Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir pudagynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler Garaşsyzlygymyzyň datly miweleridir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Ösüş arkaly Parahatçylyk!» şygary has-da giň gerim alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä tejribeleri bilen sazlaşýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary giňden ulanylyşa girizilýär. Bu sanly ulgam babatda-da şeýledir.

Täzeçillik – döwrüň, jemgyýetiň talaby. Asuda Watanymyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzdaky ösüşler bilen baglydyr. Bu günki gün ösen tehnologiýalar arkaly ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ylmy-tehniki, önümçilik hem-de telekeçilik işleriniň goşulyşmagyny göz öňünde tutýar. Sanly tehnologiýalar babatda umumy pikir ýöredilende, onda olar ykdysady ösüşiň tizligini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirýär. Şeýle tehnologiýalaryň ykdysadyýete düýpli aralaşmagy bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen birlikde, bazar giňişligindäki ornuňy pugtalandyrmaga uly mümkinçilik döredýär.

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary milli ykdysadyýete ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2020–— 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–— 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hereket edip, olarda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak işlerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary we gurallary kesgitlenendir.

Milli ykdysadyýetde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilim ulgamy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky ýörite Konsepsiýanyň esasy maksady-da ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hil derejesini bolsa ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Biz geljegi-miz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, sanly tehnologiýalary öwrenmegine döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys».

Ýurdumyzda ähli pudaklaryň sanlaşdyrylmagy, ilkinji nobatda ýaşaýşymyza täzeçilligiň ornaşdyrylmagyna esas bolýar. Ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegi elektron senagatynyň we senagatlaşdyrmagyň görkezijileriniň ýokarlanmagy, bazar gatnaşyklarynyň hem-de il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagy bilen baglydyr.

Sanly ulgam her bir pudakda amatlylygy we oňaýlylygy döredýär. Şeýle bolansoň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, guramalarda täzeçillik hem-de öz işleriniň usullaryny kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Wagt hem serişde tygşytlylygy sanly ulgamdaky esasy aýratynlyklaryň biridir. Gysga wagtda adamzadyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly tehnologiýa, sanly ykdysadyýet döredýän giň mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ösüşiň bu aýratynlygynyň ýaşlaryň aňyna ornaşmagy we öwrenýän hünärlerinde ondan giňden peýdalanmaklary üçin ýeterlik derejede bilimli bolmagy, tejribe toplamagy zerurdyr. Şonuň üçin hem ýaş hünärmenleriň hünär derejeleriniň has-da ýokarlanmagyna, häzirki zaman bilimlerine we baý dünýägaraýşa eýe bolmaklaryna aýratyn üns berilýär.

Ylmyň we tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösýän zamanynda ýaş nesilleriň aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleriň biridir. Munuň özi, innowasiýa taýdan ösüşe tarap ugur alynýan, her bir pudakda ösüşlerden ösüşlere barýan Watanymyzda geljekde-de işleriň rowaçlanmagyna giň ýol açýar.

Ýagmyr BEKIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19818