Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwaty — ählumumy rowaçlygyň bähbidine

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda özüniň içeri we daşary syýasatynda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerini esas edinen Türkmenistanyň 1993-nji ýylda «Brýusel Jarnamasyny» goldamak bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRACECA) boýunça maksatnamany kabul etmekden gözbaşyny alýan ulag düzümini ösdürmek baradaky meýilnamalary Arkadagly zamanamyzda strategik tutumlara beslendi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan parasatly başlangyçlary bilen yglan edilen ulag diplomatiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen uly üstünliklere beslenýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy diňe ulag diplomatiýasyny ösdürmek bilen baglylykda-da birnäçe resminamalary kabul etdi. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 66 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny»; 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly, köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda»; 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda 74 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek»; 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen, 48 döwletiň döredijiler bolup çykyş etmeklerinde, guramanyň ähli agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagynda kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar bar. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 15-nji martynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde 62 döwletiň döredijileri bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk tejribesiniň ulag diplomatiýasyndaky öwüşginlerini älem-jahana ýaýdy. Bu halkara resminamalar eýsem, ählumumy bähbitleri we amatly şertleri göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitlerine dahylly meseleleri çuň öwrenmek we ol meseleleri diplomatik serişdeler arkaly çözmek başarnygy, dünýä nusgalyk guramaçylyk başarnygy bilen, Türkmenistanda ulag-logistika ulgamynyň maddy mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmakda çäksiz uly işler bitirildi. 

                                                                   

Türkmen Lideriniň paýhasy bilen 2015-nji ýylyň 3-nji dekabrynda ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, 2016-njy ýylyň noýabrynda dabaraly açylyşy bolan Ymamnazar — Akina transmilli polat ýoly, türkmen demirýolçulary tarapyndan gurlup, 2018-nji ýylyň fewralynda ulanmaga berlen Serhetabat — Turgundy demir ýoly, türkmen böleginiň gurluşygy tamamlanan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan transmilli demir ýoly, 2017-nji ýylyň 7-nji martynda ulanmaga berlen, Amyderýanyň üstünden geçirilen Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri, 2018-nji ýylyň maýynda ulanyşa girizilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi ýaly ýene-de ençeme iri taslamalar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman hem-de Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi bolup hyzmat edýän ýurdumyzyň ulag pudagynyň üstaşyr geçirijiliginiň anykdan-anyk mysallar arkaly görkezilen mümkinçilikleridir. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ykdysady taýdan has-da kämilleşýän, sebitde parahatçylygy, asudalygy berkarar edýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy döwletimiziň syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny doly üpjün edýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan wezipeleriň we maksatlaryň esasynda, ýurdumyzyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini çalt kemala getirmek babatynda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça geljek ýyllarda bitiriljek işler hem diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl-de, eýsem, sebitiň we bütin dünýäniň ösüşine-de kuwwatly itergi berer. Geografik taýdan örän amatly — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit hem-de sebitara ulag ýollarynyň, geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolar we şol kuwwatdan netijeli peýdalanylar. Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda wajyp ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek işi bolsa geljegiň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 8-nji awgustynda ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.  

                                                                   

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahat Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatdaky netijeli işleriň ýene bir mynasyp üstünligi boldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň bu maslahatda eden wideoçykyşynda BMG-de ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek, şeýle hem Baş Assambleýanyň «Ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak hakynda» Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmek boýunça öňe süren teklibi bolsa halkara jemgyýetçilikde durnukly ösüşleri ilerletmäge gönükdirilendir.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmekde netijeli işleri alyp barýar.  

                                                                   

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň döwrebap desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, olaryň işine ak pata bermegi pudagyň ösüşiniň şanly wakalarynyň nobatdaky dabaralanmasy boldy. 

                                                                   

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türkmenistanyň bu guramanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, munuň özi häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge, şu ugurlar boýunça energetika ulgamlaryny herekete getirmäge taýýardygyny nygtady.  

                                                                   

Parahat durmuşymyzy, bolelin ýaşaýşymyzy, mukaddes Watanymyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşlerini esaslandyryjy milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň 2-nji kitabynda çuň mana ýugrup ýazyşy ýaly: «Dünýäni söküp, yklymlary birikdirýän ýollar nowjuwan Türkmenistanyň üstünden geçýär. Ýollary gadymy Oguz ýurdy birleşdirýär. Ýollar Türkmenistandan dünýäniň çar künjüne sary rowan bolýar. Bu taryhy hakykatyň üçünji müňýyllygyň başky çärýeginde täze röwşe eýe bolandygy dünýä äşgär». 

                                                                   

Goý, ýurdumyzyň ösüşlerini gün-günden belent sepgitlere ýetirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!  

                                                                                                           

Muhammetrahym ÖWEZOW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.