasy aýratynlygydyr. 

                                                                   

Biz — bagtyýar talyplary begendirýän zatlaryň biri-de ýakynda ak mermerli paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2022» atly halkara maslahatyň we serginiň ýokary derejede geçirilip, dünýäniň öňdebaryjy, meşhur kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan bu forumda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň döwrebap ösüşleriniň giňden öz beýanyny tapmagydyr.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak ugrunda bimöçber tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Bägül ANNAÝEWA,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

16.11.2022
Mümkinçilikler meýdany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda sazlaşykly ösüşler alnyp barylýar. Milli telekommunikasiýa ulgamynda-da halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi aragatnaşyk ulgamynda hyzmatlaryň hil taýdan ýokary derejelere kybap getirilmegine şert döredýär. Telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň ösdürilmegini üpjün edýän esasy şertleriň biridir. 

                                                                   

Myhmanyň özi bilen bereket, döwlet getirýändigi baradaky ynamy halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda durmuş ýörelgesine öwrüpdir. Hormatly Prezidentimiziň ösüşleri, özgerişleri nazarlaýan syýasaty netijesinde ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän maslahatlardyr sergilere gatnaşmak üçin dünýäniň çar künjeginden gelýän myhmanlaryň özleri bilen döwlet getirýändigine gündelik durmuşymyzdan göz ýetirýäris. Paýtagtymyzda dowam edýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty-da durmuşymyza döwrüň iň täze gazananlaryny barha giňden ornaşdyrmagy nazarlaýan halkara derejeli çäredir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde guramagynda geçirilýän bu halkara sergi we maslahat Hytaý Halk Respublikasyndan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gresiýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, şeýle-de Garaşsyz Diýarymyzdan gatnaşýan iri-iri kompaniýalar, işewürler üçin pikir-tejribe alyşmagyň, gepleşikleri geçirmegiň oňaýly meýdançasyna öwrüldi. Munuň özi bu ulgamda täze-täze sepgitlere ýetilmeginde, dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk esasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde mümkinçilikleriň çägini giňeldýär.  

                                                                   

Garaşsyz Diýarymyzyň bereketli topragy asyrlaryň dowamynda halklaryň, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup gelipdir. Bu günki gün halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen baglanyşykly taslamalar Türkmenistany Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkezine öwürýär. Bu taslamalar üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy we sebit döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösmegine-de ýardam berýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde ähli ugurlarda täze-täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylyp durulmagy innowasiýalar bilen aýakdaş hereketi talap edýär. Munuň ýurtda kämil, ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da baglydygy dogrusynda hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan ugur alyp, biz hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň ýurduň ösüşlerine goşant goşýan nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagalla edýäris. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Institutda IT meýdançasynyň hereket etmegi ýaly täzeçillikleriň ornaşdyrylmagy öz miwesini-de berýär. Institut Beýik Britaniýanyň Times Higher Education World University Rankings Bütindünýä uniwersitetleriň «THE Impact Ranking — 2022» reýtinginiň sanawyna girizildi. Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde «Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň» agzalygyna kabul edilmegi bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň on bäşinji gezek geçirilýän halkara sergisi bolsa biziň talyplarymyz üçin hakyky tejribe mekdebine öwrüldi.  

                                                                   

 Bize işlemäge ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun.  

                                                                   

 Surata düşüren
Ahmet TAŇRYGULYÝEW.
 

                                                                                                           

Oguljan ŞYHYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

11.11.2022
Ykdysadyýet — durnukly ösüşiň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredildi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar. 

                                                                   

Ata Watanymyz dünýä bileleşiginde ygtybarly, mynasyp hyzmatdaş hökmünde giňden tanalýar. Bu biziň ýurdumyza iňňän uly halkara ykdysady taslamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen   arkalaşykly, ynamly iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Muny Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyklary hem tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan döwrebap özgertmeleri netijesinde diwersifikasiýa esaslanýan ykdysadyýetimizde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň özeni türkmen halkynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, sebit we dünýä ýurtlary bilen dostana gatnaşyklary, dürli ugurlar boýunça  hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy goramak, şol sanda dünýä müşgillikleriniň   oňyn çözgütlerini tapmaga önjeýli goşant goşmak, dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna tiz goşulyşmak baradaky ajaýyp ýörelgelerden ybaratdyr.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň hem-de halkara tejribeleriniň has içgin ornaşdyrylýan häzirki döwründe, kabul edilýän şeýle çözgütler hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli goldawlary berýän we giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Akmuhammet SAPAROW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we   dolandyryş institutynyň talyby.

10.11.2022