Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar.
Dogrudan-da, durmuşyň häzirki şertlerinde himiýa senagatynyň eýeleýän ornuna baha bermek kyndyr. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyn gurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýa-da beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar.
Milli Liderimiz bu ulgamda barlaglaryň gerimini giňeltmek we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin esasy ugurlary kesgitledi. Şol ugurlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda tassyklanylan Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň esasynda goýuldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen maksatnamanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda özgertmeler durmuşa geçirilende, ylmyň eýeleýän ornuny artdyrmakdan, ekologiýa taýdan arassa we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde himiýa ylmynyň mümkinçiligini peýdalanmakdan, täzeçil we sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen, dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň himiýa önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Bu resminamada şu maksatlara ýetmek ugrunda anyk çäreler bellenildi. Şol çäreler 11 ugur boýunça toparlara bölündi, şolaryň hatarynda ýurdumyzyň mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn hem-de has netijeli gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, senagat galyndylaryny, şol sanda galyndy suwlary gaýtadan ulanmagyň usullaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.