Häzirki zaman ylmynyň we öňdebaryjy tejribeleriň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak işleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem yzygiderli amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda Gündogar Çeleken meýdançasynda gazylan 707 belgili baha beriji guýudan bol nebit akymynyň alynmagy hem şeýle köpugurly işleriň guwandyryjy netijesidir. Ol adaty guýulardan sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylan usulda gazylandygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi Çeleken ýarymadasynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde şeýle usulda burawlanan ilkinji guýy boldy. Sakasy gury ýerde ýerleşdirilip, Hazar deňziniň suw ýalpaklygyndaky böleginiň çäklerinde sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylyp gazylan bu guýudan gije-gündiziň dowamynda alynýan nebit çig malynyň möçberi 10-dan 12 tonna çenli baryp ýetýär.
Hazar deňziniň suw ýalpaklygyndaky böleginde buraw işlerini täzeden ýaýbaňlandyrmak, ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly bu künjekde nebitiň çykarylyşyny has-da artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlary bilen bilelikde işläp taýýarlan taslamasy esasynda başlanan bu iş häzirki günlerde şu baýlyklar käninde burawlanýan 712 belgili guýuda öz mynasyp dowamyny tapýar. Umumy taslama çuňlugy 2 müň 650 metre barabar bolan bu guýuda hem gazuw işleri 1 müň 600 metre ýetýänçä dikligine geçiriler. Şol çäkden soňra gazuw işleri taslama çuňlugyna baryp ýetýänçä, ýapgytlaýyn ugrukdyrylan usulda amala aşyrylar. Burawlaýşyň bu usuly diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, ol tehniki taýdan howpsuzlygy, şonuň ýaly-da, ekologiýa babatda arassalygy bilen-de tapawutlanýar. Çünki buraw desgasynyň esasy sütüni deňiz kenaryndan 450 — 475 metr uzaklykda ýerleşdirilip, bellenilen çäkden soň deňziň suw ýalpaklygyna tarap ugrukdyrylýar. Taslama çuňlukdaky nebit alnyp gutarylandan soňra, ondan ýokarda galan gatlaklardaky çig maly hem almak mümkinçiligi burawlaýşyň dolanyşyga ornaşdyrylýan bu täzeçil usulynyň ýene bir aýratynlygydyr.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Çeleken ýarymadasynda iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň baş geology Döwran Baýramowyň öz işine juda beletlik bilen berýän gürrüňlerini ýazga geçirip oturyşyma, bu baýlyklar mesgenindäki bilýän zatlarym hakydamda janlanýar. Aslynda, geoykdysady taýdan juda amatly ýerleşişe eýe bolan Watanymyz bu gün dünýäde özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmagy başarýan döwletleriň hatarynda tanalýar. Diýarymyzda ýakyn geljekde uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny we olaryň daşarky bazarlardaky ornuny düýpli ýokarlandyrmak hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Maglumatlara görä, ilkinji energetika serişdelerini sarp etmegiň umumy gurluşynda häzirki wagtda nebit birinjiligi elden bermän gelýär. Soňky ýarym asyryň dowamynda Ýer togalagyndaky döwletleriň arasynda ýangyjyň esasy görnüşleriniň sarp edilişi ýüz esseden-de artypdyr. Bu görkeziji nebitdir gaza bolan islegiň yzygiderli ýokarlanmagy bilen baglydyr.
Bar bolan maglumatlara görä, häzirki zaman dünýäsinde diňe nebitiň tassyklanan gorlary 170 milliard tonna ýakyndyr. Şonuň milliardlarça tonnasynyň biziň ata Watanymyzyň çäklerindedigi has-da buýsançlydyr. Ony ýer goýnundan alyp, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna gönükdirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda döwrebap işler bitirilýär. Konserniň günbatar Türkmenistandaky Çeleken ýarymadasynyň guryýer böleginde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri bu ugurda göreldeli zähmet çekýärler. Ýeri gelende aýtsak, hazynalar mesgeni bolan bu künjekde nebiti senagat taýdan peýdalanmagyň taryhy ýüzlerçe ýyllara uzap gidýär. Türkmen Diýarynda guýulardan nebit çig malyny almak işi 1742 — 1875-nji ýyllardan gözbaş alýar. Bu hakykata grek, arap, rus syýahatçylarynyň dürli döwürlerde galdyran taryhy maglumatlary hem doly güwä geçýär. Gürrüňi gidýän Çeleken käninden çykarylýan nebitiň hasabaty bolsa 1876-njy ýyldan bäri ýöredilýär. Şonuň üçin türkmen nebitiniň taryhyny Çelekenden üzňe göz öňüne getirmek kyndyr. Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän Çeleken ýarymadasy, bilermenleriň tassyklamagyna görä, uglewodorod çig malynyň juda köp goruny öz goýnunda saklaýar. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda deňiz suwunyň göz-görtele çekilmegi bilen, Çeleken, ozal ada bolanlygyndan, ýarymada öwrülýär. Günbatardan gündogarlygyna kyrk kilometre golaý uzap gidýän ýarymadanyň häzirki tutýan meýdany bäş ýüz inedördül kilometre barabardyr. Agramly bölegi çäge massiwlerinden we şorluklardan ybarat düzlükde ýerleşýän ýarymadanyň absolýut beýikligi (Çokrak dagy) 120 metre-de ýetenok. Ýarymada geologik taýdan Hazar depressiýasynda ýerleşip, mezezoý we çetwertik döwrüň çökündi jynslaryndan düzülendir. Tektonik hereketiniň netijesinde, ol ençeme gezek gorizontal we wertikal döwülmelere uçraýar hem-de belli bir ugry bolmadyk döwüm liniýalary emele getirýär. Hut şu ýagdaýyň özem ýeriň çuň gatlaklaryndan läbik wulkanlaryň atylyp, ýod-bromly suwlaryň çogup çykmagyna getiripdir...
«Çar» we «kän» sözlerinden emele gelen Çeleken sözi «dört kän» ýa-da «dört baýlyk» (nebit, nebitdakyl, duz, boýag) diýen manyny berýär. Ir döwürlerde «Akjaýar» diýlip atlandyrylan häzirki Hazar şäherinde ýod, brom, gurum öndürmek onlarça ýyldan bäri üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi ýer goýnundan «gara altyn» çykarmak bilen meşgullanýar. ХХ asyryň başlarynda bu ýerde burawlanan guýulardan nebit çüwdürimleri (fontanlary) bary-ýogy iki ýüz metre golaý çuňlukdan atylyp çykýan eken. 1949-njy ýylda bu ýerde agtaryş-burawlaýyş işlerine girişilip, 1950-nji ýylda müň metr çuňlukdan nebit akymy alynýar. ХIХ asyryň ýetmişinji ýyllarynda doganlar Nobelleriň iş alyp baran bu käninde mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri täze belentliklere tarap has-da ynamly gadam urulýar.
Bu hazynalar käninden uglewodorod çig malyny almagyň geljegi, esasan, deňiz ýalpaklyklaryna degişlidir. Şeýle ýataklaryň birnäçesi Garaşsyzlyk ýyllarynda açylyp özleşdirilip başlandy. Şol bir wagtda ýarymadanyň guryýer böleginde-de nebit çig malynyň gorlary az däldir. Agtaryş-gözleg guýulary gazylansoň alnan netijeler Çelekeniň gündogar böleginde gorlary boýunça az bolmadyk gatlaklaryň jemlenendigini görkezýär. Munuň özi günbatar Türkmenistanyň şertlerinde çuňdan-çuň guýulary burawlamagyň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmakda Çeleken ýatagynyň geljeginiň uludygyna güwä geçýär. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň garamagynda hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» möçberi 48 müň 638 tonna golaýlady. Bu görkeziji, şu ýylyň arka atylan döwri üçin bellenilen meýilnama bilen deňeşdirilende, 2,6 müň tonna köpdür. Şunda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgini 106,8 göterime barabar bolupdyr. On aýda bu kärhana boýunça ugurdaş gazyň 425 müň kub metrden gowragy çykarylyp, bellenilen meýilnama 213 göterimden geçirilip amal edilipdir.
— Döwlet Baştutanymyzyň nebitçilere berýän hemaýat-goldawlary bizi has netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda müdirligimiz boýunça önüm berýän guýularyň umumy sany 170-den geçip, olaryň her biri berk gözegçilikde saklanýar. Çeleken ýarymadasynyň guryýer böleginde häzirki wagtda hereket edýän guýularyň taslama çuňlugy 1200-den 2750 metr aralygyndadyr. Geologlaryň tassyklamagyna görä, ýarymadanyň has çuň gatlaklarynda nebit çig malynyň gorlary az däl. Olaryň netijeli peýdalanylmagy Çelekeniň täze ösüşlerine badalga bolup, onuň şöhratyny has-da artdyrar — diýip, bu ýerdäki Günbatar Çeleken, Aligul we Dagajyk ýaly ýataklarda iş alyp barýan müdirligiň başlygy Oraztagan Mazyýew gürrüň berýär.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan».