Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.
Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanylmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar döredilip, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda käbir durnuksyzlyk ýüze çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig mal we nebit önümleriniň sarp edilişi düýpli azaldy. Şoňa görä-de, nebitiň bahasy hem üýtgäp dur.
Döwlet Baştutanymyz, öz gezeginde, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini, bu önümleriň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberiniň ösüşini saklamak, pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen döwlet maksatnamalarynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi.
Şonda nebit önümleriniň esasy görkezijileriniň önümçiligine hem-de ýerleşdirilişine aýratyn üns berilmelidir. Munuň özi şu ýylda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda dürli görnüşdäki benzini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmekde ösüş 117,3 göterime deň boldy.
Milli Liderimiz nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, içerki sarp edijileriň nebit önümleriniň dürli görnüşlerine bolan artýan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmegiň, şolaryň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Nebitgaz toplumy bilen bilelikde gaz we nebit çykaryjy kärhanalarynyň, geologiýa-gözleg edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. Önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çemeleşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipler meýilnamalaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
«Aşgabat».