Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda uly üstünlikler bilen garşy alýan her bir ýylymyz şanly wakalara beslenip, bagtyýar halkymyzyň ykbalyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2021-nji ýylymyz hem ady bilen bagly şanly senelere, ajaýyp wakalara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylymyz hem ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegi bilen bagly wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda Türkmenistan döwletimizde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ulag infrastrukturasynyň düýpli ösdürilmegi we Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň geriminiň has-da giňeldilmegi kuwwatly senagat döwletimiziň halkara ulag düzümlerine işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitinde ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijiligini ýokarlandyryp, iri ulag merkezine öwrülmegine ýardam berýär.
Diýarymyzda 2020-nji ýylda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň kämil ulag düzüminiň kemala gelýändigini görkezýär. Muny ak şäherimiz Aşgabatda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýene bir ýola doly tassyklaýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy dabaralanýar we halkara derejesinde iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda iri halkara desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Olaryň hatarynda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň işe girizilendigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň bütin dünýäde «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek arkaly, hakykatdan-da, parahatçylygy we özara ynamy giňden dabaralandyrýandygyny ýene bir ýola aýan edýär.
Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän we ulag-aragatnaşyk ulgamyny has-da belent ösüşlere eýe edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Şamyrat KURBANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.