Her bir ösüşli menziliň, ýetilen belent sepgidiň özenini agzybirlikde, jebislikde, bir başa bakmakda görýän türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişlikleriň mekanynda agzybir ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan baky Bitarap Diýarymyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler diňe bir ýurdumyzyň zähmetsöýer halkynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, dünýä ýurtlarynyň ykbalyna täsir ediji häsiýete eýe boldy.
Türkmenistanda senagat toplumlaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini şertlendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär. Ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçilikleri yzygiderli artdyrylýar. 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod işe girizildi. «Mawy ýangyçdan» öndürilýän ECO-93 benzinini dünýäniň onlarça döwleti satyn alýar.
Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Şol sebäpli ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze senagat düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde döwrebaplaşdyrmak ugruny işjeň amala aşyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen birlikde, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin häzirki zaman tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçil pikirlenýän, dünýä dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Örän gysga wagtyň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklary ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine getirýär. Şonuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyz batly gadamlar bilen ösüşleriň belentliklerine tarap barýar. Ata Watanymyzy ösüşiň aýdyň ýolunda kuwwatly ýurda öwüren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Myrat TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.