Habarlar
Nebitgaz pudagynyň möhüm wezipeleri

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanylmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar döredilip, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda käbir durnuksyzlyk ýüze çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig mal we nebit önümleriniň sarp edilişi düýpli azaldy. Şoňa görä-de, nebitiň bahasy hem üýtgäp dur.

Döwlet Baştutanymyz, öz gezeginde, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini, bu önümleriň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberiniň ösüşini saklamak, pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen döwlet maksatnamalarynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi.

Şonda nebit önümleriniň esasy görkezijileriniň önümçiligine hem-de ýerleşdirilişine aýratyn üns berilmelidir. Munuň özi şu ýylda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda dürli görnüşdäki benzini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmekde ösüş 117,3 göterime deň boldy.

Milli Liderimiz nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, içerki sarp edijileriň nebit önümleriniň dürli görnüşlerine bolan artýan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmegiň, şolaryň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Nebitgaz toplumy bilen bilelikde gaz we nebit çykaryjy kärhanalarynyň, geologiýa-gözleg edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. Önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çemeleşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipler meýilnamalaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.


«Aşgabat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19935

04.02.2021
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir pudagynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler Garaşsyzlygymyzyň datly miweleridir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Ösüş arkaly Parahatçylyk!» şygary has-da giň gerim alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä tejribeleri bilen sazlaşýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary giňden ulanylyşa girizilýär. Bu sanly ulgam babatda-da şeýledir.

Täzeçillik – döwrüň, jemgyýetiň talaby. Asuda Watanymyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzdaky ösüşler bilen baglydyr. Bu günki gün ösen tehnologiýalar arkaly ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ylmy-tehniki, önümçilik hem-de telekeçilik işleriniň goşulyşmagyny göz öňünde tutýar. Sanly tehnologiýalar babatda umumy pikir ýöredilende, onda olar ykdysady ösüşiň tizligini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirýär. Şeýle tehnologiýalaryň ykdysadyýete düýpli aralaşmagy bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen birlikde, bazar giňişligindäki ornuňy pugtalandyrmaga uly mümkinçilik döredýär.

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary milli ykdysadyýete ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2020–— 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–— 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hereket edip, olarda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak işlerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary we gurallary kesgitlenendir.

Milli ykdysadyýetde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilim ulgamy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky ýörite Konsepsiýanyň esasy maksady-da ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hil derejesini bolsa ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Biz geljegi-miz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, sanly tehnologiýalary öwrenmegine döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys».

Ýurdumyzda ähli pudaklaryň sanlaşdyrylmagy, ilkinji nobatda ýaşaýşymyza täzeçilligiň ornaşdyrylmagyna esas bolýar. Ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegi elektron senagatynyň we senagatlaşdyrmagyň görkezijileriniň ýokarlanmagy, bazar gatnaşyklarynyň hem-de il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagy bilen baglydyr.

Sanly ulgam her bir pudakda amatlylygy we oňaýlylygy döredýär. Şeýle bolansoň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, guramalarda täzeçillik hem-de öz işleriniň usullaryny kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Wagt hem serişde tygşytlylygy sanly ulgamdaky esasy aýratynlyklaryň biridir. Gysga wagtda adamzadyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly tehnologiýa, sanly ykdysadyýet döredýän giň mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ösüşiň bu aýratynlygynyň ýaşlaryň aňyna ornaşmagy we öwrenýän hünärlerinde ondan giňden peýdalanmaklary üçin ýeterlik derejede bilimli bolmagy, tejribe toplamagy zerurdyr. Şonuň üçin hem ýaş hünärmenleriň hünär derejeleriniň has-da ýokarlanmagyna, häzirki zaman bilimlerine we baý dünýägaraýşa eýe bolmaklaryna aýratyn üns berilýär.

Ylmyň we tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösýän zamanynda ýaş nesilleriň aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleriň biridir. Munuň özi, innowasiýa taýdan ösüşe tarap ugur alynýan, her bir pudakda ösüşlerden ösüşlere barýan Watanymyzda geljekde-de işleriň rowaçlanmagyna giň ýol açýar.

Ýagmyr BEKIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19818

03.02.2021
Ösüşli menziller

Her bir ösüşli menziliň, ýetilen belent sepgidiň özenini agzybirlikde, jebislikde, bir başa bakmakda görýän türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişlikleriň mekanynda agzybir ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan baky Bitarap Diýarymyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler diňe bir ýurdumyzyň zähmetsöýer halkynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, dünýä ýurtlarynyň ykbalyna täsir ediji häsiýete eýe boldy.

Türkmenistanda senagat toplumlaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini şertlendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär. Ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçilikleri yzygiderli artdyrylýar. 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod işe girizildi. «Mawy ýangyçdan» öndürilýän ECO-93 benzinini dünýäniň onlarça döwleti satyn alýar.

Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Şol sebäpli ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze senagat düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde döwrebaplaşdyrmak ugruny işjeň amala aşyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen birlikde, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin häzirki zaman tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçil pikirlenýän, dünýä dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Örän gysga wagtyň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklary ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine getirýär. Şonuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyz batly gadamlar bilen ösüşleriň belentliklerine tarap barýar. Ata Watanymyzy ösüşiň aýdyň ýolunda kuwwatly ýurda öwüren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Myrat TÄÇMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19815

03.02.2021
Ykdysadyýet

Täze hususy kärhana gurlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Daşoguz şäherinde hereket edýän «Hilal» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri mahabatlandyrmaga mätäç däl. Kärhana plastik aýnalary, demir we agaçdan ýasalan gapylary, ýaşaýyş hem-de ofis jaýlaryna niýetlenen mebelleri ýasamaga, myhmanhana we aşhana otaglary üçin niýetlenen beýleki önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýar.

Içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümlere bolan islegiň barha artýandygyny nazara alyp, «Hilal» hususy kärhanasy Daşoguz şäherinde täze önümçiligi ýola goýmagy we özüniň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmagy meýilleşdirýär. Kärhana öz güýji bilen ýakyn geljekde welaýat merkezinde mebelleriň dürli görnüşlerini çykarmaga ýöriteleşdirilen täze kärhanany gurmagy göz öňünde tutýar. Onuň gurluşygy üçin 2 gektar ýer bölünip berildi. Kuwwatlylygy ýylda 2000 jübüt önüm öndürmäge niýetlenen bu kärhana ýokary hilli tehnologiýalary ulanmak esasynda gurlar. Täze önümçilik dolulygyna diýen ýaly awtomatlaşdyrylar.

Hünärmenleri okatmak we olaryň gatyşyk hünärleri ele almaklary ýaly meseleler hem öňünden çözüldi. Telekeçiligi ösdürmek boýunça berilýän döwlet goldawy hususy önüm öndürijileriň önümleriniň göwrümini we görnüşlerini artdyrmaklaryna, hilini ýokarlandyrmaklaryna giň mümkinçilikleri açýar. Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi häzirki zaman ülňüli mebel önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça öňde goýlan umumydöwlet wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer. Geljekde hereket edip başlajak täze önümçiligiň ilaty iş bilen üpjün etmekde, welaýatymyzyň ykdysady ösüşinde örän uly ähmiýeti bolar.

* * *

Giň gerimli gurluşyklar

Welaýatymyzyň ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ösüşinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherinde ýerleşýän demir-beton önümleri kärhanasynyň möhüm orny bar. Soňky ýyllarda kärhana diňe bir jaý gurluşygy üçin zerur bolan demir-beton gurnamalaryny öndürmän, eýsem gurluşyk işlerini-de amala aşyrýar. Onuň hünärmenleri häzirki wagtda welaýat merkezinde kerpiçden we iri panelli köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda tutanýerlilik görkezýärler. Mundan başga-da, etraplaryň birnäçesiniň çäginde kärhananyň hünärmenleriniň tagallasy bilen, döwrebap taslamalar boýunça kottej jaýlary-da gurulýar. Şonda agzalan kärhananyň bu işlere ýerli telekeçilik düzümlerini höwes bilen çekýändigini-de bellemek gerek. Mysal üçin, hususy kärhanalaryň ençemesi bäş otagly, bir gatly, amatlylygy gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga tabşyrmakda yhlaslylyk görkezdiler. Olara mysal edip, Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň çägindäki täze jaýlary görkezmek bolýar. Şonuň ýaly jaýlaryň dördüsi demir-beton önümleri kärhanasynyň hyzmatdaşlary tarapyndan Akdepe şäherinde hem-de iki gatly kottej jaýlarynyň üçüsi Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň merkezinde gurlup, ulanylmaga berildi.

Daşoguz şäherindäki demir-beton önümlerini öndürýän kärhananyň mundan birnäçe ýyl öň durky täzelenildi, täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Olaryň ygtybarly ulanylmagy ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu önümlere bolsa gurluşyk pudagynda, jemagat hojalygynda we beýleki ugurlarda isleg barha artýar.

Öre HOJAÝEW,

öz habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19765

02.02.2021
Ykdysady işiň döwrebap ösüşi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylýan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda degişli ugurda «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, ady agzalan Kanunyň kadalarynyň ýerine ýetirilmeginiň berjaý edilmegi üçin hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen, «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi ösdürmegiň maksatnamasy hakynda» hem-de «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny halkara standartlaryna geçirmegiň meseleleri hakynda» resminamalar toplumy kabul edildi. Ýeri gelende bellesek, bulary durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça çäreleriň meýilnamasy hem işlenilip düzüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde buhgalterleri taýýarlamak, olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça sapaklar guralýar hem-de hereket edýän okuw meýilnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilşimiz ýaly, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlary hem buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ýurdumyzda ösdürilmegi bilen bagly alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu gün ýurdumyzda ýöriteleşdirilen guramalar bilen buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ösdürilmegi boýunça alnyp barylýan işler hemişelik häsiýete eýe boldy. Öz gezeginde olara ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we kärhanalaryň tejribeli hünärmenleriniň hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň yzygiderli gatnaşmagy bolsa, göz öňünde tutulan işleriň möhüm hil netijesini üpjün edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň hem-de halkara tejribeleriniň has içgin ornaşdyrylýan häzirki döwründe kabul edilýän şeýle çözgütler Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan döwletimizi ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli goldawlary berýän we giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Nurmuhammet ALLANUROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19737

02.02.2021
Üstünliklere beslenýän pudak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar.

Dogrudan-da, durmuşyň häzirki şertlerinde himiýa senagatynyň eýeleýän ornuna baha bermek kyndyr. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyn gurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýa-da beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar.

Milli Liderimiz bu ulgamda barlaglaryň gerimini giňeltmek we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin esasy ugurlary kesgitledi. Şol ugurlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda tassyklanylan Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň esasynda goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen maksatnamanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda özgertmeler durmuşa geçirilende, ylmyň eýeleýän ornuny artdyrmakdan, ekologiýa taýdan arassa we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde himiýa ylmynyň mümkinçiligini peýdalanmakdan, täzeçil we sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen, dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň himiýa önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Bu resminamada şu maksatlara ýetmek ugrunda anyk çäreler bellenildi. Şol çäreler 11 ugur boýunça toparlara bölündi, şolaryň hatarynda ýurdumyzyň mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn hem-de has netijeli gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, senagat galyndylaryny, şol sanda galyndy suwlary gaýtadan ulanmagyň usullaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19718

02.02.2021
Parahatçylyk we ynanyşmak ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk — biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary ykdysady syýasatynyň özeni bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz abraýly halkara ykdysady guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Halkymyz baky Bitaraplyk toýuny ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy özgerişler, ösüşler bilen baýram etdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyryldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylyň awgust aýynda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini kemala getirmek boýunça goşmaça tagallalaryň amala aşyrylmagynyň zerurdygyndan ugur almak bilen, hormatly Prezidentimiziň öňe süren 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri bolmak bilen, milli Liderimiziň Ýer ýüzünde parahatçylyk we dost-doganlyk ýörelgesiniň dabaralanýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň parasaty, öňdengörüjiligi, ýadawsyz zähmeti netijesinde ýurdumyz hemmetaraplaýyn ösüşlere beslendi. Mälim bolşy ýaly, şol işler goňşy ýurtlaryň, sebitiň dünýä bilen gatnaşyklaryna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Ýurtlaryň, sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, häzirki döwür, uzak geljek üçin abadançylygy, bolçulygy, gülläp ösüşleri gazanmagyň dünýä ähmiýetli wezipelerini çözmek babatdaky täze mümkinçilikler kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýaň salan işleri bu mümkinçiliklere ýol açdy. Munuň özi ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary, Türkmenistanyň senagat ýurduna öwrülmegi bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy hem bu ugurda alnyp barylýan tutumly işleriň dowamydyr. Ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini diňe bir ýangyç hökmünde ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, olary energetikany, himiýa senagatyny, nebit himiýasyny ösdürmegiň wajyp serişdesi hökmünde ulanmak boýunça işler hem giň gerimde ýola goýuldy. Munuň netijesinde, geografik taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyzda diňe bir ýurdumyz däl, eýsem, sebit we dünýä ähmiýetli innowasion önümçilikleriň onlarçasy gurlup ulanylmaga berildi. Olar ilkinji nobatda, daşary bazarlara niýetlenen önümçilikler bolmak bilen, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna gönükdirilendir. Şol birwagtyň özünde-de bu senagat toplumlarynda öndürilýän önümler ýurdumyzyň içerki bazarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga hem saldamly goşant goşýar. Himiýa senagatynda mineral dökünleri öndürmegi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda düýpli öňegidişlikler gazanyldy we bu ugurdaky işler geljekde hem dowam etdiriler. Gurluşyk materiallary senagatynda kuwwatly sement zawodlarynyň gurulmagy bu önüme islegleriň kanagatlandyrylmagyna, onuň belli bir möçberiniň eksport edilmegine mümkinçilik döretdi.

Dünýä bazarlaryna amatly ugurlar boýunça çykmak maksady bilen, ulag we kommunikasiýa infrastrukturasyny kämil derejede ösdürmek üçin halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy. Ulag-üstaşyr geçelgeleri, logistika merkezleri döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän önümleri dürli ugurlar boýunça daşary ýurtlara çykarmak üçin zerur bolan ähli ulag görnüşleri innowasion esasda ösdürildi. Gurlup ulanylmaga berlen halkara howa menzilleri, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty, Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesi bu işleriň iň esasylarydyr. Şeýle-de, häzirki wagtda döwrebap awtobanyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini gazanmak maksady bilen, diňe bir oba hojalyk pudagyny däl, eýsem, tutuş agrosenagat toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda hem giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Ekerançylykda azyklyk ekinleriň meýdanlaryny giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, maldarçylykda guşçulygy ösdürmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Bu işleriň netijesinde agrosenagat toplumy bir bitewi hojalyk mehanizmine öwrülýär.

Ýyladyşhanalaryň, azyk önümlerini uzakmöhletleýin saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurluşyklary utgaşykly alnyp barylýar. Bu günki gün Türkmenistan diňe bir öz içinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmekligi gazanmak bilen çäklenmän, beýleki ýurtlar üçin bu maksadyň amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşmaga mümkinçiligi bolan ýurtlaryň hatarynda durýar. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak hem diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek boýunça beýik işler bitirilýär.

Maýa goýumlary çekmek, has peýdaly ugurlar boýunça eksport mümkinçiligini artdyrmak, importyň düzümini amatly ýagdaýa getirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, öz önümlerimiziň beýleki ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işler barha ilerleýär. Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçmegiň ýolunda düýpli, anyk ädimler ädilýär. Milli medeniýetimiz ösdürilýär, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklarymyz çuňňur mana eýe bolýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ruhy, ykdysady esaslaryny pugtalandyrýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäniň iň abraýly, gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi.

Bütindünýä adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Batyr BERDYÝEW,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirligi, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19716

02.02.2021
Dünýä giňişligindäki sazlaşykly hyzmatdaşlyk

Dünýäde iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezleriniň biri hökmünde tanalýan biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär. Türkmenistanda dünýä ykdysadyýetine çuňňur aralaşmak üçin ähli oňaýly şertler bar. Üstesine, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, syýasy taýdan durnuklylygy halkara hyzmatdaşlygyny has berkitmäge ýardam berýär. Bu bolsa Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, ýurtlary we halklary has-da ýakynlaşdyrýar.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşleri durnukly ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär. Ählitaraplaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady nusgasyny kämilleşdirdi, onuň durmuş ulgamynyň degişli ugurlaryny berkitdi. Işleri ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap senagat kärhanalarynyň uly toplumynyň emele getirilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy has güýçlendi. Geçen ýyllarda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisiniň maddy-enjamlaýyn binýady has pugtalandy. Önümçilikleriň innowasion häsiýetde ýola goýulmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy önümleriň hilini we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrdy.

Diwersifikasiýalaşdyrmak önümçiligiň we şonuň üsti bilen tutuş ykdysadyýetiň dünýä bazarynyň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün edip ugrady. Dünýä ykdysadyýetindäki ykdysady-maliýe çökgünlilik Türkmenistanyň ösüşleriniň durnuklylygyny subut etdi. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşini üpjün etmäge getiren diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasiýalary ulanmak arkaly gazanylan netijeler Türkmenistana dünýä bazarynda ýüze çykýan howplara garşy durmaga mümkinçilik berýär.

Ykdysady seljermelere salgylansak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga özara bagly bolan üç ugur boýunça başlangyç berildi. Birinjisinde pudaklaryň we önümleriň görnüşleriniň özgerdilmegi nazarda tutuldy. Olaryň hataryna himiýa we nebitgaz himiýasy, gurluşyk serişdeleri senagatlary, obasenagat toplumynyň pudaklary girýär. Ikinjiden, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny dürli ugurlara gönükdirmek wezipe edinildi. Üçünjiden, ýurdumyzyň tebigy gazyny dünýä bazaryna köp ugurlar boýunça çykarmaga girişildi. Bu ugurlaryň iş ýüzünde amala aşyrylyşyny biz geçen ýyllaryň mysalynda anyk görüp bilýäris.

Ykdysady ösüşi innowasiýa tarap gönükdirmek esasynda ýurdumyz halkara zähmet bölünişiginde öz ornuny tapýar, dünýä bazaryna islegli önümlerini çykarmakda tejribesini baýlaşdyrýar. Munuň özi dünýä bazarynda geljekde ýene-de ýurdumyza durnukly orny we ýokary girdejileri üpjün eder. Bu bolsa milli pulumyzyň we ykdysady ösüşlerimiziň has durnukly bolmagyna ýardam berýär.

Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň pugta esaslary herekete girýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen aragatnaşygy has berkeýär. Sazlaşykly ösüşleri üpjün edýän milli ykdysadyýetimiziň emele gelen nusgasynyň dünýä ykdysadyýetine oňyn täsirleri hem ýurdumyzyň içerisinde amala aşyrylýan özgertmeleriň hasabyna güýçlenýär.Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda bolup geçen halkara derejesindäki taryhy wakalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli bolup geçen dabaralar ýurdumyzyň halkara abraýyny has belende galdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Ganiniň gatnaşmaklarynda geçirilen dabaralar teleköpri arkaly birleşdirilip, bütin dünýä ýaň saldy. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerindäki bu taryhy wakalar, ýagny, gadymdan bäri ysnyşykly ýaşaşyp gelýän döwletleriň bilelikde gatnaşmaklarynda özara bähbitli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen parahatçylyksöýüjilikli, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär subut etdi. Hyzmatdaşlygyň täze ýollarynyň ulanmaga berilmegi bilen iki döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyny, olaryň energetika we kommunikasiýa pudaklarynda netijeli gatnaşyklaryny, halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyny amala aşyrmak üçin mümkinçilikler has giňeldi. Şeýle gatnaşyklaryň beýleki döwletler bilen hem kemala gelýändigini görýäris.

Lebap welaýatynda iş saparynda bolan mahalynda hormatly Prezidentimiz welaýatyň çägindäki «Malaý» gaz ýatagynda kuwwaty tebigy gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan gaz gysyjy desganyň işine hem ak pata berdi. Bu iri taslama hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çeken kararyna laýyklykda buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi. Iri desganyň işe girizilmegi «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap desga Üçajy gaz käninden, Döwletabat we Galkynyş gaz känlerinden gelýän tebigy gazyň basyşyny güýçlendirmäge, «Malaý» gaz känini doly özleşdirmäge mümkinçilik berer. Malaýdaky kuwwatly gaz gysyjy desga 2021-nji ýylda açylýan desgalaryň kerwenbaşysy boldy. Bu gaz gysyjy desganyň Hytaý Halk Respublikasyna barýan gazyň eksport akymyny güýçlendirmegi bilen hyzmatdaş döwletleriň arasyndaky baglaşylan şertnamalarda kesgitlenilen wezipeler hem üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan çig mal ugradyjy ýurt bolanlygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine eýe bolýar. Şeýle buýsandyryjy ýagdaýy pudaklaryň aglabasynda synlamak bolýar. Ýurdumyzyň diňe bir dokmaçylyk pudagynda hereket edýän döwrebap kärhanalaryň 70-den gowragynda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly goýberilýän ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri, içerki bazar bilen çäklenilmän, eýsem, dünýäniň çar ýanyna eksporta hem iberilýär. Biziň welaýatymyzda Türkmenabadyň pamyk egriji we pagta egriji, Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji, Seýdiniň pagta egriji kärhanalarynda daşary ýurtlaryň iň kämil tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Olaryň güýji bilen öndürilen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümlere ABŞ, Germaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Russiýa, Polşa, Beýik Britaniýa, Gyrgyzystan ýaly döwletlerde isleg örän ýokarydyr.

Başda hem belläp geçişimiz ýaly, ýurdumyzyň ösüşleriniň durnuklylygyny üpjün etmekde kesgitlenilen üç ugruň biri ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny dürli ugurlara gönükdirmekden ybaratdyr. Bu ugruň bütin ýurt möçberinde, şol sanda biziň welaýatymyzyň çäginde hem üstünlikli alnyp barylmagy begendirýär. Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň mysalynda hem nah ýüplük önümleriniň dünýä döwletleriniň birnäçesi tarapyndan örän arzylanýandygyna göz ýetirýärsiň. Bu ýerde ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän ýüplük önümleri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hili bilen aýratyn tapawutlanýar. Kärhananyň ýolbaşçysy Nargül Abdyýewa 2020-nji ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manatlygyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürilendigini aýdýar. Şol önümleriň 80 göterimi Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Polşa ýaly döwletlere eksporta ugradyldy. Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigi hem indi ýigrimi ýyla golaý wagtdan bäri dünýä bazarlarynda barha ösýän islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Fabrigiň önümlerine Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlar we dünýä meşhur firmalaryň onlarçasy aýratyn uly isleg bildirýärler. Ykdysatçy Bäşim Orazow diňe bir geçen ýylda öndürilen önümleriň 16 million manatlyga golaýynyň daşary ýurtlara eksport edilendigini aýdýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumy bolsa ýurdumyzda buýan köküni we buýan köküniň önümlerini öndürýän hem-de daşary döwletlere eksport edýän ýeke-täk kärhanadyr. Buýan köküniň gaýtadan işlenilmegi esasynda alynýan goýy we gury ekstraktlary dünýä döwletleriniň onlarçasyna eksporta iberilýär. Türkmenistanyň ýene-de dürli ugurlarda iri önümçilik ýurdy hökmünde dünýä derejesinde öňe çykmagyna garaşylýar. Tebigy baýlyklarymyzy toplumlaýyn özleşdirmek milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan himiýa senagatynyň möhüm wezipeleriniň birine öwrülýär. Bu ugurda Köýtendagyň baýlyklary aýratyn ähmiýetlidir. Şu ýerde ýene bir ýagdaýy belläp geçeliň: Türkmenistan himiýa senagaty üçin zerur bolan mineral serişdeleriň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär.

Çig mal känlerini işläp taýýarlamagyň we olaryň binýadynda ýokary hilli hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän mineral dökünleriň önümçilikleriniň ýola goýulmagy ýurdumyz üçin bähbitlidir. Biz öz tebigy baýlyklarymyzdan netijeli peýdalanmagyň ýoluna düşdük. Köýtendagyň eteginde geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde ýerasty baýlyklaryň onlarça görnüşine eýe bolan ýataklaryň birnäçesiniň üsti açyldy. Olar kükürdiň, fosfatlaryň, gipsiň, daş duzunyň, selestiniň, hekiň, polimetal magdanynyň we beýleki peýdaly baýlyklaryň birnäçe gönüşini özlerinde jemleýär. Täze usul arkaly gaýtadan işlenilýän kaliý duzlaryndan oba hojalygynda has giňden ulanylýan kaliý hloridiniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ýurdumyz üçin örän bähbitlidir.

Soňky döwürde himiýa senagatyny ösdürmek boýunça diňe bir biziň welaýatymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurduň çäginde amala aşyrylýan işler çig mallaryň gaýtadan işlenilýän möçberiniň artmagyny üpjün edýär. Bu ugurda zerur bolan önümleriň ýokary hilini üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde olaryň täze görnüşlerini çykarmak pudagyň ösüşinde baş maksat bolup durýar. Himiýa senagatyny ösdürmegiň çäklerinde mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň önümçilik binýatlary emele getirildi. Täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň durkunyň täzelenilmegi bilen önümleriň görnüşleri köpelip, olaryň hili ýokarlandy. Kükürt kislotasyny öndürýän toplumyň işe girizilmegi bilen bu önümçiligiň halk hojalygyna berýän peýdasy görnetin artdy. Ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge barabar bolan toplum bu önüme bolan zerurlygy doly kanagatlandyrýar. Bu ýerde geçen ýylda mineral dökünleriň 270 müň 340, kükürt kislotasynyň 106 müň, hlorly hekiň 550 tonnasy, lukmançylyk we tehniki maksatly kislorodyň 258 müň kub metri öndürildi.

Zawodda kükürt kislotasyny öndürýän toplumyň ýanynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda täze kärhanalaryň ýene-de birini gurmak meýilleşdirilýär. Ol bir ýylda fosfor dökünleriniň 300 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenilen döwrebap kärhanadyr.

Pudaga dahylly wezipeler döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýediýyllyk we Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamalarynda hem giň beýanyny tapdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda fosfor, kaliý we beýleki dökünleriň, halk hojalygynda giňden peýdalanylýan himiýa serişdeleriniň önümçiligi giňden ýola goýulýar. Gurlan möhüm desgalar ykdysadyýetiň köptaraplaýyn ösüşlerine badalga berýär. Ägirt uly çig mal potensialyna eýe bolan himiýa senagatymyz hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary hilli mineral dökünleri öndürýän kuwwatlylyklary artdyrmagy nazarlap ösdürilýär. Bu bolsa dökünleri has uly möçberlerde eksport etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň çäginde kükürdiň, fosfatlaryň, gipsiň, daş duzunyň, selestiniň, hekiň, polimetal magdanynyň we beýleki peýdaly baýlyklaryň baý gorlaryndan peýdalanmak üçin oýlanyşykly çözgütlere gelinýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Lebap welaýatyna iş sapary mahalynda beren tabşyryklaryna laýyklykda himiýa kärhanasynda ownuk üwelen kükürt önümçiligiň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly mesele-de içgin öwrenilýär. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrjak ýene-de bir çeşmäniň peýda bolýandygyny buşlaýar. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak ýaly ugurlaryň rowaçlanmagy bu gün milli ykdysadyýetimiziň tapawutlandyryjy häsiýetine öwrülýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

žurnalist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19698

02.02.2021
Bank ulgamynyň hukuk binýady

Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bank ulgamy hem kämilleşýär. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak ykdysady ösüşimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Bu ulgamyň işiniň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply innowasion ösüşini üpjün etmegi, dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmegi üçin wajyp bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridir, türkmen ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýardygyny görkezýän aýnasydyr» diýip, belleýär. Şu nukdaýnazardan, bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.

Ýurdumyzda dünýä tejribesine laýyk gelýän bank kanunçylyk binýady kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasynda: «Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär» diýip kepillendirilýär. Şu konstitusion kadadan gözbaş alýan, 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň, döwlet häkimiýet edaralary, karz edaralary bilen onuň özara gatnaşyklarynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Merkezi banky, milli we dünýä ykdysadyýetindäki bolup geçýän özgertmeleri göz öňünde tutmak bilen, döwrüň talabyna laýyk gelýän pul-karz syýasatyny işläp düzýär we ony yzygiderli kämilleşdirýär. Bu öz gezeginde pul toplumynyň düzümini kämilleşdirmäge ykdysady ösüşde karz pullarynyň ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrýar.

Kanunda netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmek, nagt pul dolanyşygyny guramak, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň netijeli işlemegini üpjün etmek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy maksatlary bolup durýar. Şeýle hem ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklarda pul kadalaşdyrmasyny we pul gözegçiligini özbaşdak we bank ulgamynyň üsti bilen guramak hem-de amala aşyrmak, Türkmenistanyň çäginde nagt pul dolanyşygyny guramak bu kanunyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde, öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetmekde döwlet maksatnamalarynyň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ulgama halkara bank tejribesiniň iň öňdebaryjy usulyýetini, innowasion tehnologiýasyny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, töleg ulgamlaryny kämilleşdirmek işleri baş wezipeleriň biri hökmünde öňe çykýar.

Ýurdumyzda programma-tehniki serişdeler, maglumat serişdeleri we maglumat ulgamlary dürli döwlet edaralarynda bank ulgamynda, bilim ulgamynda, ylymda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynda işjeň peýdalanylýar. Bank ulgamynda hem innowasion syýasaty girizmek arkaly karz bermek, maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek we dürli tölegleriň çalt we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, kassa-hasaplaşyk amallarynyň ähli görnüşlerini we nagt pul geçirimlerini gysga wagtyň içinde amala aşyrmak, bank kepilligini bermek, karzlara bolan islegleri yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly işler döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem-de bank ulgamynda düýpli öňegidişlikleri gazanmaga, ähli pudaklary ösen döwletleriň derejesine ýetirmäge, işleriň we hyzmatlaryň hilini geljekde has-da ýokarlandyrmaga giň ýol açyldy.

Ösüşiň häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamyny sanly ykdysadyýete geçirmek üstünlikli amala aşyrylýar we maksatnamalaýyn üpjün edilýär. Bank amallaryny sanlylaşdyrmak bolsa öz gezeginde diňe bir müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň sanyny köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, wagtyny gysgaltmaga we harajatlary kemeltmäge hem mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde bank tarapyndan puluň hereketine gözegçiligi ýola goýmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge amatlyklary döredýär.

Innowasiýalar eýýamynda geçirilýän çäreleriň netijesinde, milli pul birligi häzirki zaman elektron serişdelerinde işjeň peýdalanylýar. Ilat tarapyndan «Altyn asyr» bank kartlarynyň, «Visa» we «Master Card» halkara töleg usullarynyň ulanylmagy pul dolanyşygyny ösdürmegiň täze tapgyryny açdy. Bu bank kartlary ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan harytlar we hyzmatlar boýunça hasaplaşyklar, syýahatçylyk, okuw we beýleki maksatlar üçin işjeň ulanylýar.

Türkmenistanda hereket edýän milli kart ulgamy hem ýokary ösüş depginler bilen adamlaryň gündelik durmuşyna girýär we olara dürli maksatly hasaplaşyklary ýerine ýetirmekde mümkinçilik berýär. Sanly ulgama geçmek müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň gerimini we milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklaryň hilini ýokarlandyrmak we gerimini giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde,

QR-kod hyzmaty, galtaşyksyz töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi islendik satyn alnan zat üçin smartfon arkaly töleg geçirip bolýar.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny has hem berkitmäge giň ýollary açýar. Şeýle hem raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge ähli amatlyklar döredilýär.

Arslan MÄMMETORAZOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19641

01.02.2021
Döwrebap energetika toplumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ýangyç-energetika ugruna degişli uly möçberdäki maýa goýumly taslamalaryň ençemesi alnyp barylýar. Şolaryň aglabasy türkmen döwletiniň nebitgaz pudagynyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň berkidilmegine degerli ýardam berýär. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmündäki derejesiniň has-da belende galýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ulag, energetika ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna, tekliplerine halkara derejede has uly üns berilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan milli Liderimiziň tekliplerine, başlangyçlaryna uly goldaw berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly üstaşyr geçirmek, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren rezolýusiýalarynyň taslamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy we daşary ýurt maýadarlar üçin hyzmatdaşlyga amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwlet hökmünde ykrar edilmegine getirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Şeýle il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Nurbibi TAŇŇYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19640

01.02.2021
Ýagşylygy ýaýýan ýagty ýollar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda uly üstünlikler bilen garşy alýan her bir ýylymyz şanly wakalara beslenip, bagtyýar halkymyzyň ykbalyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2021-nji ýylymyz hem ady bilen bagly şanly senelere, ajaýyp wakalara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylymyz hem ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegi bilen bagly wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda Türkmenistan döwletimizde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ulag infrastrukturasynyň düýpli ösdürilmegi we Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň geriminiň has-da giňeldilmegi kuwwatly senagat döwletimiziň halkara ulag düzümlerine işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitinde ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijiligini ýokarlandyryp, iri ulag merkezine öwrülmegine ýardam berýär.

Diýarymyzda 2020-nji ýylda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň kämil ulag düzüminiň kemala gelýändigini görkezýär. Muny ak şäherimiz Aşgabatda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýene bir ýola doly tassyklaýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy dabaralanýar we halkara derejesinde iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda iri halkara desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Olaryň hatarynda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň işe girizilendigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň bütin dünýäde «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek arkaly, hakykatdan-da, parahatçylygy we özara ynamy giňden dabaralandyrýandygyny ýene bir ýola aýan edýär.

Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän we ulag-aragatnaşyk ulgamyny has-da belent ösüşlere eýe edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Şamyrat KURBANOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19552

30.01.2021
Gatnaşyklar berkidilýär

Ýakynda Daşary işler ministrliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

YHG-niň binýadynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başlangyçlary bilen çykyş edip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryna ýetilmegine düýpli derejede ýardam edýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň we YHG-niň Baş sekretary sebit ykdysady goşulyşmazlygyny çuňlaşdyrmakda giň hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Öňňin Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşinde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda HPG-niň bilermenleri bilen ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň arasynda geçirilen on günlük duşuşygyň netijeleri jemlenildi. Şolarda ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen ykdysadyýetiniň şu günki ýagdaýlaryna seljerme berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyryp, halkara düzgünler, şol sanda ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de tehniki we maslahat beriş kömegini bermekde ýurdumyzyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolan Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandaky makroykdysady we maliýe ýagdaýyna berýän yzygiderli bahalary hem-de çaklamalary bolup geçýän ýagdaýlary seljermäge, berilýän anyk maslahatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Halkara pul gaznasynyň hünärmenleri maglumat taýdan netijeli gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň döwlet edaralaryna hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň rowaçlygyna, onuň raýatlarynyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw bermäge gaznanyň taýýardygyny aýtdylar.


«Aşgabat».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19527

30.01.2021