Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň içerki düzümlerini halkara ülňülere laýyklykda kemala getirmekde uly işleri durmuşa geçirdi. Bu işler häzirki döwürde-de depginli dowam etdirilýär. Ýurdumyzdaky esasy ýollary üstaşyr ulag geçelgelerine birikdirmek, Ýewraziýada yklymlary birleşdirýän şeýle geçelgeleri diwersifikasiýalaşdyrmak, bu babatda ýurdumyzy esasy merkezleriň birine öwürmek, netijede, geografik ýerleşişi taýdan amatly artykmaçlyklary özünde jemleýän döwletimiziň üstaşyr gatnawlarda eýeleýän kesgitleýji ornuny has-da berkitmek bu ugurda öňe sürülýän syýasatyň esasyny emele getirýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr tagallalary netijesinde durmuşa geçirilen sebitdir halkara taslamalar häzirki döwürde diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, sebit döwletleriniň hem ykdysady bähbitleriniň ýokarlanmagyna getirdi. Bu ýagdaý döwletimiziň her bir işde ählumumy bähbitleri-de nazardan salmaýandygyny görkezýär, sebitde ösüşiň gazanylmagynda eýeleýän ornuny berkidýär.
Türkmenistanyň transmilli geçelgeleri döretmek strategiýasynyň çäginde hem-de giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadyndan ugur alyp, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag-aragatnaşyk geçelgesiniň döredilmegi-de ýokarda aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Bu geçelge Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna Pars aýlagyna girmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu ugur Hazar deňziniň, Gara deňiz basseýniniň we Baltika sebitlerine girýän üstaşyr geçelgäni-de öz içine alar. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň çäkleri arkaly Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň amatly gatnawy emele getirer. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda demir ýol şahasynyň gurulmagy, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurda esasy merkezleriň birine öwrülmegi babatda edilýän işlere mynasyp goşantdyr. Şu we beýleki üstaşyr ulag geçelgeleriniň türki döwletleriň arasynda ýük gatnawlarynyň, şol sanda üstaşyr ýük geçirilişiniň möçberini artdyrmakda, söwda dolanyşygyny giňeltmekde hem-de eksport-import gatnaşyklarynyň deňagramlylygyny üpjün etmekde hem derwaýys orun eýeleýändigini, geljekde munuň ähmiýetiniň has-da artjakdygyny hem nygtamak zerur. Şu barada türki döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän dürli derejelerdäki duşuşyklarda ýörite ylalaşyklaryň gazanylmagy-da möhüm ähmiýetlidir. Ol 11-nji noýabrda geçirilen Samarkant duşuşygynda hem öňe sürlen esasy meseleleriň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz döwletiň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde, bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşýändigi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda Türkmenistanyň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlikdäki artykmaçlyklaryndan ugur alýar. Häzirki zaman ählumumy ykdysady ulgamdaky çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak we bazarda mynasyp orny eýelemek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin-de döwlet Baştutanymyzyň daşary ykdysady strategiýasynda, esasan, iki ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň biri energiýa howpsuzlygy, ikinjisi üstaşyr ulag geçelgeleridir. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan doly goldaw tapýandygy, şunuň bilen baglanyşykly ýörite halkara çäreleriň geçirilýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ulag-aragatnaşyk toplumynyň ykdysady görkezijileri-de guwandyryjydyr. Milli ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine saldamly goşant goşsa, ikinji tarapdan, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ykdysadyýetdäki ornuny barha berkidýär. Başgaça aýdylanda, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişi, ulag infrastrukturasyny dowamly döwrebaplaşdyrmak syýasaty üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga oňaýly şertleri döredýär. Şonuň üçin-de gürrüňi edilýän pudak öz-özüňi dolandyrmakda, halkyň durmuş üpjünçiligini berkitmekde, ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda döwlet tarapyndan saýlanyp alnan iň dogry hem iň bähbitli ykdysady ugurdyr. Halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de onuň ýurdumyzdaky bölekleriniň has-da kämilleşdirilmegi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, sebitde-de önümçilikleriň artmagyna, hususy pudakdaky işjeňligiň ýokarlanmagyna, haryt dolanyşygynda bahalaryň arzanlamagyna, täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňyn täsir eder.
Sapar ŞAÝYMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.