Mümkinçilikler meýdany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda sazlaşykly ösüşler alnyp barylýar. Milli telekommunikasiýa ulgamynda-da halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi aragatnaşyk ulgamynda hyzmatlaryň hil taýdan ýokary derejelere kybap getirilmegine şert döredýär. Telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň ösdürilmegini üpjün edýän esasy şertleriň biridir. 

                                                                   

Myhmanyň özi bilen bereket, döwlet getirýändigi baradaky ynamy halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda durmuş ýörelgesine öwrüpdir. Hormatly Prezidentimiziň ösüşleri, özgerişleri nazarlaýan syýasaty netijesinde ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän maslahatlardyr sergilere gatnaşmak üçin dünýäniň çar künjeginden gelýän myhmanlaryň özleri bilen döwlet getirýändigine gündelik durmuşymyzdan göz ýetirýäris. Paýtagtymyzda dowam edýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty-da durmuşymyza döwrüň iň täze gazananlaryny barha giňden ornaşdyrmagy nazarlaýan halkara derejeli çäredir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde guramagynda geçirilýän bu halkara sergi we maslahat Hytaý Halk Respublikasyndan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gresiýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, şeýle-de Garaşsyz Diýarymyzdan gatnaşýan iri-iri kompaniýalar, işewürler üçin pikir-tejribe alyşmagyň, gepleşikleri geçirmegiň oňaýly meýdançasyna öwrüldi. Munuň özi bu ulgamda täze-täze sepgitlere ýetilmeginde, dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk esasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde mümkinçilikleriň çägini giňeldýär.  

                                                                   

Garaşsyz Diýarymyzyň bereketli topragy asyrlaryň dowamynda halklaryň, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup gelipdir. Bu günki gün halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen baglanyşykly taslamalar Türkmenistany Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkezine öwürýär. Bu taslamalar üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy we sebit döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösmegine-de ýardam berýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde ähli ugurlarda täze-täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylyp durulmagy innowasiýalar bilen aýakdaş hereketi talap edýär. Munuň ýurtda kämil, ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da baglydygy dogrusynda hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan ugur alyp, biz hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň ýurduň ösüşlerine goşant goşýan nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagalla edýäris. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Institutda IT meýdançasynyň hereket etmegi ýaly täzeçillikleriň ornaşdyrylmagy öz miwesini-de berýär. Institut Beýik Britaniýanyň Times Higher Education World University Rankings Bütindünýä uniwersitetleriň «THE Impact Ranking — 2022» reýtinginiň sanawyna girizildi. Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde «Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň» agzalygyna kabul edilmegi bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň on bäşinji gezek geçirilýän halkara sergisi bolsa biziň talyplarymyz üçin hakyky tejribe mekdebine öwrüldi.  

                                                                   

 Bize işlemäge ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun.  

                                                                   

 Surata düşüren
Ahmet TAŇRYGULYÝEW.
 

                                                                                                           

Oguljan ŞYHYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.