Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.
Ata Watanymyz dünýä bileleşiginde ygtybarly, mynasyp hyzmatdaş hökmünde giňden tanalýar. Bu biziň ýurdumyza iňňän uly halkara ykdysady taslamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen arkalaşykly, ynamly iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Muny Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyklary hem tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan döwrebap özgertmeleri netijesinde diwersifikasiýa esaslanýan ykdysadyýetimizde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň özeni türkmen halkynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, sebit we dünýä ýurtlary bilen dostana gatnaşyklary, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy goramak, şol sanda dünýä müşgillikleriniň oňyn çözgütlerini tapmaga önjeýli goşant goşmak, dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna tiz goşulyşmak baradaky ajaýyp ýörelgelerden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň hem-de halkara tejribeleriniň has içgin ornaşdyrylýan häzirki döwründe, kabul edilýän şeýle çözgütler hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli goldawlary berýän we giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Akmuhammet SAPAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.