Änew şäherinde hususy pudagyň wekillerine degişli önümçilikleriň ençemesi hereket edýär. Şolaryň hatarynda «besti» haryt nyşanly çaga lybaslaryny öndürýän kärhanany hem agzamak bolar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Esli» hojalyk jemgyýetine degişli bolan bu önümçilik kärhanasynyň işe girizilenine bir ýyldan gowrak wagt boldy. Muňa garamazdan kärhanada öndürilýän önümler uly meşhurlyk gazandy. Ol ýerde, esasan-da, 6 aýlykdan başlap, 14 ýaşa çenli çagalara niýetlenen lybaslaryň önümçiligi alnyp barylýar. Önümçilik bölüminde ornaşdyrylan, Ýaponiýanyň «Juki» kompaniýasynyň iň häzirki zaman tikin enjamlary we beýleki degişli tehnologiýalar dürli ölçegdäki we biçüwdäki lybaslary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Kärhanada gelin-gyzlaryň 200-den gowragy işleýär. Olaryň aglabasy ýaşlar bolmak bilen, öz işlerine örän jogapkärli çemeleşýärler. Şeýle bolansoň, olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti netijesinde öndürilýän çaga egin-eşiklerine daşary bazarda hem uly gyzyklanma bildirilýär. Önümiň ilkinji tapgyrynyň Wenesuela döwletine eksport edilmegi, ýakyn aýlarda Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe, Fransiýa döwletlerine, Gazagystana, Özbegistana, Eýran Yslam Respublikasyna eksport edilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýratyn bellärliklidir.
Yhlas SAPAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.