Bir zady görüp, köp zada akyl ýetirip bolýan ýer — bazar. Bazar – bolçulygyň ölçegi. Bu ýerdäki azyk-haryt bolçulygyndan we alyjy-satyjy köpçüliginden halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini kesgitläp bolýar. Ýola goýlan ykdysady özgertmeleriň durmuşa eden oňyn täsiri hut şu ýerde açyk-aýdyň bildirýär. Adamzadyň owal-ahyrky ähli taryhynda ýaşaýyş nirede örňäp başlan bolsa, şol ýerde hökman bazaryň söhbedi edilýär.
Taryhdaky ösen we ýagdaýy gurat döwletleriň ilki göze ilýän aýratynlygy onuň bazarlary bolupdyr. Müňýyllyklaryň taryhyny özünde jemleýän türkmen topragy ençeme ruhy-medeni galkynyşlaryň, syýasy we ykdysady ösüşleriň merkezi bolup geldi. Diýarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, ähli kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşendigi hem bu ösüşe esasy täsir eden ýagdaýlaryň biridir. Gadymy Köneürgenjiň, Amulyň, Merwiň, Abywerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň ady tutulanda, ösen medeni öwüşgünleriň ählisi aňymyzda janlanýar. Dünýä taryhyna siňen islendik gadymy şäher, ilki bilen, bazarlary bilen adygypdyr.
Gadym döwürlerde bazar diňe bir söwda edilýän ýer bolmak bilen çäklenmändir. Bu ýerde jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri – alymlar, taryhçylar, ruhy we maddy gymmatlyklary gözleýjiler, täjirler, söwdegärler, ekerançylar, daýhandyr mülkdarlar bir ýere üýşüpdirler. Hünärmentler, senagat, sungat işgärleri özlerine gerek zatlaryny şu ýerden tapypdyrlar. Täjirler bu ýerde söwda geleşiklerini baglaşypdyrlar. Harytlaryň gymmaty we nyrhy dogrusynda çekeleşipdirler.
Edil taryhda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem bazar adamzat gatnaşyklary üçin ähmiýetli ýerleriň biri bolup durýar. Ýurtda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bu ilatyň ýaşaýyş derejesini has gowulandyrmak üçin ýola goýlan giň mümkinçilikleriň uly tapgyrydyr. Sada hasap bilen göz öňüne getirip göreliň, bu ýerde söwda gatnaşyklarynda bar bolan önüm öndüriji, täjir, dellal, araçy... garaz, hünärleriň ählisi bar. Bu ýagdaý halkyň ykdysady sowatlylyk derejesini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýola goýan ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwelerini hut şu ýerde — bazarlarymyzda aýdyň görýäris. Telekeçiler, önüm öndürijiler üçin döredilen mümkinçilikler örän giň. Bazara barsaň, tapylmaýan zat ýok. Dürli-dümen miwelerden, ir-iýmişlerden, önümlerden gözüň dokunýar. Haýsy birini mysal hökmünde alanyňda hem haýry-täsiri juda uly. Türkmen tebigaty juda jomart. Sähel yhlas siňdirseň, zer öndürip bolýar. Bir wagtlar diňe subtropiki ýa-da tropiki ülkelerde ösýändir öýdülýän ösümliklerden häzir giden bakjalyklar, baglyklar peýda boldy. Bazarlardaky önümler hil babatda hem hiç bir ýurduňkydan peslär ýaly däl, gaýta, ýokumlylygy babatda örän artykmaç. Tebigatymyzda güneşiň miwelere tagam we ýokum berýän yssy çogy ýeterlik bar. Bu bolsa her miwäniň, hasylyň jana şypaly, dermanlyk häsiýetini artdyrýar. Önüm öndürijiler, daýhanlar we telekeçiler üçin hem döwlet tarapyndan ähli şertler ýola goýulýar.
Halkyň isleg-talabynyň ýokarlanmagy we artmagy — ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygynyň alamaty. Diýmek, bu zatlaryň ählisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigini we bu zatlaryň ählisiniň hut ähli halk, ýurt, döwlet üçin edilýändigini subut edýär.
Ymam NAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň öwreniji mugallymy.